10:26 Janserek - roman / 7 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 6] * * * ─ Sen aryň öýüne kesek atan bolaýma, Rahman? ─ Bilkastdan etmänime Alla şaýatdyr, daýy. ─ Adamlar Allanyň gudratyndan gorksalaram, onuň şaýatlygyny hasaba almazlar. Her kimiň öz Allasy bardyr, hergiz ýadyňda bolsun. Her kim öz Allasyna gulak asýandyr. Olar üçin seniň etmişiň ─ kemsitme. Öz aralarynda biri beýlekisiniň damagyny pyçak bilen çalmaga taýýardyr weli, şony sen etseň, bolmaz. Sebäp diýseň, sen keseki. Her süriň öz kanuny bar. ─ Daýy, teý alaç galmady. Heý, ýogsa men adam atarynmy?! ─ Saňa “Telek iş edipsiň” diýemok, Rahman. Ýarag çenäne, ýarag bilen jogap bermek ─ merdiň işidir, ýöne Aýazyň ýerine Gaýrat bolaýan bolsady... Rahman gorky bilen Agahana garady. Daýysynyň giň gözlerinde howply asudalyk gördi. Ýylanyň owadan bedeni adamy nähili düýrükdirýän bolsa, Rahmanam edil şol duýgyny başdan geçirdi. Agahan hemişe iş salyşýan adamynyň başyna düşen betbagtlygy asuda garaýyş bilen habar bermegi endik edinipdi. Onuň bu garaýşynda gapandan sypyp bilmän, ikiýana urunýan haýwana tomaşa bilen garap duran awçynyň buýsanjy bardy. Rahmany der basdy. Agahan asudalygyny bozman: ─ Ýagdaý öwerlik däl, Rahman ─ diýdi. ─ Asman öýüňi taşlap gidipdir, “Gaýratlarda” diýdiler. ─ Ýalandyr, daýy, Asman Gaýratlara barmaz! ─ Obada şondan başga gep-gürrüň bolmasa nätjek. Öýüň gulply duran ekeni, gözüm bilen gördüm. Obaň ortasynda görene göz bolup dur. “Beýdip bir durmasyn” diýdim. ─ Otlaýdyňyzmy? ─ Gynanma, Rahman, ynha, oba dolanyp bararys weli, men saňa sekiz ganat ak öý dikip bererin. Ol-a sekiz ganat ak öý ekeni, köşk salaňda näme?! Hiç bir zat garaja öýüň ýerini tutmaz. Ol Rahman üçin geçmiş bilen aralykdaky ýalňyz köprüdi. Indi onuň ýoklugyna ynanmak Rahmana hupbat berer. Ejesi aradan çykanda-da şeýle bolupdy. Çöldekä, yzyndan ajy habar barypdy. Şum habaryň hakykatdygyna bada-bat ynansa-da, ejesinden hemişelik aýra düşmegiň nämedigini asla göz öňüne getirip bilmändi. Munuň üçin wagt gerekdi, ýaşamalydy. Eneň entek ýaşap ýörkä, ol seniň on iki süňňüň birine öwrüler ekeni. On iki süňňüniň birini ýitiren adam bir bada ýürek awysyna çydaman eňrese-de, ýitginiň hakyky manysyna, möçberine doly göz ýetirmegi üçin oňa soňky ýaşaýşyň her sagady, her güni, her aýy gerek. Ýiten bölegiň bitirmeli işini beýlekilere paýlasaň-da, ýene şolar saňa her ädimde ýitgiňi ýatladar. Ölen adamdan galan zada onuň sulhy geçýär. Şonuň üçinem ol zat ýadygärlik hökmünde eziz görülýär. Ýadygärlik ─ ölenler bilen dirileriň arasyndaky köpri. Gara öýi otlanlaryndan Rahmanyň bir elini ýa-da aýagyny çapan bolsalar gowy bolardy. Ol muňa “ar alma” diýip düşündi. Agahan bir okda iki towşan urmagy öwrenen adam. Ol Asmanyň gidenini bahanalap, garyp ölen Senemden ar alýar. Hawa, ary köýen adamlar ölenleriň ýadygärligini ýok edýärler. Agahan munuň namartlykdygyny bilýändir, şol zerarly hem boýnuna almaz. Almasa almasyn, ýöne göwnüne getiren zadyny subut etmäge Rahmanyň delili bardy. Senem eje ─ Porsy baýyň ene başga dogany. Ol ulygyzka baý çopanlarynyň biri bilen halaşýar. Aýralygyň golaýlaşýandygyny aňan ýigit “gaçaly” diýýär. Olar gaçyp, ýat ilde mesgen tutýarlar. Rahman bäş ýaşly çagaka, Senem ärden galýar. Ajy aýralyk, horluk ony agyr kesele duçar edýär. Dogduk obasyna dolanyp ölmek onuň ýeke-täk arzuwyna öwrülýär. Porsy baýyň ölenini eşiden dessine gaýtmak bilen bolýar. Tä ölinçä, Agahan oňa ýüz bermedi. Bolmanda-da, Senem eje olardan güler ýüz görerin diýip gelmändi, ony obada ýaşamaga goýsalar bolýardy. Ölüminiň ýakynlygy oňa kömek etdi. Ejesinden galan gara öýüň sömelip durmagy Porsy baýyň kitüw bilen ölendigini her ädimde Agahana ýatladany açyk. Indi onuň arkaýynlaşmagy ähtimal, sebäp şol köpriniň aradan aýrylmagy bilen Asmanam Rahmandan daşlaşdy. Rahman: “Aýazyň ganyna galanym üçin, Alla maňa jeza berýändir” diýdi. ─ Daýy, men häziriň özünde oba gitmeli. ─ Seresap bolgun, Rahman!.. ─ Asmanyň şeýtjegine ynanamok, daýy, zorluk görmese barmaz! ─ Eger özi giden bolsa, onda saňa ýeke ýol galýar, Rahman... Rahman howsala bilen başyny ýaýkady: ─ Beýle däldir, Asman ony etmez, etmez!.. ─ Olaryň girisine düşseň sypmarsyň, şony bilip goý. Balşewigiň ýanynda aýallaryň arzysy zordur. Häli onsoň, jähenneme ýollaýmasynlar. ─ Daň ataryna dolanaryn, daýy. ─ Gara öýüňi Gaýrat otlandyr, ýadyňda bolsun. Rahman höwessiz baş atdy. Ol ýola düşenden soň, üç ýigit Agahanyň ýanyna geldi. Kethudalary Kyýas bolansoň, ol howlukman baryp, Agahanyň gapdalynda oturdy. ─ Ýigitler, sizem aýak üstünde durmaň, töre geçiň. Nedir jogap berdi: ─ Biz howlukýas, baý, çaltrak habarymyzy al. ─ Aýdyň, eşideli... Kyýas şonda-da howlukmady. Ýylgyrýan ýaly hemişe dartylyşyp duran dodaklarynyň gutarýan ýerinde toplanan tüýküligi eliniň aýasyna çaldy. Onuň dawany küýsäp duran gözlerinde ýakymsyz ýitilik bardy. ─ Baý aga, diýýän-ä, bi, ýaňky Rahmana “ýegenim” diýdiň weli, biz onsoň şoňa ynanmalymy? ─ Elbetde... ─ Şeý diýsene... Hä’k, ynanasymyz-a gelenok weli... Nedir haýbat atdy: ─ Guzlajak towuk ýaly käkeläp oturma-da, aýt çaltrak aýtmaly zady. ─ Eý, ogul, ýüregiňi eliňe alma ─ Kyýas baýa tarap öwrüldi. ─ Şo ýegeniňde biziň gan algymyz bar, nätmeli bor, baý aga? Nedir ara sokuldy: ─ Ojagazyň gylawyny ýatyrmasaň... ─ Nedir neresse-de tas eňeksiz galypdy. ─ Samsyklama, gep Aýaz hakda barýa! ─ Biz-ä bellisini etmäge geldik, baý aga. ─ Hydyr näme üçin gelmedi? Nedir gyssandy: ─ Hydyram geler! Agahan köp manyly ýylgyrdy. Soňam: ─ Aýaz namartlyk edipdir ─ diýdi. ─ Onsoňam, arabaň üstünde aýal adamyň oturandygyny ýatdan çykarmaň, ýigitler. Nediriň uzyn eňegi gelşiksiz saňňyldady. ─ Baý, seň bäş toklyňa janymyzy çalyşmaga gelmedik. Edeni geçip dursa, ojagaz ertir ýene birimiziň başymyza ýeter. Agahan öňünden ylalaşyk gözleýän şekilde üç ýigidiň ýüzüne taýly gezek seredip çykdy-da: ─ Gylawyny ýatyraýmaly bolar ─ diýdi. Kyýas gop berlen ýaly ýerinden turdy: ─ Asyl, tüýs biziň başaraýjak zadymyz-da! ─ Alňasamaň... Kowup ýetmek gerek däl, öňünden duýdansyz çykyň. Rahmanyň ýeke-täk hossary mendirin, unutmaň. “Gylaw ýatyrmak” diýlen zadyň manysyna düşünýän bolsaňyz gerek? Kyýas göwnühoş ýylgyryp: ─ Wah, näsini aýdýaň, baý aga ─ diýdi. Agahan at toýnagynyň daşlaşýan sesine gulak asyp, Rahman bilen bagly wakalara gaýtadan tomaşa bilen ser saldy. Çözgüdiniň dogrulygyna ikirjiňlenmedi. “Güjükliginde köpräk dalanmasa, it oňly bolmaz” diýen hakykaty gaýtalap, hasam arkaýynlaşdy. * * * Aýlaw ýol bilen gaýdan üç atly takyr aladan geçip, guma siňdi. Rahmana garaşmak üçin olara şundan amatly ýer ýokdy. Aý aýdyň gije aladan gelýän atlyny uzakdan saýgaryp boljakdy. Bukuda ýatan awçynyň ördek gelerine garaşyşy ýaly, gum depesine duwlanan atlylar öňdäki tekiz meýdana umytly garap, beriljek jepa hakda höwes bilen gürläp başladylar. Ilki Kyýas başlady: ─ Men näderdim diýsene?.. Hä’k, ýeser ýeri, meň diýjek jezama ýigrimi-otuz gün möhlet gerek-dä... ─ Onda aýdybam oturma. ─ Aýtjak, haw! Öwez jan, sen gulak asaý. Nätmeli diýsene... ─ Kyýas lezzetli tagamyň gürrüňini edýän ýaly agzyny şapbyldatdy. ─ Şu ýaňky Rahmanyň öňi bilen howlukmanjyk kellesini syrardym... Nedir ýene durup bilmedi: ─ “Keserdim” diýsene. ─ Heh, kesmekdenem bir jeza bormy?! Aňsat ölümden jeza bolmaz. Gynamalydyr. Gynabermeli, gynabermeli, nädersiň “öldüriň” diýip özi gygyryberse! Hä’k, wagt bolsa, men size tomaşa görkezerdim weli!.. “Kelläni syrmaly” diýdim dälmi?! Ýaňky syrylan kellä täzeje ölen malyň derisini orap, mazalyja-da daňmaly. Günler geçer, ýaňky deri gurap başlar. Guradygyça-da kelläni gysar, guradygyça-da gysar. Ana, tomaşa şonda bardyr. Saç daşyna ösmez, hä, tersine öser. Adamyň akly çaşýa, soň mal ýaly gezip ýörendir. ─ Hany, sen erteki otarma-la, Kyýas, häzirki boljak zadyň gürrüňini edeliň-le. ─ Agzyňa gulp uramok, haw, aýdyber. Nediriň sesi buýruk äheňde eşidildi: ─ Aýtsam, çöp döwen ýaly etmeli: gaýdyp aýal-erkegiň tapawudyny bilmesin-le. Öwez bada-bat: ─ Bu merdiň jezasy däl ─ diýdi. Kyýas dowam etdi: ─ Onsoňam, ogul, sen Agahany ýatdan çykarma, o zat baý üçin masgaralyk bor. Birden özümiz damarsyzja galaýmaly. Özüm-ä on dört ýaşlyja gyzlaryň gülüni çürtmän öläýsem, gaty armanly boljak. Nedir gaýdyp geplemedi. At toýnagynyň sesi eşidildi. Sähel salymdan olar golaýlaşyp gelýän atlyny görüp, onuň öňüni gabalap ugradylar. Kyýas gyssagarada: ─ Ata süýrederis ─ diýdi. ─ Takyr meýdany tozana gaplalyň-la! Olar Rahmany öz alaşasynyň yzyna daňdylar. At toýnagy çölüň kükregine urulýan darak ýaly güpürdi asmana galdy, mahaly bilen ýatmady. Rahman: “Olar menden Aýazyň aryny alýarlar” diýdi. Jeza bilen ylalaşdy. Alaşanyň toýnagyndan zyňylýan toprak onuň gözüni gapdy. Gulagyna diňe güpürdi eşidildi. Golunda dörän agyry, salym geçmänkä bütin süňňüne ýaýrady, soňam özünden gitdi... Ol daýysynyň sesine oýandy. ─ Rahman... ýegen... bu men... daýyň... Tüweleme, şeýdip gözüňi aç ahyry... Rahman öňi bilen öýüň tüýnügini gördi, oňa ojakda ýanýan oduň ýalkymy düşýärdi. Başujunda Agahanyň ýeke özi oturan ekeni. Ol elindäki käsäni Rahmanyň agzyna golaý tutup: ─ Ýegen, hany, ajyja çaýdan bir owurt iç ─ diýdi. Rahman başyny ýaýkady, kellesinde ýakymsyz agyrlyk duýdy, gaýtadan gözüni ýumdy, ýöne huşuny ýitirmedi. Ol diriligine şükür etdi. Özüni horlan adamlary göz öňüne getirende gaharlanmady, adaty bolup ýören zady ýatlaýan ýaly perwaýsyzlyk duýdy. Şol perwaýsyzlygam öz-özüne düşündirjek boldy. Onuň pikiriçe: eger ol Aýazy öldürmedik bolsa, olar Rahmana azar bermezdiler. Öz-özünden bolýan zat ýok. Bir bela ikinji belanyň döremegine sebäp bolýar... Rahman daýysynyň sesini eşidip, ýene gözüni açdy. Agahan bu sapar çaý hödür etmedi. ─ Gapyl galdym, ýegen ─ diýdi. ─ Bu etmişleri üçin men olary ahmyr eder ýaly ederin. Rahman tolgundy, bokurdagy doldy. Ol özüni birden güýçli duýdy, rehimdar bolasy geldi. ─ Degme, daýy... Olar Aýaz üçin etdiler... degme... ─ Käşgä sen bilgeşleýin eden bolsaň?.. ─ “Her kim öz Allasyna ynanýar” diýdiň-ä, daýy. Agahan bialaç ýylgyrdy, Rahmanyňam ýüzi ýagtylyp gitdi. ─ Bolýar-da, sen diýseň edeýin weli... ─ Gaýta gowy boldy, daýy... Özümem arkaýyn, Hudaýyň öňünde-de, adamlaň öňünde-de arkaýyn... Rahman gözüni ýumdy, Asmany gördi. Onuň dünýäde barlygyna, özüniňem diri galandygyna ýene bir öwre şükür etdi. Ol ölümiň elhençligine indi düşündi. Gözüni açman ýatyşyna: ─ Daýy, daýy ─ diýdi. ─ Asmanyň özi giden däldir, daýy, ynanma, ýalandyr... Agahan Rahmanyň maňlaýyna aýasyny goýdy. ─ Ýegen, gyzgynyň bar ýaly-la... Dowamy: Janserek - roman / 8 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |