Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:19
Saňa surat. Çaga ýaly garry

SAŇA SURAT. ÇAGA ÝALY GARRY

Salam dost, bu gezek saňa hat däl-de surat iberýän.
Köpden bäri şeýle lezzet almandym.
Internetde duşan bu suraty uzak wagtlap synlap oturdym.
Suratdakylaryň hemmesiniň şatlygy ýürekden.
(Şeýle ýürekden çykýan şatlygy görmänime kän wagt boldy).
Ýaşuly çagalaryň içinde bir çaga ýaly, şapkasy gyşaryp dur, agzynda diş galmandyr, maňlaý gasyn-gasyn... gözler welin ýaşaýyşdan doly.
Ol bagtyýar dädäň daşyndakylar agtyklarymy-ka? Çepdäki garagola seretsene, çagalara edilişi ýaly garry atasynyň ýaňajygyny gysýar. Ýaşulyň dyzyna ýassanyp duran agtygynyň kirlije, şorlanja ellerine seretsene...
Dostum, bu suraty howlukman uzak-uzak synlamagyňy isleýän.
Her ýerini, her detalyny...
Isleseň täsirlenmäňi, pikiriňi ýazyp bilersiň.
Häzirlikçe hoş.

04.07.2023

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Medicall • 14:00, 04.07.2023
hatlar şahsy bolýo, şahsy bolýo, ony ýazylandan bagşasy okomollal diýsegem... okadyk bu saňa haty. :-)... diýip dunikeniňiz bärde:
Saña hat - 27 Мая 2023 - EDEBIÝAT KAFESI
https://edebiyat.clan.su/news/salam_dostum/2023-05-27-1359

:(((

Salamm, "hatlar şahsy bolýo, şahsy bolýo..." diýseňizem, bu ýene-de dostuňyzdan öňürdip suraty synlan men :)
agtyk we ata, hawwa, dogulmak, ýaşamak, çagalyk garrylyk, ömür bu - çagalyk bilen garrylygyň arasyndaky pursat. adamyň agtyklary - onuň ömri soňlanansoňam gelejege geçelgesi, dowamaty, köprüsi...elbetde dowamat agtyklar, çowluklar, belki ýuwluklaram bolup biler... durmuş simfoniýasy ata we agtyk, çagalyk we garrylyk. garrylyga ýetmegem, agtyk görmegem bagtdyr, elbetde her kime nesip etse olam. bir hakykat barda gynanmalymy ýa begenmelimi bilemok - adama ähli görki, juwanlygy amanat, ýöne adam ulaldygyça göwni ýukalyp çagalykdaky ýaly pursatlary başdan geçirilýär diýýärler-da gaýtadan...

näme üçindir suratdaky ýaşuly gundagly çaga ýaly görünýar... çagalaram şeýle kabul edenler ýaly atalaryny, bolupdyr bir hezzillik...
ýöne suratdakylar agtyklarmyka ýa goňşy golamlaram barmyka, hezil edipdir özler-ä, gamsyzja, bigünä, " dünýeden bihabar" çagalar-da, gülkilerine goşulyp ýylgyranymy duýmandyrynam, ol ýaşulam şeýle, çagalaryň şatlygy ähli aladasyny unutdyrana meňzeýär.belki ýaşulyň gözündäki ýaşaýyşa guwanjy - öz dowamatyny agtyklarynda görýanligindendir, belki-de "adam garrasa-da göwni garramaýar" diýilýändendir...
ýöne çagalaryň ol ýaşulyň özleri ýaly çaga bolup göreninden, ýaşulylyga çenli näler ýaşap, garrylykdaky keşbiň oňa durmuşyň, ýyllaryň ýapan serpaýydygyndan asla bihabardyrlar... şoňa welin ýüregim gyýylyp gitdi...
avatar
1
2 Мango • 14:29, 04.07.2023
"Salam Saparmämmet!" diýen bolsam diňe Saparmämmet okamaly bolardy.
emma, "salam dost!" diýsem, onda hemme dostlukly kişiler okaýyp biler.
"eý, ynsanlar!" diýilse hemme ynsanlara ýüzlenilýär.
"eý, ýaponlar!" diýilse diňe ýaponlara degişli bolýo.
onno, "salam dost" diýsem her kim özüni çekip okyýybermeli.
avatar
0
3 Medicall • 15:25, 04.07.2023
suraty ugradylan hatyň soňundaky hoş.-yň öňünde häzirlikçe bardygyna garamazdan hoş. diýilşi barada bir bellik aýdasym tutup dur:
( Siz göwnüňize almaň, bu umumy manyda mende adamlar bilen sagbollaşamda bolup geçýän duýgy, belki beýlekilere beýlede däldir,) ýagny
hoş. diýip nokat goýulsa halamaýan bolupdyryn. bu diňe hat meselesinde däl, umuman durmuşda-da adamlar bilen "Hoş" diýilenden soň saglykda görüşeli, ýa-da sagboluň... ýaly birzatlar aýtmasam hoş. diýip nokatlamaga göwnämok. beýtsem adamlardan ara açyp barýan ýaly bolýan. şonuň üçin, gaty çynym bilen, erbet hoşlaşasym gelse hoş diýmesem galan wagtlarda diýemeýärin.

:) onnoň ýene bir zat bar, bulam umumy temada, bu hat bilen baglanşygy hiç hili ýok, käbir ýerde sms ýazanlarynda sen saglyk amanlyk sorap, soňam başga bir zat ýazansyň welin, garşydaşyň saglyk amanlygyňa jogabam ýazman diňe ok. diýer-a, ana iň geň galdyrýan ýeri şol ok bolar şonda. ok. okarsyňam gerşiňi ýygyryp bir ýylgyryp oňaýarsyň onnoň:) belki bu meniň ýnjyklygymdan, häsiýetsizligimden, dargursaklygymdan, erbetligimdendir, şoň üçinem şeýle kabul edýändirin, giň adamlarda beýle däl bolmagam ahmal:)

ufff ýaňrap bildimaý:)

Surat welin maňa ýarady, öz çagalygyny çagalarda görýän, guwanýan ýaşuly, çagalar bolsa... "olar çaga entek, şadyýanja çagalar"...
sagboluň şatlygyňyzy paýlaşanyňyza diýesim gelip dur suratdakylara, ugradanyňyza sagboluň, bar boluň, ýene dostuňyza suratlardan ugradyp, biz bilenem paýlaşyp duruň! Sagboluň, bar boluň!
avatar
0
4 Мango • 17:21, 04.07.2023
"sms ýazanlarynda sen saglyk amanlyk sorap, soňam başga bir zat ýazansyň welin, garşydaşyň saglyk amanlygyňa jogabam ýazman diňe ok. diýer-a..."

bäh. men barada ýazypsyň.
menem sms-leri salamsyz selimsiz ýazagan.
bir gezek bir ýaşuly ýazan sms-ime käýýäp jogap ýazdy: "ilki bilen salam bererler..." diýip.
onda-da salamsyz başlaýan köplenç.
birhili telegramma ýaly gysga ýazjak bolup salamsyz ýazýan öýdýän. olam gelşiksiz bolýan eken-dä...
düşündik. indi salamdan başlarys.
"Ok" hem diýýän. indi näme ol halkara söz ýaly boldy ahyry.
"ok"-yň zyýany ýok-la.
***
"hoş" barada.
siziňkem dogry ýaly.
men o sözüň guýrugyny, gulagyny kesip "hoş galyň" sözüniň ýerine "hoş" görnüşine getirenim hem gelşiksiz eken, bir tarapdan.
hmm... men durmuşda "hoş" diýip ýören birem däl.
"sag-aman oturyň" diýegen...
araplar iň gowusyny edýär öýdýän. olar gelende-de "salamaleýkum", gidende-de "salamaleýkum".
belki bizem şeýtmelidiris.
salamaleýkum - salamatlyk dilemek-dä.
onda näme SALAMALEÝKUM!
avatar
0
5 Medicall • 20:57, 04.07.2023
))) ýok, ol ok. Siz bilen bagly däl. Siz maña-ha ok. diyip ýazmadyñyz))) menem ulanyan ony köplenç ok, okey diyip, ýöne her zadyñ ulanylmaly ýeri bar-da, meselem: biri bilen öñ bir zatlar gürleşip goýan bolsañ, soñam diýeli at, familya, ya dermanlaryñ adyny, ya bir zadyñ salgysyny, ya bir zadyñ boljak wagtyny... we ş.m-ler ýaly zatlar ugradylsa jogap hökmünde okulanyp bolar. Emma bu golayda salamlaşmadyk biri1ne sms yazyp yagdayyny sorap, şoñ bilen birlikde-de bir maglumat bir zat ugradan bolsañ, oña-da ok. edip jogap gelse, diñe ok bolsa-da bolaram nokatly ok. gelse geñ bolyandankeni, onsoñ gaydyp oña sms ýazmaga beylede dursun, soñ özi gyzyla gaplap hat ýazsa-da jogaplasyñ gelmeyanden bolup duruberýa:)
avatar
0
6 Isbirdenli • 22:04, 05.07.2023
Goja seredip özüňem ýylgyranyňy duýman galýaň. Ýaşuly çaga däl, çagalardanam beter çaga ýaly . Hemme bezzatlar onuň daşynda. Çepdäki garagola seretsene, hamala bäbejigiň ýaňagyndan elleýän deý , "çaga ýaly garry"-nyň ýaňagyndan çekip görýär. Öňündäki çaga biraz asyllyrak bolmaly. Elini ýaňagyna goýup gojadan agraslyga , manyly pähimlere garaşýar. Hemmeler hezil edip ýaşula ýaplanyp gülüşipdirler. Durmuşda şular ýaly pursatlar köpräk bolsady.
avatar
0
7 sylapberdimuhamov • 14:22, 06.07.2023
Gaty real surat bolupdyr. Real diyenim surata düşýänkerinden habarlary ýok bolmaly däde hem agtyklary dagylar hem.
Tötänleýin suratlar has gowy düşürilip galýar.
avatar
0
8 sylapberdimuhamov • 14:25, 06.07.2023
Nurdan! Şu "ok" hakda bir anekdot bardy)
avatar
0
9 Мango • 15:00, 06.07.2023
entegem ol däde ýaňagyny gysýan oglanjygyň bir elini saklap ýetişipdir.
ýogsam iki ýaňagy gysylmalydy...

çagajyklaň ýaňagy gysylýany belli welin çagalaşan ýaşulyňam ýaňagyny gysyp bolýanyny öwrendik... :-)
pikir edýän: meniňem ýaňagym gysylsynmy ýa gysylmasyn? belli karara gelip bilemok...

öňdäki eli kirlije çagajyk elini agzyna ýetirip:
-toba... bizem çaga, büýem çaga. ömür diýlen zat çagalykdan çagalygamyka? - diýip pikir edýän ýaly.
suratda diňe şo "filosof" oglanjyk gülenok. :-)

surat ýürekdeş.
resmi däl suratlar gowy, resmi däl durmuşam gowy...
avatar
0
10 Мango • 15:04, 06.07.2023
Sylapberdi, sen Nurdana aýt o anekdoty, bizem "gulak mysafyry" bolaly.
bile güleli.
avatar
0
11 Medicall • 16:26, 06.07.2023
))
avatar
0
12 Medicall • 16:28, 06.07.2023
@Sylapberdi dogan, men-a bilemokdym ok. hakda anekdot)
avatar
0
13 sylapberdimuhamov • 04:26, 07.07.2023
Mango aga maña ýazyñ men o şakanı size aýdaýyn başda. Soñ siziñ pikirinizçe ile hödürläris))
muhamovs@mail.ru
avatar

Старая форма входа
Total users: 202