11:11 Janserek - roman / 10 | |
Exclusive JANSEREK (dowamy) [Öňi: Janserek - roman / 9] ALTYNJY BAP Rahmanyň kalbyna terkidünýälik aralaşdy. Alaşasyny baglaryna mähetdel, ilden öňürti gara öýüň törüne geçip süýndi. Agahanyň ýanyna barmady. “Mensizem bolan wakany aýdyp bererler” diýdi. Ganhor sözüni eşitmek hemişe Rahmana ýakymsyzdy. Häzir weli, bu söz onuň kalbyna gara ýel ýaly haplap urdy. Ol eýýäm iki adamyň ganyna galdy, ol özüne “ganhor” diýdi. Hydyram ganhor. Buýruk bilen öldürýän adamlara-da ganhor diýýärler. Ýöne olaryň bahanasy bar. Hydyrdan sorasaň, “Men ganhor” diýmez, “Agahanyň buýrugyny berjaý etdim” diýer. Agahandan sorasaň weli, “Men öldüremok, diňe öldüren ganhordyr” diýip per bermez. “Buýrugy ýerine ýetirdim” diýmäge onuňam haky bar. Olaryň bahanasy gönümel. Gönümel zada bolsa, hemişe bahym ynanýarlar. Ýene aralykda çykgynsyz güne düşen Rahman. Oňa hiç kim gös-göni “at” diýip buýruk bermedi ahyry! Özi atdy. Rahman töwerekde özüne ynanjak adam görmedi. Asmanam ynanmaz, “Sen ganhor” diýer. Ölüm diýen zadyň öňünde özüňi aklajak bolmakdan aýylganç zat ýok ekeni. Gyzgyn bedene ýara düşende, awusy birbada bildiribem baranok, hakyky azar soň ─ beden sowanda başlanýar. Häzir Rahman şol azary duýdy. Ol Agahanyň sözleri bilen uzak günki bitirilen işi agramlap gördi. Agahanyň sözleri ony ägirt uly zadyň aladasy bilen ýola salypdy, “gaplaňy gözlegin” diýipdi. Hany gaplaň? Üç sany naçar maşgalany guýa getirdiler. Indem, hudaýýolyň süňkünden hantama bolup ýatan it ýaly, her nöker şolary goltugyna gysmagyň arzuwyndadyr. Eýsem Agahan nämäniň pikirini edýärkä? Rahmanyň atan okuny aklamaga delil taparmyka?.. Gapyny depdiler, sokma gabsalar tärime degip, yzyna serpildi. Rahman bosagada gupbaly gyzy görüp, laňňa ýerinden galdy. Oňa çenli gyzyň ýagyrnysyndan itiberip, şark-şurk gapyny ýapdylar. Aýak sesi howlukmaç daşlaşdy. Rahman iç işikde ýeňini dişläp duran gyzyň sandyraýan göwresini gördi. “Bu Agahanyň işidir” diýdi. Nämä ýorjagyny bilmän, janserek bolup galdy. ─ Geç o taýyk... özüňi bir dürse... Gyz gap dula geçip, çommalyp oturdy-da, iki elini ýüzüne tutup, hünübirýan aglady, has dogrusy, eňredi. Rahman alada galdy, nädip köşeşdirjegini bilmedi. Onuň adyny tutasy geldi. ─ Hatyja ─ diýdi. ─ Beýtme-le, käşgä, men saňa bir zat diýen bolsam... Baý-bow, görýän weli, sen goýarly däl-ow. Okuw diýdi, ýene gör diýdi, derde ulaşyp ýörsüňiz. Ilden çykmaly däl-de, il bilenjik bolubermeli. Allanäme öýüňiziň dulunda oturmaly halyňyza... goý-how, jan dogan, goý! Aglajak bolsam, menem sen ýaly möňňürip oturmaly, derdim özüme ýetik. Rahmanyň bu gyza Asman hakda gür beresi geldi. Kämahal dertli adam ikinji adamyň derdini eşidende, özüniňkini ýatdan çykaraýýar. Ol ilki daş çykyp, öýüň töweregine esewan boldy, gara görmedi. Gün ýaşypdyr, goňşy öýüň tüýnüginden tüsse çykýardy. Içerden messaýy hümürdi eşidildi, Agahan gür berýärdi. Agyldan nökerleriň galmagaly geldi. Rahman bir goltuk odun alyp, öýe girdi. Pelteli çyrany otlap, ojakda ot ýakdy, tüňçäni goýdy. ─ Çaý iç, ýüregiň düşüşer. Joralaň nirede, goňşy öýdemi? Iki dyzyny gujaklap, bir gysym bolup oturan göwre ýene siltenip-siltenip gitdi. Bu sapar sessiz aglady. ─ Hudaýy çagyr, Hatyja. Hergiz Hudaýy çagyrgyn. Okuw okadybersinler, ýazyp-pozmany bileniň bilen erbetlik edeňok, öwren. Biz ýaly bisowada nepiňiz deger, ýöne Hudaý bilen işiň bolmasyn. Hol-ha, Gaýratam “Men hudaýsyz” diýip, gygyryp ýör, bolmaz-a beýdip ýörmek. Şuraň adamy bolaňda näme? “Biziň Hudaýymyz ─ adam” diýýä, öz gulagym bilen eşitdim, bolmaz-a beý diýmek. Birniň-ä adyny tutdy? Ýadymda galmanam gowy zat. Adamdanam bir Hudaý bormy-aý? Muhammet pygamberem Hudaý däl-ä, ýogsa, nähili gudratly, sadagasy boldugym!.. Birem, hergiz, sargadygym bolsun, başyňa neneňsi kyn iş düşse-de, heýç, küpür gepleýji bolmagyn. Häzir, ynha, saňa agyrdyr, ýöne sargydym: kalbyňy päk tut, Gudraty Güýçliň ýoluna çigit ýalyja-da şübhe etmäweri. Wagtal-wagtal özümde-de bolýa, baý-baý, soňunyň jezasy çekerden çökder boljak ekeni. Hatyja şübhe bilen Rahmana garady. Gyzyň gabaklary pökgerip, tutuş ýüzi ýellenipdir. Rahman çaý demläp, Hatyjanyň öňünde goýdy. Ýumruk ýaly tikeç gandy bölüşdirdi. Gowurmaly merweri süýşürip: ─ Iý, iý, Hatyja ─ diýdi. ─ Utanýan bolsaň-a, daş çykjak. Hatyja eňegini dyzyna diräp oturyşyndan gymyldamady. Gupbasyna ojakdaky ýalnyň suraty düşdi. Rahman onuň käsesine çaý guýdy. ─ Aňry bak-da içibersene... Häk, Asmanyň gerek ýeri!.. Ýogsa, olam seň ýaly hötjet, ýöne seň diliňi tapardy. Şura hökümeti sizi biraz aýnadaýdy öýdýän?! Aýnatdy-la! Asmana: “Ýör ─ diýdim. ─ Obada galma” diýdim, etmedi. Hä diýmänem ogly bolmaly. Menden başga hossaram-a ýok. Şura şuradyr-da, öz derdem özüne ýetik. Onsoňam, ogul meňki, heleý meňki, şuraň näme işi barmyş? Şura akylly bolsa “bar, äriňden galma!” diýmeli. ─ Rahman gyzmaçlyk edenini duýup, birden sesini tapba kesdi, badyna gyzgyn çaý owurtlap, dilini ýakdy, “wäk” diýmdi. ─ Okuw diýleni bilenem-how, obany taşlap gaýdybermek bolmaz-a. Entek erkekler bir okasyn. Erkekden öňe düşmek gelşenok, men-ä gelşenok diýjek. Rahmanyň bereketli ýüzündäki sadalyk, sözlerindäki içgin äheň bu adamyň ýüregindäki päkligiň buşlukçysy hökmünde Hatyjanyň kalbyna ornady. Ol ýygy-ýygydan gabak astyndan oňa garap başlady. ─ Aý, sen-ä iýeňogam, içeňogam, Hatyja. ─ Iýesim gelenok. ─ Iýesiň gelmände näme?.. Agzyň degse, iýer otyrsyň-da... Hatyja, o hälki gelniň ady nämedi? ─ Mähri. ─ Gowy maşgala ekeni, mert ekeni. Baý-baý, aklym haýran! Ýetişmedi, Durdyny atmadyk bolsalar, walla, äriniň öňünde özüni öldürjekdi... O gelni atan men, Hatyja. ─ Rahmanyň dolmuş ýüzi hamyr ýaly ajady. Gönümel gaşlary biri-birine golaýlaşyp, maňlaýy ýygyrt atyp daraldy. Kuwwatly eňegi sallanyp, dodaklarynyň arasynda dörän açyk aýtym garalyp göründi. Başyndaky köneräk gara silkmesini penjeläp aldy-da, gapdalynda goýdy, iki öwre tapbatlady. Göreçlerinde ot ýandy. ─ Çydamadym, walla, ynanyň şuňa! O gelniň adyna Mähri diýdiňmi? Maňa weli, Asman bolup göründi. Men o görgüliň islänini etdim dälmi? Hatyja, jan dogan, dogry eden bolsam, “dogry” diý, bolmasa-da, ýüzüme: “Sen ganhor” diý... Hatyja jogap bermän aglady. ─ Aglama, aglama, Hatyja, gözýaşdan peýda ýok. Saňa kömegim ýetäýse diý. Elimden gelenini etjek bolaýyn. Olaryň meni synajak bolýan bolmaklaram ähtimaldyr... Gelin olara gerekdi ahyry! Nejisler daýymdan çekinýäler, ýogsa dagy meni aç itiň öňüne atylan süňke dönderjekler... Başarmasam, käýinmegin, Hatyja... Saňa degmezler, goý, aglamasana... Al, iý-iç, gurbatyňa gel. Hatyja gaýta-gaýta başyny atdy. ─ Bolýa, bolýa... iýjek... häzir iýjek... ─ Arkaýyn iý, adam ogly gapydan gelmez. Men daşarda... doýýançaň iý, çekinme. Rahman çaý içim salymdan dolanyp geldi. Hatyja merweriň agzyny ýapypdyr, çaýly käse boş dur, saçagy ýygnapdyr, özem öňküsi ýaly dyzyny gujaklap, çugutdyryp otyr. Aglamasyny goýupdyr, ýüzi ýagtylan ýaly. Şonda-da ol Rahmana ätiýaç bilen garady. ─ Iýdiňmi bir zat? ─ Iýdim, çaýam içdim. ─ Şeý diýsene... men-ä ynanjaňdyryn, näme diýseň, ynanaryn weli... ─ Waý-eý, iýdim-ä... Hatyja gyssanjyna käse-çäýnegi, merweri ýerinden gozgaşdyrdy, soňam ýylgyryp goýberdi. Duluklarynda çukanajyk göze ildi, bada-badam ýitip gitdi. Gam-gussanyň örtügini ýaryp çykan şöhle-de ýitdi. Rahman şojagaz ýylgyrma-da minnetdar boldy, näme bilen onuň öwezini doljagyny bilmän durşuna, birden: ─ Gel, men saňa gömme nan edip bereýin, Hatyja ─ diýdi. ─ Ýok! ─ Onda işlekli? ─ Ýok-la, ýok... Gyzyň gözlerine ýene gorky dolandy. ─ Bolýa, bolýa, edemzok, hiç zadam edemzok. Beh, men-ä gowy bolarmyka diýýän weli... Meňki hemişe şeýle-dä. Asmana näme gerek, şol düşünse boljagam weli... Bu zatlara düşünme-de, düşünjegem bolma-da, gowusy, goýnuň yzynda entede ýör diýsene. Duz ursun, mal bilen gowy dil tapyp bolýar, bu adam diýen zatdan Hudaý saklasyn. Eýýäm ýarym aýdan geçdi, obanam göremok, Hatyja, o zat guruldymy? “Kolhoz” diýdimi, nämemi? ─ Ýok entek. ─ Hatyja, sen bolmasa, biraz gyşaraý. Gyz gorky bilen öwran-öwran başyny ýaýkady. ─ Otur, otur, diýmedigim. Sen maňa çigit ýalyjagam ynanaňok, Hatyja, şeýle gerek? Hatyja oda garap, agyr oýa batdy. Dumanlap duran gözlerinden ýaş syzylyp çykdy. Rahman üçin ol ýaş ynjan ýürekden syrygyp gaýdýan awy-zerzawyň arassa görnüşidi. Eger ony şu dertden halas edip bilse, Rahman Hudaýyň öňündäki günäsini ýuwaryn öýtdi. “Häzir maňa Alladan başga düşünjek ýok” diýdi. Il ýatyp, it uklanda, Agahan assa basyp, öýüň daşyna öwrüm etdi, gaýta-gaýta ardyndy. Rahmanyň bedenine gowuşgynsyzlyk aralaşdy, höwesi gaçdy. “Eýýäm ol meniň matlabymy aňaýdymyka?” diýip pikir etdi, ýöne daş çykmady. Agahan gapyda säginip dursa-da, Rahmany çagyrmaga ejap eden ýaly, uzak eglenmän gitdi. Goňşy öýüň gapysy açylyp, derrewem ýapyldy... Rahman Hatyjany gyz lybasynda alyp çykmaga çekindi, tärimden asylgy köne telpek bilen uzyn dony oklap: ─ Geý ─ diýdi. Içine galpyldy düşen gyz ýumuşçy çaganyň çalasynlygynda diýleni berjaý etdi. Rahman sapançasyny göterdi. Olar it-guşa bildirmän, guýynyň oýundan çykdylar. Barybir Rahman ynjalmady, göwnüne bolmasa, yzlaryna düşüp gelinýän ýaly boldy durdy. Hatyjany çöketlik bilen ýola salyp, özi bolsa bir meýdan garaşmagy makul bildi. “Eger olar meni öňden aňtap ýören bolsalar, onda hökman ilki bilen öýi barlarlar” diýip pikir etdi. Oýüň gapysy açylsa-da, Rahman ony görmelidi. Çyrany söndürmän gaýdanyna ol indi begendi. Hatyjanyň çybşyldysy guma siňenden soň, töweregiň ümsümligini bozan bolmady, öýüň gapysynam açmadylar. Guýynyň oýy telim adamyň hesretini, şatlygyny, öýkesini garaňkynyň astynda gizläp ýatyrdy. Rahmanyň gözüne ol möýüň kerebi bolup göründi. Näme-de bolsa, üç gyzyň birini alyp çykanyna-da şükür etdi. Kalbyna ýeňillik aralaşdy. Bu ýeňillik oňa hemişe aýratyn lezzet berýärdi. Ol bu ýeňilligi Allanyň öňünde eden ýazygy üçin jeza çekenden soň ýa-da haýyr iş eden pursatynda başdan geçirerdi. Ýaz ýagşynyň tozany ýatyryp, töwerege tämizlik berşi ýaly, olam şol pursat özüni arassa hasap ederdi. Rahman Hatyjanyň yzyndan ýetip, onuň bilen bile gitdi. Ahyry, golaýdaky oba azaşman barar ýaly ýola ugrukdyryp: ─ Indi men galaýyn, Hatyja ─ diýdi. ─ Men siziň adyňyzam bilemok-da. ─ Men ýalyň adyny biljegem bolmagyn, Hatyja. ─ O görgüliler nägüne düşdükä?.. ─ Başarsam, olara-da kömek etjek bolaryn, Hatyja. ─ Taňryýalkasyn, dogan! Hatyja gitdi. Ol Rahmanyň kalbyndaky ýeňilligem özi bilen alyp gitdi. Rahman girdap ýaly garaňky gije bilen galdy, töweregiň ümsümligi gurşun bolup, onuň gerdeninden basdy. * * * Dowamy: Janserek - roman / 11 © Tirkiş JUMAGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |