Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:10
Kesgir sözler

Ýaz ýagyşynyň lezzetini duýmaga-da gamsyz göwün gerek.
"Biz kim ekenik?!"

* * *

Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň!
"Gara ýyldyrym"

* * *

Ökünip oturka türkmenden paýhasly adam ýokdur.
("Gara ýyldyrym")

* * *

Gorky adamda yryma ynanjy artdyrýar.
("Gara ýyldyrym")

* * *

Durmuş bulananda suwlaram bulanýar ekeni.
("Täze habarlar")

* * *

Emeldarlaryň jenaýatyna düzgün eden jemgyýetiň bulanyk suwunda sen balyk bolup ýüzdüň, baýadyň
("Täze habarlar")

* * *

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, begtbagtlyga deňlik küýseýär.
("Ýanan gelinler")

* * *

Söwda ýollary ýurduň gan damarlary bolsa, bazar onuň ýüregi.
("Türkmençilik")

* * *

Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam şowsuzlyga uçramaly.
("Janserek")

* * *

Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi guratdy.
("Ýiten ýurt")

* * *

Arassa duýguny söz bilen beýan edilende, çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldy.
("Ýiten ýurt")

* * *

Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk tutulşy göz öňüme geläýýär.
("Milli oýun")

* * *

Taryhyň çaňy bilen halkyň ruhuny galdyrjak bolanlaryň nä güne düşendigini bilmek üçinem taryhy okamaly-da.
("Milli oýun")

* * *

Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş.

© Tirkiş JUMAGELDI
Bölümler: Kesgir sözler | Görülen: 154 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Atsyzatly • 01:15, 19.11.2023
Ýokarky ikisini pozaýýarsyňyzda, ýalňyşlyk berdimikä diýip, açyp otyrypdyryn. Birem "sitatalar" bölümi ýok eken.
avatar
0
2 Medicall • 01:36, 19.11.2023
"Kesgir sözler" diýip açdym bölümi. Degişli bölümleri teklip ediberiñ, kyn däl bölüm açmak.
avatar
0
3 Pero • 00:50, 20.11.2023
Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, begtbagtlyga deňlik küýseýär.
("Ýanan gelinler") hakyky,goṣulýan. Özem ör turup,çapak çalýan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203