01:29 Eljernon üçin güller / 9 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 9 (dowamy) 18 aprel. «Rorşahyň» nämedigini ahyry bildim, bu bir syýa dökülen tegmilli test eken, edil operasiýaň öň ýany geçen testim ýaly. Tanyş ýapraklary görenimde, gorkup gitdim. Bart menden tegmillerdäki suraty tapmagymy islär, men bolsa başarmaryn. Käşkä olardaky gizlelenleri öňünden bilip bolsady! Belki o ýerde hiç zadam ýokdur. Belki-de bu zatlaň ählisi meniň tegmillerde surat gözlejek derejede akmaklygymy bilmek üçindir. Bu pikirden ýaňa dessine Barta gaty gaharym geldi. – Çarli, sen bu kartlary öňem görüpdiň. Ýadyňa düşdimi? – Elbetde, ýadymda. Ses äheňimden, ol öz erkimde däldigimi duýdy we haýran galyp maňa seretdi. – Näme boldy, Çarli? – Hiç zat. Ýöne, bu tegmiller gaharymy getirýär. Ol ýylgyrdy we başyny sallady. – Gaharyňy getirer ýaly zat ýok. Bu bir standart testleriň biri. Şu kartoçka seret. Näme bolup biler? Adamlar bu tegmillerde nämeleri görmeýärler! SEN nämä meňzedýäň? Olara seredip, sen näme pikir edýäň? Beýle bir zada garaşmamsoň tolgundym. Ilki kartoçka seretdim, soňam oňa. – Tegmilleriň içinde hiç bir suratyň gizli däldigini aýtjak bolýaňmy? Bart gaşlaryny çytdy we äýnegini aýyrdy. – Näme? – Suratlar diýýän! Tegmillerdäki! Geçen gezek o ýerde surat bar, ony her kim görüp bilýär diýipdiň! – Ýok, Çarli. Men saňa beýle zat diýen däldirin. – Ýalan aýdýaň! – diýip gygyrdym. Bujagaz zatdan gorkmaryn! Bu meniň hasam gaharymy getirdi. – Hut özüň aýtdyň şony! Seniň akylly bolmagyň hem-de koležde okamagyň meni masgaralamaga hak berenok! Herkesiň üstümden gülmeginden bokurdagyma çenli doýdum! Öň hiç haçan beýle duýgylary başymdan geçirmändim. Içimde bar zat ýaryldy. Rorşahyň kartoçkalaryny stoluň üstüne pyzyşdyrdym we otagdan atylyp çykdym. Eil şol wagt professor Nemur gapdalymyzdan geçip barýardy, sesimi çyklarman koridordan dazlap barşymy gören badyna bir zatlaryň bolanyny derrew aňdy. Bart ikisi liftiň ýanynda yzymdan ýetdiler. Nemur, elimden tutup: – Çarli, biraz garaş. Näme boldy? – diýdi. Men elimi silkip aldym we Barta tarap öwrüldim. – Üstümden gülünmekden ýadadym. Bolany şol. Belki, öňler ony bilemokdym, emma indi bilýän, bu maňa hiç ýaranok. Nemur: – Ýöne, Çarli, seniň üstüňden gülmek aklymyza-da gelenok – diýdi. – Ol syýa tegmiler näme? Geçen gezek Bart maňa ol syýaň içinde surat gizlenen, ony her kim görüp bilýär diýdi, menem... – Näme diýsene, Çarli. Bart bilen eden gürrüňiňizi diňlemek isleýäňmi? Bizde magnitafon ýazgysy bar. Gel, hemmesini bilelikde diňläli. Nemur kasetalary almaga gidende, Bart şeýle diýdi: – Geçen gezegem men şol bir zady aýtdym. Bu islendik test üçin adaty talap – bu düzgün üýtgedilmeýär. Şol wagt Nemur dolanyp geldi, meniň beren jogabymam eşitdi: – Diňläli hany, belki, şonda ynanaryn. Olar biri-birine seredişdiler. Gaharyma ýüzüm gyzardy. Olar ýene-de üstümden gülýärler! Ýöne şonda, öz sözlerimiň manysyna akyl ýetirdim we ol bakyşyň ähmiýeti maňa düşnükli boldy. Olaryň gülki ýadyna düşenokdy. Men ösüşiň täze derejesine ýetipdim. Emma, meni gurşap alýan dünýä garşy ilkinji duýgularym gahar-gazap we müňkürlikdi. Ses güýçlendirijiden Bartyň sesi geldi: – Indi bolsa, Çarli, bu kartoçka seretmegiňi isleýän. Bu näme? Onda näme görýäň? Bu tegmillerde adamlar her zatlar görýän ýaly bolýar. Maňa nämäniň pikirini edýäniňi aýtsana... Şol bir sözler, şol bir äheň. Soňra öz sesimi eşitdim... Ynanar ýaly däl... Aýaklarymyň ysgyny gaçdy we Nemuryň stolunyň ýanyndaky kürsä özümi goýberdim. – Bu dogrudanam menmi?... Biz Bart bilen laboratoriýa dolanyp, ähli testden geçdik. Haýaljakdan we höwes bilen. Bu sapar jogaplarym başgaça boldy, men şekil görüp bildim. Uruşýan bir jübüt ýarganatlar. Elleri gylyçly fehtowaniýeçiler. Islendik zady hyýalyma getriýärdim. Emma, indi Barta gepsiz-gürrüňsiz ynanmagy özüme mejbur edip bilemokdym. Ol belliklerini ýazýardy. Gözastyndan seretjek boldum, ýöne ýazany şifrlere meňzeýärdi: WF+AddF-Ad orig. Wf-ASF+um. Bu test meniň üçin ýene-de manysyzlygynda galýar. Her kim görmeýän zatlary barada aklyna gelenini toslap biler. Meniň öz üstlerinden gülüp, ýaňsylamaýanymy nireden biljekler? Doktor Ştraus maňa psihologiýa kitaplaryny okamaga rugsat berensoň, muny anyklajak bolaryn. Pikirlerimi we duýgylarymy ýazmak barha kyn düşýär, sebäbi hasabatlarymyň hökman okaljagyny bilýärin. Näme üçin bu meni beýle birahat edýärkä? HASABAT №10 21 aprel. Hamyrgaryjynyň has öndürijilikli işlemegi üçin näme etmelidigini oýlap tapdym. Mister Donner munuň örän netijelidigini we el güýjüni tygşytlap boljakdygyny aýtdy. Ol maňa elli dollar pul sylagyny berdi we hepdelik gazanjyma on dollar goşdy. Bu wakany bellemäge Jo Karp we Frank Reýlini çagyrmak isledim, ýöne Jo aýalyna bir zatlar almaly eken, Frenkiň bolsa duýdansyz doganoglany gelipdir. Hawa, maňa öwrenişmekleri üçin ep-esli wagt gerek boljagy anyk. Her kes menden gorkýar. Bir zat soramak üçin Jimpiň ýanyna baryp, egnini ellämde ol towsup gitdi, kofeli çaşkasyny elinden gaçyrdy we başdan-aýak üstüne dökdi. Jimpi mydama ogrynça meni synlaýar. Indi hiç kim meniň bilen öňkileri ýaly gürleşenok. Işde özümi ýeke we oňaýsyz duýýan. Bu zatlaryň pikirini edýärkäm, dik duran ýerimde irkilemde Frankyň aýagyma kakyp ýykany ýadyma düşdi. Ýyljajyk lezzetli ys, ak diwarlar. Frank peçi açýar, o ýerden oduň güwwüldisi eşdilýär. Men ýykylýan... bükülýän... aýagymyň aşagynda pyrlanýan ýer... endamyma ýaýraýan agyry... Menligime bu men – ýöne, bu ýerde ýatan başga biri, başga Çarli. Ol aljyraňňy... agyrdan ýerini owkalaýar... inçemik uzyn, arryk Frenka we ýanynda duran ösgün saçly, äpet Jimpä seredýär. Bürelip duran gaşlarynyň aşagyndan onuň mawy gözleri görünenok diýen ýaly. Jimpi: – Oglany gününe goýsana – diýýär. – Eý, Hudaý, näme üçin sen Frenk, mydama oňa azar berýäň? Frenk: – Bu hiç-le – diýip gülýär, – men ony öldüremog-a. Oňa bary bir-ä. Şeýle dälmi, Çarli? Çarli ýygrylýar. Munuň ýaly jeza laýyk bolar ýaly näme edenine düşünenok, ýöne bu zatlaryň entäk soňy däldigini welin aňýar. Jimpi aýagyndaky ortopedik aýakgabyny jygyldadyp: – Ýöne, saňa bary bir däldir-ä? – diýýär. – Nädip onuň üstünden gülüp, masgaralap bilýäň? Olar uzyn stolyň başynda oturyp, agşama sargyt edilen bulkajyklaryň hamyryny ýasamaga başlaýarlar. Bir salymlap sessiz işleýärler, soňra Frenk saklanýar we ak şapkasyny ýeňsesine süýşürýär: – Eşidýäňmi, Jimp. Gel, Çarlä bulka bişirmegi öwredeli. Jimpi tirseklerini stola goýýar. – Geliň, gowusy oňa azar bermäliň. – Ýo... meniň çynym, Jimp. Jedelem ederin, oňa ýönekeý, ýeňiljek zatlary öwredip bolar – mysal üçin bulka ýasamagy. Bu pikir Jimpiniň göwnünden turup başlana meňzeýär, ol öwrülip, üns bilen Çarlä bakýar. – Bu diýýäniň jany bar. Eý, Çarli, hany birje minut bärik gel. Çarli aýakgabynyň bagjyklaryna diňkesini dikip dur – ol özi barada gepleşilýärkä mydama şeýdýärdi. Ol aýakgabyna bagjyk ötürmegi we daňmagy bilýär. Ol bulka ýasamagam bilýär. Oňa hamyry çişirmegi, ýaýmagy, eplemegi we ondan kiçijek, togalajyk bulkajyklary ýasamagy öwredip bolar. Frenk oňa şübhe bilen bakýar. – Belki, geregem däldir, Jimp? Näme sebäpden bu alasamsygy iş edineli? Indi Frenkiň pikirinden höweslenen Jimpi: – Muny maňa goý – diýýär. – Göwnüme, onuň işi ugruna boljaga meňzeýär. Çarli, sen edil meniň ýaly, Frenk ýaly bulka bişirmegi öwrenmek isleýäňmi? Çarli oňa bakýar, onuň ýüzündäki ýylgyryş ýuwaşlyk bilen ýitirim bolýar. Jimpiniň ondan näme isleýänini bilýär we özüniň çüňke gabalanyny duýýar. Ol Jimpä kömek etmek isleýär, ýöne ÖWRETMEK we ÖWRENMEK diýlen sözlerde birhili eýmençlik bar, onuň aňyrsynda düşünmeýän zadyny öwrenmegi üçin, ony ýençmäge taýýar bolan ýokaryk galdyrylan inçemik ak el görünýär. Çarli bir ädim yza çekilýär, emma Jimpi onuň goluna ýapyşýar. – Gorkma, inim. Saňa erbet bir zat etmeris. Baksana, durşuň bilen titreýäň, hamala parçalanyp dagap gitjek ýaly. Seret, elimde näme bar – diýip eliniň aýasyny açýar. Onuň elinde mis zynjyra berkidilen, ýüzi «Star-braýt ýyldyz ýaly parladýar» ýazgyly disk bar. Jimpi zynjyry ýokaryk galdyrýar, tylla reňkli disk lüminessent çyranyň yşygyna ýalkym saçyp, haýaljakdan pyrlanmaga başlaýar. Şeýle şöhläni Çarli öňem görüpdi, ýöne nirede we haçan görenini ýadyna düşürip bilmedi. Keseki biriniň zadyny alsaň jeza berilýändigini Çarli bilýär. Eger göni eliňe bir zat berseler – onda hemme zat gül ýaly. Başga hili däl. Emma Jimpi oňa bu zynjyry bermek isleýär... Çarli ýylgyryp, baş atýar. – Ol muňa düşünýär – diýip Frenk gülýär we eksperiment geçirmegi bütünleý Jimpä ynanýar. – Ýalpyldyny welin halaýar. Ol aljyraňňy öňe gobsunýar. – Eger maýda-çüýde bu bezeg oňa şeýle gerek bolsa, belki bulka bişirmegem öwrener. Iki çörekçi çynlary bilen Çarliniň daşyna geçýär, çörekhanaň ähli işgärlerem olaryň töweregine toplanýar. Frenk stoluň bir gyrasyny arassalaýar, Jimpi bolsa ol ýerik orta ölçegli hamyr bölegini patladyp oklaýar. Tomaşa üýşenler jedele başlaýar. Jimpi stoluň üstünde diskli zynjyry goýup: – Üns berip seret – diýýär. – Bize gowja seret we edenimizi gaýtala. Bulka ýasamagy öwrenseň, bu zat seňki bolar. Nesip etsin! Çarli oturgyjynda küýkerip oturan ýerinden Jimpiniň pyçak bilen hamyrdan bir bölek kesişini synlaýar. Oňa her hereket görünip dur – ine, ol hamyry süýnmek edip ýazyşdyrýar, ondan bir bölek goparýar we halka şekiline getirýär. Jimpi aram-aram hamyra un sepişdirýär. Şol bir zady edip oturan Frenk: – Indi, bäriňe bak – diýýär. Çarli aljyraýar – olaryň hereketinde tapawut bar. Jimpi hamyr ýaýýarka tirseklerini guşuň ganatlary ýaly somaltýar, Frenk bolsa böwrüne tarap gysýar. Jimpiniň barmaklarynyň arasy bitişik, Frenkiň başam barmagy bolsa ýokaryk galyp dur. Jimpi: – Hany, Çarli, synanyşyp gör – diýýär. Çarli inkär edip başyny ýaýkaýar, ownuk-uşak zatlardaky ynamsyzlygyndan ol duran ýerine çüýlenen ýalydy. – Seret Çarli, häzir hemmesini haýallyk bilen edýän. Meni synla we edenimi gaýtala. Gepleşdikmi? Soň özüň edip biler ýaly hemmesini gowuja ýatda saklajak bol. Çarli maňlaýyny ýygyryp Jimpiniň bir bölek hamyr kesip, ony tokgalaýyşyny synlaýar. Howlukman pyçagy alýar, olam hamyrdan bir bölek kesýär we stoluň ortasynda goýýar. Tirseklerini Jimpiniňki ýaly edip, haýaljakdan hamyry togalaýar. Kä öz eline, käte Jimpiniň eline seredýär, barmaklaryny hem onuňky ýaly bitişik saklamaga jan edýär. Hemmesini düzüw etmeli, sebäbi Jimpi şony isleýär. Kellesinde bir zat pyşyrdaýar: hemmesini dogry etseň, olar seni gowy görerler. Frenk bilen Jimpiniň özüni gowy görmegini Çarli gaty isleýär. Jimpi dikelýär, Çarli hem edil onuň edenini gaýtalaýar. – Gaty gowy. Seretsene Frenk, ol togalak şar ýasady. Frenk baş atyp, ýylgyrýar. Çarli uludan demini alýar. Ol özüne zor salmakdan ýaňa titreýär. Üstünlik onuň üçin öwrenişilmedik ýagdaý. Jimpi: – Örän gowy. Indi inçejik şöhlat ýasaly – diýýär. Çarli onuň her hereketini tagaşyksyz, ýöne örän üns berip gaýtalaýar. Elleriniň birnäçe gezek titremegi bilen bar edeni boşuna bolýar, ýöne ahyr soňy bir bölek hamyrdan halka ýasamagy başaryp bilýär. Ol alty sany halkajyk ýasap olary un sepilen ullakan demir gapda, Jimpiniň ýasan halkajyklarynyň ýanynda goýýar. – Berekella, Çarli. Jimpiniň ýüzi çynlakaý: – Indi, hemmesini özüň et, mensiz. Hany bol. Çarli äpet hamyr tokgasyna we eline gysdyrylan pyçaga seredýär. Şobada hem ony umytsyzlyk gurşap alýar. Ol ilki näme edipdi? Elini nähili tutupdy? Barmaklary? Hamyry nädip tokgalamaly? Kellesinde müň sorag hyň urýar, ol bolsa ýyljyraklap dur. Ol Frenk bilen Jimpini begendiresi we özüni haladasy gelýär, ol söz berilen zynjyry öz bagtyna alasy gelýär. Hamyry gaýtalap eýläk-beýläk agdarýar, ýöne hiç özüne buýrup, başlap bilmeýär. Ýeke bölegem kesip bilenok, sebäbi ýalňyşjagyny bilýär. Ol gorkýar. Frenk: – Ol eýýäm ýadyndan çykardy – diýýär. – Kellesinde hiç zat duranok. Çarli dykgat bilen ýüzüni çytyp ýatlamaga synanyşýar: ilki bir bölek kesmeli. Soňra şara meňzeş togalamaly. Ýöne, nädip demir gapdakylar ýaly halka görnüşine gelýärkä? Wagt berseňiz ol ýadyna düşürip biler. Birneme ümür dagasyn, şonda derrew ýadyna düşer. Öwredilenleriň bolmanda sähelçesini aklynda saklap galmak üçin, ol özüne zor salyp göreşýär. Ol şeýle bir yhlas edýär... Jimpi onuň elindäki pyçagy alyp: – Hany, bolýa-la Çarli – diýýär. – Biderek özüňi gynamasana. Iň soňy bu seniň oňarjak işiň däl. Ýene ýekeje minutdan, onuň ýadyna düşjekdi. Käşgä, ony howlukdyrmasadylar. Her kes beýle nirä howlugýarka? – Bar, gidiber Çarli. Bar, otur-da komiksleriňi gör. Biziň işimiz bar. Çarli ýylgyrýar we yzky jübüsinden gülkünç suratlar çekilen žurnaly çykarýar. Onuň ýygyrdyny ýazyşdyrýar we şlýapa ýaly edip kellesine goýýar. Frenk hahahaýlap gülýär, oňa Jimpi hem ahyr soňy ýylgyrýar. Jimpi pyňkyryp: – Bar git, balajyk – diýýär. – Tä jenap Donner çagyrýança otur şo ýerde. Çarli oňa seredip ýylgyrýar we ýuwaşlyk bilen un haltalary basylyp goýlan burça tarap ugraýar. Ol haltalaryň üstünde aýaklaryny atanak goýup oturmagy we žurnaldaky suratlary synlamagy halaýar. Ol sahypalary agdarmaga başlaýar, birdenem ony aglamak islegi gaplap alýar. Munuň sebäbine düşünip bilenok. Nämäniň gaýgysyny etmeli? Duman garalýar, soňra ýene dargaýar. Eýýäm otuz, kyrk gezek gören täsin suratlarynyň lezzetinden öňünden keýp alýar. Kimiň kimdigini, atlary bilen tanaýar we figuralaryň depesindäki içi harply akja bulutlaryň, olaryň gepleşigini aňladýanyny bilýär. Ol heý bir wagt bu harplary okap bilermi? Oňa wagt beriň, howlukdyrmaň, ony iteklemäň – şonda ol başarar. Ýöne, her kes bir ýerlerik howlugýar... Çarli dyzlaryny özüne çekýär we birinji sahypasy bir binanyň üçeginden sallanýan uzyn ýüpe ýapyşyp bat alyp duran Batman bilen Robinli žurnaly açýar. Çarli haçanam bolsa bir gün hökman okamagy öwrenmegi we bu ýerde ýazylanlary bilmegi özüne karar edýär. Ol egninde goýlan eli duýýar we ýüzüni galdyrýar. Bu Jimpi, oňa zynjyry uzadyp dur. Misden ýasalan disk pyrlanýar hem ýylpyldaýar... – Me, al şuny – diýip hüňürdeýär, zynjyry Çarliniň dyzyna oklaýar we agsaklap uzaklaşýar. Bu onuň üçin örän üýtgeşik hereketdigine indi gowy düşünýärin. Ol näme üçin beýtdi? Ondan bäri professor Nemur, doktor Ştraus we kolležde işleýän beýleki adamlaryň kömegi bilen men uzak ýol geçdim. Ýöne, Frenk bilen Jimpi men barada näme pikir edýärkä? Netijede men düýbünden başgaça boldum ahyryn... (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |