Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:30
«Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär...»


***
Iň gowy sözlermi aýdasym gelýär,
Kakyşdyryp ýüregimiň kirşenin.
Kim bu düýşlerimden bir seni çilýän?!
Duýgulam akyp dur — ergini şemiň.

Tümden tüm bolupdyr ähli gözlegim,
It gary mysaly eredi sözler.
Öz-özümi oýarmaga dözmedim,
Birmahal saralyp solupdyr düzler.

Iman diýip ýapyşanym: «Ýol bolsun!»
diýip, gitdi ýüregimi pürreläp.
Ähli gorkularmy söýgä çalyşdym,
Hem özüme gün bermedim gižželäp:

«Eleşan halyňa kim söýer seni,
Arala çalymdaş oý-pikriň bilen».
Çepe çaldym porsap duran melhemi,
Derman bolsa maslyklaram bizelel.

Tagaşyksyz harplar yşkym berkitdi,
Düşünmän agladym, a:rman elendim.
Akmak boldum, akyllylar kemsitdi,
Dürdäne däldigme şonda begendim.

Iň gowy sözlermi aýdasym geldi,
Dahanymyň zeý ysyndan eýmendim.
Pagta süýjülerne dilimi ezdim,
Barybir ýanyňa barman eglendim.

Gazygynda garratdylar höwesim,
Müşgili köpeltdi müşgilgär döwler.
Kemis duýgularma çolaşyp galdym,
Iň gowy sözlermi aýdardym öňler.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 hanturebs • 22:51, 15.06.2024
"Akmak boldum, akyllylar kemsitdi,"

Akylly, akylly däl, akmak kategoriýasy diňe bir mekdep programmasynda bar öýdýän. Sapaga gowy taýynlanyp, mugallymlaryň diýeninden çykmaýan okuwçylar akylly, gowy taýynlanman az-owlak bezzatlyk edip mugallymlary köseýän okuwçylar bezzat, akylly däl, ýa-da akmak. Durmuşda sapaga taýynlanar ýaly kitabam, gündelik geçilmeli sapaklaryň raspisaniýasam, akylly, akylly däl diýip bahalandyryp duran mugallymam ýok.
(Ýokarky mowzukdaky teswir ýalňyş gidipdir)
avatar
-1
2 Seýrаn • 07:24, 16.06.2024
Goşgy örän gowy eken. Ýöne emmaki prozadan tapawudy gözellik has köp isleýär. "Porsap, maslyk, zeý ys" ýaly sözler gelişmeýär, olar nähili ýerlikli, çuň manyly we beýik pikirli ulansa-da. Berekella Maksatmyrat!
avatar
0
3 Ak-sary • 15:55, 16.06.2024
Goşgyny dikgije saklaýanam şol gödeñsiräk sözler
avatar

Старая форма входа
Total users: 203