Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:10
Wagt, Ynsan we Ölümiň ölümi
WAGT, YNSAN we ÖLÜMIŇ ÖLÜMI

Ynsan we wagt

Ähli zat ýaradyldy.
Ynsanam, wagtam.
Ähli ýaradylanlaryň wezipesi bar.
Ynsanyňam, wagtyňam.
Ýaradylanlaryň hiçisi wezipesini ýerine ýetirmezlige erki ýok.
Ynsandan başga.
Erki bolmaýandan hasap soralmaz.
Erki bolan hasap berer.
Hasap gününiň eýesine.

* * *

Wezipä dolanaly.
Wagtyň wezipesine.
Onuň wezipesi bizi Ýaradandan alyp Ýaradanyň huzuryna gaýtaryp getirmek.
Wagt bizi “dirilikden” alyp “ölüme” getirmeýär.
“Dirilikden” alyp “Ölümiň” üstünden geçirip, ýene-de “Dirilige” getirýär.
Ýokduk, bar bolduk.
Bar bolduk, ýok bolmak islämizok
Ýokduk, bar etdi.
Bar etdi, ýok etmek islemedi.
Ýokluk ýok.
Ýokluguň ýok ýerinde Bakylyk bar.
Ölümi soraýaňmy?
Ölüme aldanma.
Ölümiňem wezipesi bar.
Wagt koridorynda soňumyz gelende ol wezipesini ýerine ýetirer.
Emma, ölümiňem ölmeli wagty bar.

Ölümiň ölümi

Pygamberimizden (s.a.w.) hadys bar:
Kyýamat güni.
Hasap güni.
Jennetlikler.
Jähennemlikler.
Wezipesi tamamlanan “Ölüm” (alaja goç görnüşinde) Jennet we Jähennemiň arasyna getirilip damagy çalynar.
Soňra diýiler:
“Eý, jennet halky! Indi siz ebedi ýaşajaksyňyz, ARTYK SIZE ÖLÜM ÝOK!”.
“Eý, jähennem halky! Indi sizem ebedi ýaşajaksyňyz, ARTYK SIZE-DE ÖLÜM ÝOK!”.*
Jennetde-de Jähennemde-de soňsuzlyk bardyr.
Jähennemlikler ölümi islärler.
Emma, Ölüm öldi.
Ölüm ýok.
Ýok bolma ýok.
Ýokluk ýok.
Bir gezek ölümden soň, bir gezek hasapdan soň, ne ölüm bar ne-de hasap.
Asyl ýaşaýyş şol.
Ebedilik Ebedide.

* * *

Wagt wezipesini ýerine ýetirip dur.
Ony saklap bilemok.
Oňa täsir etmäge erkim ýok.
Emma baky galjak ýurdumy saýlamaga erkim bar.
Azajygam bolsa.
Galanam erk bereniň merhemedine bagly.

* Müslim, Jennet, 40; Tirmizi, Syfatül-Jenneti, 19, No: 2683.

© MANGO

2017
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 135 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Bagabat • 15:47, 09.12.2022
"Içiňi hümledip hatly oýlanmak" diýilýäni bolupdyr. Öz-özüň bilen nesihatdaşlyk.

Wagt koridorynda soňumyz gelende ol weizpesini ýerine ýetirer.
avatar
0
2 Мango • 16:06, 09.12.2022
Esmail-Hüsnanyň (Gözel atlaryň) 16-njysy EL-WAHHAB
şu adyň manysyny okamda seňseledebirýär.
El-Wahhab diýende - bendelerine berenini tamakinçiliksiz berýän, berenini yzyna soramajak şekilde berýän... diýen ýaly manylary bar.
ýagny, berenini yzyna almaýan....
göz öňüne getiriň ol bize dirilik beren bolsa, ony yzyna almak niýeti ýok, ölüm - ýaradylanlaryň soňy däl.
Allah bizi öldürmek üçin ýaratmady, ol Wahhab.
Ölümi datdyrmagynyň başga manysy bar. ol özünden başga zatlaryň baky däldigini subut etmek üçin.
tebärekde-de ölümi we diriligi ýaratdyk diýýär....
dirilik dowam edýär, ölümden soňam....
joşjak bolup ýatynmy? :-)
umuman şo zatlaň pikiri-dä ýazgymdaky zatlar. ölümiň ölümi....

аль-Вахха̄б
Даритель (Податель милостыни)

Тот, кто дарует бескорыстно,
кто дарует блага рабам своим;
тот, кто, не дожидаясь просьбы, дарует необходимое;
тот, у кого блага в изобилии;
тот, кто дарует постоянно;
тот, кто одаряет все свои создания, не желая возмещения и не преследуя корыстных целей.
Подобным качеством не обладает никто, кроме Всевышнего Аллаха...
avatar
0
3 Bagabat • 16:38, 09.12.2022
Joşubersene. Öňüňe böwet basyp mäş ýa künjara suwarjak bolup ýatan ýog-a :-).
avatar
0
4 sussupessimist • 12:26, 21.06.2024
Ady gowy eken.
Wagt - ýaradylanok. Aslynda wagt diýlen zadam ýok, ol ynsanyň öz aňyny çäklendirmek, özi üçin bir sistemajyk gurnamak üçin döreden aňlatmasy, sebäbi onuň çäklije düşünjesi boýunça - gije bn gündiz çalşyp dur, özi ilki ulalyp, soňam garrap - ölüp ýör. Käte uka gidýär, käte oýanýar, onsoň Gün ýaşmanka bolan zatlara "düýn" diýen bolýar, Gün dogan wagtam oňa täze Gündür öýdýär. Aslynda bolsa bar bolýany: ümmülmez kosmosyň içinde gumuň zerrejigi ýaly Ýer şary ondan çalaja uly bir zerrejigiň - Günüň daşyndan aýlanyp dur, Günem şol bir Günjagaz, onuň ýaly diňe Akmaýanyň ýolunda 100-400 milliard töweregi ýyldyz bar. Adamlaryň garramagam ýönekeý bir tebigy fiziki proses, kletkalary dura-bara degradirleýär... garaz, adam özüçe ýatyp-turýardanym, bütin dünýä öz daşynda aýlanýandyr öýden bolup ýör. Hamala, nähilidir bir güýç ýörite ony synagdan geçirýärmiş. Aslynda ÄLEMIŇ-KOSMOS-yň onuň bilen işem ýok. Biziň dünýämiziň bir pyrlandyrylyp goýberilen degirmeniň içindäki ýekeje zerre undan uly tapawudy ýok...
4-5 gije ýatman, uklaman ýaşap görüň, wagt barmy-ýokmy, düşünersiňiz, düýn-şugün-ertir, bir gün, hepde, aý, ýyl, asyr, heňňam... ýaly aňlatmalaryň nähili şertlije zatlardygyna göz ýetirersiňiz.
Biribar bar bolsa-da, ol edil biziň göz öňüne getirişimiz ýaly çäkli däldir. Çäksizlige bolsa çäklije düşünjämiz bilen akyl ýetirmek mümkin däl.
avatar
0
5 Pero • 14:44, 21.06.2024
Gurhanyñ Lukman süresiniñ 20-nji aýady asmandaky we ýerdäki ähli zatlar adamyñ golastyna berlen diýen manyda. Kopiýalap bolmaýan eken,goýup bilseñiz şu ýere goýaýyñ şol aýady. Başga-da şeýle manyly aýatlar bar bolmaly Gurhanda. Onsoñ biz adamlar nädip "barça zadyñ biziñ daşymyzdan aýlanýandygyna" ynanman ýaşaly,Maksat. Esasy zat şeýlemiş diýip gaýşarmazlyk,men-menlik etmezlik. Bu barada hem şol süräniñ 18-19 aýatlarynda aýdylýar.
avatar
0
6 Pero • 14:52, 21.06.2024
Wagt barada  Seźde süresiniñ 5-nji aýadynda ümlenýär. Emma wagt diýen zat dünýä bn ahyretde,hat-da beýleki planetalarda hem bolşy ýaly bir-birinden tapawutlanýar.
avatar
1
7 Mekan2 • 15:32, 21.06.2024
'Biribar bar bolsa-da' sözi, birhili, gümürtik ýaňlanýa. şübhelenýän ýaly. şol makro älem bolan ýyldyzlardan, gara oýlardan (Чёрная дыра), galaktikalardan... tut; mikro älem bolan atomlar, elektronlar, netronlar... kuantum älemine çenli Ýaradanyň bardygyny subut edip dur meň üçin-ä.

ýöne çäkli däldir diýýäniň gap-gaty dogry. biziň aňymyz (teoriýa görä) big bangden dörän älem-jahana (Вселенная) akyl ýetirerdenem ejiz. OŇA nädip aňy ýetsin. diňe, aýatlarynda öwredişi ýaly, hiç meňzeşiniň ýoklugyny, garşylygynyňam ýoklugyny, mekanynyň ýoklugyny..............

iň bärkijesi biziň aňymyz hemme zadyň başlangyjynyň bardygyna ynanmaga endik edensoň, OŇ başlangyjynyň ýokdugyna düşünip bilenok, kabul etmejek bolýa...

osoňam o big bangden dörän älem ýedi gat sema diýilýäniň diňe birje gaty bolmagam ahmal (toçna bilemok). sebäbi mülk süresinde (fussilet süresinde-de geçýä) şeýleräk manyly aýat bar: "Biz iň ýakyn gögi ýyldyzlar bilen bezedik..."

ýöne bu zatlar iman bilen bagly zatlar. islän kişi Ýaradanyň barlygyna ynanar, islemedigem ynanmaz. islän kişi Budda ynanar, islän kişi Isus kristosa... garaz ynançda zorluk ýok.

menem şol erkinlikden peýdalanyp Muhammediň (näçe ynandyryjy bolmasa-da, ady agzalsa içimden aleýhessalam diýýän) getirenine ynanýan.
avatar
0
8 Мango • 16:11, 21.06.2024
wagt barada ýene şuny aýdyp bolar.
ol biziň bedenimize täsirini ýetirýär, emma ruhumyza täsiri ýok.
ýagny bedenimiz garrasada, ruhumyz (göwün) garranok.
garrylar diýen bolýandyr “Göwre garrasa-da, göwün garramaz” -diýip.
bu hakykat.
bu bir yşarat - bakyýetde ölümiň bolmaýyşy ýaly wagtam bolmajak. ahyret ýurdunyň ýaşaýjylarynyň ýaşy şol bir ýaz - 30-35 (ýalňyşmasam)
wagt ýok - garramyzok,
ölüm ýok - bakylyk bar....
garaz şeýle...

ýöne ýokarky hadysda "ölümüň öldürilişi" (ýagny aradan aýrylyşy) ajaýyp düşündirilýär... ilki okamda haýran galypdym...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203