Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:49
Hyýal
«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

HYÝAL

Ýadapdyryn haýdaşlap hem
başagaý bolup ýörmekden,
Aladalar el üzdürd-ä
eziz doganyň görmekden.

Başy-da ýok, aýagy-da,
tükeniksiz iş-hysyrdy,
Bar zada ýetişjek bolup,
hemişe ala-hasyrdy.

Terk edip men gitsem mundan,
gowgaly başym gutarsam,
Bir asuda ada baryp,
ortarasynda otursam.

Synlasam gök maýsalaryň
owsun atyşyny ýele,
Jümjüme köýnek kekenä
dözmezdim almaga ele.

Saýrak guşlaryň döreden
simfoniýasyn diňlesem,
Depämde aýlanýan akja
kebelejigi geňlesem.

Irkiljiräp gözlem süzsem,
bagda ýaprak şygyrdanda,
Ezilerdim hezil edip,
ak damjalar şybyrdanda.

Agşam öz iňrigi bilen
adany örtüp taşlasa,
Garamtyk gökde ilkinji
ýyldyzlar görnüp başlasa,

Giç bolmanka, barybir, men
ýene öýüme gaýdardym,
Gören zatlarym barada
çagalaryma aýdardym.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 134 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çemen Annaberdiýewa, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
0
1 Mekan • 05:31, 06.03.2024
5/10
avatar
0
2 Küle • 07:19, 06.03.2024
4/10
avatar
0
3 aygull • 07:43, 06.03.2024
"Körpelere okap beriň" diýen rubrika bn beribermeli goşgy eken.
5/10
avatar
0
4 Seýrаn • 08:19, 06.03.2024
Hyýalyň bar derejesimi şu? Ýazyp bilýäniň üçin 5/10
avatar
0
5 Pero • 08:20, 06.03.2024
2/10
avatar
0
6 Ak-sary • 08:31, 06.03.2024
Birinji bendiñ sesi zor eşdilýär.soñkylaryny başgaçarak äkiden bolsadyñ ýönekeý goşgy bolmazdy
avatar
0
7 garagar • 08:41, 06.03.2024
3/10
avatar
0
8 Gülkamat • 09:25, 06.03.2024
Awtora üstünlik! Ýazyp bilýändigi üçin 8/10
avatar
0
9 Мukam • 09:39, 06.03.2024
awtor duýgyny berip bilipdir. Awtora üstünlik!

Arasynda kemini üstüni örtüp bilipdir.
avatar
0
10 sussupessimist • 13:12, 06.03.2024
4/10
Ýetginjekler üçin erbet däl. Hemme kişi filosofik goşgular ýazmaly diýen zadam ýok.
avatar
1
11 Мango • 14:38, 06.03.2024
Saýrak guşlaryň döreden
simfoniýasyn diňlesem,
Depämde aýlanýan akja
kebelejigi geňlesem.

kebelejigi geňlemegiň geň.
"geňlemegi" diňlesem şö diýo: meni ýokarky setirdäki "diňlesem"-e ýolloş wol diýip zorlap getirdiler...

---
başy – başagaýlyk, dogan-garyndaş bilen görüşmäge wagt tapmazlyk....

ortasy – ýalňyzlyga çekilmek, ada gitmek, asudalyk.... (hany doganyňy görjekdiň, wagt tapsaň?)

soňy – ýene-de öňkü-öňkülige dolanmak...

indi?
3/10
avatar
0
12 Hyýalbent • 16:08, 06.03.2024
6/10
Awtora üstünlik
avatar
0
13 LegLek • 18:53, 06.03.2024
6/10
avatar
0
14 paragraph • 04:49, 07.03.2024
7/10
avatar
0
15 Lacrymosa • 10:59, 10.03.2024
Nähili ýürekdeş! ýüregiňe giriiiip gidýär! 10 bal 10
avatar
0
16 janjennet • 13:45, 13.03.2024
5/10
avatar
0
17 Rowaç • 18:24, 20.03.2024
4/10.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202