09:49 «Gel, baharda joşan köňlüm bol, oýan...» | |
* * * Gel, baharda joşan köňlüm bol, oýan! Pursatlaryň düýşe bermäli elin. Ýagyş duýgularma per bermez, ynan, Hyjuwym — perzendi ýagmyryň, ýeliň. Mejnunlar boýnuma ýüp salyp ider, Halymy it görse, geçer hyňranyp ýa topulyp bilse, hamymy tüýder, Gaçma porhan kalba yşkyňy salyp. Gel, köňül gözgüsi durlansyn, dünýä garaly aşyklaň gözleri bilen. Çygjaran ýapraklaň ysy burk urýa, Bir nama gaýyrdym guş dili bilen. Munda idemezler eleşan durkum, Ýa almazlar aşyk diýip haýyşym. Boşadyp kalbymy, zabt edip erkim, Basyp gaýtdym ýüregimiň raýyşyn. Gijäniň gözlerne ýesir men her gün, Olar meni öz günüme goýmaýar. Beýnime guýuldy çym-gyzyl ergin, Aklyn aldyrmadyk bagtly bolmaýar. Söýgi meňzemeýär ýamaly dona, Ol beýikdir hasaplaryň jeminden. Özüm gözläp urnup saga hem sola Taparyn men saňa duşan ýerimden. Gögüň gümmürdisi titreder lebleň, Her damja gözlerme keşbiňi guýar. Dünýäň bar lezzeti yşkyňa degmez, Gel, baharda joşan köňlüm bol, oýan! © Maksatmyrat ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |