Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:41
Parižli Türkmen çopany barada erteki

Parižli Türkmen çopany barada erteki
ýa-da nädip ol Pýer Kardene "Bäý, bäh!" diýdirdi we
Makdonalsa dogramaň patentini satdy.

Bir obada türkmen çopanlary ýaşaýan eken. Bir gün goňşy obada ýaşaýan agzyndan koka-kolaň ysy gitmedik fransuz çopanlary gelip, bulary Halkara „Moda“ ýaryşyna çagyrýar. Ine onsaň, türkmen çopanlary öz aralaryndan birini saýlap-seçip, ýuwup-ardyp, keýpini çag edip goňşy Pariž obasyna iberýäler. Biziň çopan baryp görse, dünýäniň her ýerinden her hili çopanlar gelipdir diýýä: biri düýe bakan arap çopan, biri doňuz bakan rus çopan, biri sugun bakan çukça çopan, biri sygyrlary guduzlan iňlis çopan, biri ördek bakan hahol çopan, aý garaz çopan kän diýýä.

Ýaryş başlaýar. Ýaryşyň ýeke şerti barmyş. Iň gowy aýakgap, balak, köýnek we iň gowy telpek tikmelimiş. Bir, iki, üç-den soň her kim işe girişýär. Üç günden soň, edilen işlere baha berilmeli gün gelýämiş. Beýleki çopanlar şeýle bir owadan köwüşler, owadan, balaklardyr-köýnekler, owadan telpekler tikipdirler welin haýsy gowy saýlamak kynmyş. Sahna çykmak gezegi biziň türkmen çopana gelýär. Akgaýma tahýasyny maňlaýyna süýşüräge-de biziň çopan söze başlaýar:

-Size ýollaş diýjegimem bilemok, jenap diýjegimem, geregiňizi saýlaýyň. Hawa-da, ine meniň tiken aýaga sokmam... Muňa „Çokaý“ diýýäler biziň ilde. Bu sokmaň siziň sokmalaryňyzdan nämesi gymmatly? Bakyň, munuň çep ýa-da sag taýy ýokdur. Futbola howlukýaňmy, islän taýyňy islän aýagyňa sokda gidiber.

Ine-de meniň tiken balagym. Bu balagyň ady „Gyýma balak“. Gyýma balagyň iň gowy ýeri, onuň öňi we yzy ýok. Garaňkyň içinde, oýaly ukuly bir düşekden başga bir düşege gyssanmaç gaçmaly bolaňyzda ilik diýip, syrma diýip, öňümikä yzymyka diýip güýmenip durmaly däl. Islän aýagyňy islän gonjuňa sok-da eňteriber. Bu siziň moral taýdan ösen döwletleriňizde has hem amatly. (Dowamly, gürrüldili el çarpyşmalar.)

Barmajygyny galdyryp, zaly köşeşdiren biziň çopan gürrüňini dowam etdirdi.
-Meniň tiken köýnegimem edil şonuň ýaly. Köýnegiň adyna „Ezýaka köýnek“ diýerler biziň ýurtda.Munam islän tarapyňa geý-de gidiber. Öňüňe çorba damsa, yzyna öwür-de geýäý.
Biziň çopan sözüniň arasynda: „Siziňkileňem tiken eşikleri erbet däl welin, biziňkileň deňine ýetmek üçin olara entek köp gök çaýy sowadyp, köp goýun bakmak gerek bolarlar – diýen bolýamyş. Ol ýaryşyň iň soňky bölegi, telpek barada gürrüňini şeýle dowam edýär:
-Bu bolsa meniň tiken telpegim. Bu telpegiň ady „Çöwürme telpek“. Beýleki çopanlaryň tiken papak, şlýapa, kepka, silindr..... ýaly telpeklerinden tapawutlylykda, meň çöwürmäm beýleki eşiklerimiň ansamblyny bozman, öň we yz tarapy ýok görnüşde tikilendir. Gawun kelläňe isleýşiň ýaly ilte-de gidiber goýun bakmaga. Günem geçmez, sowugam geçirmez, akylam geçirmez.

Bu gürrüňleri diňlän emin agzalarynyň başlygy Pýer Karden: „Bäý-bäh“ diýipdir we birinji baýragy biziň çopana beripdir.
-Sag bolyň, ýollaş… jenap.. aý garaz çopanlar – diýen biziň çopanymyz, baýragyny „ýuwmak“ üçin hemme çopanlary agşam naharyna restorana çagyrypdyr.

Agşam myhmanlar türkmen çopanynyň baýragyny ýuwmak üçin Eýfel başnýasynyň golaýyndaky bir restorana toplanýalar. Her kim öz ýerine geçýär-de oturyberýär. Ine-de nahar gelmäge başlaýar. Görseler çörek, täzeje et we sogandan ýasalan üýtgeşik bir nahar. Gaýtaladyp, gaýtaladyp, garaburç baryny sepip, derleşip iýýämişler beýleki çopanlar. Türkmen çopany bolsa:
-Howwa, çopanlar! Bu nahar hem üýtgeşik nahardyr. Naharyň ady „Dogramadyr“. Bu nahar şeýle bir adalatly taýýarlanýar welin, patyşa üçinem, gedaý üçinem, ýönekeý myhman üçinem, gaty hormatly myhman üçinem deň düşýär. Birine etli beýlekisine etsiz guýjak gümanyň ýokdur. Alalap berip bolanok. Ine-de buňa biziň adalaty söýýän we adalatly bolup bilýän çopanlaryň nahary diýýäler – diýipdir. Şo taýda Makdonalsyň wekilleri dogramaň patentini dollar baryny döküp satyn alypdyrlar.

Şondan soň Pariždäkiler biziň çopany elden çykarmaly däl diýen karara gelip, oňa iş hödürleýäler diýýä. "Ýurdumda meniň ýaly çopana gytçylyk ýok-la" diýäge-de biziň çopanam razy bolup Parižde işläberipdir diýýä. Şondan bärem Parižli Türkmen çopan gowy ýaşaýamyş. :-)

(Suratdaky Eýfel başnýasynyň öňünde selfi çekýän türkmen fotomontaždyr. Eýesi hakyny halal edewersin)
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 238 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Pero • 16:58, 02.12.2022
Beh,dograman-a daş edip mahabatlandyrypsyñyz
avatar
1
2 Pero • 16:59, 02.12.2022
Özem ony adalatlylyk bn baglanyşdyran ýeriñiz juda delje bolupdyr
avatar
1
3 Bagabat • 17:42, 02.12.2022
Geýim-eşik meselesinde-de, iýmit meselesinde-de,mentalitetem mentalitet weli, müňlerçe ýyllaň dowamynda emele gelýän
praktiçnost diýibem bir zat bar-da.
Milli kolorit bilen gaty gowy zatlar taýynlap bolar. Ýöne çykdajy
etmeli, güýçli dizaýnerler, modelýerler gerek.
Milli tagamlaryny ýaponlar nädip brende öwürdi?
Sebäbi jepakeş, “alma biş agzyma düş”
diýip ýatmaýarlar.
Ýogsa daşyna çig balyk dolanan gaýnadylan tüwi-dä – estagpurulla,
sadagasy bolaýyn, nahara at dakamok, ýöne bizde-de şoň ýaly brend etmäge zat
kän. Mysal sök, toşap we ş.m.
Gruzinleriň çurçhelisi dünýä ýaýrap barýar.
Abhazlaryň, osetinleriň, ýene-de gruzinleriň haçapurisi, türkleriň
döneri, iskender-kebaby, pahlawasy, rahat-lukumy, pidesi, özbekleriň palawy,
dürli maňyzlary, ruslaryň blinçikleri, kwaslary, azerbeýjanlaryň kebaplary we
ş.m..
Reklama gerek, ussat aşpezlik sungaty gerek.
Onsoňam bu zatlaryň barynyň reklamasynyň göni däl-de ýaşyryn reklamasy,
ýagny aňastaňyna täsir edýän reklamasy (kinolar, kitaplar, klipler, aýdym-saz,
suratlar, komiksler, komp-oýunlar, tok-şoular) bilen edilýän, ненавязчивая reklamasy
has ýiti, has netijeli täsir edýär.
“Mýusli” diýen
fransuz deserti bar. Dürli kişdelerdir (erik, kişmiş, ülje, garaly, klubnika we
ş.m.) maňyzlar owradylyp garylyp, sowuklygyna ýa-da gyzdyrylyp preslenen
(tapbatlanan) konfeta-da (kemput). Hem ýokumly, hem peýdaly, hem tagamly. Öýde
özüň etseňem bolýa. Ine şoň reseptini biziň sökümiz bilen kombinirleseň,
özboluşlyja delikates boljak.
Öňler gum obalarynda gawunyň, garpyzyň gämiklän çigdini ýandaga sepläp,
gawun-garpyz ýetişdirerdiler.
Ine şeýle mýusliň reklamasynda-da şol usulda sök üçin garpyz
ýetişdirilişini klip edip düşürseň näder?
Ýewropalylaň ekologiýa taýdan arassa önüm öler jany.
Gowy eksportlyk haryt boljak. Özem ony köpçülikleýin önümçilik däl-de,
eksklýuziw önümçilik edip öndürseňem bolar.
avatar
1
4 Мango • 19:22, 02.12.2022
Dogry belläýeň Serdar kaka.
Bir hili türkmen halky umuman konserwator. Täzeçillik kän islemeýär. Däp-dessura, edip-gylyma baglanýalar we olara sadyk galýalar, hiç zady üýtgetmeýärler, üýtgetseňem halamaýarlar.
Bir wagt restoran işledýänlere diýipdim, näme üçin palowy kepgirden agdaryp getirip stola goýýaňyz. Başga milletleriňki ýaly serwis etse bolanokmy?
Mysal üçin palow porsiýasyny bir formada presleseň, ýanyna owadan tegelekleýin dograla sogan, ýanyna bilemok, duzly, hyýarmy ýene bir zatmy… garaz görünişde-de hil bir zat ýaly bolsunla…. Serdaryň aýdyşy ýaly ýaponlaryň çig balygy, deňiziň gurbaga pohy ýaly otuna-potuna dolap…. serwis edişleri ýaly. Ýok zatdan bir zatlar edýäler.
Palow diýjeksiň. Şonam biziňkiler görnüş-görnüş edip bilenoklar.
Özbekleňki ýaly, kişmişli, kişdeli, sarymsakly…. diýen ýaly fantazirlemeýärler türkmenler. Aýdýana biz konsrwator diýip.
Eýranlylaň fesenjan diýen naharyny iýipdim bir wagt. Esasynda palow, ýöne gaty energetik sousy bardy, hozdan, nardan…

Фесенджа́н — блюдо иранской кухни, представляет собой мясные шарики в густом орехово-гранатном соусе. Чаще всего делаются из мяса птицы, но нередко из баранины, говядины или рыбы. Как правило, подаётся с отварным рисом или пловом.

Fantaziýa, fantaziýa, eksperiment….
Bu meselede öňegidişligem bar.
Toýlarda gördüm. Manty getirdiler. Biziň öwrenişen adaty mantymyzdan tapawudy onuň hamyrynyň reňkliligi.
ýaşyl, sarymtyk ýene bir reňkä öwüsýädi.
sarymtyk hamyry kädi bilen ýugurup sarymtyk edipdirler.
ysmanak bilen ýugrulan hamyram ýaşyl öwüsýär.
göreniňden işdäňi açýar we özüne çekýär.
bu bolsa aýdyşyň ýaly “ýaman gowy boldy”.
yäzelikler getirilip durmaly, ýogsam dünýe gyzyksyz.
avatar
1
5 Medicall • 00:47, 03.12.2022
Bildirmanjik reklamañ gowy usullarynyñ birem şunuñ ýaly degişme äheñli hekayalar, gowy bolupdyr
avatar
0
6 Bagabat • 08:07, 03.12.2022
Fesenjan-a bişirip görmeli etdiň. Bişirmäge-de özüň synag edip göräýmeseň, ýaňky "konserwatorlyk" hem-de "eksperimentsöýersizlik" (täze goşma söz :-)) hakda aýdanlaň iş ýüzünde herekete girýär. 
"Reňkli manty" gowy nou-hau (hä, indi beý diýilmeýä, "startap" diýilýä).
Ikimizem "Türkmenpatente" patent ýüztutmasy bilen ýüzlenäýmeli bolduk.
1. "Mýuslili sök";
2. "Reňkli manty";
3. "Telpekli-çokaýly dograma".
avatar
0
7 Mekan • 10:16, 03.12.2022
Dogramañ adalaty hkda rowayat öñden ba dämi.
avatar
1
8 Mekan • 10:29, 03.12.2022
käte türkleñ MasterChefini göremde pikir edyän arasynda başga yurtlaryñkyny edişleri yaly türkmen konseptini etseler näme naharlar goyarlarka. Dograma üçinä wagtlary yetmez.

Mäşimizem reklama etmeli hem guymaklysyny (kiçikäk bulamak diýýädik weli soñky döwür guymak diyip baſladyk) hem podliwalysyny. Biziñkiler arasynda ikisini birden edýä. Padliwaly+guymakly. Bet.

Başga milletlerde ysmanagy bulamakly hişirýän bamyka. Gyzyklanyp görmeli. Yok bolsa (ba bolsa-da) haydan hay yuneska yüz tutup milli gymmatlygymyza goşdurmaly. Taysyz tagam. Umuman bulamagyñ diñe özi yetik. Hasam narpyzlysy.

Agzyñy suwardan bolsam sorry smile
avatar
1
9 Garagalam • 22:16, 22.08.2023
Gyzykly erteki :-)
Häzir italýan pitzalaryndan tapawutly, türkmen notalyja pitzalaram bişirip başladylar, ýagny "gowurdakly pitza".
Erbedem däl.
avatar
0
10 Medicall • 20:00, 24.08.2023
Gowurdakly pitza, beýee, birhili ýagyñ tagamy gelip durmaýarmyka ondan? Beter gowy bolmajakdan ýaly bolup dumy nãmmi)))
avatar
0
11 Medicall • 19:11, 11.12.2023
saýt ilki açylandaky materýallar)
ÝATLAMA: Kafe ilki ýöredilip başlanda şu materýallar janlardyrardy biraz... Mangoň Kafemiz baradaky aladasy meniň aladamdan pes bolan däldir, Eger saýtyň hereketde bolmagynda, başdaky günlerinden bir ýyla çenli hereketde bolmagynda edilen tagalla üçin ýadygärlik heýkel dikmeli bolsa onda ony ilki MANGO üçin dikerdim... Sagboluň, elmydamada Barboluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203