Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:30
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy - 3
***

Abdylla aglajagyny, güljegini bilmedi. Bu döwüňem töwereginde hiç kim galmandyr öýdýän. Ana, tussaglara öz zorlugyny, barlygyny ýatladyp, bir özi gygyryp ýör. Ýa garawulçylyk çekýän esgerler bilen içip, olara gygyrýarmyka?
Täze ýyl hem gelip ýetdi. Täze ýylyň mübärek bolsun, Abdylla! “Bir gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýipdiň. Şo wagt “Hudaý ýol berse!” diýmänsiň-dä. Ýüregiňde welin, gorky bardy. Eýsem, Fitratdyr Çolpan, Wadud Mahmytdyr Gazy Ýunus, Ankabaýdyr Elbek dagylaryň alnyp gaýdylan ýerinde seni aman goýjaklarmy? Sen “Çüw!” diýlerine mähetdel at! Bular bolsa: “Hany, entek ýazybersin bakaly! Gyzyşan wagty alarys” diýip, pursat arana meňzeýär.
“Täze ýyly nirede garşylasaň, şo ýyly şolar ýaly ýagdaýda geçirersiň” diýip, orslardan geçen bir yrym bar. Diýmek, Abdylla, sen bu ýyly tussaglykda geçirmeli bolýaň-da! Geçen gezek alty aý diýlende boşadyp goýberipdiler. Bu sapar Fitratyň hem, Çolpanyň hem tussaglykda oturanyna ýarym ýyldan köp boldy. Haçan çykjakdyklary barada habar-hatyr ýok. Olaram şu töwerekdemikä? Birki diwar aňyrrakdamyka? Ýaňky arwah Winokurowyňky ýaly edip gygyrsa, jogap bererlermikän?
Oh! Baýaky hyýalynda syçrap giden uçgunjyk ýadyna düşdi. Muhammethekim han töre täze çatynjalaryň ilkinji nika gijesinde olaryň öňüne tutulan perdäniň ýanynda bukulyp otyrdy. Abdylla Muhammethekim hanyň “Kämil taryh” diýen kitabyny ýatlady. Ol ony tas ýatdan diýen ýaly bilýär. “Siziň sadyk guluňyz ýaşlyk garagollugy bilen biedeplik edip, perdäniň bir gyrasyny galdyryp, gozganman, hiç kime görünmän, gizlenip oturdy. Aý bilen Günüň bir-birine ýakynlaşyşyny synlady. Şol wagt emir Omar hanyň yşkdan ýüregi joş urýardy. Gyzyň ýüzünde bolsa, utanç-haýadan ýaňa, gül ýapragyna düşen damja ýaly, der düwmejikleri bulduraýardy. Näz-kereşmeli pursatlar gyzyşdy, hyrydaryň isleg-höwesi güýçlendi, gyz towlanjyrady. Emiriň maksadynyň myrat bolmagy üçin hyjuwy ýetjek derejesine ýetipdi. Utançsyz şemala gül gunçasy ýapraklaryny açmaga, gyzarmaga mejbur boldy. Şemalyň zarbyna gunçajyk doly açyldy. Şol wagt simap ýaly kümüsöw göwher dürleri damjalady...
Şu ýerde siziň sadyk guluňyz gülküsini neneňsi saklap bilsin?”
Abdylla bu sözleri edil doga okalandaky ýaly eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Oý-pikirleri çar tarapa çarp urdy. Ýap-ýaňyja Winokurowyň gykylygyna gülküsi tutmadymy? Ol özüni bir pursatlyk perdäniň aşagynda gizlenip ýatan Muhammethekim hana meňzetdi. Ýöne bu ýerde perdäniň ornuna daş diwarlar bar, içinde-de söýgi däl-de, ajal höküm sürýär. Saklan, saklan! Häzir jylawy goýbermegiň wagty däl. Ham-hyýalyň alyna gitme! Birneme çylşyrymlyrak diýmeseň, sahna ajaýyp beýan edilen. Esasanam başy we ahyry. Ýöne Abdylla başga zadyň hatyrasyna ondan sowaşana çalym edýär.

***

Aýhanpaşşa Seýit Gazy hoja hezretleriniň uly gyzydy. Entek on sekizine girip-girmänkä bu gyz ýaşlygyna garamazdan, köp kynçylygy başdan geçiripdi. Şo sebäpli bolsa gerek, ol enesi Kantakpaşşanyň gyzy däl-de, uýasy hatarynda görünýärdi.
1232-nji hijri ýylynyň gyşynda olaryň dünýä inip, önüp-ösen şäheri Uradepäni Kokant patyşasy emir Omar han basyp aldy. Ol seýitleriň arkadaýanjy Mahmyt hojanyň we beýleki sylagly hoja-seýitleriň eline gandal saldy. Betbagtlyk seýit Gazy hojanyň öýünden hem sowa geçmedi. Gyşyň zabun sowugyna garaman, bularyň hemmesini gar üstünde gan agladyp, ähli emlägini elinden aldylar. Araba mündürip, Kokanda garşy ugratdylar. Aýhanpaşşa şo wagtlar on bäş ýaşyndady. Bular aç-ýalaňaç ýagdaýda Kokanda ýetenlerinde hoja-seýitlere bolan gahar-gazaby köşeşmedik emir Omar han seýit Gazy hojany-da, Uradepäniň beýleki sylagly adamlaryny-da ondanam aňryk, Şährihana sürgün etdi. O biçäreler şeýle bir talaňa sezewar bolupdylar, gözlerine külçe nan pelegiň çarhy, köne juldur köýnek bolsa behişdiň lybasy bolup görünýärdi.
Gyşyň aňzagynda sürgün edilen ýerlerine gelip, seýit Gazy hoja bir külbejik gurundy. Ol töwerekdäki çagalaryň üç-dört sanysyna ders berse, aýaly Kantakpaşşadyr gyzy Aýhanpaşşa tahýa tikmek bilen gün görmäge başladylar. Tahýanyň gülüni ýüpekden tikýänem bolsalar, özleri biz köýnek geýdiler. Tapan-tupanlary diňe gara gazany gaýnatmaga zordan ýetýärdi. Kiçi oglan jigileriniň we uýalarynyň azaryny atasyna çekdirmän, Aýhanpaşşanyň özi okatdy. Olary hüwdüläp ýatyrdy, ertekidir gazal aýdyp berdi.
Görlen görgülerden, agyr külpetlerden ýaňa soňkusy ýylyň gyşynda Kantakpaşşa ýanyny ýere berdi, ilki-hä onuň alkymynda çiş döredi, soňundanam yzy kesilmeýän üsgülewük peýda boldy. Seýit Gazy hoja bir ýerlerden keýik otuny tapyp geldi. Ony gaýnadyp içirdi. Peýda bermedi. Alabaharda bäş çagany ýetim goýup, Kantakpaşşa bu pany dünýäden geçdi. Yzynda zar-zar aglap galdylar.
Indi Aýhanpaşşa atasynyň ýeke-täk daýanjy bolup galdy, jigilerine ene ornunda seretmeli boldy. Öňler hepdede on tahýa tiken bolsa, indi ýigrimini tikdi. Onuň ullakan gözleri ötgür hanjar kimin ýiteldi. Jigilerini ýuwundyrdy, geýindirdi, naharlady, okatdy, hereketleri çuslandy. Duýdansyz küýkeren atasynyň synyk göwnüni götermek üçin elinden gelenini etdi, labzy toşap kimin süýjedi.
Muny ilki bolup Aýhanpaşşanyň doganoglany seýit Kasym hoja duýdy. Bu ýigdekçe her baharda Köne Nowkatdan Şährihana gelip, bularyň ekin-tikin işlerine ýardam bererdi. Indi ol öňküleri ýaly işlerini bitirip, seýit Gazy hoja hezretleriniň dogasyny alansoň, yzyna gaýtmaga howlukmaýardy. Dürli bahanalar tapyp bu ýerde eglenenini kem görenok. Birde bularyň köwüşlerini ýamasa, birde ojakdyr tamdyryň suwagyny täzeleýär. Ýene bir günem “Bu haýatyňyz lagşap ugrapdyr” diýip, pagsa galdyryp ýör.
Seýit Gazy hojanyň çagalary hem seýit Kasymy gowy görýärdiler. Biri oňa laý atyşýar, beýlekisi uzyn çybyk alyp gelip, taýçanak ýasap bermegini soraýar, üçünjisi “Ulalamda saňa durmuşa çykjak” diýip wada berýär. Diňe Aýhanpaşşa doganoglanynyň ýanynda özüni salyhatly alyp barýar, wagtynda çaý-çöregini berip, ýatjak wagty düşegini ýazýar.
Baharyň şo güni ir bilen beýleki işlerini edip bolansoň, seýit Kasym bularyň iki düýp üzüminiň üstüni açyp, dalbara galdyryp daňmak üçin biraz eglenmeli boldy. Şeýdibem Köne Nowkada gitmek üçin gijä galdy. Seýit Gazy hoja bolsa şol gün on dört ýaşly ogly seýit Alym bilen Täze Nowkat tarapa öwlüýä zyýarat etmek üçin ýola çykdy. Aýhanpaşşanyň iki uýasy golaýdaky ders berýän aýalyňka – molla bibiňkä gidipdiler. Körpeje seýit Nazym han bolsa entek ukudan turmandy.
Ýigdekçe seýit Kasym ilki bilen dalbaryň kä ýerlerini bejerdi. Çaý içim salymdan soň gömlen üzümi açmaga girişdi. Ýylaklary bir gyra aýryp, gundalyp daňlan üzümi emaý bilen açdy. Her hal, sowuk urmandyr. Howlukman, aşakdan başlap, üzüm şahalaryny dalbara galdyryp, baglap başlady. Çybyklara jan giripdir, pyntyklar haçan açylsa, açylaýmaly.
Şo wagt çaýyny göterip, Aýhanpaşşa geldi. “Aga, armaweriň!” diýip, goltugyndaky saçagy ýazdy. Içindäki nany döwüp, käsä çaý guýdy-da, yşarat etdi:
– Çaý içip, demiňizi dürsäň!
– Bolýar! – diýip, seýit Kasym jogap berdi, saçaga garşy ýöneldi. Birdenkä Aýhanpaşşanyň öýe tarap ýöremekçi bolýandygyny aňyp:
– Maňa seniň kömegiň gerekdi, Aýpaşşa! – diýdi.
Aýhanpaşşa gyýarak bakyp:
– Näme kömek gerek, aga? – diýip sorady.
Onuň “aga” diýen sözünde nähili äheň ýatandygyny duýan seýit Kasym biygtyýar uludan dem alyp, ýarym pyşyrdy bilen:
– Merdiwany saklap bilmezmiň? Dalbaryň üsti ejizräk, şahalary daňyp çyksam...
Aýhanpaşşa yzyna öwrüldi:
– Bolýar...
Çaý ýatdan çykdy. Ýigdekçäniň dem alşy üýtgäp, eli sandyrady. Merdiwany dikeldip, dalbaryň berkiräk bir ýerine söýedi.
– Ine, şu ýerden saklap dursaň bolýa, men derrew daňyşdyraryn – diýdi.
Aýhanpaşşa inçemikden syratly göwresini dik tutup, bar güýji bilen merdiwana ýapyşdy. Seýit Kasym ýeňillik bilen edil darbazçy ýaly bolup, ýokary çykdy. Bahar şemaly onuň ýüzüni sypap, saçlaryny oýnady. Ol özüni dalbaryň üstünde däl-de, tutuş dünýäň depesinde uçup ýören saýdy.
Ýigdekçe söwüt çybygy bilen üzüm şahalarynyň ilki birini, soň ikinjisini daňdy. Elýeterden daşrakda ýatan üçünji çybyga zordan diýen ýaly ýeten wagty dalbar yrandy-da, merdiwan bir tarapa agdy. Seýit Kasym merdiwan bilen bile şalkyldap ýere gaýtdy.
– Waý! – diýip, Aýhanpaşşa alňasap, hereketsiz ýatan ýigidiň ýanyna bardy, birnäçe gezek ýaňagyna çaldy, gursagyndan tutup yralady. Kasymyň ýüzüne gyzyň gözýaşlary paýyrdap döküldi. Der basan maňlaýyna Aýhanpaşşanyň gyzgyn lebleri degende ýigdekçe iňledi.
– Hudaýjan-eý! – diýip, gyz gorkuly seslendi. Şol wagt:
– Gördüm, gördüm, öpüşdiler! – diýen sese gyz tisginip gitdi...
Gije körpeje jigisi seýit Nazym hany gujagyna alyp ýatyrka Aýhanpaşşa oňa:
– Sen ol hälki göreniňi hiç kime aýdaýmagyn! – diýip tabşyrdy.
Goňşy otagda ýatan seýit Kasymyň endam-jany syzlap duranam bolsa, ýüregi şemala yranýan ýaş nahal deý terpenýärdi, tolgunýardy...

***

Gijäniň birmahallary endam-jany syzlap duran Abdylla burçdaky garalan ýassyga başyny goýdy. Bedeni agyryly bolsa-da, nämüçindir kalbynda ýeňillik duýdy. Näme sebäpdenkä?
Mekirje garagol seýit Nazym han atasynyň ýanynda syry açdymy, ýa seýit Gazy hoja zyýaratdan gaýdyp gelýärkä Köne Nowkatdaky garyndaşlary bilen maslahatyny bişirip geldimi, belli däl, ýigdekçe seýit Kasym bagyň ýazky işlerini dynyp, öýlerine gaýdansoň, atasy öýlänler uly gyzyny öz ýanyna çagyrdy. Gürrüňi aňyrdan aýlady, Adam atadyr How eneden başlap, ýuwaş-ýuwaşdan ýürek islegini mälim etdi:
– Seýit Kasym hoja ýagşy ýigit, atly-abraýly, öz seýitlerimizden. Elinden dür dökülýär, ekin-tikine ökde, gurluşyk-beýlekidenem baş çykarýar. Ana, işikden guran zatlaryna seret. Üssesine okabam bilýär. Atasy seýit Kadyr kazy Kokantdan hüjre alyp berip, ýene-de okatmagyň aladasynda. Menem indi garradym, gözüm çöňňeldi, elimde öňki güýç-kuwwatym galmady. Ýanymda girip-çykyp ýören ýanýoldaşym ýok. Eneňiz pahyr siziň ýetişeniňizi gören bolsady...
Ilkibaşda Aýhanpaşşa atasy özüni synap görýändir öýdüp pikir etdi. Aglamjyrap:
– Ata jan! – diýdi. – Bedibagt gyzyň ýazygyny öt, men günäkär, saňa idi-yssuwat edip bilmedim. Tikin-çatyn bilen, biş-düş bilen elim degmedi. Mundan buýan beýle bolmaz. Enem jandan görelde alsam bolmaýamydy...
Seýit Gazy hoja:
– Ýok, beý diýme, gyzym! – diýdi. – Men garrap, aklym çaşypdyr. Özüm barada däl-de, sen hakda gürrüň edýän. Allatagala Gurhany Kerimiň “Al Hüjret” süresinde aýdypdyr, “Ýa aýýuhannasu, inna halaknakum min zakari wa jaalnakum şuuban wa kabalna taarafu. Sadakallohu aziým!” Bu “Eý, ynsanlar, çyndanam biz sizi bir erkek adamdan we bir aýal adamdan peýda etdik we biri-biriňizi tanamagyňyz üçin biz sizi milletlere we kowumlara böldük!” diýmek bolýar. Är-aýalyň arasyndaky nika Pygamberimiziň sünnetidir. Senem indi ýetişiberipsiň, şo sebäpli alada edýän...
Aýhanpaşşanyň tirpildäp duran dodaklary hatda “Näme diýseň, öz ygtyýaryň!” diýmäge-de bogny ysmady. Ol diňe ýüzüni ýerden galdyrman, başyny atdy.

***

Şol baharyň aýaklarynda Aýhanpaşşa jigileri bilen Köne Nowkatdaky doganoglan agalarynyňka bir hepdelik gidip gelmekçi boldy. Bulary alyp gitmek üçin seýit Kasymyň özi arabaly geldi. Ertir namazyndan soň säher bilen seýit Gazy hojanyň dogasyny alyp, ýola düşdüler. Astyna ýylakdyr şaly sypaly düşelen üç gat körpeçäniň üstünde silkinip oturyşlaryna Asaka we Arawan obalaryndan geçip, öýlänler gyrgyzlaryň (Қора Кўчкан) Garagöçen diýen ýerine ýetdiler. O ýerde owkat edinip, gyrgyzlaryň täzeje gymyzyndan içdiler.
Ýoluň dag eteginden geçýän ýerinde Aýhanpaşşanyň iki jigisi uka gitdi. Dag baýyrlarynyň arasyndan şaglap akýan çaýyň ýakasyny syryp barýarkalar seýit Kasym öz-özi bilen gepleşýän dek:
– Dag şemaly gowy-la – diýdi. Bu ýigdekçäniň häki bir ýol kesmek üçin gürrüňe başlajak bolşumy ýa içki pikirini daşyna çykarmasymy, belli bolman galdy. Adam-garasyz çola ýerden barýandyklary üçin ýüzündäki nykabyny aýran hem dymyşlykdan ýüregi gysyp oturan Aýhanpaşşa:
– Ýaz şemaly-da, üýtgeşik bolaýýar – diýip jogap berdi.
Seýit Kasym sada türkanalyk bilen:
– Muny men hol gün dalbaryň üstünde duýdum – diýdi. Şo bada hem dilini dişledi. Çünki ýigdekçe yzyna gaňrylmazdan, Aýhanpaşşanyň uýaljyraýanyny onuň dem alşyndan aňşyrdy.
– Meniň nalajedeýinligimden boldy-da. Merdiwany saklap bilmedim... – diýip, gyz ökündi.
Seýit Kasym derrew gepi başga tarapa sowdy:
– Dagly ýerde nämüçindir aýdym aýdasyň geliberýär...
Göm-gök dag baýyrlary, aşakda akyp ýatan sowuk suwly çaý, tämiz howa... Aýhanpaşşa başyny atdy. Gyzlyk ejaby rugsat bermänsoň:
– Hawa, aýdyp bermezmiň, aga? – diýdi-de goýdy.
Seýit Kasym iki gaýtaladyp durmady, öýkenini howadan dolduryp, aýdyma gygyrdy:

Arzym aýtsam, bady saba...
Arzym aýtsam, bady saba,
Gözleri ýyldyz-eý, zülpi perişan.
Serwi boýly, dad-eý, gaşlary gara.
Bizden salam bolsun...
Näzli dildara...

Uçdy gözümden, e-eý, peri sypatlym,
Goýup gitdi, dad-eý, bidowa derdi...
Iki bolup ähdi-peýman edişdik,
Hijran odun, ýar-eý, tälebden gördüm...

Ýigidiň owazy aşyrylyp-aşyrylyp, dag gerişleriniň depesine hyýal edýän şemal kimin ýokary perdelere çykdy. Özi bilmezden, Aýhanpaşşa-da oňa sesini goşup, ýuwaşja hiňlenmäge başlady...
Mundan soň ikinji aýdyma başladylar. Gyzyň owazy açyk howada has-da erkin ýaňlandy. Muny duýan seýit Kasym aýdym gutaryp-gutarmanka:
– Indi senem diňläli, Aýhanym! – diýdi.
Aýhanpaşşa jigilerine göz gytagyny aýlady. Gymyzyň täsirinden ýaňa olaryň entegem süýji ukuda serlişip ýatandyklaryny görüp, seýit Kasym töräniň henize-bu güne çenli eşitmedik gazalyny aýdyp başlady:

Owazymda gussa bar, şatlyk-şagalaň gelsin,
Gutulmaz bir hassa bar, dermanyn bilen gelsin.

Gije ýa gündiz diýmän, boýur-boýur akdy ýaş,
Zöhre ýyldyzy kimin parlak, ýagty gün gelsin...

Gyzyň owazy baýyrlardaky gyzyl çigildemler kimin näzikdi, ýygrady, ýaňy jan giren üzüm çybyklary ýaly merdemsidi, topragyň şireli nemi deý güýçlüdi. Seýit Kasymyň oý-pikirlerini aňan ýaly birdenkä Aýhanpaşşa degişme aýdymyna tutdurdy:

Merdiwany söýän kim, tozan basýança degmäň,
Ýa bizi hazan ursun, ýa size bagban gelsin...

Ýigdekçe bu gazaly kimiň düzenini şo bada anyk bildi.

Bir öwrülip bakyşyň iki dünýä ölümdir,
Bakyýetde dirilsem, panydan nyşan gelsin...

Seýit Kasym atyň jylawyny gowşadyp, arkasyna öwrüldi. Gün dag gerişlerini boýlap, tigirlenip barýardy. Ýigdekçäniň gözüne gyzyň nykapsyz jemaly Gün nurunyň astynda ýalkym saçýan Aý ýaly bolup göründi.

Dünýe bazysyn çaldy, başyma otlar saldy,
Bu gün köňlümni dildi, müşgilim asan gelsin...

Käşgä bu sözleri gyz däl-de, seýit Kasymyň özi aýtsady...
Aşak sallanan Günüň howry kem-kemden öçüp, ýarpy göwresi dagyň aňyrsynda gizlendi. Gyz hem ýuwaş-ýuwaş sowaşyp, aýdymy pessaý äheňde eşidiler-eşidilmez tamamlady:

Ýüregimiň ýarasy dilim-dilim bolanda,
Aýhan deýin şemala ýüp baglap asman gelsin...

© Hamid ISMOILOW

© Terjime: Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Romanlar | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Kakamyrat Ataýew, Hamid Ismoilow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 23:50, 09.08.2024
Edebiýat Kafesinde şu roman terjimesini goýdurmagy teklip edip, bize - Edebiýat Kafesine aýratyn hormat hem ynam bildiren Kakamyrat aga hem-de terjime eseri bize ugratmaga Kakamyrat Ataýewe ýardam eden Sapa jigimize minnetdar, sagboluñ, barboluñ!
avatar
0
2 Мango • 16:21, 13.08.2024
...Abdylla! “Bir gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýipdiň. Şo wagt “Hudaý ýol berse!” diýmänsiň-dä.

:-) "nesip bolsa, äriňdirin" diýen anekdot ýada düşdi...
hawa, umuman "nesip bolsa", "enşalla"... ýaly sözleri diýmegi unutmaly däl...

romanyň dowamyna garaşýos.
günaşa bir bölek goýuberseňizem gowwoljak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203