Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:13
Biderek erteki
BIDEREK ERTEKI



Daşarda gyş.
Tok öçdi.
Adam ata spiçkasyny ýakyp bir ýerlerden kädi çigidini tapdy.
Biri-birine ýelmeşip, gurap galan kädi çigitlerini eli bilen owkalaşdyrdy-da ýanyp duran «gara peçiň» demriniň üstüne oklaşdyrdy. Öýüň içini otda gowrulan kädi çigidiniň ýakymly ýanyk ysy tutdy.
Bu ysa How ene-de geldi.
Ikisi ýarym sagatlap çigit çigitlediler.
Kädi çigitlerini.
Alagaraňkyda.
Ikisi köp zatlaryň gürrüňini etdiler.
Bagtlydylar.
Duýýadylar.
Soňra, duýdansyz öçen tok duýdansyzam geldi.
Öçürilmän galan telewizoram işläp başlady...
Telewizorda aýdymçy aýdym aýdýardy.
Bagt barada...

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 188 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
1
1 Bagabat • 16:00, 23.11.2022
Berekella.
Gowy erteki.
"Религиозная мифология в современном антураже" diýseňem gelişmän durjak däl.
Simwolizmini ýorjak bolup synanyşaly:
Diýmek, jennet-ä - garaňkyda gara pejiň gapdalynda ("öz öýüm - uçmahym" diýilmeýämi) ýanaşypjyk, agzybirje oturyp, "howene" bilen "adamata" tapanja kädi çigdini (berilenje ryzkyny) "çigitleseler".
Olary azdyryp, şo "ümsüm behiştden" sogrup alýan, ýagny kowdurýan şeýtanam - telewizor bilen onda aýdylýan "bagt hakynda aýdym" bolýamy?
Heh...
Konfusiý diýipmiş diýýälermi: "Garaňky otagda gara pişigi tapmak juda kyn. Hasam ol şo taýda ýok bolsa"?
Meňkem ýa, şo bolup ýatyrmy?
Ýöne özüneçekiji erteki-hekaýajyk bolupdyr.
Entoni de Melloň hekaýa-pritçalardan kemlär ýaly däl.
avatar
1
2 Bagabat • 16:04, 23.11.2022
Ady jüpüne düşmändir.
Islendik eseriň - ha goşgy, ha hekaýa, ha roman bolsun - ady, onuň mazmunyndan gelip çykyp, onuň baş ideýasyny açyp görkezýänje açar bolsa, ýerine düşýär.
Bujagaz erteki-hekaýajygyňky bolup biler:
1.Kädi çigdi;
2.Uçmah;
3.Bagt
4.Bagt hakda aýdym;
5.Yşyksyzlyk we yşyklylyk...
avatar
0
3 Medicall • 16:24, 23.11.2022
Harplary ulaldyp okamak üçin häzirlikçe şu wersiýadan peýdalanyp bilersiñiz:
Saýtyñ ýokarsynda "Версия для слабовидящих"
avatar
0
4 Мango • 16:25, 23.11.2022
Sag bol Serdar kaka.
kommentiň-ä originaldan bet bolupdyr.
umuman-a, tehnologiýa diri adamy diri adamdan bizar edýä, bizi hakyky ýaşaýyşdan üzňeleşdirýär... manylary bardy.
ýöne siziň diýeniňizem gaty dogry.
ady barada....
şuňa meňzeş biderek ýa-da "biderek" ertekileriň seriýasy bardy kellede.
bu-da "biderek erteki-1" bolmalydy.
ýöne, siziň hödürläniňizden "bagt hakda aýdym"-y haladym.
bize birileri bagt aýdymyny aýdyp bermesinler-le, tersine özümiz öz bagt aýdymyzy aýdaly.
şö dämi? "-)
avatar
0
5 Мango • 16:28, 23.11.2022
слабовидящий-hem bolduk....
men şondan peýdalandym. indi gowy-видящий boldy. sag boluň.
avatar
1
6 Bagabat • 16:34, 23.11.2022
Weh. Çözüp äpberd-ä bi! 
Ependi agaň tozana garylyp mytdyldap barýarka, dözülmän, eşegiň syrtyna mündürilende: "Asyl, jennet diýilýän-ä ýerden bäş garyş ýokarda ekeni" diýşi ýaly, bu saýtyň hezillig-ä "версия для слабовидящих"-de ken-ä.
"Ölinçäň öwren, barybir şo akmaklygyňa-da ölersiň" diýleni boldy, bü-ýä.
Sag bol, jigim.
Dünýe ulalaýdy birhili  hands
avatar
0
7 Bagabat • 16:36, 23.11.2022
Seňkem, satirik Nuryşka pahyryň: "Bize orsuň ORT-asy gerekgä. Biziň öz ortamyz bar" diýýänine bardy :-).
avatar
0
8 Мango • 16:47, 23.11.2022
pyrýamoý efirligi dagy biz barada aladadan başga zat däl-ä-hä.
diňe hezil edip ýazyp-pozup ýaşawermeli!
avatar
0
9 Bagabat • 16:58, 23.11.2022
Ýöne, tehnologiýa manysynda ýazan bolsaň, irräk ýazylan bolmaly. Sebäbi indi telewizordan oba göçdi. Çagalar haçan görseň IMO-da, INSTA-da ýenewör-lähetde.
Durmuşdan zarisowkajyk:

Jahyl ogul eltelefonyna dümtünip başyny galdyrman otyr.
Ejesi girýär-de diýýär:
-Oglum, bar mallaňňy suwa ýak.
-Bo je.-diýip ýetginjek ekrandan gözüni aýyrman jogap berýär. Hakykat-da oň özüne näme diýlendigini eşidenem gümana.
20 minut geçýär.
Açyk penjireden daşary süpürip ýören ejesiniň gaharlanybrak ugran sesi gelýär:
-Gyýw, diýmäýin diýsemiň telefona gark bolany! Men saňa mallar suwsuz gyryldy diýýän. Çyk, suwa ýak olary dowzaha höküm bolmankalar...
-Bo je.
...diýýär-de jahyl, elindäkiden kellesinem galdyrmaýar.
25 minut geçýär.
-Öllüňm-u-u-w, gyryllyňm-u-u-w, ýerler ýuwutman gal-a-a-n!!!-diýip, birdenkä mellegiň aýagujundan ejesiniň uwwuldysy eşidilýär.
Jahyl oslagsyzlykdan ýaňa ziňkildeýär-de, töweregine ýaltaklaýar. Özüniň nirede oturandygyna birbada aň ýetirip bilmeýär.
Köçede deň-duşlary bilen otyryp biri bilen ýazyşýarmy?
Ýa-da henizem IMO-da gyzdyr öýdýänje niki bilen pynhanja, ýarym wejerajadan kümsükje gepleri oklaşyp otyrmy?
Soň öýlerinde, waý-faý tutýan äpişgäň agzyndadygy beýnisine ýetýär.
Onýança ejesiniň "uwwuldysy" ýene-de bir ýola ýaňlanýar welin, telini kisä sokýar-da, atylyp daşaryk çykýar.
Çykan dessine-de kürtdürýär.
Weh...
Ýaňy ejesi oňa näme ýumuş buýurd-aý?
Dükana gidip çörek alyp gel diýdimi?
Ýa-da "Ilerki köçedäki garyndaşlar tebärek çykardýa. Kakaň işde. Şoň üçinem sen onuň deregine şolara git-de, görnüp gaýt" diýdimi?
Dem salym oýurganýar. Soňam ýeňsäni gaşaýar-da, öýe girip pul alyp çykýar. Çörek alyp gelmek üçin dükana ýönelýär.
Nämüçin?
Sebäbi aňsadrak, çaltrak bitýäni şol. Bahymjak baryp gelip, ýaňky IMO gybatyň yzyny dowam edip boljak. Tebärek çykarana görünmäge gitseň bolsa, elbetde garnyň doýar. Ýöne kän eglenersiň.
Ol sömpüldäp derwezeden çykyberende-de, oňa aýguçda özi başagaý bolup, mallaryň otuna-suwuna seredip ýören ejesiniň gözi düşýär:
-Gyýw, kellesine taýak degen sähne! Nirä barýaň? Men seni bärik, malýataga kömekleşmäge çagyryp durun-a!
-Dükana,-diýip ýetginjek sakga aýak çekýär-de, geň galmakdyr nägilelikden doly äheňde hüňürdeýär.
-Nämüçin?-diýip ejesi, bärräge ýakynlap, ýuwaşrak gepleşäýmen, şo esli daşlykda duran ýerinden butnaman, zowladyp gygyrýar.
-Çörek almaga,-diýip jahyl, hasam geňirgenýär.
-Çöregi başyňa ýapjakmy? Öňem-ä saçak doly.
-Özüň: "alyp gel" diýdiň-ä-how, je-e!
-Haçan?!
-Ýaňy. Öýe girip-çykaňda.
-Häý beýnisini tilfon almyş diýsäni,-diýip, ejesi, tutuş goňşy halkyna mugt tomaşa, ýene-de bat alýar-da, käýinmäge başlaýar.
Jahyl bolsa, özüniň ýalňyşandygyna aň ýetirýär-de, ýeňsesini tüňňerdip, öýlerine dolanýar. Ol işige ýetip barýarka-da, ýarym kileräk sögünmäge ýetişen ejesi, ýene-de ony aýak çekmäge mejbur edýär:
-Gyýw, inni nirä barýaň-a?! Aý ýo-laý! Sen meni öllürmän dynmarsyň!
-Aý inni nämmol-laý, je-e?! Papak almaga girip barýan-ou?!-diýip ýetginjek, gaharlanýar.
-Papagy nämetjek, ýaşy tükenmän galan, hä?!
-Garyndaşlaň tebärek çykdysyna görünmäge gitjek,-diýip gögele, ýüzüniň ugruna aýdyp goýberýärem-de, birden iňkise gidýär:-Ýa onam "aýtmadym" diýjekmi?
-Waý meň gara bagtym! Gutard-a bi kellesini tilpon iýen, gutard-a!-diýip ejesi hasam beter "walalaýlamaga" başlaýar...
avatar
0
10 Мango • 17:15, 23.11.2022
bet! hawa, meň ýazanym 2011.
"-Gyýw, diýmäýin diýsemiň telefona gark bolany! Men saňa mallar suwsuz gyryldy diýýän. Çyk, suwa ýak olary dowzaha höküm bolmankalar..."
ýene bir zat ýada saldy ýokarky dialog.
1-nji 2-nji klasdyrys.
mekdebiň ýanjagazynda-da Ataşka diýen at dakylan ýaşaýar.
klasda. sapakda.
birden gapy açylyp garry ene girýärde, oturan Ataşka agtygynyň ýeňsesine çalýar.
geňirgenen mollyma jogap berýär garry ene:
- ýerçeken, mallara ot bermän okuwa gaýdypdyr-a, tur derrew mallara tarap, aç öldi olar ...
avatar
0
11 Kyyas • 11:29, 09.05.2023
Berekella!
avatar
0
12 Seýrаn • 08:55, 23.12.2023
Ara sheytan dushdi diyyanmi
avatar
0
13 ToylyOraz • 09:26, 21.04.2024
Адам ата Алланын Пыгамберидир.. ! Унутмалын!
avatar
0
14 Мango • 16:49, 21.04.2024
13-e. Toýly dädä.
hemme zady gös-göni düşünmäň-dä...
manysyny alsaňyz bolmazmy?
avatar
1
15 sussupessimist • 17:58, 21.04.2024
Ine, ine, Mango. Käte özüňem şeydyäniňi bilyäňmi?))

Ertekide ozboluşlyja bir zatjyg-a bar. Yone ady, dogrudanam, yerine düşmandir
avatar
0
16 Мango • 20:10, 21.04.2024
15-e. sussupeseimiste.
ha-ha... "özüňem edýäňläý" diýip men içimden diýipdim welin, eşdäýdiňmi? :-)
boýun alýan, özümem çydap bilemok (iň soňky pretensiýam "sežde edilýän bedendi" öýdýän)...
jogap ýok.
öçürdiň.
avatar
0
17 Балканов • 21:45, 21.04.2024
Geçen asyryň ýigriminji ýyllaryndan başlap edebiýatda, şekillendiriş, teatr, saz sungatlarynda
nysak (moda) bolan žanrlar: awangardizm, impressionizm, sýurrealizm, simwolizm, XXI-nji asyra fentezi ady bilen dolanyp geldi.
    Ýatdan çykyp giden nysak ýene  dolanyp gelýämiş diýseler ugrunda bar, ýöne başga görnüşde.
   "Spiçka", "ýarym sagat" sözler esere üýtdeşik öwüşgin berýär.
avatar
0
18 sussupessimist • 23:16, 21.04.2024
Ay yok, fentezi duybunden başga źanr, awangardizm, syurrealizm bn parallel peyda bolan. Властелин колец (Lord of the Rings,) -yaly 1930-40-njy yyllarda yazylan romanlardan goz baş alyan Игра престолов, mysal uçin, fentezi. Yone Yuzukleriň hokumdaram gözbaşyny gadymy skandinaw sagalaryndan, breton eposlaryndan alyp gaydya. 
özem edil moda diymegem nadogry. Olar tazeçe çemeleşme bn yazylan köne zatlar. Soň bu agzan aňlatmalaryňyzy yarlyk edip, soňraky edebiyatşynaslar yelmeyär.
avatar
0
19 sussupessimist • 23:22, 21.04.2024
Bu yerdaki ertekide-de yonekey edebiyatdan, hatda folklordanam kan bir daşlaşylyan zat yok. "Kitaby dadem Gorkutda" Ezrayylam hereket edyar, mysal uçin, Allany "gurledyan" sahnasam bar. Bu yerde ozum-a hiç hili küfürlik goremok. Ya indi şonam "bolanok" etmelimi?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203