Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:04
Türkmene ýaran ogul - 2. Başy gowgaly gaýgysyz

2. Başy gowgaly gaýgysyz

K.M. Atabaýew kim? Gürrüň şu hakda bolmaly dälmi?
T.J. Men Atabaýewiň kimdigi bilen bagly öňinçä bir zat aýdaýyn, ýaşuly. Atabaýewiň kakasy Täç serdar biziň obamyzdan, körsagyrlardan. Adamyň aslyny bilmeli, abraýly adamlar köplenç döwletli ýerden çykýarlar diýilýär. Bir adam hakynda soralanda: “Döwletli ýerden çykanmydyr?” diýýärler. Gaýgysyzyň asly serdar maşgalasyndan. Täç serdar Gowşut han bilen bile söweşen adam.
K.M. Türkmende bir däp bar. Däbimize gaýdyp gelmeli diýýäs-de, gelşimiziň ugry ýok. Mysal üçin, bir ýigit märeke ýerine salawmaleýkim diýip geler welin, oturan ýaşulularyň biri: ”ýigit, gel, otur, nireden bolarsyň, kimlerden bolarsyň?” diýer. Ýigidem aýdar: ”pylan obadan, pylanylardan diýer welin”, ”hä-ä, döwletli ýerden ekeniň, geçiber bärik, seniň ornuň şu ýerdir” diýip, eýýäm onuň ornuny obasy, asly, terbiýesi bilen kesgitläp goýberer. Gaýgysyzam görüm-göreldäni gören bolmaly-da. Görüm görmedik, göreldäni görmedik adam soň ile görüm görkezip bilmeýär, öwredibem bilmeýär. Görüm-görelde diýeniň belent zat bolmaly.
T.J. Tiresiniň, maşgalasynyň, döwletliligiň jogapkärçiligi onuň üstüne düşýär.
K.M. Şony duýup durmaly-da. Atabaýewiň bagtyna ol “Russko-tuzemnaýa” diýen mekdepde okaýar, ýoldaşlary duşýar. Muhammetguly Atabaýew bir mysal, nohurly ýigit, çensiz akylly adam bolan. Türkmende “dogan okaşmak” diýen däp bar. Gaýgysyz Muhammetgulynyň familiýasyny alypdyr diýen gürrüňem bar. Türkmeniň häsiýetinde dost diýeniň, meniň düşünişimçe, dogan-garyndaşdanam belent bolmaly. Dost bolmak üçinem akylyň, paýhasyň, gylygyň, garaz, köp zadyň meňzeş bolmaly. Duýgudaş bolmaly, aýrylmaz bolmaly, şony häli-şindi göresiň gelmeli, maslahatlaşasyň gelmeli, şeýle dälmi?.. Şeýle adamam duşupdyr oňa.
Soň Daşkentde okapdyr. Ol mahal okuwlaram okuwdy! Şol berilýän bilim-terbiýäni alan adam, gowy ýoldaşlara duşan adam. On ýedinji ýyldan soň, 18-20-nji ýyllarda Atabaýewiň haýsy wezipelerde işländigi barada ylmy kitaplarda kän ýazyldy, ýöne bir zat ýazylman gidip otyr: Atabaýewiň kimdigi. Atabaýew diýen familiýa ol kitapdan bu kitaba, ol sahypadan bu sahypa geçip gidip otyr, Atabaýew kim diýen sowala jogap ýok.
T.J. Şu günem şol sowala jogap ýok.
K.M. Gynansagam, ýok, şu günem ýok, arman edýäris, ýok. Ol goýlup ýörlen oýunlar zatlar, meň çekinýän zadym ýok, nälet şonuň awtorlaryna! Oýnaýanlara-da nälet! Utançsyzlyk, bihaýalyk! Taryh diýilýän zadyň bir aýratynlygy bar: taryha girip bolýar, emma taryhdan çykyp bolmaýar. Şony ýazan awtor ölýänçä gara adam şol, ölende-de, hiç mahal aklap bolmaýar, bolmaz!
T.J. Türkmen Döwlet Akademiki Drama Teatrynda goýlan oýun, “Gala”.
K.M. Şol oýny goýana, şony ýazan awtora ömürlik nälet! Olaryň familiýasyny aýtjak däl, onuň geregem ýok. Men ýürekden aýdýan, gynanýan, ýüregim awaýar, ýöne elimden gelýän zat ýok.
T.J. Ýaşuly, ony ýazan adamyňam, oýny goýanlaryňam taryha öz garaýyşlary ýok. Şonuň üçinem olar perwaýsyz, näme et diýilse, şony edýärler. Siz dogry aýtdyňyz, umuman, Atabaýewi iki gezek öldürdiler. Birinji gezek otuz sekizinji ýylda öldürip, taryhdan adyny öçürjek boldular, üstüne atanak çekeris öýtdüler, bir bada başartdam. Biz oglankak kämahal adyny agzardylar. Şol mahal obamyzda onuň aýal doganam ýaşap ýören ekeni-le! Ýöne Atabaýew hakynda müň ýyl mundan ozal bolan adam ýaly äheňde gürrüň bererdiler. Ol serhetde atylypdyr, bir wagon gyzyly alyp, Eýrana geçirjek bolanda öldürilipdir diýerdiler.
Soň Hruşýowyň döwründe geçmişiň faktlary ýarym-ýalta açyldy. Berdi aga daga rugsat berlişi ýaly, ýarym hakykat ölçeginde.
Indi biz döwlet garaşsyzlygyny aldyk diýdik. Sowet Soýuzynyň düzüminde bolanam bolsak, ençeme asyrdan soň Türkmenistanyň özbaşyna respublika bolmagynda Atabaýewiň hyzmaty aýratyn. Indi onuň taryhy hyzmaty hakyky manysynda belleniler öýtdük. Emma bizi ozalky ýarym hakykatdanam dyndardylar oturyberdiler. Şeýdibem, ony ikinji gezek öldürdiler. Otuz ýedinji ýyldaky ýaly. Ol hakda halkyň kalbynda galan hakyda zarba urdular. Aşgabatdaky ýeke-täk ýadygärligini-de aýryp zyňdylar. Ýene adyny öçürdiler. Indem ýaňky adyny agzan oýnumyzda görkezilişi ýaly, Atabaýew ganhor bolupdyr, adamlary atypdyr, horlapdyr... şulardan başga zat eşidemzok. Siz Atabaýewi öwrenen adam. Biz türkmeniň döwletini döretmegiň ýoly barada gürrüň etdik, elbetde, SSSR-iň çäginde. Şonda aýgytly rol oýnan Atabaýew diýdik. Men sizden şu meselede Atabaýewiň aýratyn hyzmaty barada eşitmekçi bolýaryn.
K.M. Millet, döwlet diýen bir kesgitleme bar. Men soňky ýyllarda ”türkmende millet öň döräpmi ýa-da döwlet?” diýen meselede çykyş hem etdim.Ynanyň, adamlar, döwlet milletden öň döreýär diýdim. Döwletiň bolmasa, millet bolup bolmaýar. Marksizmde başgaça aýdylýar. Daşkentde, uniwersitetiň taryh bölüminde okanymda meniň diplom işimiň temasy-da türkmen milletiniň emele gelşi. Bir sebäp bilen türkmeniň milleti barada gürrüň açylanda, ilki bilen şol hakda biri ýazan bolsa, megerem, şol meniň paýyma düşdi, şuňa özümem kaýyl galýan. Soň men bu temany kandidatlyk işi üçin almadym. Muňa sebäp bolan zadam, Şaja Batyrow diýen belent adam millet hakynda ylmy iş ýazýarmyş diýip eşidenimden soň bu temany gapdala goýdum. Diplom işimi 1951-nji ýylda gorapdym, gowy diýip baha beripdiler, çap edipdiler. Gaýdyp elime almandym, Şaja Batyrowa hormatym üçin. Şoňa aslyşýar diýmesinler diýen ätiýaç bilen. Meniň bu gürrüňi açmakdan maksadym, şol Atabaýew, Gaýgysyz Serdarowiç, käýerde oňa Konstantin Sergeýewiçem diýilýär, Atabaýew diýilýän adam bir zada gowy düşünipdir, çensiz gowy düşünipdir. Öňi bilen ol türkmene berlipdir, öz halkyna berlipdir. Onsoňam, “berlipdir” diýen sözüň manysy şeýle: bermäge zadyň bolmaly. Atabaýewde halkyna bermäge zat bar. Ol Atabaýew! Çensiz belent adam!
Meniň Atabaýew bilen ilkinji duşuşan ýerim, dokumentler arkaly duşan ýerim, şeýle boldy. 1920-nji ýylda şu hökümete tüýs berlen Goçmämmet han diýen belent adamyny bir jaýdan beýleki jaýa geçende, haýynlyk bilen pyçaklap öldürýärler, 15-nji sentýabrda. Şu zerarly hökümet komissiýasy döredilýär. Moskwada hökümetiň ýanynda Türkkomissiýa diýen bölüm bardy, bäş-alty adamdan ybarat. Şonuň başlygyna-da Geliawa diýerdiler. Rudzutak, Kuýbyşew, Frunze, Kaganowiç dagam bar. Şol bölümiň düzen komissiýasy üç adamdan ybaratdy, üçüň biri-de Gaýgysyz Atabaýewdi. Goçmämmet baradaky ahwalaty barlamalylaryň biri Atabaýew! Şuny okamda tolgunanymy duýman galdym, şu ýerde Atabaýewiň adynyň tutulýandygy üçin! Adalatly çözüler diýip, içki duýgym bilen garaşdym. Dogrudanam, adalatly çözlüpdir, günäkärler ýazgarylypdyr. Goçmämmet aklandy.
T.J. Goçmämmet kim ol?
K.M. Häzir aýdaýyn. Goçmämmediň tarapdarlaram aklandy. Şolaryň aklanmagynda Atabaýewiň hyzmaty uly bolmaly. Goçmämmet kim? Oňa Goçmämmet han diýilýär. Kitaplarda Goçmämmet Sopyýew diýip hem ýazylýar. Bu meniň ýalňyşym. Dokument ýygnap ýörkäm, onuň familiýasyna duş gelmedim-de, menem tejribesizlik edip, bir dokumentde ony Goçmämmet Sopyýew diýip ýazyp goýberdim, soň Sopyýew bolup gidiberdi, yzyna almak maňa başartmady. Menden göçürdiler ýördüler. Goçmämmet han diýen adam 1920-nji ýylda Hywa hanlygynyň agdarylmagynda esasy rol oýnan adam. Hywa hanyny agdarmak üçin öňi bilen türkmeniň beýleki bir serdaryny syndyrmalydy, ýagny Jüneýit hany syndyrmalydy. Goçmämmet şonuň bilen jetleşen adam, olar bir-birine garşy göreşen. Munam bolşewikler ökdelik bilen ulandylar. Ikisiniň agzyny alardyp, biri-birine duşman edip, iki goçy çaknyşdyryp, maňlaýyny ýaryp, gan akdyryp, maýyp edip, Jüneýit han-a tagtdan düşürip, Goçmämmedem pyçaklap öldürdiler. Şeýdip, ikisindenem dyndylar. Bu ýerde gep – türkmenleriň serdarlaryndan dynmak, türkmeni ýok etmek.
Men Goçmämmedi Atabaýew bilen baglajak bolýan. Eger Atabaýew şol komissiýanyň agzasy bolmadyk bolsady, Goçmämmet aklanmazdy.
1922-nji ýylyň ýazynda Fergana jülgesinde basmaçylyk hereketi ýokary galýar. Käbir maglumatlara görä, 20-30 müň adam baş göterýär. Şu günki günüň kartasyna garap aýtsak, Fergana diýilýän jülge Andyjan, Namangan, Fergana oblastlary, Özbegistanyň özeni, Täjigistanyň Leninabat oblasty, Gyrgyzystanyň Oş oblasty. Milletleriň üýşen ýeri, ilatyň örän gür oturan ýeri. Bir ýany Hytaý, beýlesi Owganystan, şeýle bir wajyp, möhüm ýer. Ine, şu ýerde basmaçylyk hereketi ýatyrylmasa, dogrudanam, sowet hökümetine howp abandy. Basmaçylyk bilen Orta Aziýada sowet häkimliginiň ýok edilmegine mümkinçilik döräpdi. Şu ýerde Moskwa mekirlik bilen hereket edýär. Kimiň üsti bilen bu hereketi ýok etmeli? Şol mahal Rudzutak, Gusew, Broýda diýen milli meseleden habarly adamlar yzly-yzyna gelip gidýär, şolaryň biriniň resmi beren bahasyna görä, şu işe ýolbaşçylyk edip biljek bir adam bar diýilýär. Bu ahwalaty şol adama ynanmasak, başartmaz. Ol adam hem-ä ýerli milletden, hemem hakykat ýüzünde bolşewikler partiýasyna berlen adam, hem başarjaň, hemme tarapdan ukyply diýilip, Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýewiň ady tutulýar. Atabaýewe hukuk hem harby taýdan çäksiz ygtyýarlyk berlip, Fergana iberilýär, basmaçylyk hereketini ýatyrmaly diýilýär. Atabaýewiň saýlanyp alynmagynyň ýene bir amatly ýeri, ol jülgede ýaşaýan halklaryň hiç birine degişli däl, hemmä ortalyk boljak. Şol bir wagtda-da gaty bir kesekem däl, Orta Aziýanyň wekili.
Atabaýew şeýle bir başarjaňlyk görkezýär, özüni uly bir döwlet işgäri, uly harby işgär hökmünde görkezmegi başarýar. Garşylygy ýatyrýar. Şol mahal Atabaýewiň üstünden arza ýazýarlar. Türküstan harby okrugynyň ýolbaşçylary Atabaýew biziň ähli hukugymyzy elimizden aldy, özem baryp ýatan diktator diýip ýazypdyrlar. ”Sredazbýuro” bu meselä garaýar, dört güne çeken mejlisde şol meseläniň dawasy gidýär. Ahyrda-da özüne tabşyrylan möhüm meseläni, harby operasiýany üstünlik bilen ýerine ýetireni üçin Atabaýewe sagbolsun aýdýarlar. Atabaýew şeýdip, hasam at alýar. Şol doklad soň ýazyjy Paporowyň 1991-nji ýylda “Ýunost” žurnalynyň birinji sanynda çykardan makalasynyň esasy bolupdy. Men ol dokumenti 1954-nji ýylda görüpdim, emma maňa çap etmek gadagandy. Gel-gel, Paporow bizden öňürdip çap etdirdi, şonuň üçinem ol sag bolsun!
Şu ýerde Atabaýewiň özüne artygrak ynanyp, bir töwekgel iş edendigini-de belläp geçmeli. Ol basmaçylyk hereketine baş bolanlaryň arasyndan üç-dört adamy boşadyp goýberýär, özi goýberýär, özem ýagşy niýet bilen edýär. Olar öňki gaçyp gidenleri aňyrdan getirerler diýip edýär, olaram gelmeýärler. Bu fakt Atabaýewiň duşmanlary üçin tapylgysyz delil, maglumat bolýar. Olar gaýtadan Atabaýewiň aýagyndan arza ýazýarlar. Indi olarda uly tutaryk bar. Şeýdip, Atabaýew gidip barýar. Öňi bilen Atabaýewi örän tiz Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyndan boşadýarlar. Partiýa agzalyk meselesi goýulýar. Ony bu sapar ýok etmek hyýalyna düşüleni aýdyň. Şol wagt milli mesele bilen meşgullanýan adamlar bardy, Moskwada. Men entek hakykysynyň kim bolandygyny takyklap bilemok, göwnüme bolmasa, şu pajygaly pursatda Atabaýewi goldan, belki, Ordžonikidze bolandyr? Ol örän ynanylýan adam. Ol ýerde Rudzutak diýenem bir pähimli adam bardy, Ýan Ernestowiç Rudzutak diýerdiler, milleti latyş bolmaly, soň olam otuz ýedide atyldy. RKBP-niň Orta Aziýa býurosynyň başlygynyň wezipesinde Gusewdi, yz ýanyndanam Rudzutak bolupdy. Meniň aýtjak bolýanym, Ordžonikidze, Rudzutak, Broýda dagynyň biri, belki-de, üçüsem biledir, Atabaýewi Moskwa çagyrdýarlar, duşmanlarynyň eline berenoklar, halas edýärler. Atabaýewi partiýanyň agzalygyndan öçürtmän alyp galýarlar.

Dowamy bar...

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
© Kakajan MUHAMMETBERDIÝEW
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Tirkiş Jumageldiýew, Kakajan Muhammetberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203