Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:02
A düýn uludym

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

A DÜÝN ULUDYM

Arzuwlarmy gussalara talatdym,
Töläp bilmän başa salnan salgydy.
Gara geýip, ýas baglaýar umydym,
Her gün okap maňa nälet, gargyşy!

Duýgularym doňup galdy jöwzada,
Eretmäge Günüň howry ýetenok.
Wah, bitdi-le, käbäm, tyg ýaralary,
Dil ýarasy welin heniz bitenok.

Soňsuz sowallara boglan akylym,
Diýýär käte "terk etjek şu beýini!"
Ýa-da ýürek bilen zenzele tuzrup,
Ýetirýärler yzadan-a eýimi.

Gurçuk iýen agaç ýaly guradym,
Hasrat gurçuk bolup tenim gemirdi.
"Bagtly" diýdiler daşdan görenler,
İcimdäki partlan wulkany welin,
Ezizimden başga hiç kim görmedi.

Ýyllar ýylgyn bolup ýüzüm sypady,
Şemal saçym bilen edenok oýun.
Söýgümi?
(Toba, aýtmagam elhenç)
Utanç agajyndan özüni asdy,
Betbagtlylyk gelip bozan soň toýun.

Şondan bäri ýas baglaýar umydym,
Bu gün şeýle kiçeldim öz öňümde
A düýn uludym...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 159 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Şagül Dowadowa | Рейтинг: 3.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
0
1 aygull • 12:35, 24.02.2024
Içiňde partlan wulkany eziziň görüp bilýän bolsa, söýgä nadyl bolmaga bahana ýok. Kamindäki ýasama ot ýaly goşgy.
2/10.
avatar
0
2 Mekan2 • 12:36, 24.02.2024
öňki goşgulara berem bahalama garaňda.

8/10

käbämiň öňüne soňuna otur gerek. goşa dyrnaklary düzetmeli, zenzeläň arasyna defis gerek däl, tobadan soň otur....

şu setiri
Ýetirýärler yzadan-a eýimi.
birhiliräk gördüm (umuman şo bendi).
avatar
0
3 Arzuw_Umydow • 13:06, 24.02.2024
Beýan edişi, bir liniýa boýunça gidişi gowy.
Ýöne, gowy meñzetmeler gowy duýguny gysypdyr.
Enäni goşman ýazyp, özünem 4 bentde jemlese gowy bolardy.
avatar
0
4 Pero • 13:49, 24.02.2024
6/10
avatar
-1
5 Lacrymosa • 13:58, 24.02.2024
Köpekmyrat Akow 10 bal!
avatar
0
6 Küle • 16:32, 24.02.2024
5/10
avatar
0
7 Hyýalbent • 17:36, 24.02.2024
6/10
Awtora üstünlik
avatar
1
8 Pero • 20:19, 24.02.2024
Saýtdaşlar,ses berlişikde hödürlenỳän ähli eserlere sesimizi bermesek,haus dörärmikä diýýän. Sebäbi şu güne çenli üns berip gelýän weli,bir esere 5 adam,başga bir esere 10 adam ses berýär(meselem). Beýtmäliñ!!!
avatar
0
9 garagar • 20:40, 24.02.2024
5/10
avatar
1
10 sussupessimist • 21:08, 24.02.2024
4/10 – söyginiň utanç agajyndan asylmagy bal goşdy
avatar
0
11 derwushhana • 01:31, 25.02.2024
5/10
avatar
0
12 LegLek • 18:05, 25.02.2024
«Jäjekleri» aşa kän.
Awtor tebigylykdan daşlaşman, ýüreginden geleni ýazsa, gowy bolarmyka diýýän.
Ýürekden çykan ýürege barar.

Awtora üstünlik!

5/10
avatar
0
13 LegLek • 18:07, 25.02.2024
«Beýini» däl, «beýnini» bolmaly.
avatar
0
14 Kyyas • 21:40, 25.02.2024
Goşgyda gowyja sözler bar, tanyş äheñ! Üstünlik!
avatar
0
15 Мango • 03:14, 26.02.2024
4/10
avatar
0
16 Seýrаn • 20:41, 26.02.2024
Ikinji bent artyk eken. Ýazyp bilýäne meňzeýä. 5/10
avatar
0
17 Gerceknazar96 • 19:21, 27.02.2024
5/10
avatar
0
18 paragraph • 04:44, 02.03.2024
9/10
avatar
0
19 Мukam • 21:19, 02.03.2024
Goşgy gowy ýaly görünýär. Baýramyñ äheñi ekeni awtor belki şoldur diýip çaklaýan
avatar
0
20 Балканов • 21:38, 03.03.2024
Kerim Gurbannepesow: "Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken"
Tüweleme! Berekella! Отлично! Excellent!
Üstünlikler dileg edýärin!
avatar
0
21 janjennet • 13:41, 13.03.2024
teswir 8-e. şeýtmejek bolup ýeke ýeke girip goýşdurup ýön... şeýtmäliň.

4/10
avatar
0
22 Gülkamat • 17:01, 21.03.2024
8/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203