Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:03
Gurbannazaryň setirleri haýsylar?

GURBANNAZARYŇ SETIRLERI HAÝSYLAR?

Bu goşgynyň “ýaşy” 50-den geçýär. Ony ýazamda men entek öýlenmändim. Söýüşýänimem ýokdy. Söýgi, öýlenmek diýlen zada-da gaty ýöntem düşünýärdim. Nähili ýöntem? Ýöntem diýýänim söýmek, öýlenmek diýilýän, adamlara nesillerini dowam etdirmek, köpelmek üçin gerekdir diýip hasap edýärdim. Bu ýalňyşam däl. Onuň düýp manysy dogry. Emma düýp manydan öňde ýürek, häsiýet, söýeniň bilen dünýäňi paýlaşyp bilmek diýen ýaly gaty köp meseleler ýatýan eken. Bir gyz göwnüňe ýarady, senem onuň bilen toý edýäň ýaşaşyberýäň däl.

Muňa düşünen günümem şu goşgy ýazyldy. Ony Gurbannazar gowy görüp alyp gitdi. Şol gije-de onuň öýüne Atajan Annaberdiýew diýip Marydan bir şahyr myhmançylyga gelipdir. Gurbannazar meniň goşgymy oňa-da okap beripdir. Olaryň goşgy hakynda uzak gürrüň edendigini, soňam Gurbannazaryň oňa Atajanyň maslahaty bilen bir küplet goşandygyny özi gürrüň berdi. Menem onuň bilen razylaşdym. Şondan soň Gurbannazar ýazan zatlarymyň hiç birine üýtgeşme girizmedi. Muny etmek dogrymy ýa ýalňyş? Men şol wagt dogry diýip kabul etdim. Sebäbi ol halypa şahyr. Şol setirlerini meniň ýazan zatlarym esasynda ýazypdyr. O döwürler gazetlere ýazan zadyňy elteňde redaksiýa öz talabyna esaslanyp käbir zatlary ýazan zadyňdan aýryp ýa-da ony çalarak üýtgedip bilýärdiler. Muny şol döwürlerde eseri çap bolanlar bilýändir. Muňa näçe garşy çyksaňam olar etjeklerini edýärdiler. Kä ýagdaýda üýtgedilmegine razy bolman eseriňi yzyna alyp gaýtmalam bolýardy. Üýtgetsemem özüm üýtgedeýin diýýäň. Ýa-da ýazanyňy ýazyşyň ýaly çap etjek redaksiýa barýaň. Bu zatlar dogrusy ýazyjylygyň içki işleri.

Men bu goşgymdaky Atajan Annaberdiň teklibi bilen Gurbannazar Eziziň ýazan küpledini tanamagy özüňize goýýan.

Ine-de goşgy.

ÝALŇYŞMA SÖÝGIM

Ýekeje dilegim, ýalňyşma, söýgim,
Seniň ýoluň tämizlikde synalar.
Bu dünýede goýup giden yzlarym,
Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.

Başga bir söýginiň jogaby bolma,
Öz söýgiň üçinem sorama jogap.
Söýýänleri üçin zor bilen söýme,
Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

Algy-bergi kimin söýüp, söýülip,
Dünýeden niçeler bigam ötdüler.
Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,
Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.

Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,
Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.
Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,
Olar aň perzendi, sen ýürek tary.

Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,
Oda perwanalar urulýar dogry.
Ine, şonuň üçin hak söýgini söý,
Ine, şonuň üçin söýgün sen dogry.

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/gurbannazaryn-setirleri-haysylar-691/
Bölümler: Makalalar | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Мango • 14:07, 03.11.2023
Gurbannazaryň kupleti ikinji bolaýmasa:

Başga bir söýginiň jogaby bolma,
Öz söýgiň üçinem sorama jogap.
Söýýänleri üçin zor bilen söýme,
Söýmediler diýip ýagmagyn borap.
avatar
0
2 Myhman1185 • 14:46, 03.11.2023
Ya-da 4-nji bent

sen ýalňyşsaň kömege geler,
Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.
Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,
Olar aň perzendi, sen ýürek tary
avatar
0
3 Medicall • 15:32, 03.11.2023
Iñ soñky bent Gurbannazar Ezizowy ýatladyar:

Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,
Oda perwanalar urulýar dogry.
Ine, şonuň üçin hak söýgini söý,
Ine, şonuň üçin söýgün sen dogry.
avatar
0
4 Myhman1185 • 17:04, 03.11.2023
Soñky bendiñ soñky iki setiriniñ başlaýyş äheñi Gurbannazary yatladya, dogry. Ýöne perwanalañ oda urulmagy ýaly köne öwüşginli setir Gurbannazar ýazsa-da ýaş şahyryñ goşgusy üçin ýazmazmyka diýän.

O iki setiriñ Gurbannazaryñka meñzeşligem ýaş şahyryñ halypasyndan täsirlenmegi bolup biler.
avatar
0
5 Medicall • 17:53, 03.11.2023
Göräymage ählisem bir adamyñ poçerki ýalam bolup dur. Bu ilki bilen şol wagtlarky ýaşlaryñ Gurbannazar Ezizowdan täsirlenendiklerindenmika diyyan. Bu goşgya G. Ezizowyñ bendi meñzeş bolmagy ol beyleki bentlere utgaşykly ýazylmagyndan bolup biler. Umuman tanamak kyn
avatar
0
6 Pegas • 20:34, 03.11.2023
Menem 4-nji bentmikä diýýän.
avatar
0
7 Kyyas • 19:17, 05.11.2023
Ikinji bent.
avatar
0
8 Kyyas • 19:21, 05.11.2023
Başga bir söýginiň jogaby bolma,
Öz söýgiň üçinem sorama jogap.
Söýýänleri üçin zor bilen söýme,
Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

Şu setirlerde ýaş wagtyñ aýdyp bilmejek ýagny başyndan geçiren maslahat beriji setirler bar. Meñ pikirimçe şu setirlerde
avatar

Старая форма входа
Total users: 203