Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:23
Janserek - roman / 12
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 11]
ÝEDINJI BAP

Rahman oba boş gelmedi; öý satyn alyp geldi. Çagalar şowhun turzup, onuň öňünden çykdylar. Ol düýäniň owsaryny çagalaryň eline berdi. Çagalar owsary dartyp, düýe janaweri gyssap başladylar. Haýwan muny ýokuş gördi, boýnuny asmanda galgadyp, ýüzüni kese-kese sowdy.
Öý satan adam düşbi ekeni. Rahmanyň howlugýanyny bilip, düýesini berip goýberdi, “Ertiriň bir ýerinde getirseň bolar” diýdi.
Düýäniň üstündäki gara tüýnük ─ Rahmanyň umydy, ol gelejegiň nyşany. Hä diýmän tüýnük asmana galar, Rahmanyň ýurdunyň ýitmänini ile äşgär eder. Muny edil ýanan öýüň ýerinden dikmeli bolar.
Onuň bu islegine Ýaran garşy çykdy. “Ýanan öýüň ýeri şu durşuna durmaly” diýdi. Bir gysym küli beýläk aýyrmaga hiç kesiň, şol sanda Rahmanyňam hakynyň ýokdugyny duýdurdy, özem Agahanyň adyndan duýdurdy.
Rahmanyň höwesi gaçdy. Düýnki günüň galagoplugy gara ýel kimin ýene onuň kalbyna kürsäp urdy. Şundan soň köne ýurduň garalyp ýatan külüni geçmişiň nyşanydyr öýtmedi, ol gelejegiňem manysyzdygyny habar berýän alamata öwrüldi. Jynaza okalan meýdança seredip duran ýaly agyr tukatlykdan sypyp bilmedi.
Asmany küýsedi. Onuň nirededigini takyk bilesi geldi, ýöne soramakdan çekindi. Ol entegem Agahanyň aýdanyna ynananokdy. “Asman öz islegine Gaýratlara barmaz” diýen umyt bilen ýaşaýardy.
Ýaran:
─ Ýegen, aýalyňdan habarlysyň-da hernä? ─ diýdi. Rahmanyň bedeni pyçak urgusyna garaşýan ýaly saň-gaty boldy. Ýaran ýöwselledi. Rahmanyň ýitelen göreçlerine seredip bilmän, otdan gizlenýän tilki dek, çöp-çalama urdy. ─ Bi dünýe ─ pany dünýe, ýegen... Bi dünýe ýagşylygyň dünýesi däl, ýamanlygyň, şumroýlugyň dünýesi... Beýdip, gazyk ýuwdan ýaly bolup durma-la, ýegen, weý-weý... Tünegi nireden dikeňde bolanok, türkmeniň ýurt dannawy bolmaz. Möwlam, haýda, köşek, he-he...
Ol tärimleri dikilmeli ýerine daşap ýören ogluna buýsanç bilen garady. Ol hemişe ogluna, ýükçi baýtalyna, birem kündäni ezberlik bilen çekýän öküzine buýsançly garardy. Bu üç jandaryň jynsy üýtgeşigem bolsa, Ýaran üçin olaryň arasynda ýakymly meňzeşlik bardy: olaryň üçüsem bu dünýäniň galmagalyndan daşdadylar, buýrulan işi gaýrat bilen edip, öňlerinde goýlan hörege at dakman, işdämen iýýärdiler. Haýwan haýwandy, ýöne gulagynyň kerligi zerarly Möwlamam mahluga öwrülipdi.
Ýyllaryň geçmegi bilen Ýaran oglunyň kerligine öwrenişdi, onuň şikesini betbagtlyk hasap etmedi. Gaýta, ol hemişe: “Gep-söz adama peýda berenok, gep-söz adamlary azdyrýar, olaryň zähmetden elini sowadýar” diýerdi. Oglunyň bolşuna seredip, “Allatagalla adamlary lal ýa-da ker edip ýaradan bolsa, dünýäde bu tutha-baslyklaryň birisi-de bolmazdy” diýen pikire gelerdi. Häzirem öz ker ogly bilen Rahmany deňeşdirdi. “Ýeri, bularyň haýsysy betbagt?” Ol Rahmany betbagt saýdy.
Köne ýurduň ýigrimi ädim çemesi gapdalyndan täze ýurt üçin ýer taýynladylar. Goňşy-golam ýygnanyp başlady.
Dürnabadyň gelýänini görende Rahmanyň kalbyna ýakymly duýgy aralaşdy. Bu duýgynyň nämeden dörändigini onuň özem bilmedi, şonda-da bokurdagy gurap, suwsuz heläk bolup barýan adamyň halasgärine seredişi ýaly delmurup garaşdy. Dürnabat bolsa, agyr süňňüni zordan süýräp gelýärdi. Rahman onuň sojap dem alşyny eşitdi.
Telim ýyl ozal ejesi bilen şu oba göçüp gelip, ýüklerini ýazdyryp durkalaram, töwerek-daşdan adam bary ýygnanypdy. Şolaryň arasyndan aýratyn Dürnabat ýadynda galypdy. Şonda-da ol häzirki ýaly sojap dem alýardy, häzirki semizligidi. Köne salmanyň raýyşyna galjak bolanda elini dyzyna diräpdi, häzirem şeýtdi. Beýleki aýallaryň topbularyndan egme ildirgiç asylgydy, Dürnabat diňe solagrak ýaglyk daňynaýypdyr. Şindem üýtgän zat ýok. Hawa, topbusy biraz çürelen ýaly, olam ýüzüniň has et alyp giňänligi üçin bolsa gerek. Egninde-de hemişeki dokama alaça köýnek. Henize deňiç, şatylama aýazda-da, onuň don geýenini gören ýok. Saçynyň gyrlan tarlary topbusynyň eteginden çykyşyp dur. Dürnabat görgüliň daranyp oturmaga eli degýämi näme?! Ol jemi on dört çaga dogurdy, şolaryň onusy diri. Käbir adamlar onuň çaga dogruşyny hezil edip gürrüň berýärler. “Öňi bilen-ä, garny uly bolansoň, onuň göwrelidigini bilip bolanok ─ diýýärdiler. ─ Onsoňam ol, beýleki aýallar ýaly, töweregine adam üýşürip, asyl çyglyp ýatmaz, üzüm joýasynyň içinde dogrup, çagasyny etegine salyp gelen mahallaram bolupdyr” diýerdiler. Bu ýagdaýy Rahman gözi bilen görmedigem bolsa, kemsiz ynanýardy, sebäbi Dürnabat Ýazja diýen ogluna käýinende, köplenç: “Hä’k, samankepbede doglan, bedasyl” diýerdi. Onsoňam, Dürnabadyň çaga dogrup, gap dulda ýorgan-düşekli ýatanyny görmändi. Ýogsa, Rahman dagy göçüp geleli bäri, Dürnabat alty çaga dogurdy, häzirem içiniň boşdugyna güwä geçip biljek däldi. Asyl onuň çaga emdirmeýän mahaly ýokdy. Il ýaly ýakasynyň bagjygynam ildirjek bolmazdy. Çagaň özi ajyganda emmesini çykaryp sokjap oturandyr, Dürnabat bolsa edip oturan işini taşlajagam bolmaz. Mahal-mahal goňşy-golamyň ene süýdüne teşne çagalaram ony emip, garynlaryny tegeläp giderdiler.
Dürnabat gele-gelmäne:
─ Hä’k, bedasyl, dolandyňmy hernä?! ─ diýdi. Onuň äheňinde kanagatlanma bardy. ─ Işigiň ileri!
─ Taňryýalkasyn, daýza!
Rahman: “Näme üçin Asman Dürnabat daýzalara barmandyr-da?..” Onuň “Gaýratlara bardyka?” diýmäge dili öwrülmedi. Entegem ynanmadyk bolýardy, şeýdip namys odunyň tutaşmazlygyna möhlet araýardy. Uzak aýralykdan dolanyp gelen adam keselbent hossaryny görmänsoň, onuň ölendigine ýüreginden ynansa-da, biri dil ýarýança, soramaga bogny ysman oturýar. Edil şonuň ýaly, Rahmanam garaşdy. Garaşdygyça-da ezýet ýamanyny gördi. Emma şol aýylganç habary eşideninden ezýet çekenem gowudy.
Dürnabat aýdar öýdüp, gorky bilen garaşdy. Dürnabat Asmany ýatlamadam. Rahman has beter alada galdy.
Soňra boýuny ikindiň kölegesi ýaly edip Gurbantäç geldi. Onuň aşgara ýatyrylan ýaly ýakymsyz ýüzüne seretmejek bolup, Rahman başyny galdyrman oturdy. Gurbantäç sorag yzyna sorag berdi. Öýüň bahasyny anyklany bilenem oňman, ony töwerekdäki öýler bilen deňeşdirmäge başlady. Asyl, ol hemme öýleriň bahasyny bilýän ekeni. Kim bilen ters bolsa, şolaryň öýüni Rahmanyň öýünden pesde goýdy. Soňam, göz-görtele iki ýyl bäri oňarylmany üçin uklary gyşaryşyp, gamyşynyň ezenegi agyp ugran öýüni taryplap başlady, alty ganaty “sekiz ganat” diýip artdyryp aýtdy. Dürnabat çydamady:
─ Hany, gaty derä it siýen ýaly sakyrdap durma-la, Gurbantäç ─ diýdi. ─ Ýa tärimi aýlaş, bolmasa-da uklary saýhalla, onam başarman öýtseň, otur-da uk baglary jemle.
─ Waý-eý, ýüregiňi eliňe alma-la, gyz... A gyz, men bi Asmany göremok-la, ýa henizem Gaýratyň enesiniň gapdalyny alyp otyrmyka, toba?!.
Rahman depesinden ýekedaban inen gazyk kimin bir gez ýere girdi. Dürnabat ony ikinji urgudan halas etjek bolýan ýaly Gurbantäje azgyryldy:
─ Eger-de gybat küýseýän bolsaň, gelen yzyňy ýel çalmanka, ugra şu ýerden, heleý!
Gurbantäjiň gitjek gümany barmy?! Dürnabadyň aýdanyny ýüzüne-de almady, gaýta, Rahmanyň üstüne abanyp, oragyň sapy ýaly togalak burnuny pyrkyldatdy.
─ Işigiň ilerik, Rahman! Indiden beýläk, süýjeşip ýaşaşmak miýesser edewersin, Hudaýym! Öýüň daşyňa gala bolsun! Ak öý dikip, iş bitirýäň. Ýogsa, göwreli halyna, Asman kişiň dulunda otursa... A gyz, men-ä şoň gaýgysyny edibem ýatyp bilemok.
Ýaran:
─ Heý-de ýatyp bormy? ─ diýdi. ─ Namys gursun, rast aýdýaň, Gurbantäç. Asman gelin edip bilenini edendir-le. Dürnabat, o tärimi entegem biraz ýaýradyň, ...ýene... ýene biraz...
Rahman başyny syrdyrýan ýaly bolup oturyşyna, tärimi öz daşyna aýlanýan gabaw hasap etdi. “Çykalgasyzlygyny bilende haýwanam ümsüm durýar, sen-ä adam ─ diýdi. ─ Meni bu adamlar gabanok, Asman gabady ─ diýdi. ─ Bular töwerekden kesek atyp, tomaşa edýärler. Eger şol tomaşa gaýtawul berilse, olaryň köhi geler”.
Öýüň tärimini aýlap gutardylar. Rahman üçin indi onuň parhy ýokdy. Bu güni bisähet gün saýdy. “Indi sen oňlulyga garaşma” diýdi.
Gapyň söýelerini deňläp, tüýnük galdyryljak bolup durka, Dürnabadyň ogly Ýazja bilen Muhammediň ogly Torly tasaşyp geldiler. Ýazja hyrly tüpeňini somlap, Rahmana haýbat atdy:
─ Eý, baý guýrugy, düş öňe!
Ol buýruk bereni bilenem oňmady, ýöne-möne zat üçin gelmändiklerini nygtajak bolup, çokaýly aýagyny taýly gezek ýokary galdyryp ýere urdy. Dabanynyň astyndan tarpyldy çykmady, diňe çokaýynyň ýaglanan murty tirpildäp ses etdi. Onuň bolşy oýna çalym edýärdi, ýöne Torlynyň gülmän durşuny Rahman geň gördi. Torly ýaly gülek adam ýokdy, ol kämahal ýeriň ýarygyna-da gülýärdi. Häzir onuň tüýs gülmeli pursaty. Ýazja nyzamçy esgerlere öýkünjek bolýar, bolanok. Şol barmana-da tüpeňiniň şahy donunyň syýyndaky deşikden ildi. Torly şonda-da gülmedi. Rahman olaryň oýun küýsäp gelmändiklerine ynandy.
Ýazja ejesine hüňürdedi:
─ Baý guýrugynyň öýüni tutup berýänçäň-ä, meň donumy ýama!
Ol duranlaryň öňünde şowsuzlyga uçurap, masgara bolany üçin, gaharyny kimden çykarjagyny bilmedi. Hyrly tüpeňiň demir şahyna agyz salaýasy geldi. Bir deşigi sypdyrdym diýse, şahyň beýleki tarapy başga bir deşige ildi.
─ Aý, jyn urmuş!..
─ Bi artyp galany sygryň kesmigi ýaly edip, obaň içinde süýräp ýörmeli bor owuşýa?!
Dürnabat ogluna kömek etjek boldy, Ýazja gaça durdy.
─ Aý, jyn urmuş!..
Torlyň takaty ýetmedi, gülüp başlady. Ilki çalarak, soň kem-kem gaty güldi. Birdenem, gyjyklanýan ýaly, duran ýerinde tomaşa bilen böküp başlady. Beýleki duranlaram güldi. Diňe Rahman gülmedi.
─ Sen bi samsyk gülkiň bilen otrýada zyýan edýäň!..
Ýazjanyň duýduryşyndan soň, Torly bokurdagyndan bogulýan ýaly, kynlyk bilen gülmesini goýdy. Dürnabat:
─ Hernä, gowy geldiňiz, tüýnük galdyryşara adam gerekdi ─ diýdi.
─ Hany, eje, ugra öýe tarap!
─ Ýitsene, kellesi kesilmedik!..
─ Eje-e-e!.. ─ Ýazja tüpeňiniň gundagyny ýere urdy. Ýagdaýyň geň däldigini aňan Ýaran baý ýöwselläp, töweregine garanjaklap başlady. Ýazja oňa-da hemle atdy.
─ Sen nämä dursuň?
─ Weý, weý, men duramok... Men gitjek-le. Möwlam, ýör, ogul, ýör... Gelşimizem ýaňydy-la... Möwlam, hä’k!.. Kerruh açmyş diýsä!..
Ýaran, urgudan gizlenýän ýaly, oglunyň çigninden dartyp haýdap ugrady.
Ýazja öz ýanyndan Ýaran baýa minnetdar boldy. Onuň buýtarsyz buýruga boýun synmagy ýagdaýyň çynlakaýdygyny äşgär etdi. Gurbantäç sesini çykarman ýumlugdy. Galmagala öýden çykanlar orta ýoldan yzlaryna gaýtdylar. Şundan soň Ýazja dabara bilen ýylgyryp, Rahmana tarap öwrüldi.
─ Öňe düş, halypa, garaşyp otyrlar saňa!.. Şuraň jaýynda...
Rahman Ýazja bilen Torlyň öňüne düşdi. Dürnabat:
─ Gorkma, Rahman ─ diýip gygyrdy. ─ Hudaýa şükür, seň garypdygyňy uly il bilýär.
─ Eje, eger-de öýe ugramasaň, häziriň özünde kakamy iberýän.
─ Şeýtsene, ýogsa, bi tüýnügi kim bilen galdyraýyn... Ýeri, indi bi Asman gelmejekmikä?!.
Asman gelmedi, öýüň tüýnügi galdyrylman galdy.
* * *

Dowamy: Janserek - roman / 13

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203