Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:57
Gülki. Sekizinji onluk

GÜLKI. SEKIZINJI ONLUK

Parklaryň birinde öýsiz bir bende otur diýýär. Aýagynda-da bir taý köwüş. Geçip barýan rehimli garry ene soraýar:
-Näme, janym, köwşüňi ýitiräýdiňmi?
-Ýok, daýza jan! Köwüş tapdym!

***

Iki sany aç student çilim çekýäler.
-Eşidýäňmi, bir ýerden-ä çişligiň ysy gelýär?
-Samsyk!!! Çilimiň ujundaky siňegi aýyr.

***

Ýangyn öçürijilere jaň gelýär:
-Ýanýan, bahymrak geliň, öýüm ýanýa....
Operator oňa jogap berýär:
-Çakylyk kabul edildi. A siziň öýüňize nädip barmaly?
Öýi ýanýan:
-.......siz näme meň üstümden güljek bolýaňyzmy?....Ullakan gyzyl maşyna münüp geliň....

***

Polisiýa gaty sürüp gelýän maşyny saklaýar:
-Bu ýerde 40-dan ýokary sürmek bolanok, siz bolsa 80-den hem geçirip sürdiňiz. Nirä howlukýaňyz?
-Size 10.000 manat getirdim diýäýmeseň, üýtgeşik howlugýan ýerimem ýok...

***

Giden yns-jynssyz çolde it gyssanyp barýar. Daş-töwerekde hiç kim we hiç zat ýok. Gyssanyp barýan it:
-Wah....! Bir agaç tapmasam-a masgara bolaryn-ow...

***

Polisiýa işgäri başlygynyň kabinetine girýär:
-Habar bermäge rugsat ediň, ýoldaş kapitan.
Kapitan bolsa, köýneginiň jübisini açyp:
-Habaryň bolsa, beriber…

***

Agtygy garry enesinden soraýar:
-Ene, aý ene! Näme üçin ýer pyrlanýar-aý?
-Ah, sen garagol! Ýene-de kakaň aragyndan işdiňmi?

***

-Esger Amanow, hatardan çyk!
Amanow özünden gidip ýykylýar.
Komandir:
-Näme boldy oňa?
-Hatardan çykdy…

***

Adamiýijileriň maşgalasynda agşamlyk nahary bişýär. Kaka-adamiýiji bişýän çorbaň tagamyny barlap görýär. Nahardan dadanyny tüýkürýär we Eje-adamiýijiniň ýakasyndan tutýar:
-Haçan-da etli çorba bişireňde nahara atan buduň jorabyny çykaryp atmalydygyny men saňa näçe gezek aýtdym?

***

Polisiýa gapyny kakýar. Gapyny bir aýal açýar.
Polisiýa:
-Häziriň özünde balagyňyzy aýyryň!
Öý eýesi:
-Näme, şu wagtmy? Şu ýerdemi?
-Ýok, how! Men size balkonda serip goýan balagyňyzy aýyr diýýän! Häzir köçeden hökümet delegasiýasy geçmeli!

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul8.htm
Surat: ©ŞIRIN. B. instagram: @shirinanay
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 23:52, 15.09.2023
Aç student çilim çekmäge sowjak puluna garbak gurbak ednaymel-a))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203