23:32 Gyzlar galasy (pýesa) II-nji perde | |
GYZLAR GALASY II-nji perde I-nji görnüş Ç o p u r h a n y ň goşunynyň mesgeni. Hanyň çadyrynda, onuň özünden başga, S e r k e r d e we hanyň Ý a s a w u l y . Ç o p u r h a n . Bä-ä-ä... Albassydan hiç hili habar-hatyr ýok-da?! S e r k e r d e . Şol gidişi, gidiş, han aga. Ç o p u r h a n . Iki sany aňtawjyňy galandar lybasyna salyp ugrat. S e r k e r d e . Lepbeý, han aga! (Çykyp gidýär.) II-nji görnüş Ir säher, jahan ýagtylypdyr. Alnyny çala görkezip başlan Günüň şöhlesi Gyzgalanyň diwarlaryny ýagtyldýar. S a k ç y g y z (batly sesi bilen). Gündogardan iki sany pyýada bize tarap ýöneldi. Maman hana habar ediň! ( M a m a n h a n , A ý ş a , P a t m a ylgaşyp gelýärler.) M a m a n h a n (galaň üstüne çykyp, aýasyny kölegeledip, Gündogara tarap seredýär.) Aýşa, Patma! (Gyzlaryň ikisi hem: “men-de-men” diýişýärler.) Baryň haýsyňyz hem bolsa biriňiz Garasaç enäni çagyryň, Mahygüli tapyň! ( P a t m a ylgap gidýär.) Aýdypdym-a, şumlugyň dowamy geler diýip. Bular Albassyň “agalary”. Hany, gelsinler bakaly! ( G a r a s a ç e n ä n i yzyna tirkäp P a t - m a gelýär. Olaryň yz ýany bilen M a h y g ü l batly ylgap gelýär. G a r a s a ç e n ä ýüzlenip.) Çopur han içalylaryny iberipdir öýdýän. Sen derwezebanyň lybasyny geý-de derwezäň daşynda sakda dur. Olaryň “habaryny” al, uklaryny ýekeläbär. Duşman bilen nähili gürleşmelidigini özüň gowy bilýäň, men saňa öwretmeli däl. (Mahygüle ýüzlenip.) Derwezäň daşynda bolup geçýän hadysany jikme-jik Ýigitler galasyna ýetir G a r a s a ç e n e . Gulak asýan, hanym (Gidýär.) M a h y g ü l . Gulak asýan, hanym (Elindäki aýnajygyna üfläp, ýeňine süpürýär-de galaň diňine çykýar-da gizlenýär.) III-nji görnüş Gyzgalanyň daşy. Derwezeden çykan S a k ç y g y z eli pilli, aýaklary gandallanan, A l b a s s y n y öňüne salyp, garym gazdyrmaga äkidip barýar. A l b a s s y (şelaýyn sei bilen S a k ç y g y z a ýüzlneýär). Gyzym, sen bir nurana ýüzli asylzada meňzeýäň. Men ýaly garra nebsiň agyrsyn, günortanyň tüp yssysynda bir işletmäweri, yssy maňa ýakanok, men garaguşagyryly, tenim gyzsa tutgaýym tutýar. S a k ç y g y z . Ýöre çaltrak! Maňa seň bilen gepleşmek gadagan. A l b a s s y (hüňürdeýär). Zalymlar, haýwanalar... Ömür saltman bolup geçäýediňiz... S a k ç y g y z . Näme, näme?! Gargynman ýöre mekejin, ýogsa şu gamçy bilen ýüzüňi persala ederin! (Gamçysyny galgadýar.) A l b a s s y (iki bilen ýüzüni goraýar). Gaýytmyşym, gaýytmyşym... IY-nji görnüş Gyzgalanyň derwezesine ýakyn derwüş lybasly iki erkek kişi gelýär. Derwüşleriň biri bir elini öňünden barýan ýoldaşynyň guşagyndan ýapyşyp, ikinji elindäki hasasyny daş-töweregini tyrkyldadyp derwezä ýakyn gelip derwezäni kakýarlar. G a r a s a ç e n e (erkek adamyň lybasynda, burnynyň aşagyna murt ýelmäpdir. Eline aýpalta alypdyr. Erkek adamyň sesini edip, galanyň içinden gygyrýar). Habarlaş! Men—derwezeban. E l i h a s a l y d e r w ü ş . Eý byradarlar! Hudaýyň haky üçin, onuň pukara bendelerine näme aýda- diýeniňiz bar bolsa eçileweriň! Indi üç gündir, agzymyza ýeke lukma düşenok. ( Derweze açylýar, G a r a s a ç e n e galaň daşyna çykýar.) I k i n j i d e r w ü ş (sesine bat berip, çasly gygyrýar). Essalawmaleýkim, hormatly serkerde! (Ýoldaşyny hürsekleýär.) G a r a s a ç e n e . Ýuwaşrak how! Näme, ker bilen gepleşýärmiň? E l i h a s a l y d e r w ü ş Essalawmaleýkim! (Başyny egýär, soň dikelip asmana seredip durşuna.) Han aga! Siz ondan aýyp-syn görmäň, ol entek ýetginjekkä agyr hassalapdyr—gyzamyk ony eşitmek mahrum edipdir. Ony aýyp-syn etmäň, ol öz sesini eşitjek bolup gaty gygyrmaly bolýar. G a r a s a ç e n e . “Han agany” nireden görýäň? Men han däl, derwezeban. E l i h a s a l y d e r w ü ş . Meni bagyşlaň, jenap! Wah, nädip göreýin, men batyl. Indi on iki ýylyň içidir, ýagty jahanyň gözelligini görmänime. Mama keseli meň gözümi iýd-ä... Entegem şükür edýän, ykbalyň meni bu bende bilen tapyşdyranyna (Hasasyz elini ýoldaşynyň egnine goýýar.) I k i n j i d e r w ü ş (batly sesi bilen gygyrýar). Hä, näme diýdiň? Gitmelimi? E l i h a s a l y d e r w ü ş (elini daldaladyp). Ýok, ýok, saňa hiç zat diýemok. Elbetde, kysmatdyr-da, takdyra ten berip, terkidünýä bolup ýaşap ýörüs. Hudaýa müňde bir şükür! Gaýta diňli, eşitgir hem görgüç adamlardan özümizi bagtyýar saýýas. Muň gulagy, meniň her gün eşidýän her-hili “hyşy-wyşydan”, gybatdan dypa-dynç bolansoň, rahat ýatyp-turýar. Wagtal-wagtal “ker bolaýmaly ekenimem” diýýän, ýöne, bu dünýede bolup geçýän pyssy-pujyrlyklary, gabahat işleri, haýynlyklary gözlerimiň şaýat bolmaýanyna şükürler kylýan. Men-ä eşiden gürrüňlerimi muňa gürrüň beremok, bu bolsa maňa gören zatlaryny aýdanok. Dünýäde bizden bagtly adam ýokdur. Men rast aýdýanmy, şepe?! (Ýoldaşynyň ýüzüne seretjek bolýar.) I k i n j i d e r w ü ş (batly sesi bilen gygyrýar). Hä, näme diýdiň? Gitmelimi? E l i h a s a l y d e r w ü ş . Ynha-da, biziň her günimiz birmeňzeş ötýär. Eşidýän adama duşamda dagyn, begenjime gep haltamy silkip, göwün solpydan çykýan. Kän gepleýän bolsam, bagyşlaň! M a m a n h a n (derwezäň iç ýüzünde gyzlary daşyna üýşürip duran ýerinden, galaň daşyndakylara eşidilmez ýaly). Känräk. Derrewräjik maksadyňyzy bilsek bolýar. I k i n j i d e r w ü ş (batly sesi bilen gygyrýar). Çaý-nan berýälermi? G a r a s a ç e n e . Ýantorbalaryňyz bilen mytaralaryňyzy beriň! ( E l i h a s a l y d e r w ü ş egnindäki ýantorbasyny sypyryp, bilindäki mytarasyny çözüp, hasasy bilen sermenekläp G a r a s a ç e n ä n i tapýar-da, oňa gaplaryny uzadýar we ýoldaşyna üm bilen düşündirjek bolýar.) I k i n j i d e r w ü ş (batly sesi bilen gygyrýar). Myhman aljak diýýärmi? Hä-ä, düşündim. (Egnindäki ýan torbasyny we bilindäki mytarasyny aýyryp, G a r a s a ç e n ä berýär.) G a r a s a ç e n e (Derwezeden yş açyp, ýantorbalary we mytaralary uzadýar). Eý, derwüşleriň mytarasyny suwdan dolduryp, ýantorbalaryna näme artykmaç owkadyňyz bolsa salyp goýberiň! E l i h a s a l y d e r w ü ş . Bizi bir gije myhman almarsyňyzmy? G a r a s a ç e n e . Mende ygtyýar ýok, baý agadan soramaly. Ol hem bu gün ikinji aýalynyň ýanyna gitdi, üç günden geler. E l i h a s a l y d e r w ü ş . Galaň ady näme? Baýyň ady kim? G a r a s a ç e n e . Biziň hojaýynymyza Garry baý diýerler, galaň ady hem şonuň adyny göterýär—“Garrygala” E l i h a s a l y d e r w ü ş . Baýlyg-a kändir onuň?! G a r a s a ç e n e . Ýere-göge syganok: bäş ýüz düýesi, iki ýüzden gowrak gylýaly, müň sany dowary bar. Olaryň hemmesine kyrk sany gyrnagy seredýär. (Galanyň içinden atlaryň kişňeýän sesleri gelýär. Gyzlar goýunlaryň sesini edip mäleýäler.) Baýhatyn gyzlary zabun tutýar. M a m a n h a n (derwezäň iç tarapynda durup gygyryp gepleýär). Haram kemçin, geçileri sagmagy saňa tabşyrmadymmy? Sagan süýdiň bir ýanlygam-a dolduranok. Anha, ýelinlerini göterip bilmän mäleşip ýörler. (Gyzlar “mä-de-mä” boluşýarlar). Me saňa gerek bolsa (Gamçysyny şuwladyp, saman dykylan ganary saýgylaýar. “Ýenjilýän gyz” “Waý bikäm, şu gezeklikçe günämi öt, indi gaýdyp gaýtalaman!”) Ertir daň bilen öküzlere künde goşup, ýekeje özüň ýer sürersiň! (Gamçysynyň sapyndan tutup, ýokary galdyrýar-da, gamçyň ujundan çekýär.) Eý tula, baýyň eşiklerini näme üçin şu wagta çenli ýuwup, sermänsiň?! Ýene ýatyp galdyňmy? (“Saçyndan çekilýän gyz” gygrýar: “Waý, Bike jan, saçymy goýber, gopardyň!”.) Kime gereg-ä seň sirkeli saçyň?! Hemmäňize degişli: atlaryň ýatagy arassa dursun, düýeleň ýüňüni darap-darap alyň, ýekeje übtügini isrip edäýseňiz, deregine saçyňyzy üterin! Häzir men birsellem ymyzganjakdyryn, ýekejäňiz ukyma gatyşjak bolup milt edip göräýiň, tultuk ederin! (Derwezä gulagyny goýup daşarda duranlary diňleýär. M a h y g ü l bukyda oturan ýerinden aýnasynyň kömegi bilen Ýigitler galasy bilen habarlaşýar.) E l i h a s a l y d e r w ü ş (gapdala). Baý-bow! Biziň hanymyzy dagy ýüzüňe sylaýmaly! ( G a r a s a ç e n e derwezäni açyp, galaň içine girýär.) I k i n j i d e r w ü ş (çasly sesi bilen gygyrýar). Naharlajak diýýämi? E l i h a s a l y d e r w ü ş ( galaň daşyna çykan G a r a s a ç e n e mytaralary, ýantorbalary eýelerine gowşurýar.) Bizi ýalkan Alla ýalkasyn! Baýlygyňyz-bereketiňiz känelip, abraýyňyz dabaralansyn! (Doga okap, ýüzüne sylýar.) I k i n j i d e r w ü ş (garym gazyp ýören A l b a s s y n y görýär. Çasly sesi bilen G a r a s a ç e n ä ýüzlenýär). O taýda bir aýal ýap gazýar. G a r a s a ç e n e . Hä, omy? Görgüsi ýaman naçara Baý aga howandarlyk edýär. Çopur hanyň üçünji aýalymyşyn. Görgüliň handan ýuwdan hunabalaryny it görse gözi agarjakmyşyn, gaçyp gaýdanmyşyn. Hemme şerte kaýyl, hany görmese bolýar. Gara işden gaçanok, özem diňe damagyna işleýär., Naçary hossarlary, ýa hanyň özi gelip alyp gidýänçäler, Baý aga “bolubersin” diýipdir. I k i n j i d e r w ü ş (torbasynyň içini barlap durşuna, çasly sesi bilen ýoldaşyna gygyrýar). Puljagazam salypdyrlarmy? G a r a s a ç e n e (gapdala). “Gedaýa çaryk berseň, ýamalygyny-da sorar”. (“Derwüşlere” ýüzlenip.) Näçe ýyldyr ejem ikimiz derwezebanlyk edip ýörüs, gara şaýa gözümiz düşen däldir. (Gahary gelen bolýar.) Bu husyt baýyň gullugynda ömrümiz kül bol-da. ( M a h y g ü l aýnasynyň şöhlesini E l i h a s a l y d e r w ü ş i ň gözüne tutýar. “Derwüş” bilegi bilen ýüzüni baglaýar). Hudaýyň ýalkan bendeleri, bizden az görmäň! “Baryny beren uýalmaz” diýipdirler. Başyňyz dik, janyňyz sag bolsun, ýagşy dilegde boluň! (“Derwüşler” minnetdarlygyny bildirip, gitmek üçin yzlaryna öwrülen batlaryna, elindäki puly ýere gaçyran bolýar. Daşa degen demiriň sesini eşiden I k i n j i d e r w ü ş säginýär, yzyna öwrüljek bolup hyýal edýär.) I k i n j i d e r w ü ş (syr bildirmejek bolup, yzyna gaňrylyp, batly sesi bilen gygyrýar). Biz ýene iki günden, yzymyza gaýdyp gelýärkäk sowlup geçeris. (“Derwüşler” gidýär.) Y-nji görnüş Galaň içi. M a m a n h a n , G a r a s a ç e n e , M a h y g ü l, G ö w h e r , A ý ş a , P a t m a we beýleki gyzlar M a h y g ü l (gülkisini saklap bilenok. Hem gülýär hem gürrüň berjek bolýar). Waý ejem jan...Waý garnym agyrýar, içegelem üzüldi...Seň kör bolaýşyňy! Nebsim dagy agyraýdy-da! Enemiň gaçyran puluny aljak bolup, o “kerrewiň” boýny üzülere geldi. Ha-ha-ha. Özem hakyt kümüş manat-da! Uwlapjyk gitdi, ha-ha-ha. G ö w h e r . Patma bilen Aýşa... (Gülkisini zor bilen saklajak bolýar.) Patma, ha-ha-ha... Aýşa, ha-ha-ha! Ikisi iki ýerden ýetim galan owlaklar ýaly bolup mäleşýäler, bir mäleşýäler—edil özlerimikä diýersiň. Entegem, siziň sesiňizi owlaklaryna meňzedip, köpçagaly Moýtugmyz ylgap gelmedi. P a t m a . Çopur aýalyny alyp gitmek üçin gelermikä?! Ha-ha-ha-ha! A ý ş a . Talagyny bermedik bolsa hökman geler, allanämäje gelni bar-a! Ha-ha-ha! G a r a s a ç e n e . Indiki gezek gelenlerinde derwezede ejem jany duruzjag-a, ha-ha-ha! YI-njy görnüş Çopur hanyň çadyry. Hanyň gapdalynda S e r k e r d e gol gowşuryp dur. “Derwüşler”—jansyzlar dyzlaryna çöküp, başlaryny sallaşyp otyrlar. Ç o p u r h a n . (gazaply, iki ýana ýöräp ýörşüne “derwüşleriň” üstüne gygyrýar). Baran ýeriňizde meň baýry aýalyma duşan dälsiňiz?! Akmaklar, nadanlar, derwezebana özüňizi oýnadyp gaýdypsyňyz! Şolar uly galaň içinde-de bir düýe-goýun bakylarmy?! Buýrugy ýerine ýetirmänsiňiz! Galaň her siňegine çenli, her bir daşyna çenli öwrenmän yzyňyza dolanaýmaň, dara çekerin! Owarra boluň gözümiň alnyndan! (“Derwüşler” hasanaklaşyp, çykyp gidýärler. S e r k e r d ä ýüzlenýär.) Garşydaşymyzyň goşunlary barada näme maglumat bar? S e r k e r d e . Öňümizdäki hepdede hüjüme taýynlyk görýärler. Pyýada goşuny agdyklyk edýär, dört leşger, hersi on müňden. Atly goşunynyň bir bölegi gizlin saklanylýan bolmagy ähtimal. Eşidişime görä, olar biziň hüjümimize garaşýarlar we biz hüjüme geçen badymyza, olar hem çozmakçy—“Näme bolsa, şol bolsuna” eýerip, töwekgelçilik etmekçiler. Han aga, edil şu wagt olaryň üstüni gapyl bassak, biz ýeňýäs. Ç o p u r h a n (oýlanyp). Duşman mekirlige ýüz urýar. Edil häzir ýörişe başlasak, gabawa düşmegimiz mümkin. Ýedi ölçäp bir kesmeli. Meni biynjalyk edýän açyk meýdandaky leşgerler däl-de iki sany syrly gala. Olaryň daşynda jemende görnenog-a! S e r k e r d e . Aýsyz gijeler girip-çykýan bolmaklary mümkin. Ç o p u r h a n . Wagtymyz çäkli. Iki galanyň içinde nähili janly-jandar bar we olar näme üçin niýetlenen gyssagly anyklamaly, esasanam Gyzlar galasy. Ýeňsämden hanjar sokulaýjak ýaly bolup dur. Hüjüme entek gyssanmaly, duşmanyň pygylyny mazaly öwreneli. S e r k e r d e . Lepbeý, merhemetli hökümdarym! (Baş egip, çykyp gidýär.) YII-nji görnüş Gyzlar galasy. M a m a n h a n esgerleri bilen harby geňeş geçirýär. Stoluň üstüne ýazylgy, eýlenen geçiniň derisine çekilen harby karta seredip, han esgerlerine söweş meýilnamasyny düşündirýär. M a m a n h a n . Biziň esasy goşunlarymyz günorta-gündogarda ýerleşen, garşydaşymyz, Çopur hanyň goşunlary—demirgazyk-günbatarda. Ynha, goşunlaryň ýerleşişi: bu biziň galamyzyň ýerleşýän ýeri, bu bolsa Ýigitler galasy. (Kartanyň üstünden gamçysyny ýöredýär). Iki garşydaşyňam meýili bir: daň saz berende hüjüme geçmek. Çopur hanyň leşgeri ýörişe başlanda öňüni atly goşun çekýär, onuň yzyny hersi bäş ýüz adamdan ybarat iki sany pyýada leşger ýörejek. Duşman hüjüme atly goşuny bilen çozsa, biziňkiler saýlama pyýada goşunyny edil pahna bilen ojar ýaran ýaly, atlylaryň orta bilinden urmaly. Biziň atly goşunlarymyz bolsa, öň hatardan barýan pyýada goşunyň iki gapdalyndan çozup, leşgerleri ýok edip, atly goşun bilen darkaşa girmeli. Baş serkerdäniň biziň goşunymyza beren buýrugy: duşmanyň ýeňse tarapyndan aýlanyp, pyýada goşunynyň ikinji leşgerini paýhynlap, olaryň nyzamyny bozup, dowul ýaýratmak. Esgerler ýeňil lybasda bolmaly. Her gapdalynyňyzda okdan doly iki sany sagdak, suwdan doly mytaralaryň birini eýere berkitmeli, beýlekisini—öz biliňize. Goranmak üçin diňe deriden ýasalan galkanlary almaly, ulusyny arkaňyza berkitmeli, kiçisini eliňizde götermeli. Üsgürýäniňiz, asgyrýanyňyz galada galmaly. Söweş buýrugyny ýerine ýetirmek üçin goşuny ikä bölýan. Birinji toparyň nökerbaşysy—Zübeýda, ikinjiňki—özüm. Birinji toparyň geçmeli ýoly uzak bolansoň, Gün ýaşan badyna atlanýarlar. (Mytarasyndan suw owurtlaýar). G ü l r u h . Hanym, atlarymyzy bezäýeli! Özümiz beslenip bilmesegem, bedewlermizi bir bezäli. Goý. olar jeňe däl-de, toýa barýandyrys öýtsünler, belki biz iň soňky gezek görüşýändiris. G ö w h e r (tarsa ýerinden turup, hemleli). Gyw, agzyňdan haýyr aç! Näme, şu oturanlar nirä, näme maksat bilen gidip barýanmyza düşünýän däldirler! Hemmämiziň aman gelermiziň dilegini ederler... M a m a n h a n (gyzlaryň sözüni bölüp). Ýeri bolýar. Atlary näme bilen bezejek we maksat näme? G ü l r u h . Anha, Aýçiçegiň näçe ganar ýüpek-parçasyny tozan basyp ýatyr, şolary dakarys. Gelnalja barýan öňbaşçylaryň bedewleri ýaly, biziň uçup barýan (Ellerini galdadyp uçýan guşy şekillendirýär.) bezemen, dabaraly atlarymyzy ilki görenleriň aňkarjagyna gözüm ýetip dur. M a m a n h a n . Bolýar rugsat berýän, ýöne atlaryň toýnaklaryna keçe daňmaly. Birinji topar Ýigitler galasyna çenli atly gidýärler, galan bäş-alty çakyrym ýoly şöwür çekip, pyýada geçmeli, duşmanyň mesgeniniň çep tarapynyň golaýynda, at gaýtarym uzaklykda, tä yzyňyzdan atlaryňyz barýança çägä gömülip ýatmaly. (Zübeýda ýüzlenip.) Gopuzyňy taýynlansyň-a? Z ü b e ý d a (oturan ýerinden galkyp). Hut şeýle, hanym! M a m a n h a n . Gideňde gopuzyňam ýadyňdan çykaraýma! Atlaryň jylawlary bir-biriniň eýerlerine baglanyp, süriň öňüni seň Gopuzyň çeker. Atlar eýesine gowşanyny doly göz ýetiren ýigit yzyna gaýdar. Şonda-da gopuzyň boýnuňdan asylgy dursun, belki çalmaly bolmaýadyň. Ikinji topar hem edil birinji ýaly, pyýadalap gije şöwür çekmeli bolar. Ikinji topar hem edil birinji ýaly duşmanyň sag tarapynda, ynha şu ýerde (Gamçysy bilen kartany dürtýär.) çägä gömülýärler. Olaryň atlaryny özüm elterin. Duşmanyň mesgenine atlar ýönelende, olar kişňemez ýaly, kellerine arpaly torba geýdirmeli. Soragyňyz barmy? O g u l s a p a r . Söweşe näwagt girmeli? M a m a n h a n . Ýaňy daň saz berende, surnaý çalynar. Iki garşydaş bir-biriniň üstüne ýörişe ugran batlaryna, biz atlanyp, duşmanyň yzdan barýan pyýada goşunynyň sagyndan-çepinden girip, daşyna aýlanmaly. Leşgeriň daşyndan birinji topar degirmeniň ugruna, ikinji topar bolsa—tersine aýlanyp okkesdirme geçip duran ýerimizden ýaý atmaly. Okkesdirmäň içki halkasy gabawdakylary atmaly, daşky halkasy bolsa, öňden barýan pyýada goşun yzyna dolanaýsa, şolardan goranmaly. Ýeke ok şowa geçmeli däldir, iň soňky oka deňiç atyşmaly. Okumyz gutarnsoň, her topar öz gelen ýoly bilen gala dolanýar. P ö w r i z e . Okumyz gutarsa, duşmanyň atan oklaryny tutup alarysda, özlerine paýlarys. (Gyzlar gülüşýärler.) M a m a n h a n . Anyklamaly, düşünişmeli mesele barmy? (Gyzlaryň hemmesi biragyzdan: “Ýok, hemmesi düşnükli” diýişýärler.) YIII-nji görnüş Gije. Galaň içi. M a m a n h a n esgerleri bilen söweş lybasynda. G a r a s a ç e n ä n i ň bir elinde saçak, beýleki elinde ýüzärlikli okara. Ol hatara duran gyzlaryň öňünden ýöräp, hersiniň maňlaýyndan öpýär. Gyzlar saçakdaky çörekden bir döwüm döwüp, agyzlaryna salýarlar. M a m a n h a n ( G a r a s a ç e n ä ýüzlenip). Ýagşy dilegde bol, ene! Biz gaýdyp gelinçäk derwezäň agzyragynda durarsyňda. Gün dogar welin, o melgun, Albassyny galadan çykaryp, kowup goýber. Goý, galanyň boşap galanyny hana ýetirsin. G a r a s a ç e n e . Hoş. Baryň balalarym, ýoluňyz ak bolsun, ýoldaşyňyz hak bolsun! Biribar medet berip, öz penasynda saklasyn! Jeňden sag-aman gaýdyp geliň! (Esger gyzlar gidenlerinden soň, gözüniň ýaşyny süpürýär.) IX-njy görnüş Sahna garaňkylydylan. Sahnadaky galagoplyk jeň meýdanynda gidýän aldym-berdimli söweşiň gidýänligini düşündirýär. Atlaryň kişňeýän sesleri, esger gyzlaryň “Urha-ur” sesleri, duşmanyň ahy-perýady eşidilýär. X-njy görnüş Dogup gelýän Günüň şöhlesi Gyzgalanyň diwarlaryny ýagtyldýar. Galanyň derwezesiniň ýakynyna gelen iki sany jerçi bogazlaryna sygdygyndan gygyrýarlar. B i r i n j i j e r ç i . Kime halwa gerek? Kime dagdan agajyndan ýasalan başdarak gerek? Arzanjak bahadan berýändirin, how! I k i n j i j e r ç i . Gumganyň, jürdegiň deşigini ýamaýan! Pyçak ýitileýän, çäýnegiň gopan jüründigini bejerýän! Moý açan käsäni ýamaýan... (B i r i n j i j e r ç i I k i n j i j e r ç i n i hürsekläp, azymly gepleýär). Jypdyraňda, ýapa bir degir-ä, how! Moý açan käsäni zyňaýmasaň, derdiňe ýaradyp bolmaýanyny bileňokmy? Çagalar üçin jürlewük bar, how! (Derwezäni kakýar.) Kim bar bolsa habarlaşyň! ( G a r a s a ç e n e derwezebanyň lybasyna girip, garry kempiriň şekilinde, eli naýzaly daş çykýar.) Essalawmaleýkim, ene! G a r a s a ç e n e (kersirän bolup, sesini endiredip gepleýär). Ä! Kim gerek diýdiň? B i r i n j i j e r ç i (gapdala). Öň başga derwezeban bardy welin... (Batly sesi bilen). Biz saňa salam berýäs, ene! G a r a s a ç e n e . Aleýik salam. B i r i n j i j e r ç i . Biz ownuk-uşak satýan jerçiler. Agtyklaryňa alaýyn diýseň halwa bar, hurma bar, jürlewük bar. Ynha bu ussa (Ýoldaşyny görkezýär. Çasly sesi bilen.) Galada kim bar, ene? G a r a s a ç e n e . Hiç kim ýok, hemmesi gitdi. Bir men garryny goýdylar. Ýogsa, derwezede elmydama oglum durardy. Köşekler size kim gerek? I k i n j i j e r ç i . Baý aga, ýa-da onuň hatyny. G a r a s a ç e n e . Şu gün daň atanda, “uruş turjakmyşyn” diýip, Baý aga aýalyny, çagalaryny, gyrnaklaryny, mallaryny, bar baýlygyny inerlerine ýükläp, galadan çykyp gitdi. Alla gowusyny etsin-dä! Bir meni ýalňyz goýup gitdiler. Kysmatymdakyny görerin-dä... B i r i n j i j e r ç i . Haýsy tarapa gitdiler? G a r a s a ç e n e (aýasyny gulagyna tutyp). Hä? B i r i n j i j e r ç i (gaty sesi bilen). Nirä gitdiler? (Gapdala.) Melgun diýsäni! G a r a s a ç e n e . Aý indi olaryň göçenini go:l biler, gonanyny – ýel. I k i n j i j e r ç i (ýere egilip sereden kişi bolup). Düýn biziň bir aýagy nalsyz atymyz ýitdi welin, ynha onuň toýnaklarynyň yzy bärde ýaly-la! Ene, siziň galaňyza del at giren däldir-ä?! G a r a s a ç e n e . Wah köşek, galanyň içinde janly-jemende bolmasa nädersiň. Anha, ynanmasaň galaň içine gir-de, göräý! B i r i n j i j e r ç i . Hany, aç onda derwezäňi! G a r a s a ç e n e (bir eli bilen goltuklaryny, bilini barlan bolup, beýleki elini jerçilere uzadýar). Häzir, açarymy tapaýyn. Nirä goýdumkam, artyp galany. ( I k i n j i j e r ç i onuň aýasyna şaý pul goýýar. Şaýlygy gözüniň ýakynyna eltip synlap durşuna hüňürdeýär.) Bu gara şaýyňy gedaýa beren bolsaň, şol hem gargynyp alardy. (Şaýlygy elinden gaçyran kişi bolýar-da, ýene elini serýär. B i r i n j i j e r ç i G a r a s a ç e n ä ň aýasyna başga pul goýýar-da, ýere gaçan şaýy jübüsine salýar. Berlen puly dişläp görýär.) Arassa kümüş! (Şakyrdadyp derwezäni açýar-da, jerçileri galaň içine salýar.) Giräýiň! (Derwezäni gulplaýar. Galanyň diňinde bukuda oturan ýaýyny oklap häzir bolup oturýar. Jerçiler galanyň içine aýlanýarlar.) B i r i n j i j e r ç i . Haňlap ýatyr. I k i n j i j e r ç i . Ne janly bar, ne jemende. B i r i n j i j e r ç i . Bolýar, hoş ene! Biz ýolumyzy dowam etdireli, aýlanmaly obalarymyz bar. Derwezäni açyp ber. G a r a s a ç e n e (açaryny “gözleýär”. Bir elini jerçilere serýär). Huşum gursun! Indi nirä ýitirim boldy, hazan almyşy... ( I k i n j i j e r ç i E n ä ň aýasyna pul goýýar, dişi bilen barlap görýär. Gapdala.) Bu hem arassaja kümüş! (Jerçilere.) Ynha-la, ýitmän geçen! (Bilindäki açary bilen derwezäni açýar-da, jerçileri daşyna çykarýar.) B i r i n j i j e r ç i . Sag bol, ene! Biz indiki hepde ýene aýlanarys. Oňa çenli öý eýelerem dolanar-a?! G a r a s a ç e n e . Belki. Ýekeligem hudaýa ýagşy diýipdirler. Basymrajyk geläýediler. Meň-ä, gijelerine gorkymdan ýaňa ýüregim ýarylyp ölermikäm diýýän. I k i n j i j e r ç i . Wiý, ene, adyňam-a soramandyrys. Saňa kim diýýarler? G a r a s a ç e n e . Meň adym—Toty daýza. Göwün islän çagyňyz meniň adymy berip, arkaýyn geliberiň! Siz bir ýagşy ýigitler ekeniňiz, arasynda garry eneňizden habar tutyp duruň, köşekler! (“Jerçiler” sagbollaşyp, giden batlaryna derweze kakylyp başlanýar. Derwezäni açarynä mähetdel, galaň daşyna A l b a s s y ylgap çykýar.) A l b a s s y (daş-töweregine garanajklap). Hany bular? Hany hemmesi? Galaň içinde ýeke adam galmandyr-a! ( G a r a s a ç e n ä ýüzlenip.) Nirä gitdi olar? G a r a s a ç e n e . Kim “olar”? A l b a s s y ( G a r a s a ç e n ä ýakynlaşyp.) Bilmediksirän bolma, kempir! Mamanyň goşuny haýsy tarapa gitdi? G a r a s a ç e n e (naýzasyny gezäp). Içaşyňy çogdurmankam tiz göteril şu ýerden! A l b a s s y (galadan daşlaşyp barşyna gargynýar). Göreli bakaly! Entek sizi edişime bir seret! Gözüňizde ot ýakdyraryn! Dowamy bar ©Kakajan Balkanow 2021 ýyl. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |