Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:09
Gurbannazar näme üçin goşgyny gowy gördi?

GURBANNAZAR NÄME ÜÇIN GOŞGYNY GOWY GÖRDI?

Gurbannazaryň ýazan beýdiniň haýsydygyny aýtmankam goşgy hakynda biraz gürrüň bereýin. Ýalňyşan söýgini görmedik bolsam ony ýazyp bilmezdim. On dokuz ýaşymda ol maňa şeýlebir täsir etdi, özüm şeýle güne galan ýaly boldum.

Hiç kimem söýgiň ýalňyşmasyn diýmeýärdi. Maňa söýjegiňi bilip, tanap söýgün, ýalňyşmagyn diýýärdiler. Emma seniň bilmegiň, tanamagyň ýalňyşmajagyňa kepil bolup bilýärmi? Ýok. Onda näme etmeli? Men söýgiň özüne ýalňyşma diýdim. Söýgüden dileg edip bolmaýar. Dileg Alladan edilýär. Men dilegi Alladan etdim. Ýogsa goşguda söýgüden dileg edilýän ýaly okalýar. Ýöne men özüm ýaly birine ýüzlenen ýaly söýgüme ýüzlendim. Oňa tämizlikde synaljakdygyny, bu dünýede meniň goýup gitjek yzlarymyň (neslimiň) onuň bilen yzlanjakdygyny aýtdym. Şonuň üçin ol özi ýaly başga bir söýgüniň jogaby boljak bolmaly däldir. Öz söýgüsi üçinem jogap islemeli däldir. Eger muny etse, söýenleri üçin zor bilen söýmeli bolar. Söýmeselerem kyn güne düşüp, Asmanyň çagbalap ýagýan ýagyşy ýaly aglamaly bolar. Iň ýamanam iki söýgi algy-bergi ýaly bir zada öwrüler. Özem şeýle bir öwrüler, ony mazaryň öň ýüzünde, ýagny soňky demleriňde bilip galarsyň. Eger sen ýalňyşaýsaň ony düzetjek bolaryn. Ähli güýjümi, gaýratymy goýaryn. Emma etjek alajym bolmaz. Çünki söýgi ýürekden gaýdýar. Söýgä söýgüden başga erk edýän zat ýokdur. Kebelekler aşyk bolan ýagtysyna, oda dogry urulýandyrlar. (Hakykatdanam, kebelekler öz jübütini gözlänlerinde ýagtylyk çykarýarlar. Şol ýagtyny görübem jübüti oňa tarap uçup gaýdaýar). Şonuň üçinem hak söýgüni söý, özem ýalandan bolmasyn.

Bu goşguda adaty söýgi lirikasyndaky göz-gaşam ýok, gara zülplerem. Hatda owadan gülem, tebigatam ýok. Oňa derek söýgiň özi bilen, ony şeýle hormatlap gürleşmek, ýüzlenmek bar. Hemme aýdylýan zatlaram ýürekden. 19-ýaşlyň çyny bilen aýdan zatlary.

Gurbannazar muny bada-bat bildi. Goşgymy begenip alyp gitdi. Menem ýazan zatlaryňy mydam şeýdip ýüregiňde näme bar bolsa şony aýdyp ýazmalydygyna düşündim. Häzirem şoňa eýermäge çalyşýaryn. Ony okap kim “ýürejige” ikirjiňläp bassyn, ýa asla basmasyn meniň işim däl. Meniň işim ýürekden ýazmak.

Gurbannazaryň küplediniň tanatmaýandygyny ýaşlaryň oňa şeýle ökde öýkünip bilendikleri bilen düşündirmäge çalyşýarlar. Hawa men ýazan zadyňy ýürekden ýazmalydygyny Gurbannazardan öwrendim. Ýöne hiç wagt oňa öýkünjeňlik etmedim. Onda näme üçin onuň setirleri tanadanok? Bu ussadyň ussatlygy. Onuň goşgyň süňňüne düşünenligi hem oňa goşan kupledini onuň süňňünden çykarandygy, onuň zoňtaryp durmazlygyny gazanyp bilendigi üçindir. Okyjylaryň hersiniň bir kupledi tutandygam muňa şaýat. Hatda oňa başga bir saýtda bir poçerkde ýazylypdyram (hemmesini bir adam ýazypdyr diýen manyda) diýdiler. Iň dogrusy bolsa 3-nji kuplet. Mazaryň öň ýüzünde ýaka tutjakdymy men on dokuz ýaşymda göz öňüne getirip bilmeýärdim. Onda-da mydam ölüm bilen urşup ýaşan, aýralyga çuň düşünen Gurbannazar ýaly göz öňüne getirip bilmeýärdim.

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/gurbannazar-name-ucin-gosgyny-gowy-gordi-695/

----------------------------------------------------
GURBANNAZARYŇ SETIRLERI HAÝSYLAR?
https://edebiyat.clan.su/news....03-1940
----------------------------------------------------
Bölümler: Makalalar | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 13:19, 08.11.2023
ikinji kupletdir öýdüpdim...
bilmedim. üçünji eken.
avatar
0
2 Myhman1185 • 15:20, 08.11.2023
Makala-da, goşga-da bäş ýyldyz

* * * * *

Şu ýerinde Ylýas aga gaty görene çalym edýä

Ýöne hiç wagt oňa öýkünjeňlik etmedim.

Başga saýtda näme ýazanlaryny bilemok, ýöne men-ä öýkenmek däl-de täsirlenmek hakda aytdym. Olam, meñ pikirimçe, erbet zat dälmikä diýýän. O wagt has ulurak, has şahyrrak şahyrlaryñam Gurbannazardan täsirlenmesi adaty ýagdaýmyka diýýän.

Meñ täsirlenen bolmagy ahmal diýýän setirlem:

Ine, şonuň üçin hak söýgini söý,
Ine, şonuň üçin söýgün sen dogry.

Şunuñ ýaly ritm setiriñ başynda bolan setirler Gurbannazardan öñki türkmen şahyrlarda bardygyny men-ä bilemok. Belki bardyram.

Orslarda kän. Belki Gurbannazaram şolardan täsirlenendir, kim bilýä?!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203