Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:06
EDEBIÝAT KAFESINIŇ GEÇIREN «ELEGANT ESER» bäsleşigine gatnaşan eserleriň awtorlary, ýeñijileri we ballar boýunça jemi
Bellik: bäsleşige hemaýatkärlik eden: M/S elegant, Parfýum we müşkler brendi


DABARADAN PURSATLAR:












Salam hormatly awtorlar, okyjylar! Ilki bilen Siziň ähliňizi Bütindünýä Poeziýa Güni, Nowruz baýramy bilen ýürekden gutlaýaryn. ähliňize maşgala abatlygy, saglyk, döredijilik dünýäsinde gülläp ösüş, işleriňizde üstünlikler arzuwlaýaryn!

Bäsleşige jemi :
24 awtor, 36 eser gatnaşdy

Bal goýulşykda adalatly hem dogry netije çykarmak üçin ähli esere bal goýmadyklary sanawdan aýyrmaly bolduk.

Netijede:

1.Sussupessimist
2. Aýgül
3.Myhman
4.Umyt
5.Gülkamat
6. Garagar
7.Hyýalbent
8. paragraph
9. Leglek
10.Hyýalbent
11. Janjennet
12. ses

şu hormatlylaryň ähli eserlere seslenmegi bilen bir netije çykarmagy başardyk. (sagbolsunlar, bäsleşigiň şertlerine hormat edip, ähli eserleri bahalandyryp berenleri üçin.)

GATNAŞAN AWTORLAR, ESERLER WE ÝEŇIJILER :

1. © Akmyrat JUMAÝEW: Dözümli eksperiment (proza)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 2
3. Pero - 4
4.Myhman -4
5.Umyt -1
6.Gülkamat -2
7. Garagar -5
8.Hyýalbent -5
9. paragraph -6
10. Leglek -1
11. Janjennet -1
12. ses -3

jemi- 39
--------------------------------------------

2. © Meñli AŞYROWA: Ümsümligiň sesi (poeziýa)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 5
3. Pero- 0
4.Myhman -5
5.Umyt -2
6.Gülkamat -6
7. Garagar -5
8.Hyýalbent -5
9. paragraph -6
10. Leglek -5
11. Janjennet -5
12. ses -3

jemi- 50
-----------------------------------

3. © Şagül DOWADOWA: Gel indi(poeziýa)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 1
3.Pero - 4
3.Myhman -5
4.Umyt -1
5.Gülkamat -4
6. Garagar -3
7.Hyýalbent -4
8. paragraph-6
9. Leglek -7
10. Janjennet -2
11. ses -3

jemi- 42
--------------------------------------------

4. © Şagül DOWADOWA:Ýok (poeziýa)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 2
3.Pero -2
4.Myhman -5,5
5.Umyt -1
6.Gülkamat -3
7. Garagar -3
8.Hyýalbent -4
9. paragraph-4
10. Leglek -2
11. Janjennet -2
12. ses -3

jemi- 33,5

-----------------------------------------

5. © Gurbanmyrat SARYÝEW: Seň üçin (poeziýa)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 5
3.Pero - 3
3.Myhman -6
4.Umyt -4
5.Gülkamat -5
6. Garagar -4
7.Hyýalbent -5
8. paragraph -5
9. Leglek -5
10. Janjennet -5
12. ses - 4

jemi- 54

-----------------------------------------

6. © Çemen ANNABERDIÝEWA: Ýoluň ak bolsun söýgim (proza)

1.Sussupessimist- 0
2. Aýgül - 1
3.Pero - 2
4.Myhman - 2
5.Umyt - 0
6.Gülkamat -1
7. Garagar - 2,5
8.Hyýalbent -3
9. paragraph -4
10. Leglek -2
11. Janjennet -1
12. ses -2

jemi- 20,5

-----------------------------------------

7. © Süleýman TEKÄÝEW: Garaşylmadyk toý (proza)

1.Sussupessimist- 0
2. Aýgül - 2
3.Pero - 2
4.Myhman -2
5.Umyt -1
6.Gülkamat -4
7. Garagar -3
8.hyýalbent -0
9. paragraph -5
10. Leglek -4
11. Janjennet -1
12. Ses -2

jemi- 26

-----------------------------------------

8. © Gurbanmyrat SARYÝEW: Keýpine (poeziýa)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 2
3.Pero - 5
4.Myhman -6
5.Umyt -1
6.Gülkamat -4
7. Garagar -4
8.hyýalbent -4
9. paragraph -5
10. Leglek -4
11. Janjennet -1
12. ses - 3

jemi- 30

-----------------------------------------

9. © Çemen ANNABERDIÝEWA: Howsala (proza)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 2
3.Pero - 1
4.Myhman -2
5.Umyt -1
6.Gülkamat -5
7. Garagar -4
8.hyýalbent -2
9. paragraph -5
10. Leglek -5
11. Janjennet -2
12. ses - 2

jemi- 24

-----------------------------------------

10. © Şagül DOWADOWA: A düýn uludym (poeziýa)

1.Sussupessimist- 4
2. Aýgül - 2
3.Pero -6
4.Myhman -8
5.Umyt -5
6.Gülkamat -8
7. Garagar -5
8.hyýalbent -6
9. paragraph -5
10. Leglek -5
11. Janjennet -4
12. ses -5

jemi- 63

-----------------------------------------

11. © Meñli AŞYROWA: Zerurlyk (poeziýa)

1.Sussupessimist- 5
2. Aýgül - 10
3.Pero - 0
4.Myhman -10
5.Umyt -6
6.Gülkamat -9
7. Garagar -8
8.hyýalbent -10
9. paragraph -10
10. Leglek -9
11. Janjennet -6
12. Ses- 6

jemi- 89

-----------------------------------------

12. © Remezan MÄMMETGURBANOW: Tar-tar inçe damarlarym (poeziýa)

1.Sussupessimist- 0
2. Aýgül - 4
3.Pero - 2
4.Myhman -6
5.Umyt -5
6.Gülkamat -5
7. Garagar -8
8.hyýalbent -5
9. paragraph -5
10. Leglek -5
11. Janjennet -1
12. Ses - 4

jemi- 50

--------------------------------------------

13. © Remezan MÄMMETGURBANOW: "Men ýeri küýsedim" (poeziýa)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 10
3.Pero - 2
4.Myhman -6
5.Umyt -1
6.Gülkamat -7
7. Garagar -6
8.hyýalbent -2
9. paragraph -5
10. Leglek -6
11. Janjennet -5
12. Ses - 5

jemi- 58

--------------------------------------------

14.© Baýgeldi BAÝGELDIÝEW: Gijäniñ bir wagty... (poeziýa)

1.Sussupessimist- 5
2. Aýgül - 9
3.Pero - 4
4.Myhman -10
5.Umyt -7
6.Gülkamat -8
7. Garagar -6
8.hyýalbent -7
9. paragraph -7
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. Ses - 8

jemi- 83

--------------------------------------------
15.© Çemen ANNABERDIÝEWA: Jaň eder duraryn, eje!(proza)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 3
3.Pero - 2
4.Myhman -5
5.Umyt -2
6.Gülkamat -6
7. Garagar -3
8.hyýalbent -4
9. paragraph -5
10. Leglek -6
11. Janjennet -2
12. Ses - 4

jemi- 44
-----------------------------------------------

16.© Maksatmyrat ÇARYÝEW: Haýallasyn pursatlaryň akymy (poeziýa)

1.Sussupessimist- 6
2. Aýgül - 5
3.Pero - 4
4.Myhman -7
5.Umyt -3
6.Gülkamat -8
7. Garagar -6
8.hyýalbent -7
9. paragraph -10
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. Ses - 7

jemi- 75

--------------------------------------------

17.© Mahym NURGELDIÝEWA: Perýat / sonetler çemeni (poeziýa)

1.Sussupessimist- 7
2. Aýgül - 10
3.Pero - 7
4.Myhman -10
5.Umyt -8
6.Gülkamat -10
7. Garagar -7
8.hyýalbent -10
9. paragraph -10
10. Leglek -10
11. Janjennet -7
12. Ses - 8

jemi- 104

--------------------------------------------

18. © Sapa HOMMADOW: "Göwün suw berermiş arzyly gõwne..." (poeziýa)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 7
3.Pero - 6
4.Myhman -6
5.Umyt -2
6.Gülkamat -10
7. Garagar -5
8.hyýalbent -7
9. paragraph -7
10. Leglek -6
11. Janjennet -4
12. ses - 6

jemi- 63

--------------------------------------------

19.© Gurbanjemal ANNAKOWA: Durmuş we men (poeziýa)

1.Sussupessimist- 4
2. Aýgül - 5
3.Pero - 5
4.Myhman -9
5.Umyt -3
6.Gülkamat - 8
7. Garagar -5
8.hyýalbent -8
9. paragraph -6
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. ses - 5

Jemi: 70

-----------------------------------------
20. © Gerçeknazar AMANNAZAROW: Söz (poeziýa)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 3
3.Pero - 7
4.Myhman -8
5.Umyt -2
6.Gülkamat - 5
7. Garagar -4
8.hyýalbent -7
9. paragraph -8
10. Leglek -0
11. Janjennet -1
12. ses - 4

jemi: 51

---------------------------------------------------------

21. © Enemähri GUWANDYKOWA: ,,Içim bom-boş zat galmady aýdara" (poeziýa)

1.Sussupessimist- 4
2. Aýgül - 5
3.Pero - 5
4.Myhman -9
5.Umyt -3
6.Gülkamat - 8
7. Garagar -5
8.hyýalbent -8
9. paragraph -6
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. ses - 5

jemi: 70

---------------------------------------------------------

22. © Çemen ANNABERDIÝEWA: Hyýal (poeziýa)

1.Sussupessimist- 4
2. Aýgül - 5
3.Pero - 2
4.Myhman -5
5.Umyt -4
6.Gülkamat - 8
7. Garagar -3
8.hyýalbent -6
9. paragraph -7
10. Leglek -6
11. Janjennet -5
12. ses - 5

jemi: 60

---------------------------------------------------------

23. Terjime: © Aýgül GARAÝEWA: Maňa kömek ediň, goşgular!(terjime)

1.Sussupessimist- 6
2. Aýgül - 0
3.Pero - ?
4.Myhman -9
5.Umyt -?
6.Gülkamat - 10
7. Garagar -6
8.hyýalbent -8
9. paragraph-7
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. ses - 7

jemi: 65

------------------------------------------

24.© Kakajan BALKANOW: Men şu gün gyz boljak - proza

1.Sussupessimist- 1
2. Aýgül - 4
3.Pero - 2
4.Myhman -2
5.Umyt -2
6.Gülkamat - 6
7. Garagar -3,5
8.hyýalbent -2
9. paragraph -5
10. Leglek -10
11. Janjennet -1
12. ses - 3

jemi: 41,5

------------------------------------------

25. © Dörtguly BAÝSÄHEDOW: Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýä (proza)powest

1.Sussupessimist- 5
2. Aýgül - 8
3.Pero - 7
4.Myhman -6
5.Umyt -0
6.Gülkamat - 0
7. Garagar -5
8.hyýalbent -8
9. paragraph -8
10. Leglek -0
11. Janjennet -0
12. ses - 6

jemi: 53

------------------------------------------
26. © Leýli ÇARYÝEWA: Kaka (poeziýa)

1.Sussupessimist- 2
2. Aýgül - 3
3.Pero - 2
4.Myhman -6
5.Umyt -3
6.Gülkamat - 7
7. Garagar -3
8.hyýalbent -7
9. paragraph -4
10. Leglek -7
11. Janjennet -2
12. ses 2

jemi: 48

------------------------------------------

27.© Kakajan BALKANOW: Datly dilli talyp -(proza) hekaýa

1.Sussupessimist- 1
2. Aýgül - 3
3.Pero - 5
4.Myhman -6
5.Umyt -1
6.Gülkamat - 6
7. Garagar -3
8.hyýalbent -1
9. paragraph -5
10. Leglek -?
11. Janjennet -?
12. ses 2

jemi: 33

------------------------------------------

28.© Kakajan BALKANOW: Köne tanyşlaryñ duşuşygy - hekaýa

.1.Sussupessimist- 0
2. Aýgül - 0
3.Pero - 1
4.Myhman -3
5.Umyt -7
6.Gülkamat -7
7. Garagar -6
8.hyýalbent -7
9. paragraph -4
10. Leglek -0
11. Janjennet -1
12. Ses - 2

jemi- 38

---------------------------------------------------
29.© Güljan DURDYÝEWA: Ýürekdäki ýazgylar (proza)

1.Sussupessimist- 6
2. Aýgül - 7
3.Pero - 8
4.Myhman -9
5.Umyt -6
6.Gülkamat - 0
7. Garagar -7
8.hyýalbent - 9
9. paragraph -10
10. Leglek -0
11. Janjennet -5
12. ses 5

jemi: 72

------------------------------------------

30.© Umyt KÜLE: Tow (proza)

1.Sussupessimist- 8
2. Aýgül - 8
3.Pero - 9
4.Myhman -8
5.Umyt -0
6.Gülkamat - 8
7. Garagar -6
8.hyýalbent - 8
9. paragraph -10
10. Leglek -10
11. Janjennet -7
12. ses 7

jemi: 81

------------------------------------------

31. © Baýram BEJIDOW: Yşkyñ permany -sonetler çemeni (poeziýa)

1.Sussupessimist- 4
2. Aýgül - 6
3.Pero - 7
4.Myhman -5
5.Umyt -3
6.Gülkamat - 7
7. Garagar -6
8.hyýalbent - 7
9. paragraph -8
10. Leglek -7
11. Janjennet -5
12. ses 5

jemi: 70

------------------------------------------
32. © Jennet NURMYRADOWA: Biçäreler (proza)

1.Sussupessimist- 6
2. Aýgül - 8
3.Pero - 9
4.Myhman -6
5.Umyt -3
6.Gülkamat - 8
7. Garagar -5
8.hyýalbent - 7
9. paragraph -9
10. Leglek -9
11. Janjennet -0
12. ses 0 (3)

jemi: 70 (73)

------------------------------------------

33. © Laçyn PÜRJÄÝEWA: Häzirlikçe atsyz, hem suratsyz goşgy (poeziýa)

1.Sussupessimist- 10
2. Aýgül - 10
3.Pero - 9
4.Myhman -10
5.Umyt -10
6.Gülkamat - 10
7. Garagar -8
8.hyýalbent - 10
9. paragraph -8
10. Leglek -9
11. Janjennet -7
12. ses 10

jemi: 111

------------------------------------------

34. © Baýram BEJIDOW: Maňa garaşmaň (poeziýa)

1.Sussupessimist- 5
2. Aýgül - 7
3.Pero - 4
4.Myhman -8
5.Umyt -7
6.Gülkamat - 7
7. Garagar -7
8.hyýalbent - 8
9. paragraph -7
10. Leglek -0
11. Janjennet -6
12. ses 3

jemi: 69

------------------------------------------
35. © Mahym NURGELDIÝEWA: ? (poeziýa)

1.Sussupessimist-4
2. Aýgül - 8
3.Pero - 4
4.Myhman -5
5.Umyt -7
6.Gülkamat - 6
7. Garagar -5
8.hyýalbent - 6
9. paragraph -6
10. laçrymosa - 10 * leglek goýmandyr, şonuň ýerine?
11. Janjennet -5
12. ses 6

jemi: 65

------------------------------------------

36.© Sähet SÄHEDOW: Bentler (poeziýa)

1.Sussupessimist- 3
2. Aýgül - 5
3.Pero - 2
4.Myhman -5
5.Umyt -4
6.Gülkamat - 4
7. Garagar -4
8.hyýalbent - 4
9. paragraph -0
10. Leglek -0
11. Janjennet -4
12. ses 3

jemi: 38

------------------------------------------

BAŞ BAÝRAK JEMI 6 SANY

poeziýa ugrundan:

© Laçyn PÜRJÄÝEWA:

Häzirlikçe Atsyz hem suratsyz goşgy - 111 "Haýkyrýan gözler" (goşgyñ hakyky ady

-------------------

© Mahym NURGELDIÝEWA:

Perýat - Sonetler çemeni -104,

Proza ugrundan:

© Umyt KÜLE:
Tow -81

© Güljan DURDYÝEWA:

Ýürekdäki ýazgylar - 72

© Jennet NURMYRADOWA:
Biçäreler - 70 ball (73) (

Terjime:

© Aýgül GARAÝEWA:

Meni halas ediň, goşgular!
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 426 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 49
avatar
3
1 aygull • 23:59, 21.03.2024
Janyňa berekella,Nurdan.
avatar
2
2 Küle • 00:19, 22.03.2024
Hemma ustunlik. Nurdan ejeka sabyr, guyc
avatar
2
3 sussupessimist • 00:36, 22.03.2024
Yeňijileri gutlayan!
Mynasyp eserler yeňipdir. Beylekilerem, nesip bolsa, geljekde bizi has guyçli eserler bn begendirerler.
Islendik yaryşam - onuň geçirilyan yerindaki adamlaryň "tagam alşyna" hem aň-düşünjesine, erk-islegine bagly subyektiw zat. Edebiyata iñ mynasyp bahany beryän yeke-täk źyuri - wagtdyr. Halkam däl, köpçüligem däl, guyçli tankytçy-edebiyatçylaram dal, okyjylaram däl. Wagt! (Hernäçe pafosly yaňlansa-da)
avatar
3
4 Medicall • 01:04, 22.03.2024
Size sagbolsunlar, jem esasy siz bilen jemlendi, dowamy size bagly.:)

Gurbanmyrat jigimize (@garagara) aýratyn sagbolsun aýdýaryn, bäsleşige sponsyrlygy üçin. işleriňizde üstünlikler, bereket, döredijiligiňizde ylham joşgunyňyz egsilmesin!
avatar
0
5 Mekan • 05:59, 22.03.2024
Eserleriñ awtorlary henizem gizlinligini goraýa.

Ýeñijileri gutlaýan!

Beýleki gatnaşanlañam eline galam almagy, halka hödürlemegi ulu batyrlyk. Olaram gutlaýan!

Nurdan hanymam gutlaýan!

Ýene geçirilse, ýene okap baha bermek biz bilen.
avatar
1
6 Мango • 06:47, 22.03.2024
mynasyplar saýlanypdyr.
içinde çak edenlerimem bar eken.
hemmelere berekella.
ilki:
ýaryş gurnanlara;
sponsor tapana;
sponsor bolana;
eseri bilen gatnaşana;
okanlara;
ball berenlere (köp bereniň ogly... baly hasaplanyp, az bereniňki hasaplanmasa-da :-) );*
ballary toplap, jemläne, netije çykarana;
garaz... her kese BEREKELLA!

*hakykatdanam, her esere ball goýmadyklaryň bahalaryny adalatly hasaplap çykarmak mümkinem däl.
şoň çün men-ä sesimiň hasaba alynmadygyny adalatly hasaplaýan.
indikilerde bu meselänem göz öňüne tutarys. adamçylyk-da, her ýagdaý sebäpli hemmesini okabam bilmedim...

---
hany indi bazar güni ýeňijileriň atlarynam bir eşdeli.
gaýrat edip, gowy edip, professional suratça surat aldyraýyň-da edebiýat agşamyny.
---
hemmelere üstünlikler!
avatar
1
7 Мango • 06:56, 22.03.2024
posta goýlan surat sussupesden bolmaly.
gowken.
ýöne, bir-iki zat üns çekýär:
"EDEBIYAT KAFE`Si" -nde "Ý"-şahsyz, "I" bolsa üsti nokatly, hemem "`" belgisi... -bu-ýa bir.
stoldaky üç çaşka kofe bir kişä kän dämi? bu-ýäm iki.
:-)
stolda üç kişi bar diýseňem, oýam dä - wilka, pyçaga seretseň-ä...
---
hä... Nurdan hanym uzak gije oturyp, kofe baryny yzy-yza içip ýaryşyň jemini jemlän bolmaly...
belki.
avatar
1
8 Belki • 07:40, 22.03.2024
Ýeñijileri gutlaýan. Mango daýymyñ minnetdarlyklaryna goşulaýjak (täzeden gaýtalap oturman)
Ýeñmediklere-de sözüm: Esasy zat gazanmak däl, gatnaşmakdyr. Synanyşybermeli. Synanyşybereris nesip edenden. Onsoñam,
1. Poeziýa kategoriýasynda ýaryş has gyzgalañly geçdi. Şu ýerde agzalanlardan başga-da
Zerurlyk
Haýallasyn pursatlaryñ akymy
Maña garaşmañ
A öñ uludym
goşgularyny juda haladym. Ol awtorlaram indikilerde orun alar diýip ynanýan. Bu gezek garşydaşlary has gūýçlüräk çykdy.
2. Terjimeçi kimem bolsa mañlaýy işläpdir ))
3. Terjimeçi bilen ýürek ýazgylarynyñ awtoryny çaklap bilmedim. Sürpriz bolar maña.Beýlekileri aýnada gören ýaly.
4. Sylaglandyryş dabarasyna gatnaşyjy hökmünde gitmekçi nesip bolsa. Bir zady bilesim gelýär. Nähili geçirmegi meýilleşdirýäñiz? Gatnaşyjylara, ýeñijilere söz bermek arkalymy? (Soñ tolgunyp durma:ly diýip soraýan :)) Ýa-da diñe sowgat gowşuryp, özara söhbet arkaly dowam etsekmi? (meniñçe ikinjisi gowy)
avatar
1
9 Medicall • 10:15, 22.03.2024
HORMATLYLAR! şu ýerde ýene bir eser baly proza boýunça 70 bal aldy, şonam №6 njy baş baýrak diýip goşmagy makul bildik. Elegant brende haýyş edip 6 sany baş baýrak etdik.

"Biçäreler" proza eseri 70 bal (şunuň balyna Ses baha goýmandyr, emma "ýürekdäki ýazgylara" goýupdyr 5 bal. Ses däde maňa "goýmadyklaryma 3 goýaý" diýse-de "Biçärelere" 3-em goýmadym, goýsam "ýürekdäki ýazgylara" karam etdigim boljakdy. şonuň üçin agşam gijiräk görüp Gurbanmyrat jigimiz bilen habarlaşyp bilmedim. ynha şu gün habarlaşyp baş baýragy 6 etmeli boljagymy düşündirdim, ýagdaýy düzledim,  sponsora sagbolsunlarym!

Sesdädemiň goýmagyma rugsat eden 3 baly bilen: "Biçäreler" 73 bal
avatar
1
10 Aýgül_Baýadowa • 11:04, 22.03.2024
3-nji teswir dogry aýdýar. Menem şol pikirde. Bu ýerde ýer almadyk esere başga bir ýerde birinji orun hem berip bilerler. Esasy, özüňe ynamy ýittirmeli däl. 
Birem, bäsleşik diýilýän zada kembaha garamaly däl. Baha berýänler pylany dagydyr-da diýip, garalamadan hem bärki nämedir bir zadyňy bäsleşige ýollamak, bäsleşige däl-de özüňe hormatsyzlykdyr. Bäsleşige bäsleşmäge ukyply eserleri ýollamaly. Özüm-ä näler goşgy bilen gatnaşasym geldi. Ýöne ýazanymy gowşak görüp, ýazanymy gowşak görüp bäsleşige ugratmaga ýürek edip bilmedim.
"Perýady",   "Häzirlikçe atszy hem suratsyz goşgyny" okap, şolaryň eýesi bolmaga höwes etdim. Hernä eýesi bolmasam-da, emini bolmaga nesibäm boldy)))
Indiki bäsleşiklerde hemmelere has kämillik, has jogapkärlilik arzuw edýän.
avatar
1
11 Gülkamat • 12:29, 22.03.2024
Gowudygyny, jemlendi diyseñizläñ! Menem Mangoñ aydanlaryna goşulýan (rugsat berersiñiz-ä Mango aga :))) ) bäsleshigi gurnanlara, soñuna çenli gözegcilikde bolup, alyp cykanlara, iñ esasanam, Nurdan hanyma köp sagbolsun aydyaryn... Türkmen edebiýatynyñ ösmegine goshyan goshandyñyz ücin Tañry ýalkasyn!
avatar
0
12 Hyýalbent • 13:55, 22.03.2024
Ýeñijileri gutlaýan baly kemräk gelenlerede indiki ýaryşlarda özlerini has gowy görkezmeklerni arzuw etýän. Nurdan hanym båsleşigiñ sowgat gowşuryş dabarasy Aşgabatda geçiriljek bolsa biz ýaly daşyrakdakdan synlaýan goldaýan adamlar üçin saýtdada görkezersiñizdä sagboluñ.
avatar
0
13 Seýrаn • 14:03, 22.03.2024
Biçäreleri okapdym. Bal bermegi unudypdyryn. Bagyşlaň! 3 bal.
avatar
0
14 LegLek • 17:02, 22.03.2024
Ýeňijileri gutlaýan!
Bäsleşigi guranlar, gatnaşanlar, eminler, sponsorlar sag bolsun!
Bäsleşigiň soňky günlerinde goýlan eserleri okap bilmedigim üçin ötünç soraýan. Şol eserleriň awtorlary, günämi geçeweriň!
Ähliňizden Alla razy bolsun!
avatar
0
15 janjennet • 19:38, 22.03.2024
10njy teswire.
Aýgül genje menem kösenibildim bäsleşige gatnaşjak bolup, ýazyp otyran birgiden tamamlanmadyk word documentler bardy. Şolaň birini tamamlamaga niýetlenýäkam, Word aktiwasiýa kod soraýar. Hemme ýerini dörjeşdirdim oňarmadym. Ne ýazyp bolýa ne ýazanyňy düzedip.. "Senden galan enesinden dogmasyn"-diýdim-de ýöriteläp gidip ruçka alynyp geldim. Iň gowy ýazýanyndan ber dp. Olaram öýdäki okuwçylar böleşipdir. Ertir anna günüň öýläni başlaýyn diýsem. Aý, bolýa. Ýene gidip aldym. indem kagyza ýazyp bilemok.. ynha-ynha bn ahyry ýaremezan güni daýymlara gitdim, içiň ýansyn diýýän ýaly 2minutlyk zat eken.

Menem ýeňijileri gutlaýan! Ýeňijilere de gurnaýjylarada gatnaşanlara da ses berenlere de Berekella!
avatar
0
16 Lacrymosa • 09:33, 23.03.2024
Ur-raaaaaaaaa, toý gyzzz-ýaaaaaaaaaa
avatar
0
17 Lacrymosa • 09:53, 23.03.2024
Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, men hem öz gezegimde, siziň hemmäňizi, ýagny ýeňiji ýoldaşlary, gurnaýjy ýoldoşlary, gatnaşyjy ýoldoşlary, iň esasam hemaýatkär ýoldaşy  tüýs ýüregimden gyzgyn gutlaýaryn. olara jan saglyk, uzak ömür, maşgala abatlygyny, işinde üstünlik, elbetde döredijilik gözleglerinde şowlulyk arzuw edýärin. 
Sizi çuňňur hormatlamak bilen La!
avatar
0
18 sussupessimist • 16:16, 23.03.2024
Bäsleşige gatnaşan awtorlar, hernä, gowşuryşa geler diýip umyt edýän. Gelmeseňizem (başga welaýatda - ýene bir ýerde bolsaňyzam), iň bolman, maňa şahsy hat ugradyp goýaýyň, aýtjak-goýjak zadyňyz bolsa.
Eserleriňizi orta alnyp maslahatlaşylyp, gyzykly gürrüňler ediler duşuşykda.
avatar
0
19 YalňyzDurna5274 • 20:09, 23.03.2024
Sussupessimist elektron poşdaňyzy yazsanyz şahsy haty yazyp goymaga
avatar
0
20 Балканов • 23:18, 23.03.2024
Bäsleşigiň ýeňijilerini tüýs ýürekden gutlaýan we we döredijilikde üstünlikler arzuw edýärin! Höwri köp bolsun! Galamyňyz ýiti bolsun!
    "Ýagşy niýet--ýarym döwlet". Bu çäräni gurnan "Edebiýat kafesiniň" işgärlerine we bäsleşigiň howandarlaryna we okyjylaryň adalatly, obýektiw baha berenleri üçin minnetdarlygyma okyjylary aglabasy goşularlar diýip umyt edýärin. Ýagşy niýetli işleriñiz rowaç alsyn!
avatar
0
21 garagar • 23:39, 23.03.2024
Ýaryşa gatnaşanlary, ýeňijileri gutlaýan. Nurdan dogan, size aýratyn minnetdarlyk. Işleriňizde rowaçlyk arzuw edýärin.
avatar
0
22 Pero • 01:57, 24.03.2024
Beh,şunça gezek bal bermän galan eserim bolaýmasyn diyip barlasamam,galypdyr. Ötünç soraýan.
Eserleri gutlayan,awtorlary soñ gutlajak.:) :;)
Sylaglandyryş dabarasyndan pursatlary paÿlaşaweriñ!
avatar
0
23 derwushhana • 23:11, 24.03.2024
Bäsleşigiň ýeňijilerini gutlaýan. Şeýle gowy işiň başyny başlap ahyryna çenli abraý bilen alyp baranlaryň iki dünýesi abat bolsun
avatar
-1
24 derwushhana • 23:13, 24.03.2024
Ýeñijileri tanasak hasam gowy bolardy. Ýörite mowzuk açylsa ýerine düşer
avatar
0
25 Medicall • 23:37, 24.03.2024
Ähli eserleriñ awtorlaryny, şol sanda ýeñijilerem at familiýada şu posta ýerleşdirdim... tanyşyp bilersiñiz.

Hemmeleri gutlaýan. Hemmelere sagbolsunlarym.

Esasy duşuşygy geçirenler: "Kämil bilim" okuw merkezinden Aşyr jigimize, şahyr Aýgül Garaýewa, ýazyjy: Maksat Bäşimow, Seýran Otuzow, Merdan Baýadow,  Aşyrmät Garlyýew, Sungat Gurbangeldiýew, Begençgeldi Orazow hemde beýleki gatnaşanlara, ýeñijilere minnetdarlyk bildirýärin.

Edebiýat Kafesine eserlerini ugradyp bäsleşige gatnaşan awtorlaryñ sowgat berilşikde daş ýerdäki baryp bilmedikleri sowgatlaryñyzy Aşgabada ýoluñyz düşse ýa-da Aşgabatda alyp size gowşuryp biljek ýakynlaryñyz bolsa tanymal şahyrymyz Aýgül Garaýewadan habar tutup alyp bilersiñiz!

Ähliñize şowlulyklar, üstünlikler, dowamlar!
avatar
1
26 Medicall • 23:48, 24.03.2024
Suratlarynam ýükledim. Görüp bilersiñiz.

Bäsleşige eserini ugradan awtorlaryñ biri Süleýman Tekäýew. Şu jigimize (@ Hyýalbent) nädibem bolsa sowgadyny gowşursak gowy bolardy, Eger bizden şol tarapa giden tapsam EDEBIÝAT KAFESINIŇ adyndan ýörüte hormat hat hem ýörüte sowgatlyk ugratjakdyryn jigim. Ruhuñyz mydam belent bolsun. Ähli zat gül ýaly bolar, nesip bolsa, Edebiýat Kafesinden azajygam bolsa teselli tapsañyz eden azabymyñ ýerine düşdigi hasaplaryn hormatly © Süleýman Tekäýew jigimiz. Galamyñyz ýazyp, ylhamyñyz joşup dursun!
avatar
0
27 medi • 02:55, 25.03.2024
ýeňijileri tüýs ýürekden gutlaýan. Şeýle ýaryşlar çeper edebiýatynyň azajygam bolsa ösmegine getirýär. Bu ýokarky Laçyn Pürjäýewanyň suratymy? Öň görmändim. Tüweleme ýaşyndan ýaş görünýär.
avatar
0
28 medi • 02:58, 25.03.2024
Dörtguly BAÝSÄHEDOW: Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýä (proza)powest

Başda goýulanda, şu powestiň awtoryny bilesim geldi. Bir näçe belliklerim bar. Şol postda goýaryn
avatar
0
29 Mekan2 • 09:20, 25.03.2024
öňi bilen-ä, sorry, käbir sebäplere görä barybilmedim.
we ýene-ýene-ýene... gutlaýan!
soňy bilenem indiki ýaryş haçan?
öňi-soňy gatnaşamok welin, onda-da gyzykly geçýä. ýazmasamam, okaýan.
avatar
0
30 Mekan2 • 09:24, 25.03.2024
birinji duran suratdakylary tanaýan biri kimlerdigini aýdyp beräýse.

dik duranlar sagdan çepe: pylanyýew pylany (@pylanykes)...
oturanlar sagdan çepe: pylanyýew pylany (@pylanykes)...
avatar
1
31 Gülkamat • 10:04, 25.03.2024
Nurdan hanym, köp sag boluñ! Duşuşyk örän gyzykly geçdi... Halypam aýtmyshlaýyn, ys-a täzeledik :))))

@myhman beg, çärede her gapydan girene sensiñ öýtdüm :))))
avatar
1
32 sussupessimist • 10:04, 25.03.2024
Indi bildik bölşewigiň kimdigin! ;)

Mahym Nurgeldiýewa münberde gowy edip sonetlerini okap berensoň, ony şol ýerde surata almak hiç kimiň kellesine gelmedik borly. Umumy suratda bar eken (çepden dördünji).

Gyzykly täze tanyşlyklar, goşgy okalşyklar boldy. Surata baranlaryň hemmesi düşmedi, käsi gaty ýygra ekeni.
"Biçäreleriň" awtory Jennet Nurmyradowa-da suratlarda ýok, ýogsam özi bardy. sag bolsun!

Gatnaşyp bilenlere minnetdarlyk bildirýän, bilmedikler bilenem ýeneki duşuşyklarda görşeris diýip, umyt edýän.
avatar
4
33 aygull • 10:19, 25.03.2024
Üýşülende alynmajak galanyň ýokdugy subut edildi. Şoňa begenýän. Men mydama agzybirligiň, bir adamyň hemmeler, hemmeleriň bir adam üçin ýaşamagynyň tarapdary. (Häsiýetlerim itiňkä golaýragam bolsa, nämüçindir Leopoldyň şygary hoşuma gelýär).
Aýratynlykda sag bol aýtmaly bolsa, elbetde, sabyr-takady, pozisiýasyna ygrarlylygy üçin Nurdana, döredijileriň we netijede, döredijiligiň täzeçe anbar
saçmagy üçin zadyny gaýgyrmadyk Gurbanmyrat bege, gujuryň göwrede däl-de ýürekde bolýandygyny subut ede-ede gelýän Aşyr bege sag bol aýdýaryn. Bular bäsleşigiň garamatyny ýük görmän göterip, birnäçe gowy eserleriň döremegine sebäp boldular. Ýagşy aýda edebiýat üçin şeýle gowy işiň abraý bilen amala aşyrylmagyny çynym bilen ýagşa ýorýan.
avatar
0
34 Mekan2 • 10:36, 25.03.2024
çepden üçünji Laçyn dälmi?
avatar
0
35 Mekan2 • 10:36, 25.03.2024
hä, üç gyzyň üçünjisimi? obadaşymam bolsa, Mahymy bir saparam göremok.
avatar
2
36 aygull • 10:39, 25.03.2024
Arkamyzda dag ýaly durup, bäsleşigiň başyndan-ahyryna çenli dik duran, guramaçylygy kemsiz ýerine ýetiren Maksat bege, Seýran bege, Merdan bege buýsanjym kän. Şular ýaly ýigitler barka bitmejek iş bolmaz.
Jemleme dabarasyna myhman bolup gelen hormatly myhmanlar Aşyrmät aga, Sungat ada, Begençgeldi Orazow dagylara wagt tapyp gelenleri, okap beren goşgulary üçin Alla ýalkasyn. Başga-da tomaşaçy hökmünde gelen ýaşlar, sizem sag boluň.
Dowamly bolsun!
avatar
0
37 aygull • 10:51, 25.03.2024
Myhman beg, men-ä hyýaly tribunada durup, dabaraly söz sözleýän, senem şol ikarada gyz sorap başagaý-laý?!:))
avatar
0
38 Mekan2 • 11:02, 25.03.2024
hiç kimi tanamamsoň äm-säm bolup durun. haýsy tarapdan ses gelse çapak çalýan. kelläň bir ýerinde
"Aýgül Garaýewa bilen Aýgül Baýadowa bir adammyka?" diýen sowal, başga ýerinde akyş gygyrýa "men däli men, diwana men"...

ýo, aygull hanym, onýaly dä. onýaly bolsa, menem gözüme, maksyňky ýaly, oglan görünmezdi :-)
avatar
0
39 aygull • 11:25, 25.03.2024
Maks şol ýerdede ýeňijileriň tas hemmesiniň gelin-gyzlardygyny "janyýangynlyk" bilen belledi:))
avatar
0
40 Belki • 13:25, 25.03.2024
Sussupes, onda-da gaty gowy okansoñ diýýäñmi :))
Ýo, ýalñyş düşünilmesin, suraty paýlaşmazlygy Aşyr Sapardan men haýyş edipdim. Sagbolsun, gaty begendim sözümi ýykmanyna.
avatar
0
41 aygull • 22:52, 25.03.2024
Lacrymosa, duhiň pakedini bir dogry tut-a. Gürrüň mahabat hakda barýarka, millet harydyň adyny bir dogry okasyn:))
avatar
0
42 Мango • 01:56, 26.03.2024
ýeňijileri gutlaýan.
---
suratda gözüme ilenler.
-maksadyň "azatlykmy, erkinlikmi" garaz, "Free" ýazgyly geýimi;
-seýranyň ak penjegi;
-laçynyň jemperiniň dürli reňkli ilikleri;
-merdanyň gaharly bakyşy;
-sungatyň kepkasy
-hemem, mango reňkli sowgatlyk paketler...
asyl "Kämil bilimem" reňkdeşim eken. :-)

ýene bir gezek gutlaýan.
avatar
0
43 Мango • 01:58, 26.03.2024
Begençgeldi Orazowyň syfatyna bakasym geldi...
suratda ýokmy ol?
avatar
0
44 sussupessimist • 02:06, 26.03.2024
Merdanyň gaharly bakyşy Eýrandan gelen futbolistlere gönükýär. Geliň bakaly diýip durandyr))

teswir 41-e: millet suraty print edip, ramka salyp, onam stoluň üstünde goýup, öňüne aýna tutup okabersin!
avatar
0
45 Pero • 07:55, 26.03.2024
Gooooowydygynyyyyyy
avatar
0
46 Pero • 07:55, 26.03.2024
Gör,nähili hezillik bolupdyr
avatar
0
47 Pero • 08:05, 26.03.2024
Ýeñiji awtorlary gutlaýan. Ýeñişleriñiziñ sany artsyn!
avatar
0
48 Pero • 08:11, 26.03.2024
Nurdana,hemem guramaçylara,gatnaşyjylara ýazylan sagbolsunlara menem durkum-süññüm-ruhum bilen goşulýan. Gowy iş edýäñiz,gowy zatlara sebäpkär bolýañyz! Alla kuwwat bersin!
avatar
0
49 Ak-sary • 08:19, 26.03.2024
Meniñem barasym gelipdi
avatar

Старая форма входа
Total users: 202