Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:53
Janserek - roman / 8
Exclusive


JANSEREK
(dowamy)

[Öňi: Janserek - roman / 7]
BÄŞINJI BAP

Rahman on gün düşekde ýatdy. Agyry aýrylyp, ysgyna geldigiçe, on iki süňňi bir göwrä birleşdi. On gün üznüksiz pikir etdi. Käbir zady anyklady, käbir mesele bolsa ony öňküdenem beter gozgalaňa saldy. Kemteresinden, ýeke gezegem Asman onuň düýşüne girmedi. Rahmanyň weli ony göresi gelýärdi, her gün umyt bilen uka gidýärdi. Hamala, olaryň gelejekki takdyry şol düýşe tabyn edilen ýaly umytly garaşma oňa endik boldy. Uky boş geçerdi. Uzakly gije ýiten malyny gözläp, uç tapmadyk çopan kimin, täze güni höwessiz garşylaýardy. Gaharyna: “Aýal maşgala äriniň diýeninden çyksa bolmaz ─ diýip jibrinerdi. ─ Oglumy göwresinde göterip ýör, onsoň Asmanyň gitjek ýeri niremiş?!.”
Rahmanyň başga-da düşünmeýän zady bar. Ynha, Agahanyň telim adamy daşyna üýşürip, guýynyň başyny saklap ýatanyna-da düşünenok. Eger maksady Gaýratdan dynmak bolsa, ony bir gijäniň dowamynda edip bilýär. Oturan ýerinden gozganman, Hydyra buýruk berse bolany, ol obany bir ýanyndan gyrgyna bermäge taýýar. “Ýa demrinden, ýa kömründen” diýlişi ýaly, Agahanyň ýaýdanjynyň bir sebäbi bolmaly...
─ Daýy, obadan näme habar?
─ Habar ýokdur, ýegen...
Rahman Agahana ynanmady.
On bäşinji gün irden Rahman daýysy bilen ýola düşdi. Asyl düýnden bäri Agahanyň aladasy artdy. Süňňüne ýeňillik aralaşdy, mahal-mahal hiňlenip başlady. Entek jahan ýagtylmanka Rahmany turuzdy. Ot ýakyp, çaý demlediler.
─ Atlar iýmini iýýänçä, bizem güýmeneli, ýegen.
─ Bir ýere gitmelimi, daýy?
─ Gitmeli, ýegen, gitmeli. Suw bir ýerde köp ýatsa, sadyr bolýar. Işsizlikden adamyň çüýremegi ähtimal. Şol zerarly-da Hudaý adama iki aýak beripdir. “Gymyldamasaň, çüýrärsiň” diýipdir. Adam Hudaýyň beren iki aýagyna kaýyl bolman, emel edipdir ─ ata çykypdyr. Bu gün bizem ata çykarys, ýegen, ýogsa, bu ýatyşymyza, bedewleri eşekden tapawutlandyryp bilmän, masgara bolaýmaly, ha-ha-ha...
Rahman agyr alada galdy. Agahanyň şatlygy kimdir biriniň hesretidir. Bu dünýäniň gurluşynyň täsindigini, edil mizan terezi ýaly. Tereziniň bir tarapynda şatlyk, ikinji tarapynda hesret.
Agahan Rahmanyň öňüne iňňeden çykma gyrmyzdon bilen ýüpek guşak, seçelenip duran gara silkme bilen gara ädik oklady.
─ Geýin ─ diýdi. ─ Sowalyňy ýolda berersiň, çaltrak bol.
Agahan agzy gözelen haly horjuny atynyň syrtyna bökderdi. Hydyryň atlylaryndan bir adamam daş çykmady. Olary diňe ala köpek ugratdy.
─ Daýy, nirä barýas?
─ Toýa barýas.
─ Kimiň toýuna?
─ Öz toýmuza.
Rahman düşünmedi.
─ Paltagaçanamy?
─ Gyssanma, ýegen, görersiň. Biz üýtgeşik toýa barýas! Ogul toýam däl, gyz toýam. Şu göbegimiziň gömlen topragyny görýärmiň?.. Galma menden, sür alaşany dözümliräk... Şu topragyň toýuna! Hydyr gören çölüň toýuna! ─ Agahanyň sesi sandyrady, bir meýdan dymyp gitdi. ─ Köneleriň aýtmadyk sözi galmandyr. “Baş bolmasa, göwre läş” diýen söz bar. Şol sözi türkmenler aýdypdyr! Her öýüň, her tiräň, her taýpaň başy bar. “Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi”. Ýalanmy eýsem? Ili eýesiz goýdular. Guýrugy görkezip: “Ynha, şu seniň başyň bolmaly” diýýärler. Guýruk hemişe porsa ýakyndyr.
Rahmanyň pikiriçe, daýysy Gaýraty göz öňünde tutup aýdýardy. Gürrüňiň dowam etdirilmegini islemedi, soňunyň Asmana ýazaryndan ätiýaç etdi, ony başga ýana sowmaga dalaş etdi.
─ Daýy, rugsat bolsa, bir zat sorajak.
─ Aýt.
─ Neme-le, daýy... ynha, şu Hydyr bar-a... şoňa ynanýarmyň?
─ Hydyra?.. Bu neneňsi sowal boldy?
─ Aý, kelläme geldi-de, soraýdym-da...
─ Göniňden gel!
Rahman Aýazyň aýdanlaryny gaýtalady, özünden zat goşmady. Agahan ilki garagol çagaň etmişini diňleýän ýaly tomaşa bilen güldi, soňam esli mahal dymyp gitdi. Birdenem:
─ Özüň nädýärsiň, ynanýarmyň? ─ diýdi.
─ Men ony tanamok, daýy.
─ Tanamasaň, tanajak bol! Her hili ýol bilen baýap ýören bar. Uly ýolda adam talap ýöreniňkem bir ýol. Il olara “baý” diýenok, “galtaman” diýýär.
─ Hydyr dagy galtaman dälmi?
─ Bolubersin galtaman, balşewigi talasa bor!
─ Men-ä düşünýän däldirin, daýy.
─ Sen entek uçursyz kän zada düşüneňok. Biziň barjak ýerimizde “Agahan Hydyr bilen geler” diýip oturandyrlar. Men seni alyp barýan, şoňa düşün. Bir adamyň baýamagy üçin ikinji adamyň ölümi hemişe amatlydyr. Ýöne herki zadyň öz pursaty bolmaly. Dünýäde hemme adam haýsydyr bir pursada garaşyp ýaşaýar. Käbir adam şol pursadyň gelenini bilenok, ýa bilse-de, ulanmagy başaranok. Eger Hydyr ökdelän bolsa, bu diýmek, onuň zorlugy. Biz ondan gorkmaly däl, biz ondan seresap bolmaly.
Olar durman gitdiler. Wagt günortadan agdy. Atlaryň bireýýäm gylawy ýatdy. Agahanyň gep atmasy galdy. Çölüň bahar pasly başda Rahmanyň gözüne mährem görnenem bolsa, soňabaka öwrenişdi. Otlar geçen ýylky otlary, güller hemişeki gülleri ýatlatdy. Rahmanyň olara nebsi agyrdy. Olar ömürleriniň gysgadygyndan bihabar, asmandaky Güne garap ülpüldeşip otyrlar. Şol Günüň howram bahym bulary guradyp taşlar. Ýylanyň owadan gözüne guwanyp, onuň agzyna düşýän jandarlaram, şu otlara meňzeýär. Olar aldawyň, haýynlygyň gurbany. Emma adamlar muňa “ykbal” diýýärler. Ykbalyň öňünde hemme zat alaçsyz. Adamam şeýle. Ol şu otlaryň ykbalynyň çözgüdini bilse-de, özüniň ertir nämä uçurajagyny bilenok. “Ony diňe Hudaý bilýär” diýýärler, şony bilýänligi üçinem Ol adamdan güýçli bolmaly...
Bäş atly olaryň ýoluny kesdi. Atlylar, edil ýeriň teýinden çykan ýaly, duýdansyz peýda boldular. Olaryň baştutany Agahany tanaýan ekeni. Ol ýeke sowal berdi:
─ Ýolda-yzda gara gördüňizmi?
─ Hudaýa şükür, göremzok.
─ Baryberiň.
Atlylar galdy. Agahan:
─ Hanalyň ýigitleri ─ diýdi.
Olar ýene çaý içim salym gitdiler. Ilki çal tüsse göründi, soňam gaýnatmanyň ýakymly ysy burna degdi. Agahanyň aty gulaklaryny keýerdip kişňedi.
Beýik alaňyň eteginde olary ýene sakladylar. Topar atlyň öňüne düşen ýigit salam berdi. Agahan yssy mähir bilen:
─ Saglykmy, ýigitler ─ diýdi.
Ýaş ýigidiň aýagynyň aşagyndaky ak at Rahmanyň gözüne çakdan uly göründi. Göwre bilen deňeşdireniňde müjüni ýada salýan kelle, hol, asmanda galgady. Ýigidiň başyndaky ak telpegem ondan pesdedi, töwerekdäki çäge depelerem onuň deňine ýetip bilmedi. Rahman alaşasynyň ýadawlykdan boýnuny sallap duranyny bilse-de, häzir janawer şony özüniň kiçiligine utanyp edýän ýaly göründi.
Atyň üstünde oturan ýigit tumşugyny asmana tutdy. Onuň eňegine ýaňy päki degipdir. Ony hem zerurlykdan däl-de, ýigit çykandygyny duýdurmak üçin howlugyp eden ýalydy. Gözünde çaga bilesigelijiligi bardy, entek ýüzüniň eti gatamaga-da ýetişmändir.
Ýigidiň sesi tommaýly çykdy:
─ Kim bolarsyňyz?
─ Maňa Agahan diýýärler.
─ Gapdalyňdaky?..
─ Ýegenim.
Ýaş ýigidiň özüne seredişini Rahman halamady, onuň garaýşyndan ýakymsyz şübhe duýdy. Ol Agahanyň sözüne ynanmaýandygyny duýdurmak üçin seredýän ýalydy. Rahman onuň gopbamsylygyny, özüni mazamlaýşyny ýigrendi. Onuň atynam ýigrendi.
Ýaş ýigit serenjam berdi:
─ Myrat, ýaşulyny ugrat.
Ol henizem Rahmandan gözüni aýyrmandy. Agahan nökeriň yzyna düşdi. Rahmanam ugramakçy boldy. Ýigit:
─ Howlukma ─ diýdi. ─ Häzir senem ugradarlar.
Rahmany ugradan nöker guýynyň oýuna günbatardan indi. Adamlaryň gaýda-gaýmalaşygy näme üçindir birden ýara düşen sansyz gurduň müňňüldisini Rahmanyň göz öňüne getirdi.
Guýudan ýeňsede, gaýmalaşykdan biraz üzňe dört sany ak öý otyrdy. Agahany şol ýerde atdan düşürdiler, ortaky öýe çenli ugradyp, gapyny açyp berdiler. Ol säginmän girip gitdi. Rahman: “Daýym meni unudaýdy öýdýän” diýip pikir etdi.
Öňdäki giň agyldan çörüň ysy aňkap dursa-da, içinde goýun görmedi, aýagy duşalyp kowlan atlary gördi. Agahanyň atynam idip, agyla tarap alyp gaýtdylar.
Oýda ýene bäş sany öý bardy. Olary guýynyň taýagatym ýokary ýanynda öňli-artly edip dikipdirler. Açyk gapylar gowagyň agzy ýaly garalyşyp görünýärdi, girip-çykýanlaryň gürlügi garynja hinini ýada salýardy.
Gumuň eteginde ýedi goýny birden soýup durlar, ýene iki sany janaweri idirdedip alyp barýarlar. Rahman hatar ojakdaky bugaryp duran gazanlary sanamaga ýetişmedi. Birden yzly-yzyna atlar kişňäp, agylyň içine gozgalaň aralaşdy. Aýagy duşalan atlar böküşip, hamala tomaşadan galyp barýan ýaly, ýylgyn haýatyň aňyrsyndan boýunlaryny süýndürip heläk boldular. Horguryşyp, biri-birine toýnak salyp başladylar. Rahmanyň alaşasy gulagyny keýertdi, gapdaldan barýan nökeriň aty bolsa ilden kem galmajak bolup kişňedi, burnuny parryldadyp, aýlawa goýberiljek bedew kimin towsaklan boldy. Nöker jylawy çekip:
─ Baýtalyň ysyny aldylar weli, Tulpar işan gelýändir ─ diýdi. ─ Tä gidýänçä rahatlyk bolmaz. Ýeri, şuň ýaly märekä at münüp gelende bolanokmy, edil şo baýtal bilen bagry badaşan ýaly.
Agylyň aňyrsyndan iki ýabyly tirkeşip çykdy. Öňdäki dor baýtalyň üstünde ak selle bilen ala dona çolanyp oturan adamyň somalyşyp duran eginleri garantgany ýatlatdy. Ol töweregiň galmagalyna, kemteresinden, başynam galdyrmady.
Rahman öýe giren dessine, öňünde çaý goýdular. Orta ýazylan dokama saçagyň üstünde üç tegelek nan bilen bir okara saryýag, gapdalda-da tikeç gant bilen şaha nabat çaşyp ýatyrdy.
Töwerekde dik oturandan süýnüp ýatan köpdi. Rahman olaryň birinem tanamady. Eger tanyş ýüz gören bolsa, öňi bilen bu toýuň nähili toýdugyny sorajakdy. Beýle geň toýy henize deňiç görmändi. Geleli bäri içde-daşda aýal-gyza gözi düşmedi, hemme ýerde diňe erkekler, özleriniňem hemmesi ýaragly. Hyzmat edip ýörenem, oturanam ýaragyny ýanyndan aýranok. Gapdalyndakylaram şeýle. “Belki, bularam özüm ýaly bihabardyr, biriniň gapdaly bilen gelen adamlardyr” diýip pikir etdi.
Gözenegiň öňünde tirsekläp ýatan şykgy ýüzli adam dodaklaryny şapbyldadyp, owurdyndaky süýjini sorýardy. Onuň gözlerindäki ýakymsyz ýitilik solak ýüzüne gelişmeýärdi. Wagtlaýyn keýp bu dünýäniň aladasyny onuň ýadyndan çykaran bolara çemeli, ol:
─ Baýak, Zöhre jan düýşüme giripdir ─ diýip, gürrüňe başlajak boldy.
Oturanlar hä bermäň deregine tomaşa bilen güldüler. Ýaňky adam gülkini halamady, ajy ýylgyryp, töweregindäkilere ýekän-ýekän garap çykdy. Ýylgyrman oturan Rahmany görüp sägindi.
─ Ýigit, sen kimlerden bolarsyň?
─ Agahanlardan.
─ Ä-hä... Agahan diýsene... Maňa-da “Şirli han” diýýäler, Zöhre jany görenimem hak. “Jynly oýuň” ilersindäki düzlüge çykdym weli, keteni köýnekli, başy altyn gupbaly bir gyz gelýär!.. Saňa ýalan, maňa çyn, şu ýaňky, tüm garaňky gije gündizlige öwrüldi duruberdi. “Zöhre jan!” diýip gygyrdym. Pakyrjyk maňa tarap gujagyny gerip ylgady weli, şu saňa ýalan, maňa çyn, asmandan elhenç bir zat indi-de, Zöhre jany aldy-da ötägitdi...
Ýene gülüşdiler, dilleriniň keýpini gördüler.
─ O görgüli Tahyry gözläp çykandyr.
─ Beý diýme-le, “Jynly oýuň” ilersinde Tahyryň nä köri bar? O pakyrjyk, hakyt, Şirli hany küýsäp çykan bolmaly, şeýle gerek?
─ Çolaja ýerde-hä duşan ekeni.
─ Bi aýallarmy?!. Gör, şo döw asmandan inmedik bolsa, Zöhre-de biwepalyk etjek ekeni.
─ Şirli han, sen şo “Jynly oýy” sypdyrma, Zöhräň hökman geläýmeli, men bi aýallara beletdirin.
Şirli kanagat bilen diňledi, soňam:
─ Ýaňsylaň, gülüň ─ diýdi. ─ Ýeriň ýarygyna gülmeli mahalyňyzdyr. O siziň diýýän Zöhräňizi başyma ýapaýynmy, men öz Zöhrämiň derdine ýanýan. Ynha, indi ýigrimi ýyl zaryny çekip ýörün, gelmejeginem bilýän, menden Zöhre ötdi, meni Zöhre başyna ýapsynmy?!. Şonda-da, hälki, ýöne... Ýeri, men akmak kime düşündirjek bolýan diýsene...
Ol ahmyr bilen başyny ýaýkap, çaýly käsä eňegini basdy. Gözleriniň ody öçdi.
Eli çäýnekli gapydan giren ýigit habaryny bermäge howlukdy:
─ Adamlar, Selim işan geldi, atdan düşüp dur, görerin diýseňiz, çykyň daşary.
Dört adam bada-bat gapa topuldy. Şirli gozganmady.
─ Selim işanam özümiz ýaly ynsandyr-da, oň üçin basga düşüp... ýa’k, sizem-ä, walla... ─ diýdi.
Daş bosagada duran ýigitleriň biri jogap berdi:
─ Asyl seni göterip atdan düşüräýmezler.
─ Düşürtmenem! Entek meň dyzymyň kuwwaty gaçanok.
─ Hany, “Işan aga Owganda ýaşajyk gyza öýlenenmiş” diýýärler-le?
─ Rastdyr. Meniň eşidişime görä, özem düýn-öňňin şo taýdan gelen bolmaly.
─ Aý, Şirli han, diýseňem, Selim işan entek daýaw. Seret, oň dikgerip durşuny, ýüzi dagy asmana seredýär.
─ Wah, ileriň tirýeginiň güýji güýçmi näme?!
Rahmanyň gapdalynda gürrüňe goşulman, ýüňli ganara ýaplanyp oturan, eňegi kelte, burny uzyn adam:
─ Eý, agzaçyk ─ diýip, Şirlä haýbat atdy. ─ Agzyňa ak-da gelse, gara-da gelse, goýberip otyrsyň, utan! Pygamber ýaly adamy özüňe deňeme! Beh, awylygyny atypdyr-da, walla, diýjegini diýip otyr-aý!.. Selim işanyň bäri dolanmasynyň özi ─ gudrat! Selim işan gelen bolsa, ine, görersiňiz, hä diýmän Jüneýit hanam geler. Iňlis ýaňadan baş götermese, tüf ýüzüme! ─ Onuň kelte dodagynyň üstüne abanyp duran gelşiksiz gara murty soň oturdylan ýaly, ýene biraz janygsa, gopup gaýdarly göründi. ─ Selim işanyň kerweni bilen näme gelenini bilýärmiň?
Daşardan biri gygyrdy:
─ Ýarag.
─ Gapdalynyň gyzyly bilen! Selim işan ─ Hydyr ata! Başarsak, biz baryp, hut oň dabanyndan ogşamaly! Sen, akmak, dul heleýiň meýlisine gelen ýaly kökläpsiň-de... Gaýdyp, işan aga hakda ýagşydan-ýamandan söz diýseň bara...
Ol guşagyny sermeleşdirip, dyňzap duran demini goýberdi. Şirli perwaýsyzlyk bilen:
─ Sen, halypa, gaty çişýäň weli, kimlerden bolarsyň? ─ diýdi.
─ Kimlerden bolamda, saňa näme?
─ Ýok, sen kimlerden, tiräňi aýt!
─ Porsulardan.
─ Onda şu taýda bir porsaman otur.
Oturanlar gülüşdi. Rahmanyň gapdalyndaky adam käýindi:
─ Aý, sen-ä adamam däl ekeniň, eşek ekeniň.
Taýmaz galtamanyň gelendigini eşidende, Rahmanam daş çykdy, asyl öýüň içinde galan bolmady. Daş-töwerekde märeke köpeldi. Köpüň nazary ýeňsedäki ak öýleriň arzysyny artdyrdy. Rahman şol pursat şeýle zatlary gördi: goýun janaweriň gaňryp damagyny çalan adam awuna penjesini uran bürgüt ýaly bolup oturyşyna, çukura akýan al gana garaman, Taýmaz galtamana seretdi. Aşpezlik edýänleriň elindäki gara susak gazana ýetmän galdy. Odun aýyrýanlaryň paltasy ojar töňňesine batan ýerinde togtady. Guýynyň oýuna çölüň ümsümligi aralaşdy. Muny haýwanlaram duýdy. Atlar Tulpar işanyň baýtalyny unutdylar.
Taýmaz galtamanyň pes boýly, ykjam göwresine seredýän adamlaryň kalbynda döreýän pikirleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetirip, bir ýere jemlemek, olardan belli bir netije çykarmak mümkin däldi. Birnäçeler mundan öň ony telim sapar görüp, onuň mertligi, gaýduwsyzlygy, rehimsizligi hakda mahabatlandyryp aýdylýan gürrüňleri, şu kiçijik göwräniň gudraty hökmünde kabul etmäge endik edinen adamlardy. Ol adamlar galtamanyň apaň-apaň basyşyny, hemme kişä şübhe bilen seredişini, galyberse-de, ýüzüne aýdylýan ýalynjaň sözleri, hamala, özüne degişli däl ýaly görnüşde kabul edişini onuň belentligi hasap edýärdiler. Olar häzirem şol belentlige guwanç bilen syn etmäge miýesser bolandyklary üçin kime alkyş aýtjaklaryny bilmän durdular.
Rahman Taýmaz galtamanyň adyny köp eşidenem bolsa, ony birinji sapar görýärdi. Onuň uçursyz mertligini taryp edýän adamlar, öňi bilen atyň üstüne gonan ala garganyň edil gözünden urşuny aýdardylar. Soňra gyzyllaryň otrýadyny gyrşyna geçerdiler. Ol on dört adamyň läşini münderledip, gapdalyndaky oba baranda-da: “Pylan ýerde birgiden geçi soýup gaýtdyk, üstünde-de teke geçi ýatandyr, ähliňiz gidiň-de, şoňa tomaşa ediň” diýip perman berýär. Adamlar geçä derek soldatlaryň maslygyny görýärler, “teke geçi” diýenem otrýaddaky türkmen ýigidi ekeni.
Taýmaz galtamany garşylamak üçin öýden çykan adamlaryň öňünde Hanaly bilen Selim işan durdy. Rahman daýysyny olaryň gapdalynda görerin öýtdi, bolmady. Agahan yzdady. Taýmaz oňa golaý görüşmesini bes edip, gapa tarap ýöneldi. Duranlar bilen ahyryna çenli görüşmegi ol özüne kiçilik bilýärmikä? Onuň baýlardan göwni galan bolmagam ähtimal, sebäbi, il arasyna şeýle bir gürrüň ýaýrapdy: iki süri goýnuny galtamanlara aldyran Berdi baý alaç tapman, Taýmaza ýüz tutýar. Taýmaz: “Iki süriniň bir ýylky girdejisinden geçermiň?” diýýär. Baý razy bolýar. Taýmaz sürini dolap getirýär, baý weli, “şertim şahyma” edýär. Günleriň bir güni Taýmaz Berdi baýyňka gelip, lebzinden däneni üçin ýa onuň özüni, ýa-da ogluny bir oka tabşyryp gitjekdigini aýdýar. Şeýdip, ol Berdi baýy edil obasynyň içinde öldürip gaýdýar.
Elbetde, baýlaryň bu wakany unutmajaklary hak, ýöne häzir olaryň bolşy alaçsyzlyga meňzedi.
Şirli öýüň törüne geçip barýarka:
─ Işan molla-da gerekse gerekdir weli, häzir türkmen üçin Taýmaz ýaly adamlar köpräk bolaýsa!.. ─ diýdi.
Oňa gap dulda çaý gaýtaryp oturan, iki gaşynyň arasyna gylyç ýarasy düşen, daýaw ýigit jogap berdi:
─ Onsuzam galtaman gyt däl, her sazagyň düýbünde biri ýatyr.
Şirli hä diýmedi:
─ Wah, inim, iň ýaman ýerem şol-da! Her sazagyň düýbünde ýatman, şolaň bary üýşüp, bir sazagyň düýbünde ýataýsadylar!..
Daş bosagada ädigini süpürip duranyň biri:
─ Türkmen ony etmez ─ diýdi.
─ Etmän geçsin, Ylahym, ahyr etsin! Etmäni üçin oňly günem görenok-da! Görmezem, işalla! Her obaňda iki sany käpire dönen başyna orsuň papagyny geýip, edenini edip ýör. Indi, biz nädýäs: bärden gykuwlap barýas-da, papakla gaharymyzy bigünä garamaýakdan çykarýas. Ol görgüliň ýazygy näme diýsene? Ol kim güýçli bolsa, şoň diýenini edýär. Biz çatmasyny otlap gaýdýas, ol nädýä: özüne pena gözleýär. Onsoň ölseňem, şol iki papaklyň ýanyndan ony aýyrmarsyň, edil ýelimlenen ýalydyr. Şolar näme diýse, ynanar, näme diýse-de, eder. Biz galtaman bolup galybiris. Galtamanam-da!
Rahmanyň gapdalyndaky murt ýöne oturyp bilmedi:
─ Sen ─ şuraň iberen içalysy!
Şirli kikirdäp güldi-de, gyssanjyna ýassygy tapbatlady, birdenem, neşesi öçen gözlerini agdaryp, murtuň üstüne süründi:
─ Ynha, men şuraň içalysam-da, heý, eliňden geljek zat barmy?
─ Edil maňlaýyňdan otlaryn!
─ Meň ... otlarsyň!
Murtly sapançasyna ýapyşdy, şol bada onuň elinden tutdular.
Şirli içýakgyç rahatlyk bilen:
─ Beýle ärmämmet bolsaň, bar, gaýratyňy şura hökümetine görkez ─ diýdi. ─ Beýle gylawly ekeniň-le... Hol-ha, heleýler başyndaky topbyny oda atyp ýör, ýaryl, ýarylýan bolsaň!.. Gyzlaň balagyny çykardy, näme öleňok?
Gap dulda oturan ýigit gygyrdy:
─ Boldy, haw, Şirli, juda ýürege düşme.
─ Bolýa, bolýa, men lal açdym, geplämok.
Şirli ýüküň astyndan sypan ýaly haşlap, göwresini ýassyga oklady. Içerik agyr ümsümlik aralaşdy.
Gap dulda oturan ýigit köşeşdiriji äheňde:
─ Bir bakuwda, adamlar, Şirli hanyň aýdýanynyň janam ýok däl ─ diýdi.
─ Ýok, meňki galatdyr, men ─ şuraň içalysy.
─ Otursana, Şirli, beýtme-le.
─ Geplämok-geplämok!
─ Şu günki ýygnanyşyk birek-biregiň ýüzüni görmek üçin-ä çagyrylandyr öýtmäň. Mundan beýläk, ýaňky Şirli hanyň aýdyşy ýaly, bir sazagyň düýbüne ýygnanmasak boljak däl.
─ Men ters aýdýandyryn, şuraň içalysynyň sözi bolmaz!
Sözläp oturan ýigit başyny ýaýkady:
─ Beh, häsiýetiň şu bolsa, Şirli han, hiç mahalam Zöhräňe duşmarsyň.
─ Bes et! ─ Şirliň elinden sypan çaýly käse tärime degip çym-pytrak boldy. ─ Siz ölen bendäni gabrynda ýatyrjakmy-ýok?!
Onuň ýüzi birden göm-gök boldy-da, ysytma tutýan ýaly süňňi saňňyldady. Elleri gapdalyndaky ýassygy sermeläp tapdy.
Gep-gürrüň galdy.

Agahan garaňky düşende ugramakçy boldy. Öňden çykalyp, taýýar edilen ýüki Rahmanyň alaşasyna atdylar. Ýüküň gabarasy uly bolmasa-da, agyrdy. Köne ýorgana dolanyp, tanap bilen mazaly saralany üçin, Rahman onuň nämedigini aňşyrmady. Diňe ýaragdyr diýip güman etdi.
Agahan ýegenine gep atmady. Ol öz keýpi bilen barýardy. Hiňlenip aýdym aýtdy. Atynyň alakjap barşyna, alaşadan esli ara açanynam duýmady, alaňdan aşanda garasy ýitdi.
Agahan oýda garaşyp duran ekeni.
─ Sür gatyrak, ölesi ýok ─ diýip gygyrdy.
─ Daýy, bi ýükümiz näme?
─ Hä, aňşyrmadyňmy?
─ Aý, güman etmänem duramok... ýarag bolaýmasa?
─ Berekella! Onda-da iňlisiň suw ýaly onbiratary! Neneň, ýigitlere göwnüň ýetdimi?
─ Tanaman, bir zat aýtmagam kyn, daýy...
Agahan öýkeli äheňde:
─ Aýtmaweri onda ─ diýdi. ─ Hudaýa şükür, ol ýigitler ikimiziň bahamyza mätäç däl. Her ýerde özüni tanatjak ýigitler!..
* * *

Dowamy bolar: Janserek - roman / 9

© Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 medi • 17:16, 21.03.2024
sagbol, dowamyna garaşýas
avatar

Старая форма входа
Total users: 202