Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:10
Gülki. Bäşinji onluk

GÜLKI. BÄŞINJI ONLUK

Üç sany syçan arak içýäler:
-Geliň oglanlar, adama 1 käse içeli we gezmäge gideliň!
-Ýok. Gowusy adama 2 käse içeli we aýdym aýdalyň!
Üçinki syçan bolsa:
-Goýsaňyzlaň-aý! Gowusy adama 3 käse içeli we pişik kowalamaga gideliň!

***

Uzak gün ýatmadym. Uzak gije iýmedim. Neneň onsaň ýadamaýyn!

***

Är-aýalyň gykylyk edýär:
Aýaly: -Ölüp, senden dynsamdym!
Äri: -Menem ölüp senden dynsam!
Aýaly: -Sen öljek bolsaň, onda men ölesim gelenok!!!

***

Aýal keselleri keselhanasynyň palatasynda doktor aýlanyp ýör. Ine-de krowatlaryň birinde ýatan erkek kişä gözi düşýär:
-Siz bu ýerik nädip düşdüňiz?
-Bilýäňizmi, doktor jan! Siz maňa ynanmarsyňyz, emma bu zatlaryň hemmesi kir ýuwan günümden soň başlady...

***

Winnipuh bilen Pýataçok (Ýemşijek) barýarlar. Winni çörek iýip barýar.
Ýemşijek: - Winnijan, çöregiňden beräýd-ä!
Winni: - Bu çörek däl, bu köke.
Ýemşijek: - Kökäňden dişledäýd-ä!
Winni: - Bu köke däl, bu külçe.
Ýemşijek: - Onda, külçäňden beräýd-ä!
Winni: - Ugrasanaý bar, çörek diýdiň, köke diýdiň, külçe diýdiň... näme iýesiň gelýänini özüňem bileňok!

***

Krokodil Gena bilen Çeburaşka woýenkomatda:
-Gena jan, biziň hem saçymyzy syrarlarm-aý?
-Bilemok Çeburaşka. Hanha hol barýan syçandan sorap göreli.
-Men syçan dal how! Men – Kirpi.

***

Ependi özüni doktora barladýamyş. Emma doktor oňa näme bolýanyny hiç anyklap bilenok. Näme etjegini bilmedik doktor Ependä ýüzlenýär:
-Ependi aga, siz öýe baryň. Gyzgynjak suwa ýuwunyň, soňra bolsa daşarda, köýnekçe sowukda gezmeläň.
-Şeýtsem onsaň meniň keselim bejerilermi?
-Ýok! Ýöne siz hökman öýkeniňizi sowukladarsyňyz, men bolsa keseliňi aňsat anyklaryn we gowja edip bejererin.

***

Serhoş bolup gelen ärine aýaly söwünýär:
-Meýdi ýanan! Ýene-de serhoş geldiňmi?
-“Geldiňmi, geldiňmi“ diýip bizar edersiň! Göreňokmy men gelemok! Meni getirdiler!

***

Awtobusa serhoş biri münýär. Çaýakanyp barýan awtobusda ol oruryp bilmän ýanynda oturan aýalyň üstüne gaýtarýar, aýalyň eşigini görer ýaly edenok. Aýal gyryrmaga başlaýar:
-Haý, doňuza meňzeş doňuz! Içip içip doňuza meňzäp gidipsiň-ä!
-Özüňe bir seretsene, sen kime meňzeş...

***

-Öýlenmek diýmek näme?
-Mugt kir ýuwdurmagyň gymmat görnüşi

Çeşme" http://eyho.8m.net/b-gul5.htm
Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 00:13, 03.09.2023
Üç sany syçan arak içýäler:
-Geliň oglanlar, adama 1 käse içeli we ...

anekdotdan beter syçanlaryň "geliň, oglanlar" diýmesine gülküm tutdy.
syçanlar... oglanlar... :-)
avatar
0
2 Pegas • 18:44, 03.09.2023
Türmeden gaçany tutup yzyna getirýärler. Türmäň başlygy ondan:
- Näme üçin gaçdyň?
- Öýlenesim geldi.
- Bäh, seň azatlyk barada geň düşünjäň bar-aýt!
avatar
2
3 Pegas • 18:45, 03.09.2023
- Günä bildirilýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- Oň özi ilki başlady...
avatar
1
4 Pegas • 18:46, 03.09.2023
Aýaly:
- Bor-la, ezizim, gel ýaraşaly, biziň ikimizem günäkär ahyryn, esasanam sen.
avatar
0
5 Pegas • 18:48, 03.09.2023
Kiçi wagtyňyz iň gorkunç ýagdaý haçan, bilýäňizmi? Haçanda, ejeňiziň nobata durup, ýerine hem sizi goýup, "Häzir gelýän" diýip gitmesi we wagty bilen gelmezligi, nobatyň bolsa gitdigiçe golaýlamasy.
avatar
1
6 Pegas • 18:50, 03.09.2023
"Sygyr bize süýt we et berýär" diýýäler. Emma bu düýbünden NÄDOGRY! Adamlar ol pahyryň süýdünem, etinem soraman alýalar. Süýdüni dagy çekip-çekip, süýndürip, kösäbem alýalar.
avatar
1
7 Мango • 00:17, 04.09.2023
inçe ýumor.
bet!
olar biz talasa bolýa, olary talasaň welin bolmaýandan bolýa... :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203