Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:41
Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýe - soňy
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR

* * *

Bir ýyl gurak geldi. Daýhanlar öňküçe hasyl alyp bilmediler. Az hasyl bilen köp salgyt tölemek her bir daýhana başartjak däldi. Eger salgydyň möçberi azaldylmasa, daýhanlaryň aglabasy tozjakdy. Pirmämmet kethuda bilen Ymamberdi aga özara pikir alşyp, Ysmaýyl işanyň ýanyna bardylar. Üç bolup, bir pikire gelensoňlar, bu ýagdaý barada beg bilen maslahat etmek kararyna gelindi.
Zylhandar beg parasatly adamdy. Ol ýaşulularyň sözüni üns berip diňländen soň:
 Hop, ýagşy, näme maslahat?  diýip sorady.
 Bizi diňleseň, maslahat şeýle, beg,  diýip, Pirmämmet kethuda gürrüňe başlady.  Hanyň ýanyna gitmeli. Salgytlaryň azaldylmalydygyny aýtmaly, düşündirmeli. Daýhan tozsa, kim galla eker?
 Pirmämmet rast aýdýa  diýip, Ysmaýyl işan alyp göterdi.  Eger halk güzeranyny dolandyryp bilmese, salgyt töläp bilmez, salgyt tölemese-de, döwletiň girdejisi kemeler. Soň daýhan özüni tutýança, esli ýyl gerek bor. Şonuň üçin şu bir ýyl eglişik etseler, indiki ýyl, Alla halap, hasyl gowy bolsa, salgydam berler. Ýagny “döwlet bilen raýat arkalaşmaly” diýjek bolýan.
 Bu aýdýanlaňyz dogry  diýip, beg ýene gürrüňe goşuldy.  Ýöne, meniň pikirimçe, hanyň ýanyna bir adam barmaly däl, topar barmaly. Änewiň sylanýan, hormatlanýan adamlaryndan düzülen topar. Mysal üçin, siz üçiňiz. Siz  halkyň wekili. Dogry, halkyň garamaty biziň boýnumyzda, ýöne begem halk bilen begdir, hanam, düşünse, halk bilen handyr.
 Men uzak ýola ýaraman, beg,  diýip, Ysmaýyl işan jogap berdi. Onuň uzak ýola ýaramajagy görnüp durdy. Demini zordan alýardy. Üsgülewügi tutanda, çym-gyzyl bolup, zordan özüni dürseýärdi.  Meniň ýerime Gurbangulyny alyň. Onuň çopanlygyna garamaň, sowady ýetikdir, üstesine, dilewaram. Şygyr-zadam aýdyberýä gelişdiribräge-de. Şony äkitseňiz, ýalňyşmarsyňyz.
 Menem bir zat aýdaýyn, beg  diýip, Ymamberdi aga dillendi.  Sowgat-salamam almalydyr. Näme almaly, näme äkitmeli, bu barada gowuja oýlanyşalyň. Han halky köp bilýändir, her zatdan bir many çykarýandyr. Birden, bilmezlikden, ters many çykarjak zadyny eltäýmäliň.
 Gitjek uçurlarymyz bu meselänem maslahat bilen çözeris. Häzir toparymyzy jemläli  diýip, beg sözüni dowam etdirdi.  Pirmämmet aga, siz nähili, ýararsyňyzmy uzak ýola?
 Hudaýa şükür, saglygymdan zeýrenemok. Il bähbitli iş üçin Tährana-da giderin.
 Onda, işan aga, siziň ýeriňize Gurbangulyny alýas. Ymamberdi aga, siz, Garaoglan, Öwezgelen… Işan aga, siz bir hat ýazyp berseňiz, barmaga rugsat sorap, çapar ibereli, han barmaly günümizi belli etsin. Ur-tut üstüni bassak, edepsizlik bolar.
* * *
Bellenilen günüň bir gün öň ýany Zylhandar begiň ýolbaşçylygynda Änewden ugran töwella topary gijara Mämmedabada ýetdi. Bir gije kerwensaraýda ýatyp, ertesi säher namazyndan soň oturyp, maslahat etdiler. Han bilen gürrüňi alyp barmaly esasy şahs Zylhandar beg bolmalydy. Beýlekiler onuň hereketini yzarlap, sözüniň manysyny tirip, gerek ýerinde gürrüňe goşulmaga taýyn bolup oturmalydylar. Beg kimiň gürrüňe goşulmagyny islese, şonuň ýüzüne seretmelidi…
Maslahatdan soň olar hanyň çakylygyna garaşdylar. Çakylyk günortana golaý geldi. Görnüşine görä, han günortan naharyny myhmanlar bilen iýip, öýle namazyny jemagat bolup okamakçy ýalydy. Bu ýagdaý umytlandyryjydy, çünki, adatça, bile namaz okan adamyň haýyşy ýerine ýetirilýärdi. Şonuň üçin-de olar bellenilen wagty getiren sowgat-salamlaryny-da alyp, umyt bilen hanyň huzuryna ugradylar. Han, myhmanlar geler uçurlarda howluda aýal-ebtat görünmesin diýen niýet bilen çykan bolmaly, bulary howlusynda garşy aldy. Ählisi bilen elleşip, gadyrly salamlaşdy. Ýanynda duran hyzmatkärlerine ümläp, myhmanlaryň getiren sowgatlaryny öýe saldyrdy. Agyzdyrygyny çeýnäp, çarpaýa galaýyn diýip duran atdan welin gözüni aýryp bilmedi. Şonuň üçinem myhmanlaryny biraz gapyda egläp, soň içerik girmäge çagyrdy.
Han desterhany dürli-dümen nygmatdan doludy. Orta getirilen zatlaryň dörtden birem iýilmedi. Töwir galdyrylyp, aýat okalandan soň, Zylhandar beg usullyk bilen gürrüňe başlady:
 Döwletiňiz yrylmasyn, han aga! Saçagyňyzyň bereketi artsyn!
 Ämin!  aksakgallar ony goldadylar.
Beg sözüni dowam etdirdi:
 Siziň adalatyňyzyň saýasynda, Hudaýa şükür, ýurdumyz emin-amanlyk. Biziň Änew ilimizem döwlete wepaly, han hezretlerine sadykdyr  diýip, beg gürrüňi uzakdan aýlap başlady. Onuň beýle diýmegi, ýagny ara döwleti goşmagy: “Meselämizi sen çözmeseň, merkezi döwlete ýüz tutarys” diýdigidi.
 Döwletem, begem, hanam halk bilen bolanda güýçlüdir  diýip, begiň özüne seredenini gören Ymamberdi aga alyp göterdi.  Şol sebäpden biz döwletiň berkararlygy üçin agzybirligi saklamaly. Mundan ötri ýerli-ýerden tagalla etmeli.
Han myhmanlaryny ümsüm diňläp oturyşyna, olaryň matlabyna düşünmäge çalyşýardy, ýöne belli bir karara gelip bilmänsoň, gaçara-kowara maý bolar ýaly, özem aýlawlyrak gürlemegi ýüregine düwdi:
 Bizem döwletiň berkararlygy, raýatyň rahatlygy üçin elimizden gelenini edýändiris.
 Bu barada gep bolup bilmez, han aga! Hut şunuň üçin, ýagny size ynamymyz uly bolany üçin, huzuryňyza geldik, han aga!  diýip, indi Pirmämmet kethuda alyp göterdi.  Umydymyz uly, tamamyz köpdür, han aga!
 Döwletiň berkararlygyny saklamakda, ony daşky duşmanlardan goramakda Änew galasynyňam, halkynyňam hyzmaty uludyr, han aga!  diýip, beg ýene gep nobatyny özüne aldy.  Özüňiz bilýäňiz, han aga! Bu ýyl gurak geldi. Hasyl öňküçe bolmady. Eger biz şu ýylam salgydy öňküler ýaly doly alsak, daýhan tozar, han aga. Bir tozansoňam, aýaga galyp bilmez. Daýhan tozsa-da, salgyt ýygnalmaz, şonuň üçin şu ýyl salgydy biraz kemäýseňiz diýýäs. Biziň towakgamyz-a şu, han aga.
Han Zylhandar begiň näme diýjek bolýandygyna düşündi. Ol: “Şu ýyllykça öz nebsiňi sakla-da, diňe merkezi hökümete bermeli salgydy salaý daýhana” diýýärdi. Han oýa batdy. Bu saparyň, bu sowgat-salamyň yzynda bir syryň bardygyny öňem aňman duranokdy. Indi ol syr äşgär boldy. Indi han karara gelmelidi. Otaga ümsümlik aralaşdy. Agyr ümsümlik. Hiç kimden ses çykanokdy, adamlaryň dem alşy eşidilýärdi. Ahyry han dillendi:
 Agram maňa düşýär-dä. Siziň berjek salgydyňyzyň üstüni öz hasabyma dolmaly bolýan-da.
Hanyň göz-görtele ýalan sözleýändigini bilse-de, onuň gaharlanman, ýumşak gürleýşinden umytlanan beg hanyň göwnünden turaýjak sözleri aýtdy:
 Han aga! Änew halky siziň bu ýagşylygyňyzy unutmaz. “Ýagşydan at galar” diýipdirler. Enşaalla, siziň adyňyz ebedi ýaşar halkyň aňynda.
 Guraklyk diňe sizde bolmady ahbetin. Siziň aýdyşyňyzdan, men özüme tabyn ähli daýhanyň salgydyny özüm tölemeli-dä, şeýlemi? Agyr ýük ýükleýän dälsiňiz-dä hanyň üstüne?  diýip, han bada ýumşaklyk edenine ökünýän ýaly, biraz gurak gürledi.
Gep şu ýere ýetende, beg Gurbangulynyň ýüzüne seretdi.
 Beýle ýagdaý bola-bola gelýändir, han aga. Ine, meselem, seljuk soltanlarynyň beýik weziri Nyzamylmülk (Alla olara rähmet etsin!) soltanlar üçin ýazan kitabynda bu barada şeýle diýýär: amyla* iş tabşyranyňda, оlara nesihat edip, öwüt bermek zerur ki, Huda bendeleri bilen hоş reftar edip, kanuny salgytdan başga hiç zat talap etmesinler, salgydy bоlsa mudara we hоş dil bilen almak gerekdir. Hasyl ýygnalyp, ellerine bir zat düşinçä, оlardan hiç zat talap etmeli däldir, çünki wagtyndan öň talap etmek raýata zulum bоlar, harman wagty gelende bоlsa, zerurlykdan ýary baha satmaga mejbur bоlar, üflas ýagdaýa düşüp tоzar.
Raýatdan biri garyp düşüp, öküze, tоhuma mätäçligi bоlsa, оňa el uzadyp, karz bermek, ýüküni ýeňletmek gerek ki, ýerinde galsyn, öýüni terk edip, ýat welaýatlara gitmesin.
Raýatdan bir zat artyk alynsa, derhal оny eýesine gaýtarmak gerekdir. Munuň ýaly iş eden amylyň öz maly elinden alynmalydyr ki, başgalaryna sapak bоlsun we özgäniň malyna el uzatmasynlar.
Şu mazmunda şeýle hekaýatam bar, han aga. Rugsat bolsa, onam aýdyp bereýin.  Han “rugsat” diýen terzde baş atdy. Gurbanguly dowam etdirdi.  Gubad şanyň döwründe gökden bereket kesilip, ýedi ýyllap dünýäni gahatlyk büräpdir. Şa amyllara buýrupdyr ki, ýygnan gallalaryny halka satsynlar, kä bölegini sadaka bersinler, beýtulmaldan* we hazynadan ýoksullara kömek etsinler. Garaz, şоl ýedi ýylyň içinde bir adamam ajyndan ölmändir.
Han agyr oýa batdy: “Bularyň taýýarlykly geleni görnüp dur. Kimiň gürläp, kimiň dymmalydygyna çenli, kimiň näme diýmelidigine çenli jikme-jik elekden geçiripdirler. Näme jogap bersemkäm bulara? “Biraz puryja beriň, oýlanaýyn” diýsemmikäm. Ownadyň-ow, han! Öz raýatyňdan puryja soramak, heý, görlüp-eşidilen zatmy? Puryjany olar sorasyn senden, sen näme olardan puryja soramakçy bolýaň?”
Birden hanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol agyr ýagdaýdan çykalga tapan adam ýaly dillendi:
 Raýatam özümiziňki, döwletem, şonuň üçin, geliň, bir zat edeliň: men sizi boş gaýtarmaýyn, bu ýyl salgydy azaldaýyn, geljek ýylyň hasabyna.
 “Ýyllaryň” diýseňiz bolar, han aga. Bolmasa, bir ýylda iki esse salgydy töläp bolmaz  bu gürlän Garaoglandy.
 Bar, ýyllaryň bolsun  diýip, han garaşylmadyk aňsatlyk bilen ylalaşdy. Şeýtmek bilen-de ol Änew halkynyň boýnundan uzak ýyllara çekjek bergini asdy. Bolsa-da, gepleşikden iki tarapam razy galdy. Iki tarapam ýükleri ýeňlän ýaly bolup, ýeňillik bilen dem aldy.
Hut şol wagt, göýä bularyň gürrüňini gutararyna garaşyp duran ýaly, azan sesi eşidildi. Azan tamamlanýança, adamlar aşak bakyp, içlerinden dileg edip oturdylar. Soň Gurbanguly doga okady we adamlar ellerini ýüzlerine sylyp, ör turdular.
 Gulam,  diýip, han azmly gygyrdy.
 Buýruň, han aga!  hyzmatkär gapyda häzir boldy.
 Myhmanlara tärethanany görkez.
 Lepbeý, han aga!
Myhmanlar ýeke-ýeke tärethana girip-çykmaga başladylar. Gezek Gurbangula ýetdi. Onuň daş çykanyna suw içim salym geçipdi welin, howluda bir gyk-wak gopdy. Çirkin aýal sesleri eşidildi. Oturanlar tisginip gitdi. Hanyň ýüzi boz-ýaz bolup, boýnunyň damary tirsildäp ugrady. Edil şol wagtam gapy şarka açyldy-da, Gulam göründi:
 Han aga, han aga,  diýip, ol demi-demine ýetmän, zordan gürledi.  Han aga…
 Näme?  çydam käsesi dolan han aýylganç gygyrdy.
 Han aga, ýaňky myhman tärethana barýarka, birden pişige öwrüldi-de, siziň haremhanaňyza girdi.
 Näme?  hanyň tutuş göwresi sandyrap, atylyp, aýaga galdy. Hemmeler ör turdy.
 Hawa, gapydan girdi-de, penjireden çykyp gitdi, hezreti Abbas haky!
Bu habar otagyň içine bomba düşen ýaly etdi. Oňa hiç kim ynanmasa-da, barynyň kalbyna galpyldy aralaşdy. Gulam bolsa öňki ýaly sojap-sojap, zordan gürleýärdi.
 Ýalan!  diýip, gahary edebinden öňe geçen Öwezgelen gygyrdy.  Ýalan, heý, adamam bir pişige öwrülermi?
 Öwrüldi, han aga, öwrüldi. Öz gözüm bilen gördüm. Penjireden böküp çykdy-da, maňa bakyp ýylgyrdy, soňam tärethana tarap ylgap gitdi.
 Pişigem bir ýylgyrarmy, eý, kezzap!  bu jümläni birküç adam birden aýtdy.
 Ýylgyrdy, han aga, ymam Rza jan kessin, hut şeýle boldy.
Hanyň gazaby ýetjek derejesine ýetipdi. Ol ylgap bardy-da, diwardan asylgy gylyjyna ýapyşdy.
 Han aga!  diýip, myhmanlar ýerli-ýerden gygyryşdylar.  Gahar kapyrdyr, ýalan  şeýtan. Şeýtana ýol bermäň. Görüp dursuňyz-a, bu adam ýalan sözleýär.
 Walla, ýalan sözlämok, han aga! Eger ýalan bolsa, goý, hezret-i Alynyň gylyjy meni çapym-çapym çapsyn, kerçem-kerçem kerçesin, öz göz…
 Bes et!  diýip, han elindäki ýalaňaç gylyjy ýokaryk galdyryp gygyrdy.  Bolmasa, çaparyn iti çapan ýaly. Sen näme diýip dursuň, it ogly?!
 Han aga, maňa ynanmasaňyz, zöwjatlaryňyzdan soraň…  diýip, Gulam ýere ýazyldy-da, ýarym-ýaş aglap başlady.  Ömrümi hyzmatyňyzda geçirdim. Heý, ýalan sözlän ýerim bolupmydy?
Hanyň tüýsi üýtgedi. Ýüzi-gözi tanar ýaly bolmady. Gözüne gan indi. Gylyçly eli bir galyp, bir inip başlady. Öwzaýyň bozukdygyny aňan Pirmämmet kethuda gürrüňe goşulmaga howlukdy:
 Eger Gulamyň aýdýanlarynyň bir kelemesi dogry bolsa, han aga, günäkäri özümiz jezalandyrarys. Ýok, eger ýalan bolsa, oň ýalandygyna birjik-de şübhämiz ýok, onda abraýyňyzy dökeni üçin, Gulamy özüňiz jezalandyryň.
 Han aga, Gurbanguly aşa takwa, Hudaýhon adam. Onuň beýle iş etmegi hiç akyla sygjak zat däl.  Zylhandar beg birden gijä galaýmaýyn diýýän ýaly, çalt-çalt gürledi.  Ol siziň kakaňyzyň dosty Nedirmämmet mollanyň şägirdi. Şu sözüň ýalandygyna, Gurbangulynyň çigit ýalyjagam günäsiniň ýokdugyna Allanyň we bendesiniň öňünde päkdigine güwä geçýän. Eger bu söz dogry bolsa, diňe ony däl, ählimizi gylyçdan geçirseňizem, hakyňyz bar, çünki ony bu ýere, siziň mübärek ojagyňyza men getirdim.
Bu wagt Gulam:
 Han aga  diýip, bir zatlar diýjek boldy, emma hanyň gazaply sesi onuň badyny aldy:
 Tur ýeriňden!  Han gylyjynyň ters tarapyny Gulamyň ýeňsesine syhady.  Şu gürrüň şu howludan başga ýerde çykaýsa, et kerçän ýaly kerçärin. Düşündiňmi?
Sowuk gylyç tenine degenden, zähresi ýarylan Gulamyň ne “hä” diýmäge ýagdaýy boldy, ne-de “ýo”.
Adamlar näme etjeklerini bilmän, gidibermäniňem ebeteýini tapman ýaýdanyp durdular.
 Zylhandar  diýip, hanyň gaharly sesi eşidildi.
 Buýruň, han aga!
 Ol azgyny goýuň-da, saýlanyň şu ýerden!
 Meni ryswa etmäň, han aga! Ony men alyp geldim…
 Azgyny goýuň-da gidiň!
 Han aga, “ilçä ölüm ýok” diýipdirler. Ol siziň huzuryňyza ilçi bolup geldi.
 Azgynlyk etmek üçinmi?
 Munuň ýalandygy göz-görtele ahbetin! Heý, adamam pişige öwrülermi? Heý, pişigem ýylgyrarmy? Bu biziň duşmanlarymyzyň pirimi. Siziň gulamyňyz biziň duşmanlarymyz bilen elbir bolupdyr. Şondan ägä boluň!
Hut şu mahal tärethanadan çykan, hiç zatdan bihabar Gurbanguly başyny aşak salyp, ýere bakyp, bulara tarap ugrady. Ony gören han: “Häý, seniň bir!” diýip, eli gylyçly oňa tarap topuldy. Adamlar ony halka aldylar. Han:
 Goýberiň meni, ony çapym-çapym edeýin  diýip gygyrýardy. Hiç zada düşünmän, aňk-taňk bolup duran Gurbanguly bolsa bir onuň, bir munuň ýüzüne seredýärdi.
Bu gyk-wak uzaga çekdi. Ahyrynda han hiç kimiň ýüzüne seretmän:
 Zylhandar, bu sülsadyňy jemle-de, güm bol şu ýerden!  diýdi.

* * *
Änewden gelen ilçi topary ýüzüne urlan ýaly bolup, hanyň galasyndan çykdy. Gabahat iş eden ýaly, dymşyp barýardylar. Ýaşlygyndan bolsa gerek, Öwezgelen bu ýagdaýa çydap bilmedi:
 Wah, ýaňy gylyjym bolan bolsady…
 Näme ederdiň?  diýip, Garaoglan sorady.
 Çapardym ýaňky kezzaby.
 Işimiz-ä sen görjek ekeniň. Şeýdäýen bolsaň, birimizem galadan diri çykmazdyk.
 Bir-ikisini-hä alardym.
 Boldugymy onsoň şol? Iki günälini öldürip, on bigünäni gurban bererdiň-dä.
 Baryňy gylyçdan geçiräýende, ganyňy sorajak barmy? Han entegem geçirimlilik etdi  diýip, Ymamberdi aga gürrüňe goşuldy.  Dogrusy, gürrüňiň ula gitmegini islemedi, “Hanyň haremhanasyna ýat kişi giripdir” diýen gürrüň ýaýrasa, uly masgaraçylyk-da. Ilçileri öldürmegi bolsa hakykaty bilmeýän adamlara bu habaryň çynlygynyň delili bolup görnerdi.
Şunuň bilen gep gutardy hasap etdiler, emma beýle däl eken. Şondan iki-üç hepde töweregi geçensoň, obanyň çekenesini bakýan Gurbanguly ýitirim boldy. Ýene üç-dört günden bolsa: “Han Gurbangulyny dardan asdyrypdyr” diýen habar ýaýrady. Bu habaryň çyndygyny, ýalandygyny bilen bolmady.

* * *

Milatdan 1860, hijretden 1239 ýyl gecipdi. Durmuş özüniň ýagşylygy, ýamanlygy bilen dowam edýärdi. Birdenem tutuş Änew ilatyny sarsdyran habar ýaýyldy gala: ýagy gelýär. Uly-kiçi, aýal-erkek, çaga-çuga  hemmeler gije-gündiz diňe ýagynyň gürrüňini edýärdi. Biri ýygan baýlygyny nädip saklajakdygy barada pikir etse, ýene biri özünden geçip, çagalaryny aman alyp galmagyň aladasyny edýärdi. Öwezgelen ýaly özüne göwni ýetýänler bolsa: “Gelewersin, bolmasa, gylyjymyzam poslap gitjek gynynda. “Ýigit − ýagyda belli” diýipdirler, kimiň kimdigem belli bor şonda” diýse, käbirleri: “Ýagydan − ýaý boýy” diýipdirler, henizem bir pille, göçeli” diýýärdi. Ýöne köplügiň pikiri meňzeşdi: ýagy görmedik zadymyz däl, bu-da birimiş-dä. Maňlaýdakyny göreris…
Ýaşulular bolsa begiň daşyna üýşüp, galanyň goragy barada çynlakaý gürrüň edýärdiler. Bu ýerde-de belli bir pikir ýokdy. Bir topar: “Uruşmalyň, ýagam adamdyr. Dilini tapsaň, haýwanam mugyra gelýär ahbetin” diýse, ýene bir topar: “Şu sapar şolar gaýdyp gelmez ýaly edeli” diýýärdi. Dura-bara “Duşmana gaýtawul bermeli” diýen pikir üstün çykdy. Gala çyny bilen goraga taýynlyk görüp başlady…
Bölümler: Powestler | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 Kyyas • 20:50, 11.03.2024
Şu türk seriýallary görýäni bildirýär. Hany samsyk ýerine goýupdyr. Ýöne Mekdep temasy ýaly, Dessan görnüşde gelen diýseñem bolman duranok. ( Häzir şol dessanlary hiç kim okasy gelmez) bu eserem kiçi ýaşlara degişli eser.

Menem öz bolşuma hekaýa başlapdym. Bir dosduma görkezdim, welin tüweleme sen eserde hic hili erbet häsiýetli adam görkezmänsin hemmesini ak guş edipsin diýdi. Bulam şoña meñzeş. (Awtor hiç adamy erbet görkezesi gelmändir) aşa ýumşaklyk duýulýar. Ýazylyşynda taryhy roman etjek bolunypdyr( bolupdyram) emma diñe mekdep ýaşlylara degişli kabul etdim. (Uly ýaşdakylardanam gyzyklanan bolar) ýöne Bu Edebýat bilen meşgul bolýanlar, kemçiligini başyndan soñuna çenli okap bilseler. Berekella diýmeli. Üns cekdirjek täsir gözleýänler okamaz. Bu eserde kemi däl gowy ýerlerem bar. Powest üçin ýazan bolsa, Powest diýmekden pesräk gelýär. Eger birinji synanşygy bolsa, berekella! Synanmagyn özem uly zat. Üstünlik!

Men-ä ýazyp biljek däl şunuñ ýaly edip, başarman.
avatar
1
2 janjennet • 23:00, 11.03.2024
Şu aýal-ebtatly ýerini gowlaşdyrsa başy bn soňyny haladym men-â. Bibini, soň ýene bir gelni synlap ýörşi birtüýsli "gyzyl-çyzyla bolmaýan" ýalyrak ýalam bolaýýa. Ýalňyşmasam 7 ýa 8-nji klasda geçipdik Dosmuhammet şahyry. Şondan soň gyzyklanmalydyram öýtmändirin. Ýa öňümden çykmandyr. Bir döwür(mekdep döwri) öňümden çykan zady okardym. Köp zat öwrenip boljak eken. Änewiň taryhynam okamaly okamaly dp... Yöne gyssanylyp kesilipdir öýdýän. Dowamynam ýazsa okardym.
1-nji teswire:
Kiçiräk powest, entek işlese has ösdürip biljege meňzeýär, oňada wagt gerek.erbet adamlaňam bardygy ýatladylyp durulýa:
"Kakam dogry aýdýar: olaryň imany ýok. Imanlary bolan bolsady beýtmezdiler. Ahyrzamana golaý gelen bolmaly. Eger dili kelamly mollasy, müftüsi, kazysy-kelany imanyny ýuwudan bolsa, bu Ýer oňa nähili çydaýarka? Nädip, ýarylman, parça-parça bolman durka? Allanyň geçirimliligi, mähribanlygy dälmi bu apy-tupany saklap duran?!"
avatar
1
3 janjennet • 23:06, 11.03.2024
awtor şo döwrüň taryhyny mazaly öwrenene meňzeýär. bäsleşigem kellesindäkileri ýazga geçirmäge bahana bolandyr. Birinji ýazan badyna-da ugradandyr, dp pikir etdim.
avatar
0
4 medi • 23:43, 11.03.2024
Gowy proza eserleri okaýaň. Esli wagtlap täsirinden çykyp bolanok. Özüňem ýazasyň gelip gitýär. Ýöne göreýmäne kyn däl ýaly, emma başyna barsaň hezil berenok. Eserdäki wakalar ýönekeý, eliňe galam alsaň özüňem ýazaýjak ýaly başardanok.

"Her kişiniň işi däldir, deriden don eýlemek." dilşi ýaly, her galam alan gowy eser döredip bilmeýär.

p.s powesti okamadym. üstünlik awtor
avatar
0
5 garagar • 23:46, 11.03.2024
5/10
avatar
0
6 Sylapberdi • 09:47, 12.03.2024
Powestdäki wakalar gürrüñ berilýär. Bu usul häzirki jemgyyetiñ %80 göterimine bolýar. Bu saýtdakykar hakda aytsam, köpümize yaramaz, ýazylyş uslybam, wakalaryñ yzygiderligi bozulýan yzygiderligi hem, umuman bir döredijilik adamynyñ ömri il içinde bar bolan rowaýatlar esasynda proza eserine salynjak bolnupdyr, şonuñ bilen birlikde Dostmuhammedin ýaşan dowrüni hem gaty bişow görkezipdir. Powestde salgytlaryñ kemeldilmegini towakga edip Mâmmedeabada gidýan ilçi toparyñ edýän gürrüñlerini teswirleýän awtor öz sözi bilen “Meselämizi sen çözmeseň, merkezi döwlete ýüz tutarys” diýdigidi. diýýän ýeri günürtik. Şol döwür Änew Eyrana garaşly bolan bolsa, merkezi döwlet diýip oturmak gerekmika?
avatar
0
7 Sylapberdi • 09:54, 12.03.2024
Ýokarda janjennet agzanyñ bäsleşigem kellesindäkileri ýazga geçirmäge bahana bolandyr diýenne goşulamok. Öñem ýazyp ýörendir, birden ýazyp bolasy ýok, Maglumat gorlaryny toplamagam añsat däl, ýazmagam harsal işlâninde hem añsat däldir diýip çaklaýan.
avatar
0
8 aygull • 10:29, 12.03.2024
8/10
avatar
0
9 janjennet • 14:59, 13.03.2024
7/10
avatar
0
10 Hyýalbent • 18:37, 18.03.2024
8/10
avatar
0
11 Pero • 22:53, 18.03.2024
7/10
avatar
0
12 paragraph • 05:06, 20.03.2024
8/10
avatar
0
13 Seýrаn • 05:45, 20.03.2024
6/10
avatar
0
14 sussupessimist • 21:47, 20.03.2024
Bu poweste baha goýan az bolaýmasa. Meniň-ä, dogrusy, okamaga sabrym ýetmedi, ýöne awtoryň zähmedine hormat hökmünde:
5/10
avatar
0
15 Mekan • 22:06, 20.03.2024
Okamadym

6/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 202