Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:00
Janserek - roman / 11
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 10]
* * *

Rahman Gün doganda guýa dolanyp geldi. Ondan öňi bilen Hatyjany soradylar.
─ Ony görmersiňiz indi.
─ Hä, ýere girdimi?
─ Hawa, ýere girdi.
Hydyr Agahandan öňe düşüp:
─ Gaçyrandyr ─ diýip gygyrdy. ─ Eger gaçyran bolsaň, seni içaly hasap edýäs, boluber Agahanyň ýegeni.
Rahman alňasamady, elindäki telpek bilen dony orta taşlady.
─ Şulary egnine sokup gaçypdyr, daş çykamda...
Ol sözüni dowam etmän dymdy. Ýalan sözlemek oňa agyr düşdi. Ýogsa, gaýdyş ýolda aýtmaly sözlerini jemläpdi, nämeden başlap, nämede gutarmalydygyna çenli jikme-jik anyklapdy. Kimiň nähili sowal berjeginem kesgitläpdi. Ol ýalňyşmady. Onuň güman eden soraglarynam berip başladylar, emma Rahman oýlanyşy ýaly ýalan sözläp bilmedi. Çyna berimsiz ýalan söz iňňän owadan bolmalydy. Sözleýän adam bolsa, beýlekileriň öňünde aýdýan pikirine ynanýandygyny görkezmegi başarmalydy. Aýdýan deliliniň ýerliksizdigini birinji bilen Rahmanyň özi duýdy, şonuň üçinem diline badak atylan ýaly, üzlem-saplam gepledi.
Iň ýamany, ýüzüni galdyryp bilmedi. Gaýratyň aýdan sözi ýadyna düşdi. “Seň bir gowy häsiýetiň bar: ýalan sözläňde ýüzüňi galdyryp bileňok”. Birden, özüniň ýalan sözläp bilmeýänine gahar etmän, Gaýratyň mamla bolandygyna gahar etdi. Nätjegini bilmedi. Ýalan sözüň arasynyň bölünmeli däldigini, pikirlenmäge maý berseň, diňleýjini şübhelenýän adama öwürjekdigini bilenokdy. Ol ýalan söze endik etmändi. Ýöne “onam başarmaga kişi gerekdigini” duýdy. Duýansoňam, alaçsyz dymdy. Emele gelen agyr ümsümlik oňa düýpsüz guýy bolup göründi. Ol özüni şol guýa atylan daş hasap etdi. Nirä düşjegi, haçan düşjegi näbellidi. Şol zerarlam özüni artykmaç horlaman, iň soňa goýan sözüni çaltrak aýdyp dynmakçy boldy:
─ Ýasy depäň öňünde mazar bardyr ─ diýdi. ─ Bolmasa... gidiňde görüp geläýiň.
Hydyr ýangynly jogap berdi:
─ Görmän näme?.. Göreris! Häziriň özünde gidýäs!
Günortana çenli Rahmanyň ýalan sözländigi hemme kişä aýan boldy. Aýdylan ýerdäki tümmek gumuň aşagyny barlap görseler, ne gabyr bar ekeni, ne-de gyzyň jesedi. Rahman gidenlerden oňly habara garaşmasa-da, mazar diýlenden soň, tümmegi açarlar öýtmändi, “mazar” diýen sözüň mukaddes manysy el urmakdan olary saklar öýdüpdi. Onuň howatyr eden zady başgady, yz çalarlar diýip gorkýardy.
Hydyr bilen gidip gelen üç atly bu wakany tükeniksiz zada öwürdi. Olaryň hersi öz häsiýetine görä gürrüň berýärdi. Biriniň gahardan ýaňa owurtlary çişýärdi, ikinjisi iňňän gizlin syry habar berýän ýaly, her sözi töwerekden ätiýaçly aýdýardy. Üçünji nöker üçin bu waka baryp ýatan tomaşady. Ol Rahmanyň sadalygyna gülüp, soňam:
─ Akmak, kimi aldajak bolduň diýsene! ─ diýip, aýratyn äheň bilen özleriniň ýeserdigini nygtaýardy.
Olaryň bolşundan Rahman çekinmedi, gaýta ýalan sözüň howpundan dynansoň, kalbynda ýeňillik duýdy. Indi düşündirmegem gerek bolmaz, indi, gowusy, geplemän oturmakdyr. Ol diňe:
─ Gaçyrdym, ynsabym çatmady ─ diýdi.
Agahan kynlyk bilen dymdy, özüne zor saldy, ýogsa agzyndan paýyş sözüň çykmagy ähtimaldy. Onuň gözlerinden ýalyn çykdy, şol ýalnyň arasynda Rahman howur aldy. Özüniň ykbaly hakda entek daýysynyň ýakymsyz çözgüde gelmändigini Rahman bir alamatdan bildi: ol ýylgyranokdy, ol ýylgyrdygy ─ gutardy! Ol entek ýegeni babatda näderejede aldananlygyny, şol aldawda özüne degişli günäniň mukdaryny kesgitlejek bolýardy. Ol düýnki bigünä Rahman bilen gaşynda häzirki oturan etmişli Rahmany deňeşdirip, şol tapawudyň alamatlaryny ýegeniniň daş sypatyndan gözleýän ýaly, dikanlap seretmegini dowam etdirdi.
Ol Hydyryň “Rahman ─ içaly” diýen sözüne ynanmasa-da, oňa “seňki nädogry” diýmedi. Gaýta “Hydyryň ýerinde özüm bolan bolsamam şeý diýerdim” diýdi. Ol Rahmanyň etmişine ynsaplylyk diýjeginem, samsyklyk diýjeginem bilmedi. “Beýle ynsaply bolsa, Aýazy, düýnki gelni atmazdy” diýdi. Iki ölüm Agahanyň umydyny asmana göterse, häzirki ýagdaý ony duýdansyz pylçap ýere urdy.
Agahan dura-bara: “Bu adamyň ýüpüne odun çykamak kyn bolaýmasa...” diýen pikire geldi. Bu pikir ýegenini ondan daşlaşdyrdy. Ýegeniniň daşlaşmagy bilen ol özüni ýalňyz saýdy. Iň ýamanam ─ ol iki ýoluň çatrygynda galdy. “Hydyr dagymy ýa-da Rahmanmy?” diýen sowala jogap bermelidi, özem häzir, şu ýeriň özünde jogap bermelidi. Rahmany saýlamak gülkünçdi. Ol öz etmişi bilen daýysyny şeýle bir agyr ýagdaýda goýdy weli, heý goýaý! “Akmak, seniň ynsabyňdan Hydyr gönenýär. Ol seniň ynsabyňdan saňa ajal ýasap berer! Sen adam ömrüniň gorpuň gyrasynda goýlan daşdygyndan habaryň ýok. Sen goýnuň yzynda gezeniň üçin, beýniňem goýnuň beýnisine öwrülip gidipdir”.
Agahan bu pikirini söz bilen däl, garaýşy bilen aýtdy.
Rahman nökerleriň ýanynda daýysyny dili kelte edenini bilýärdi. Indi Hydyr oňa has golaýlaşar. Hydyr aýylganç adam. “Rahmany Hatyja bilen bir öýde galdyrmaly” diýenem şoldur. Ol eýýäm Agahanam oýunjaga öwürmäge ýetişendir. Bu ýerde esasy söz Hydyra degişli.
Hydyr Rahmany atmaly diýdi. Nökerleriň aglabasy ony bada-bat goldady. Agahan sesini çykarmady. Muňa närazylyk manysynda düşünen Hydyr ony yrmak üçin azara galdy. Şol gyzyň gaçyrylmagy bilen iň degerli şaýat şura hökümetine gowuşdy. Şu günden şeýläk olar özlerini ölüm jezasyna höküm edilen adam hasap etmeli, säwlik bilen ele düşen pursatlarynda bada-bat atylmaly adamlar.
Bu delil Hydyryň talap eden jezasyny Agahan üçin çökder görüp, häliden ikirjiňlenip duran nökerlere-de ot berdi. Olar biragyzdan “Atuw!” diýip gygyrdylar.
Rahman tisginmedi, kemteresinden, başynam galdyrmady. Agahan oňa:
─ Her döwrüň öz kada-kanuny bar ─ diýdi. ─ Rahman, bularyň gara çyny. Ýalbaryp gör, ötünç sora.
─ Bu adamlara söz zaýalaman, daýy.
─ Ýalbarmasaň, bir oka tabşyrarlar, janyňy jähenneme ýollarlar!
─ Edenime ökünemok, ýalbarman.
Agahan: “Adatça, ejiz adamlar ýaşamagy birinji orunda goýýarlar ─ diýip pikir etdi. ─ Rahman ejiz däl ekeni. Mertlik adam üçin tapylgysyz zat”.
Rahman:
─ Daýy, meň sargydym bar ─ diýdi.
─ Aýt.
─ Asman öňem-ä bilýändir weli, ýene bir ýatladylaýsa... Ogluma kakam pakyryň adyny dakmalydyr. Birden gyzymyz bolsa, ejemi ýatlasyn, “Ejegyz” goýsun. Eger ynjydan bolsam, razy bolsun, men razy.
─ Ýagşam bir söz tapdyň.
Agahan ýaşajyk gyzy Rahmanyň ýorganyna salyp, utuş ederin öýdüpdi. Indi görüp otursa, onuň hilesine Hydyr elini çoýýar. Çaky, ol Agahanyň ýegenini daýysyndan öňräk tanapdyr.
─ Sen meni ýüňsakgal etdiň.
─ Her kimi Hudaý bir tüýsli ýaradýar, daýy. Obadan gaýtmaly däl ekenim, iň bolmanda, ýurduňy saklardym.
─ Ýurt galdymy?!
─ Bular seňem başyňy iýerler, daýy.
─ Şony bilýän bolsaň...
Agahan yzyna döndi, bu ölümi özüne ýitgi saýdy.
Rahmany atuw meýdanyna alyp çykdylar. Ol ölümiň gutulgysyz başyna inendigini duýdy. “Jesedimi bir oba ýetirseler” diýdi. Birdenem, “Düýnki pakyrlary ýygnadylarmyka?” diýen pikir kellesine geldi. “Ýygnandyrlar, hormat bilen jaýlandyrlaram. Olar duşmanyň elinden öldüler”. Rahman kimiň elinden ölýär?!
Rahman kemsindi. Çöl henize deňiç onuň howuny basmandy. Kyn ýagdaýlarda ýeke galanda-da ugur tapardy. Çölde her bir adamyň öz ýodasy bar, şol ýoda-da ony alyp çykmaly diýen pikir bilen ýaşardy. Häzir weli, ol öz ýodasyny tapjagyna ynanmady. “Eger çopan taýagy bilen gelen bolsam tapardym” diýdi. Bu sapar ol ýarag göterip geldi, gan dökdi.
Gum depeleri barha beýgelip, asmana dalaş etdi. Rahmanyň göwresi ýere ýetdigi, şol depeleriň astynda ýiter gider. Türkmenler mazar näçe çalt ýitse, şonça-da gowy görüpdirler. Ýitmedik mazarlary taşlap, göçüp gitmek çarwalara kyn düşüpdir.
Rahman biarz ölýär, goý, onuň mazary ýitmesin. Adamyň mazaryny gözýaş ezmese, bu onuň dünýäden betbagt ötendigini aňladýar. Eger asmandan ýagmyr ýagsa, Allanyň ýalkadygy. Rahman depesinde arassa asmany gördi. Alla ony ýalkamaz, onuň eli gana batdy.
Onuň ölümine diňe Asman gözýaş eder. Ol dünýäde Asmanyň barlygyna, onuň ýaşajakdygyna şükür etdi. Ölüm hemme zady düzlär, Asmanyň kalbyndaky gahar-kine Rahmanyň ölüminden soň ajy ökünje öwrüler. Şeýle boljagy, elbetde, ýakymly, ýöne Rahman ony görmez. Şonuň üçinem, goý, onuň mazary ýitmesin. Ýürek derdini mazar başynda aýan etse, Asmana-da ýeňil düşer...
Ony agylyň günorta ýüzündäki alanyň öňünde duruzdylar. Ol töweregindäki nökerleriň arasynda Agahan bilen Hydyry görmedi. “Olarsyz meni atyp bilmezler” diýdi. Agahan gelmese-de, Hydyr geler, Hydyr hökman geler, Hydyrsyz bularyň gyzygy bolmaz. Rahman olaryň ýüzlerini asyp, dymyp duruşlaryny tukat gördi. Olar ýap-ýaňyja-da ar almagyň keýpi bilen serhoşdylar. Olaryň gaýratly bedeni towy gaçan ýüpe döndi. Ýene biraz garaşsalar, ysgynsyzlykdan ellerindäki tüpeňi gaçyrarlar öýtdi. Bu ýagdaý Rahman üçin matala öwrüldi.
Nökerler Hydyr bilen Agahanyň gelýänini görüp dikeldiler. Hydyr golaý gelip:
─ Äý, ýigitler ─ diýip gygyrdy. ─ Allanyň haky üçin, bir saparlykça biz onuň günäsini ötäýsek nähili bolar?
Kyýas jogap berdi:
─ Bir sapar bolaýşyny? Aýaz neressäni ýatdan çykardyňmy?
Aýratynam Nedir oda-köze düşdi. Eňegi saňňyldap, ýüzi dartyldy. Agy köpelen gözüni depesine dikip, hötjetlik bilen dabanyny ýere urdy. Birdenem gaýadan aşak iterilen adamyň heläkçiligi duýan pursatyndaky alaçsyzlygyny ýatladýan eýmenç ses bilen gygyrdy.
─ Biz namart! Masgara! Heleý!
Ol tüpeňlenen it ýaly tüwdürilip Hydyra golaý bardy. Hydyr duýduryş bilen:
─ Agahan ikimiz şu pikire geldik! ─ diýdi. ─ Agahana-da arzan düşendir öýtmäň, ha-ha...
Alaçsyzlyk belasy Nediri iki bükdi. Onuň öňünde Hydyr dur, onuň Hydyra edip biljek täri ýok. Hydyr oňa, asyl, onuň ýoldaşlarynyň hiç birine-de maslahat salanok. Hydyr olara hökmany suratda bolmaly ýagdaýy habar berýär. Olar aýdylana boýun egmeli. Olar – hiç kim, olary kemsidip bolýar.
Nedir tüpeňini zyňyp, gapdaldaky tümmege bagryny berdi. Ähtimal, ol beýleki nökerleriňem şeýderine garaşandyr, emma hiç kim duran ýerinden butnamady. Hydyr töwella bilen:
─ Nedir, tur ýeriňden ─ diýdi.
─ Turman! Turamda etjek zadym näme diý! ─ Ol Rahmana elini uzadyp, gaýtadan tutaşdy ─ Serediň oňa!.. Serediň, walla, samsyklyga salyp, etjegini edip ýör, Agahan, sen bize bir zat aýt: oba dökülýäsmi-ýok? Bellisini et, bolmasa, turman! Turman diýdim, turman!
Ol çaga hötjetligi bilen bagryny guma oýkady. Hydyr Agahana çiňerildi, nökerler golaýa geldiler. Olar Agahanyň sözüne garaşdylar. Agahan özüni ýitirmedi.
─ Siz maňa dogry düşüniň, ýigitler. “Agahan öýüni otlatdy. Agahan indi obasyny otladar” diýýän adam ýalňyşýar. Oba dolanan günüm, hawa, edil şol günüň özünde men öýümi dikeldip bilýän. Eger-de obany otlasam, ony dikeltmek maňa aňsat düşmez. Men şol oba bilen Agahan. Men öz obamy otlamak üçin ata çykmadym, men ony şura häkimiýetiniň elinden gaňryp almak üçin ata çykdym.
Nedir onuň sözüni böldi:
─ Onda gaňryp al-da!
─ Ajygan ölýän däldir, alňasan ölýändir.
─ Hä-hä-hä...
Kyýas elini silkip:
─ Ä-äýý, jähennemä, gitsin-le ─ diýdi-de, duran ýerinden yzyna dönüp gaýtdy.
Agylyň gapysynyň açylanyny gören mal kimin, her kim bu ýerden çaltrak ara açsa kem görmedi. Nökerleriň käbiri tüpeňiniň gundagyny süýräp gaýtdy.
Meýdanda Rahman bilen Agahan galdy. Rahman ysgyny gaçyp, süňňünde dörän gowşaklyk zerarly, ädim ätse, ýykylarly göründi.
Agahan:
─ Olar seň ömrüňe baha kesdiler ─ diýdi. ─ Adam başyna bäş goýun.
Rahman “Daýym meň bergidardygymy duýdurýar” diýdi. Bu söwda minnetli aş ýaly oňa ýakymsyzam bolsa, ýaşaýşyň lezzetli duýgusy gaýtadan kalbyna dolanda, geplänini duýman galdy:
─ Daýy, sen bolmadyk bolsaň... Saňa bergidar, borçly men, daýy...
Agahan öýke bilen:
─ Şoňa düşünen bolsaňam biri ─ diýdi.
─ Oba-da düşüner, daýy, rast aýtdyň, öz obaňy gyrgyna berip... bolmaz-a... Daýy, men oba gaýdaýyn-la. Bular bilen mäşim bişişmez. Maňa “ýer gaz” diý, “goýun bak” diý, “ýarag göter” diýme, walla, meňki bolanok, daýy.
─ Oba dolanmak saňa hatarly bolmasyn?
─ Indi maňa hatarly zat bolmaz, daýy, şu sapar ölüm sowlup geçdi, indi döwem çalmaz.
Rahman çaga sadalygynda süýji ýylgyrdy.
─ Sen şura hökümetiniň adamyny atdyň, hergiz ýadyňda bolsun.
─ Daýy, men ony bilgeşleýin atmadym...
Agahan höwessiz güldi.
─ Sadalygyňam çeni ýagşy.
─ Onda Paltagaçana iber.
─ Ýok, seň Paltagaçanda işiň ýok, sen indi oba gidersiň.
Rahman daýysynyň çözgüdini eşidip şatlanmady, gaýta birhili, ýakymsyz oňaýsyzlyk duýdy, onuň agzyndan çykjak söze gorky bilen garaşdy. Özüni oba ibermek hakyndaky pikiriň Agahanda şu pursat döremändigine düşündi. Agahan:
─ Agşam gürleşeris ─ diýdi. ─ Özüňe gel, damak edin.
Olara arkaýyn oturyp gürleşmek miýesser etmedi. Günortanlar çapdyrylyp gelen nätanyş, gyzyllaryň otrýadynyň gelýändigini, aňyrsy bir sagatdan şu ýerde boljakdyklaryny habar berdi. Agahan Rahmana:
─ Atlary eýerläp, häzir bolup dur ─ diýdi.
Iki öý arynyň öýjügine döndi. Garynja ýaly girip-çykýan nökerleriň näme edýändiklerini Rahman aňşyryp bilmedi. Aljyraňňylyk aralaşsa, galmagal turar öýtdi, eger-eger, ýekesindenem ses çykanokdy. Rahman “Gyzlar niredekä?!” diýdi. Olar düýnden bäri edil guýa gaçana döndi. Goňşy öýde bolan bolsalar, gije olara azar bererdiler. Onda-da Rahman olaryň agy sesini eşitmedi ahyry. Bir gulagy şol öýde boldy, Agahanyň sesinden başga ses eşitmese näme!
Agahany hiç kim ugratmady, agyr horjuny göterip, ýeke özi geldi. Olar atlylaryň öýden çykaryna garaşman ýola düşdüler. Çaý içim salymdan Agahan atynyň başyny çekdi.
─ Ýegen, sen oba gaýt ─ diýdi.
─ Oba baryp, näme etmeli, daýy?
─ Näme etmelidigini aýdarlar. Şolaryň diýdigi ─ meniň diýdigimdir.
─ Öňi bilen çatmaňy dikelt, heleýiň duluňda dogursyn. Häzirem ýokarky guýa sür. Kyrk goýun sanap öňüňe salarlar, daň atýança Keliň kakyna ýetirersiň. Guýuda agsak adam ýatandyr, şoňa tabşyr-da, “Otuza derek kyrk getirdim” diý ─ Agahan goltugyna elini sokup, bir penje pul çykardy-da, Rahmana uzatdy. ─ Al, gerek bolar. Al, al...
─ Taňryýalkasyn!.. Daýy, meň günämi öt!.. Bir zat soraýsam diýýän, soramasamam-a bolardy weli...
─ Çaltrak sora.
─ Daýy, düýnki görgülileri heläklän-ä däldirler?
Agahan gahar bilen egnini silkdi:
─ Heh!.. Seret-le muňa... Bilemok. Kişiň oljasy bilen işim ýok, seňem işiň bolmasyn! Şu taýda gören zatlaryňy, dowzaham bolsa, unutmaly borsuň.
─ Düşündim, düşündim...
─ Düşünen bolsaň, bar, Alla ýaryň bolsun. Garaşyberiň, uzak eglenmen.
Olar aýrylyşdylar. Rahmanyň kalbyna ýeňillik aralaşdy. Çölüň ümsümligi ene hüwdüsi ýaly onuň ýadaw bedenine dynç berdi. Şu gije-de sag-aman geçse, ol ertir dogduk obasyna dolanar, Asmanyny görer. “Asman, men sen diýip geldim, sensiz maňa çöl gabyr bolup göründi” diýer.

Dowamy bolar: Janserek - roman / 12

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203