22:06 Eljernon üçin güller / 10 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 10 (dowamy) 22 aprel. Çörekhanadaky adamlar gaty üýtgediler. Olaryň meni äsgermezliginden beter, hakyky duşmançylygyny duýýaryn. Donner meniň profsoýuza girmegimi isleýär, aýlygymy hem ýene bir gezek galdyrdy. Iň erbet ýerem, bu zatlardan hiç lezzet alamok, sebäbi adamlar menden öýkeli. Niçigem bolsa, olarda günä ýok – maňa näme bolanyna olar düşünenoklar, menem düşündirip bilemok. Öň olar maňa guwanar öýdýärdim. Emma, beýle bolmady. Dogrusy, meniň gepleşjek kimsäm bar. Ertir agşam Kinnian hanymy kino çagyraýyn, aýlygymyň köpelenini bellemäge. Eger batyrlyk tapsam. 24 aprel. Ýazgylarymy başgalaň okajagyny bilip durkam, duýgularymy düýbünden ýazyp bilmejegim barada, meniň we doktor Ştrausyň pikiri bilen professor Nemur ahyr soňy razylaşdy. Öz ýazgylarymda mydama dogruçyl bolmaga jan etdim, ýöne şeýle bir zatlar bar; men olaryň uly ile aýan bolmagyny islämok. Iň bolmanda, şuwagt. Indi örän gizlin gaýgy-hasratlarym baradaky ýazgylarymy özümde saklap galyp bilýän, ýöne bir şert bilen; gutarnykly doklady Uelbergiň fonduna hödürlemezden öň professor Nemur hemmesini okajak we nämeleriň çap ediljegine özi karar berjek. Şu gün ýeterlik bir ýakymsyz waka bolup geçdi. Doktor Ştrausdan ýa-da professor Nemurdan “Alisa Kinniany kino görmäge çagyryp bilerinmi” diýip soramak üçin laboratoriýa irräk geldim. Gapyny kakjak bolup durkam, olaryň ozara dawa-jenjelini eşitdim. Diňlemek endiginiň hötdesinden gelmek örän kyn; öňler adamlar mydama men bir boşluk ýaly, meniň özleri baradaky etjek pikirim olar üçin barybir ýaly geplärdiler we edenlerini ederdiler ahyryn. Olaryň biri eliniň aýasy bilen stoly urdy welin, professor Nemur gygyrdy: – Çikago doklat berjegimizi men eýýäm guramaçylyk komitetine habar berdim! Soňra doktor Ştrausyň sesini eşitdim: – Sen ýalňyşýaň, Garold. Alty hepde – juda gysga möhlet. Onda entek üýtgeşmeler gidip dur. Soňra ýene Nemur: – Şu wagta çenli özümiziň çaklamamyzda biz ýeke gezegem ýalňyşmadyk, şeýlelik bilen netijelerimizi köpçülige ýetirmäge hak gazandyk. Gaýtalap aýdýan, Jeý, gorkar ýaly asla hiç hili zat ýok. Hemmesi meýilnama görä barýar. Ştraus: – Bu iş biziň hemmämiz üçin juda möhüm, ony wagtyndan öň jar edip bolmaz. Sen beýle batyrlygy nireden... Nemur: – Taslamanyň ýolbaşçysynyň mendigimi ýatdan çykarýaň öýdýän! Ştraus: – Senem ýatdan çykarma, bu ýerde mesele diňe öz abraýyň däl! Eger netije tassyklanmasa, bütin teoriýa zarba astynda galar! Nemur: – Mümkin bolan zatlaryň ählisini barladym, ýaňadanam barladym, indi bize regressiýa howp salanok hasaplaýaryn. Kiçiräk doklad bize zyýan etmez. Hemmesiniň ugruna boljagyna ynanýaryn! Soňra Ştraus, Nemuryň Gelstondaky psihologiýa kafedrasynyň müdüri wezipesine göz dikýändigini aýtdy. Nemur muňa jogap edip, Ştrausyň onuň eteginden ýapyşýanyny we şan-şöhrat üçin yzyna düşýänini aýtdy. Ştraus: – Meniň enzimleriň inýeksiýasy we neýrohirurgiýa tehnikam bolmazdan, seniň teoriýalaryň hiç bir gymmaty ýok, şeýle hem ýakyn wagtda dünýädäki müňlerçe hirurglar meniň metodikamdan peýdalanarlar. Nemur: – Bu täze metodikalar diňe meniň teoriýamyň netijesinde emele geldi! Olar biri-birine her zat diýip sögündiler: opportunist, bihaýa, pessimist. Men näme üçindir gorkdum. Birden, gapynyň öňünde durup olary diňlemäge hiç hili hakymyň ýoklugy aklyma geldi. Muňa olar oň ähmiýetem bermezdiler, ýöne indi, akyl taýdan başarnygymdan gaty gowy habarlydyklary üçin, meniň bu jedel barada bilmegimi islemeseler gerek. Gürrüňlerini soňuna çenli diňlemän, ol ýerden aýryldym. Köçe garaňkyrady, meni beýle gorkuzan zadyň nämedigine düşünjek bolup, uzak wagtlap aýlandym ýördim. Ilkinji gezek olary öz hakyky boluşlary ýaly gördüm – hudaýam däl, hat-da gahrymanam däl, olar öz işlerinden nämedir bir zatlar almaga yhlas edýän adaty iki ýadaw erkek kişi. Eger, birden Nemur hakly bolup, eksperiment şowly geçen bolsa? Onda, jedelleşiljek näme bar? Indi, Kinnian hanymy kino çagyrmalymy ýa ýok? Ertir soraýyn. 26 aprel. Ähtimal, men kollejde işsiz kaňkap ýörmeli däldirin. Goltugy kitaply bir ýerlerik howlugyp barýan ýaş oglan-gyzlar, olaryň sesiniň owazy – bularyň ählisi meni tolgundyrýar. Olar bilen bir çaşka kofe başynda oturyp söhbet etmek, romanlar, syýasat, täze pikirler barada çekişmek isleýärin. Olaryň poeziýa, ylym we filosofiýa – Şekspir we Milton, Nýüton, Eýnşteýn, Freýd, Platon, Gegel we Kant hakynda, şeýle-de atlary kellämde äpet jaň sesi ýaly ýaňlanyp duran beýlekiler hakynda edýän jedellerini diňlemek gyzykly. Olaryň gürrüňini diňlänimde, ýaşym ep-esli uly bolsa-da, özümi hamala talyp ýaly alyp barýaryn. Okuw kitaplaryny ýanym bilen göterýärin hat-da çilim çekmäge-de başladym. Elbetde, gülkünçdirem, ýöne näme üçindir, menem özümi olaryň dünýäsine degişli ýaly duýýaryn. Öz öýümi hem-de şeýle bir ýalňyz kiçijek otagymy ýigrenýärin. 27 aprel. Kafede birnäçe talyp bilen tanyşdym we dostlaşdym. Olar Şekspiriň pýesalaryny özüniň ýazyp-ýazmanlygy barada jedel edýärdiler. Olaryň arasyndan, burny derlän çişik biri, Şekspiriň hemme pýesalaryny Marlou-nyň ýazandygyny nygtady. Ýöne, gara äýnekli, boýy keltejik Lenni: Marlou – bolgusyzlyk, bu pýesalary ser Frensis Bekonyň ýazandygyny her kim gaty gowy bilýär, sebäbi Şekspir hiç haçan kollejde okamady we onuňky hasaplanýan eserlerde duýulýan aň-bilim derejesine eýe bolmady – diýdi. Soňra, kellesinde birinji kurslylaryň geýýän şapkasy bolan talyp, Şekspiriň pýesalarynyň, aslynda bir hanym tarapyndan ýazylandygyny, tualetdäki oglanlardan eşdenini aýtdy. Olar syýasat, sungat we Hudaý barada gürrüň etdiler. Hudaý bolmanam biler diýip hiç pikir etmändirin. Meni biraz gorky gaplap aldy, çünki ilkinji gezek Hudaýyň nämedigini pikir etdim. Kollejiň esasy wezipeleriniň biri – ynsanlara ömür boýy ynanan zatlarynyň aslyýetinde, edil beýle däldigini we hiç bir zadyň aslyýetinde, edil pikir edilişi ýaly bolmaýandygyny düşündirmekden ybaratdygyna, indi aň ýetirýärin. Olar jedelleşýärkäler, içim tolgunmadan möwç urýardy. Ine, dünýede iň köp isleýän zadym – kolleje gitmek we adamlaryň wajyp zatlar hakyndaky gürrüňlerini diňlemek. Indi, boş wagtymy galapyn diýen ýaly kitaphanada, kitap baryny iýip we siňdirip geçirýärin. Gyzyklanma çägim, ýeterlikçe giňiş: Dostoýewskiý, Flober, Dikkens, Hemingueý, Folkner – elime ilen islendik roman. Meniň açlygym, doýmaz-dolmaz görnüşden. 28 aprel. Ejemiň kakam bilen hem-de meni 222-ä geçirmänkäler okan 13-nji mekdebimiň mugallymasy bilen söwüşýäni gije düýşüme giripdir.... – ...Ol sagdyn! Ol sagdyn! Ol ulalar we beýlekiler ýaly bolar! Beýlekileriň ählisindenem gowy bolar! - ejem mugallymanyň ýüzüne ýapyşjak bolýar, emma kakam ony güýç bilen saklaýar. – Ol kolleje gatnar! Ol meşhur biri bolar! – ejem kakamyň elinden sypyp, yzly-yzyna gaýtalap gykylyklaýar. – Ol kolleje gatnar! Biz direktoryň kabinetinde, bu ýerde bizden başgada bir topar adam bar. Her kim aladaly görünýär, diňe direktoryň orunbasary sähelçe ýylgyrýar we muny göräýmesinler diýip ýüzüni gapdala sowýar. Düýşümde direktoryň uzyn sakaly bar, ol otagyň içinde ýüzüp ýör we barmagyny maňa çommaldýar: – Ony aýratyn mekdebe geçirmeli. Uorrendäki Ýörite döwlet mekdebi – size şol ýeri gerek! Ol bärde galyp bilmez! Kakam ejemi kabinetden zor bilen itekläp çykarýar, ýöne ol gygyrmasyny we aglamasyny goýanok. Ejemiň ýüzüni görüp bilemok, ýöne onuň gan aglaýan gözlerinden akýan ýaş üstüme damýar... Irden diňe düýşümi ýatlamak däl, eýse huşum bilen ýene-de dumanyň arasyndan geçip, alty ýaşly wagtyma, bu zatlaryň bolan günlerine aralaşyp bildim. Norma entek dogulmandy. Ejem – gysga boýly, gara saçly. Geplände howlukmaç we mydam elleri hereketli. Onuň aladaçyl ullakan guş ýaly, kakamyň daşynda ganat gerip ýörüşi ýadymda. Kakam işde gaty ýadaýardy we ejemi başyndan sowmaga güýji galanokdy. Men Çarlini görýärin. Ol aşhananyň ortasynda, elinde-de halaýan oýunjagy – ýüpe düzülen monjuk we halkalar. Pyrlaýan ýüpi daş-töwerege şöhle saçyp, barmagyna saralýar. Uzak günläp bu oýunjagy oýnap bilýär. Ony kimiň ýasany, soňra nirä ýitirim bolany ýadymda däl, ýöne Çarliniň göz gamaşdyryjy ýalpyldaýan halkalara haýran galyp seredýäni ýadymda... Ejem oňa gygyrýar... ýok, ol kakama gygyrýar: – Ony mekdepden çykarjak däl! Onuň ýagdaýy düzüw! – Roza, bu çagaň akly düzüw diýip özüňi aldamagy bes et. Seretsene oňa. Roza! Ol eýýäm alty ýaşady, ýöne... – Ol samsyk däl! Ol hemme çagalar ýaly! Elindäki ýüpüni oýnap oturan ogluna, kakasy gynanç bilen seredýär. Çarli ýylgyrýar we ýüpüniň nähili gowy pyrlanýanyny kakasyna görkezmek üçin elini uzadýar. – Ýok edip zyň, bu nejis zady! – ejesi bagyryp, Çarliniň eline urýar. Ýüp ýere gaçýar. – Bar, git-de kubik oýna! Çarli bu duýdansyz tutaşan gahar-gazapdan gorkýar. Mundan soňra nämeleriň boljagyny bilenok. Ol titremäge başlaýar. Ene-atasynyň dawasy dowam edýär we birinden beýlekisine geçýän sesler ony pugta gurşap alýar, içini gysyp-gowurýar. Howsala düşýär. – Çarli, ýöre hajathana tarap! Balagyňy hapalabam bir gör! Elbetde, ejesine gulak asjakdy, ýöne näme üçindir aýaklary diýen edenok. Ol kellesine inýän urgylardan goranmak üçin ellerini ýokary galdyrýar. – Taňrynyň haky üçin, Roza! Ony öz gününe goý! Seretsene, nähili gorkuzdyň. Mydama sen şeýdýäň, bu çaga görgüli bolsa... – Sen näme üçin maňa kömek edeňok? Näme üçin ähli zady men etmeli? Yza galmasyn diýip, her gün ony özüm okuwa taýynlaýan. Ol diňe haýal alýar, başga zat däl! – Özüňi aldama Roza, bu karam bolýar. Oňa haýwanlara edilişi ýaly tälim berjek bolýaň. Ony bizar etme. – Onuňam her kim ýaly bolmagyny isleýän! Olar dawalaşýarkalar, Çarliniň garny hamala ýaryljak ýaly, gitdigiçe beter agyrýar. Ol hajathana gitmelidigini gaty gowy bilýär. Ýöne, özüne buýrup bilenok. Hemme zady göni şu ýerde, aşhanada etmek oňa has amatly, emma bu nädogry bolar, ejesi hem ony urar. Ol ýüpüni yzyna almak isleýär. Eger ýüp elinde bolup, pyrlansady, ol saklanyp bilerdi we balagyny hapalamazdy. Emma, oýnawajy ýok – halkalar we monjuklar aşhanada pytraşyp ýatyr, ýüpi bolsa peçiň golaýynda ýatyr. Geň galmaly, sesler maňa gaty gowy düşnükli gelse-de, entegem olaryň ýüzüni görüp bilemok, diňe bulanyk sudur görünýär. Kakam – äpet we äwmezek, ejem – keltejik we çalasyn. Olaryň dawasyny diňleýärkäm, bar güýjüme gygyrasym gelýär: «Oňa bir seretseňizläň! Aşak bakyň! Çarlä serediň! Ol hajathana gyssanýar!!!». Olar dawalaşýarlar, Çarli bolsa eljagazlary bilen gyzyl gözenekli köýnejiginden ýapyşyp dur. Olaryň arasyndaky uçgun ýaly syçraýan sözlerden, gahar we öz günälerine aň ýetirmeleri duýulýär. – Ol sentýabrda ýene on üçünji mekdebe gider, şol klasda hem dowam eder! – Hakykaty kabul etsene! Mugallymy onuň hiç bir çynlakaý işe başarnygy ýok diýdi. – O haramzadamy? Ah, indiki gezek oňa näme diýjegimi bilýän! Goý, başlap bir görsün, menem diňe hossarlar sowetine ýazyp oňman! Ol kirli jelebiň gözlerini oýaryn! Çarli, näme beýle towlanjyraýaň? Ugra hajathana. Özüň git. Bilýäň-ä nirä gitmelidigini. – Näme, göreňokmy – ol seniň bilen gitmek isleýär. Ol gorkýar! – Azar berme! Ýeke özem gidip biler. Kitapda bu, onuň ynamyny artdyrar we maksada ýetmek duýgusyny döreder diýip ýazylan. Ýöne, ak kafelli sowuk otagyň, Çarlide döredýän gorkusy ähli zatdan üstün çykýar. O ýere ýeke gitmäge gorkýar. Ol elini ejesine uzadyp aglamjyraýar: – Ha... hajatha... Ejesi onuň eline urýar. – Bes et! Sen indi uly oglan. Göni hajathana ýöre we öwredişim ýaly balagyňy sypyr. Öňünden duýdurýan – eger balagyňa göýberäýseň, jeza bererin. Ony gaplap alan spazmalary dolulygyna diýen ýaly duýup bilýärin, bu ikisi bolsa onuň depesinde durup, näderini görmek üçin garaşýarlar. Aglamjyrama gitdigiçe ýuwaşaýar we birdenkä ol öz bedeniniň kontrolyny ýitirýär. Elleri bilen ýüzüni ýapýar we eşigini harap edýär. Rahatlama we gorky. Häzir ejesi ony ýenjer. Ine, eýýäm oňa tarap egilýär, oňa ýigrenji çaga diýip gygyrýar, Çarli bolsa kakasyndan haraý isleýär. ...Birden, olaryň ady ýadyma düşdi, ejem – Roza, kakam bolsa – Matt. Ejemiň we kakamyň atlaryny ýadymdan çykarmagym gaty geň. Ýöne, gyz jigimiň adyny bilýärdim ahyryn. Olar barada haçan iň soňky gezek pikir edenim ýadymda däl. Şu pursat näme hakda pikir edýänini aňlamak üçin, Matty göresim geldi. Ejem meni ýenjip başlanda, kakam aňyrsyna öwrülip köçä tarap gitdi. Käşgä ýüzlerini görüp bilsedim! (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 Eljernon üçin güller / 9 | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |