Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:12
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy- 6
***

Agşam namazynda Abdylla “Waz-Zuha” bilen “Waş-Şems” sürelerini sesli okady. Namazyny ýarpylanda gapy ýene şarkyldap açyldy. Agşamlyk nahary üçin buglanan kelem bilen bir bölek gara nan getirdiler. Kelem zaýalanyp başlan ekeni. Onuň ýiti turşumtyk ysy türme otagynyň içini tutdy. Namazy içinden okap, Abdylla aşpez esgeriň elinden owkaty aldy. Öýlerinde her gezek kelemli nahar bişirilende uly ogly Habybullanyň “Lutfy kelemiň” diýip, hiňlenýän henegi ýadyna düşdi. Wah, uly ogly ýarawsyz ýatyrdy ahyryn. Onuň bilen hoşlaşmaga-da pursat bermediler.
Şamlyk nahary getiren esger ýigit musulman bolarly, demir tabagy uzadanda nähilidir bir ýakym duýuldy. Abdylla bu ýigidi kime meňzetdikä? Gepleşibilen bolsa bolardy, ýöne namazyny bozasy gelmedi. Belki, Çolpandyr Gazy Ýunus bilen habarlaşmaga bu ýigidiň ýardamy deger!..
Namazyny okap bolansoň, Abdylla nahardan dadyp gördi. Yslanan kelemiň turşy tagamy dişini gamaşdyrdy. “Gaty ajyksam, gijiräk iýerin-dä” diýip, gury nany çeýnemäge başlady. Agşam düşensoň süňk-süýekleriniň agyrysyny duýdy. Her gezek çöregini çeýnäp ýuwudanda agyry ilki boýnuna, boýnundan pilçelerine, pilçesinden gapyrgalaryna, gapyrgasyndan oňurgasyna, ol ýerdenem aýaklaryna geçdi. Bir bölek gara nan agyry-yza bilen iýildi. Agzynyň içinde çöregiň lezzetli tagamy duýuldy. Abdyllanyň o tagamy yslanan kelem bilen bozasy gelmedi. Ol ýene oý-pikirlerine maýyl boldy.
Ýadyna düşen zatlaryň ählisini ýazypmydy? Ýa diňe ýazanlary ýadyna düşýärmi? Ýa-da akylyna gelen zatlaryň hemmesi buýr-bulaşyk boldumyka? Bilse, Omar hanyň Kokant şäherindäki köşgi bilen Nasrulla hanyň Buharadaky köşgüni garyşdyrmaly däl. Çünki arada bir däl, on ýyl tapawut bar. Emir Haýdar barada hem köpräk ýazaýjak ýaly. Emma nämüçindir birdenkä Nasrulla hana geçip gitdi. Öz pikir-hyýallarynyň duw-dagyn bolup, täleýiniň çarkandakly ýola düşenligi üçinmikä?
Mahlar aýymyň hem edim-gylymyny, häsiýetini öň başgaçarak göz öňüne getirýärdi. Abdyllanyň aňyna, akylyna ne döw çaldy? Jynlar eýýäm oý-pikirlerini hem eýeläýdimikä?
Abdylla özüne basalyk berip, bu zatlaryň baryny unutmaga çalyşdy. Çolpan aýtmyşlaýyn:

Tün gorkunç, tün azaply,
Tün garaňky, tün ýaman.
Tünde köne hem täze
Her närse salgym, ýalan...

Soňky döwürler elden düşürmän, gaýta-gaýta okan “Tymsallar” kitabyny ýadyna saldy. Ony heniz pikir eleginden doly geçirip ýetişmändi. Has takygy, ýazyp ýören kyssasyna nähili usulda girizjekdigi barada oýlana-oýlana belli-külli netijä gelmändi.
“Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, gadym eýýamda Fergana yklymynda Kaýkubad atly patyşadan galan bir köne şähristanlyk bar erdi. Onuň howasy arassa we jana şypalydy. Bahar çagynda meýdan otlary ýaşyl öwsüp, al-elwan gül-çeçekler birenaýy açylyp, misli tawus guşuň peri dek gelşikli görnüşe gelýärdi. Onuň golaýynda, bir jeňňellik ýerde, ata-babasyndan galan köne jaýda Baýguş mesgen tutunypdy. Baýguşuň goňşusy Baýhatynyň bolsa jemalyna taryp ýetmez bir gyzy bardy.

Husny Aýa, Güne gaýra dur diýýär,
Dillerinden şähdi-şeker dökülýär.
Behişdi lezzet bar goýnunda onuň,
Ady Güneş banu ol perizadyň.

Bu emir Omar hanyň Seýit Gazy hojanyň gyzy Aýhanpaşşa öýlenmeginiň mysaly ahyryn! Nämüçin Abdylla häzire çenli muny duýmadyka? Al saňa gerek bolsa!
Öz açyşyny özi tassyklaýan deý Abdylla içki dabarasyny daşyna çykaryp, keýpihonluk bilen ýadynda galan sözleri birme-bir gaýtalady. Baýguşuň Körguşy sawçylyga iberşini Hekim töräniň “Kämil taryh” kitabyndaky wakalar bilen deňedi:
“Baýhatynyň örän owadan gyzy bar. Biz tarapdan sawçy bolup bar. Näçe diýse-de, galyňyny çekeris.
Körguş sözaýdyjy bolup gitdi, habaryny berip: “Köneden galan gep bar, “Bar baryny aýdar, ýok – zaryny” diýdi.
Baýhatyn: “Gyzymyň galyňy müň haraba bolar” diýdi.
Körguş aýtdy: “Häzir musulmanlaryň emiri patyşamyz Hezreti seýit Omar hanyň zamanynda adamlar şatlykda we bagtyýarlykda ýaşaýarlar. Aýal adam erkek kişi üçin merjendir. Merjeni saklamaga ýer tapylmasa, şondan uýat zat ýok. Aýdyşlary ýaly: “Ýalandan gurlan öý tiz çagşar”, “Uýat ölümden artyk, uýatsyzyň ýüzi ýyrtyk”. Ýene-de diýipdirler: “Agaç egildi – döwüldi, ýigit uýaldy – öldi”...
Eýse, Abdylla bu ertekini ýazan şahyr Gulhanynyň hem Täjigistan taraplarda doglanlygyndan bihabarmy? Arman wagtynda gyzyklanyp magadyna ýetmändir, ýogsa, Nala lakamly bu şahyr seýit Gazy hoja bilen garyndaş çykmagy-da mümkin, onuň elinde tälim alan bolmagy hem ahmal. Ertekiniň aňyrsynda basyrylgy ýatan kinaýaly setirler emir Omar han hakynda bolsa bildiňmi?..
Onsoňam Fazliniň berýän maglumatlaryna görä, Gulhany Omar şaha nöker bolan. Kim bilýär, belki-de, emir Omar han bu syratly daýaw adamy Hekim hanyň ýanyna goşup, seýit Gazy hojanyň öýüne sawçylyga iberendir? Hekim han töre atasy bilen gyzynyň arasynda bolan gürrüňi ýazmasa-da, Gulhany o sahnany ertekide çyna berimsiz beýan edipdir.
“Onda Baýhatyn: “Her hal, gyzym ýetişipdir, özünden sorap, soňra jogap bereýin” diýip, gyzynyň ýanyna bardy: “Eý, balam, Baýguş ogly Kulankyr soltan seniň üçin sawçy iberipdir. Näme jogap berersiň?”
Asyllylykda gyzlara nusga bolan Gülşen banu “Dymmaklyk – razylygyň alamaty” diýlişi ýaly, geplemän, başyny aşak salyp oturyberdi. Baýhatyn hamana gyzynyň içki pikirlerini bilýän ýaly: “Bu gyzyň ýürejigi är küýseýär!” diýip hümürdedi. Muny eşiden gyz dillendi: “Eý, çal, sakgalyňdan utan! Gaýgy-gussa boglup dymyp oturmaklyga şeýle düşünmelimidir?”
Şol wagt şakyrdap gapy açyldy-da, saryýagyzdan epeý Gulhany nökeriň ýerine döwsypat Winokurow göründi. “Ýer-ow, buržuaz-milletçi alaka, Täze ýylyň bilen! Indi bu ýerde syçanyň hinini müň tümene alsaň gerek!” diýip, ol entek hyýalynda Gulhany bilen hoşlaşmaga-da ýetişmedik Abdyllany agzy-burny diýmän, tä essi aýylýança urup, depip, ýenjip gitdi...

***

Ganyny sarkdyryp, ýiti agyrylaryň yzasy bilen ýuwaş-ýuwaş özüne gelen Abdyllanyň bu gezekki ökünji öňküden has beter boldy. Ýeri, nämüçin ham-hyýala berlip, şular ýaly duşuşyga taýýar bolup oturmadyň? Winokurowyň bogazyny owmaga eliň güýji ýetmese, dişiň bilen çeýnäp taşla! Şu ýerde atyp öldürýän bolsa, goý, öldürsin! Şu bolup ýatyşyňdan-a müň esse gowy bolar. Indi yza ýol ýok. Biraz özüni dürsäp, aýak üstüne galsyn, onsoň ýaňky mahluk görnen dessine ony dişläp, çeýnäp, bogup öldürmeli! Abdylla dişini gyjady: Öldürmeli! Öldürmeli! Öldürmeli!
Abdylla bütin gijäni puç hyýallara berilmän, diňe haramzada Winokurowdan ar almagyň gamyny iýip geçirdi. Gatan ganlary gözi görmedi, agyryny duýmady, ýüregi diňe öç almak islegi bilen urýardy. Ýassyny okamagy unutdy, namaz ýarygijeden soň ýadyna düşdi. Ýöne namaz sözünden aňynyň bir künjeginde uçgunjyk peýda boldy-da, Namaz ogryny ýadyna saldy. Namaz batyr asyryň başlarynda ors türmesinden çykyp, Samarkant welaýatynyň gurply baýlaryny talap başlaýar. Olar muny tutduryp, gaýtadan ors türmesine basdyrýarlar. Namaz batyr zyndanda özüni urmakçy bolan esgerleriň dört-bäş sanysyny öldürýär. Şonuň üçin hem Namazyň oturan alagaraňky otagyna ýeke girmäge hiç kim milt edip bilmeýär. Onuň ýanyna on-on iki kişi elleri ýaragly bilelikde girer eken.
Namazyň ýaranlary hem her jüre işe hötde gelip bilipdirler. Olaryň birki sanysy öz serdarlarynyň oturan türmesine düşmek üçin maýda ogurlyk edip, tutulýar. Zyndanyň haýsy otagynda oturandygyny anyklansoňlar, olar Namaz bilen diňe özlerine düşnükli bolan syrly “dilde” habarlaşyp başlaýarlar. Biri daş bilen demir gözenegi urup, “gepleşse”, beýlekisi özüne gerekli sözleri goşup, aýdyma gygyrýar. Gepiň keltesi, eden ogurlygy üçin olara elli dürre urup, zyndandan boşadyp goýberýärler. Erkinlige çykan badyna Namazyň ýaranlary türmäň daşyndan ýeri gazyp başlaýarlar. Ýerasty ötük gazyp gelişlerine ahyrynda Namaz ogrynyň oturan otagynyň burçundan çykýarlar.
Ýöne beýdip ap-aňsatja, sessiz-üýnsüz gaçyp gidiberse, ondan Namaz boljakmy? Ýerasty ötelgäň agzyny mäkäm basyryp, säher bilen ol birnäçe gezek gapyny kakýar. Elleri ýaragly on-on bäş sany esger haýdaşyp gelýär. Alagaraňkyda tussagy öz ýerinde tapman, olar tüpeňlerini towhuldadyp, birki gezek ok atyp, elewreşýärler. Kimsi daşaryk ylgaýar, kimsi zyndanyň beýleki otaglaryny açyşdyryp barlaýar, hemmeler ala-basgy. Şu pursatda türme otagynyň petigindäki pürslere elini-aýagyny diräp ýatan Namaz batyr aşakda aňalyp duran esgerleriň üstüne bökýär. Olary süýndürip, demi çykmaz ýaly edensoň, tüpeňlerini alyp, özüni ýerasty ötelgäniň çukuryna oklaýar.
Şo gezek başagaýlykdan peýdalanyp, onuň yzy bilen tussaglaryň on-on bäş sanysy türmeden gaçýar.
Abdylla bu barada hem ýazmakçydy. Ýöne häzir bu sahnany nämüçin ýatladyka? Bu başga döwürde bolan başga bir kyssanyň wakasy ahyryn. Eger Namaz batyryň edenini gaýtalaýyn diýse, onuň ýaranlary ýaly Abdyllanyň gözsüz batyr adamlary ýok. Doňdurylan betony gazyp, ýerasty ötelge edibem boljak däl. Petikdäki çyranyň daşyna aýlanan demir gözenek diýäýmeseň, ýokarsynda el-aýagyny diräp ýapyşara pürs hem ýok. Ojagaz demir gözenekden hem asylyp ölmezligi üçin guşagyny, kemerini, bagjygyny çözüp aldylar...
Barybir döwsypat Winokurowyň bogazyndan ýapyşjakdygy çyny! Barybir...
Şeýle hyýallar bilen Abdylla usurgap, düýşsüz agyr uka gitdi...

***

Ertesi Abdylla şakyrdap gapy açylanda ukudan oýandy. Düýnki ýigrenjiň zarbyna turup topulmak niýeti bilen ýumruklaryny düwdi. Görse, düýnki özbek esgeri gelipdir. “Hudaý sowaýdy!” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. Bu musulman ýigdekçe bilen ýuwunman-ardynman salamlaşmagy uslyp bilmedi. Burça geçip, derrew gan çyrşagy gatan ýüzüni, gözüni, çişen ýaňagyny, syzlap duran eňegini ýuwdy.
Ýigdekçe Daşkent şiwesinde ýarym pyşyrdy bilen salam berdi. Abdylla ýüzüni haladynyň etegi bilen süpürip durşuna onuň salamyny aldy.
– Eke, size nan-çaý getirdim...
Abdylla tagzym bilen çaý-nahary aldy, pessaý ses bilen:
– Daşkentlimisiň? Haýsy etrapçadan? – diýip sorady.
Esger ýigdekçe sesini basar ýaly gap-gaçlary şakyrdadyp pyşyrdady:
– Kumlakly, Kalhowuz tarapdan. Bizlik hyzmat bolsa, aýdyberiň!
Abdylla hem kürüşgesi bilen okarany takyrdadyp, ýuwaşja:
– Bolýa, oýlanyp görerin – diýdi. Eýýämhaçan “ühüm-ühüm” edip, çykmaga häzirlenip barýan esgere ýüzlenip:
– Çolpan bilen Gazy Ýunus haýsy kamerada bolýar? – diýip sorady.
Onuň sowalyny kumlakly esger ýigidiň eşideni-eşitmäni näbelli bolup galdy. Çünki şol wagt gapy şarkyldap ýapyldy. Abdylla ertirlik çaý-naharynyň başynda öz hyýallary bilen ikiçäk galdy.
Ýaňky esger ýigitden näme haýyş etse bolar? Onuň elinden geljek zat barmy? “Pyçak getirip ber” diýse näder? Başararmy? Ýa iň gowusy, bir bölek kagyz bilen galam tapyp ber diýip, öýündäkilere hat ýazyp ibermelimi? Ýöne näme diýip ýazmaly? “Men sag-gurgun otyryn” diýse-hä ýalan sözledigi boljak. “Şu gün-erte boşap bararyn” diýse-de, boş gürrüň. “Urup, depip, ýenjýärler” diýib-ä ýazyp bolmaz. “Men Winokurow diýen nejisi öldürmekçi, meni bagyşlaň we hoş galyň” diýip ýazmaklyk bolsa, barypýatan akmaklyk.
Abdylla ilkibaşda bir bölek kagyz bilen galam soramagy ýüregine düwdi. Iň bolmanda Rahbara: “Demirýolçular köşgüne bardyňyzmy?” diýip ýazyp iberer. Soňundan: “Gözel keniz baradaky kyssanyň golýazmalaryny bassyrmadaky ýakylmaýan çoýun pejiň içinde gizläpdim, ony al-da, garyndaşlaň biriniňkide ýygşyryp goý!” diýse bolmazmy? Golýazmanyň dolurak görnüşini öňi bilen-ä çagalardan, galyberse-de, Rahbaryň özünden ýaşyryn çoýun peçde saklamagy oňat bolaýypdyr. Öýi dökenlerinde bölek-büçek kagyzlara çenli ählisini syryp-süpürip alsalar-da, bassyrmadaky pejiň içini barlamaga hiç biriniň akyly ýetmedi.
Abdylla tagamsyz dary şülesini iýip oturyşyna ýene derňewçileri we domkom Rahmatullany ýatlady. Derňewe haçan başlarlarka? Täze ýyl baýramçylygyny belläp, birki gün dem-dynç alsalar gerek. Diýmek, häzirlikçe Winokurowyň ygtyýarynda bolmaly. Winokurow ýalkasa ýaz, gargasa gyş!
Kumlakly esger ýigitden pyçak soramak gerek!

***

Aýhanpaşşa bulamak bolup ýatyrdy. Ne gepläre ysgyny, ne aglara gözýaşy, ne-de öz-özüni bogup öldürmäge mejaly bardy. Zorlanan, basgylanan gyzyň tükeniksiz gijesi... Zorlan mahluk bolsa, gusul almak üçin düşeginden turup gidipdi. Oňa bolan ýigrenç gyzyň kükreginden edil degirmen daşy dek basyp durdy. Gyz towlanjyrap, depirjikläp, dişläp, garşylyk görkezipdi. Ýyrtyjy bolsa, haşlap, tüýküligini gyzyň näzik gül bedenine syçradyp, gitdigiçe nebsi otugýardy. Gana bulaşyp, yza baryny çekip ýatan gyz: “Indi gelse, bogazyna ýapyşyp, çeýnärin!” diýip, sadap dişlerini gyjady.
Gelnalyjylap alyp gaýdanlarynda Aýhanpaşşa atbaşçylaryň arasynda uzyn boýly, gyzlymtyl ýüzli bir adamy görüpdi. Gözüne yssy görnen bu kişi tä köşge çenli gelnalyjynyň ýanyndan aýrylmandy. Ol Uradepede atasynyň elinde tälim alan Muhammet Şarif bolaýmasyn? Özüne “Nala” tahallusyny alanam bolsa, atasy oňa hormat bilen “Gulhany” diýip ýüzlenerdi... Eger şo bolsa, Aýhanpaşşa ýalbaryp-ýakaryp, ondan hanjar diläp alyp bilmezmikä?..

***

Mahlar aýym soltan Omar hany emirligiň diwan işlerindenem gabanýardy. Hatda birmahal “nar” sözi sebäpli ony Uwaýsiýden hem esassyz gabanypdy. Iki çaganyň enesi bolandan soň Mahlar aýymyň bar güýmenjesi çagalary boldy. Emir Omar han emirligiň bähbidi üçin diýen gepi bahanalap, ýasy çekgeli gypjak gyzyna öýlenipdi. Mahlar aýymyň şo gezekki gabanjaňlygy soňkularyň ýanynda hiç zat bolup çykdy. Has çynlakaý gabanjaňlyk, çendenaşa müňkürlik, dyňzap duran gahar-gazap öňde ekeni.
Emiriň ýoldan çykmagyna kim sebäp boldy? Ol bir ýola Şährihandaky uýasyndan habar tutjak diýip gitdi-de, düýbünden başga adama öwrülip geldi. Mahlar aýymyň şahyr ýüregini aldap bilermiň?

Çigildemler gül açdy, hany söýgüli ýarym,
Gözümden oldy gaýyp, baýlygym, bar mydarym.

Saýýat ähli arzuw eýlär bu jahanyň awlagyn,
Neýläýin goldan uçdy algyr guşum, şabazym...

Şol gezek Mahlar aýym sil kimin güýçli bir apatyň sürünip gelýänini bildi. Meşrep aýtmyşlaýyn:

Müň dürli pygan birle, haý-haý, ne bela geldi,
Jan ah urýar, ol bolsa hanjaryn ala geldi...

Mahlar aýym elinden gelenini etdi. Ýöne basym ýassykdaşynyň donunyň jübüsinden Kokant kagyzyna ýazylan gazaly tapdy.

Köňül muşdak wysala, söýgüli ýar, hoş geldiň,
Nury didäm ýagtyldy, gül ýüzi Aý, hoş geldiň.

Aşygym alçy gopman, bezm içre bitap ýatyp men,
Meýli jamy göterip, alma-enar, hoş geldiň.

Şekli-şemaýyl birle näz edip bezme girdiň,
Elip kaddy-kamatyň, saýaly diwar, hoş geldiň.

Gije ýanyma pynhan geldi ol Aý jemally,
Emir diýdi: “Bilmesin şum rakyplar, hoş geldiň...”

Özüniň keseki saýylyp, taryp edilýän gözeliň bolsa, aý jemally näzeniniligi, üssesine-de ol gözeliň saýa salmasy köşk bikesine tükenmez ezýet berdi. Mahlar aýym ynamdar adamlaryň üsti bilen bu işleriň başynda Şährihan häkiminiň aýalynyň durandygyna göz ýetirdi. Ýöne eýýäm iş işden geçip, mesele çyna ýazan ekeni. Asyl görüp otursa, Mahlar aýymyň elinden çörek iýip ýören köşk adamlarynyň ikisi Şährihana sürgün edilen seýit Gazy hojanyň gyzy üçin bireýýäm sawçylyga gidip gelen bolsa nätjek.
Musulmanlaryň emiri tä Şährihandaky aýal doganynyňka görme-görşe gidip gelýänçä Mahlar aýym: “Kimkä ol Aý jemally?” diýip örtendi. Ol gözel gyzy göreninden soň bolsa, ozalky maýda-çüýde gabanmalarynyň hemmesi bir ýaňa, bu hem bir ýaňa boldy. Hakyky gabanjaňlygyň niçigsi zatdygyna Mahlar aýym şonda has oňat düşündi. Öz sözüniň, öz setirleriniň güýjüni egsik görüp, Meşrebiň ýangynly beýtlerini pyşyrdy bilen gaýtalady:

Müň dürli pygan birle, haý-haý, ne bela geldi,
Jan ah urýar, ol bolsa hanjaryn ala geldi.

Golunda polat gylyç, başymga gelip jellat,
Kylyp meni bibinýat, janymny ala geldi...

***

Abdylla tagamsyz dary şülesini iýip bolup, talh atan çaýdan owurtlady. Çolpan bilen molla Fitrat türme düzgünine öwrenişen bolsalar gerek. Öň bir gezek türmede oturyp çykany üçin Abdylla hloruň ysyna we kameranyň dymyljyk howasyna, petikdäki ölügsi çyra, gijeki çeken jebrine... ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp bolýandygyny bilýärdi. Biwagt-näwagt diýmän, edilýän soňsuz soraglar, ýüzleşdirmeler bolsa, tussagy daşky dünýä bilen, has dogrusy, öwzaýy bozuk ýalançy dünýä bilen baglanyşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, Täze ýyl baýramçylygynyň gabat gelmegi zerarly heniz-ä soraga alyp gidenoklar. Ýa Abdyllany şu ýerde galmaz bolýança urup-ýenjip, soňam ýoguna ýanaýjaklarmyka? Araky kumlakly esger Abdyllanyň niýetini üýtgetdi, umyt peýda bolan halaty erk-ygtyýar gowşaýar. Belki, ol wagşy Winokurowy öldürmez, ýöne gapyl galyp üstünem basdyrmaz, indi Abdylla o ýigrenjä gaýtawul bermäge taýyn. Agzynyň içinde ýakymsyz tagam galdyryp, çaý hem gutardy.
Kumlakly esgeri öz tarapyna çekip bilse oňat bolardy. O ýigdekçe Abdyllanyň ýazan kitaplaryny okadymyka? Daşyndan sada görünýänem bolsa, bu ýigdekçe NKWD-niň düzüminde gulluk edýär, diýmek, ýeterlik sebäbi bardyr. Bular ýaly ýere öňýeten esgeri almaýarlar. Düýnki sülçüleriň we derňewçileriň arasynda Abdylla ýekeje-de özbege gabat gelmedi... Rahbara hat ýazyp, golýazmalary ýygşyryp goýmagy tabşyrsa oňat bolardy. Ýogsa, howa sowap, gyş gazabyna tutsa, çoýun peçde ot ýakmaklary ahmal.
Bu pikir Abdyllanyň bar ynjalygyny aldy. Häzire çenli ýazyp beýan eden sahnalarynyň käbiri ýadynda. Ýöne gep olaryň diňe guraksy mazmunynda däl, eýsem, tapylan äheňinde, jüpüne düşen sözlerde, öz wagtynda goýlan nokatda...
Käbir eserler kerpiçleri tekiz hem endigan örülen, şarňyldap duran jaýa meňzeýär. Ýekeje ýerinde-de kemi-kösti ýok. Käbirleri bolsa, diwarlary gyşyk-myşyk howul-hara salnan külbäni ýadyňa salýar. Ýer bir silkinse, ýumrulyp, dereginden bir üýşmek gumdan başga galjak zat ýok...
Abdyllanyň kumlakly esgeri öz tarapyna çekmegi gerek...

***

Ýüz-gözüne timar berlen Aýhanpaşşa endam-janynyň sorkuldyly agyrysyna zordan diýen ýaly döz gelip, gelin salamyna bardy. Ýörän wagty aýaklary bir-birine çolaşdy. Köşgüň aýallary onuň görk-görmegine aňk bolup galdylar. Aýhanpaşşa bolsa özüni suwa gaçan pişik ýa-da tersine, suwa teşne jandar ýaly duýýardy. Ýok, owlakgapdy oýnunda orta oklanan owlak ýaly diýseň, has dogry boljak...
Ýaşy durugşan aýallar gelniň daş-töweregini gallap durdular. Olaryň arasyndan iň dilewary saýlandy:

Serwi boýly seýkin basyp, gül meňizli hoş geldiň,
Tawus kimin ýörişiň, gözel görkli, hoş geldiň.

Ajap gelinlik döwrüni sürseň gerek ençe wagt,
Nury didäm, täji serim, gelinjigim, hoş geldiň.

Ömrüňiz uzak bolsun, bagtyňyz bolsun açyk,
Taýly başyňyz bilen goşa garraň, hoş geldiň.

Onuň jedir-jedirine Aýhanpaşşanyň ýeňse damary gatady. Bu tagaşyksyz, gödek gazal kimiň patarrakysy? Ne kapyýasy bar, ne-de manysy... Gözelligi taryp etmegiň ýerine biderek warsaky, boş ýaňrama!..
Aýhanpaşşa assyrynlyk bilen nykabyň astyndan daş-töweregine garady. Adatça gelin salamynda berilýän oduk-buduk sowgatdan tamakin bolup duran dürli ýaşly aýallary gözi düşdi.
Dilewar aýal şygyr okaýan äheňde owazyny süýkdürip, gelin salamyna girişdi. Ozaly bilen ýaş gelniň täze düşen öýünde ululara hormat goýup baş egmelidigini aýtdy. Däbe görä, baş egensoň, berlen lagly-merjenler Aýhanpaşşanyň ümezläp duran ýaşly gözlerini kepetmedi. Soňra ol günüleriniň öňünde baş egdi. Dilewar aýal köşgüň uly bikesi, emiriň baýry aýaly Mahlar aýymyň tarypyny ýetirdi.

Uly güni täze gelniň egnine
Halat-serpaý ýapdy gowudan-gowy.
Hem ol gözden salmady biçäre garyplary...

Aýhanpaşşa nykabyň astyndan taryp edilen aýala tarap göz aýlady. Şonda ol iki gözüň däl-de, iki hanjaryň özüne garşy gezelenini görüp haýykdy, ýüreginiň urgusy güýçlendi. Onuň Nodira lakamy bilen ýazan gazallaryny Aýhanpaşşa ýatdan bilýärdi:

Pyrkat tümünde ýarsyz ýuwdulmadyk gan galmady,
Rehim kyl, indi mende gan ýuwutmaga-da hal galmady...

Mahlar aýym ýetişip gelýän iki oglunyň öňünde al-elwan reňkli gymmatbaha ýüpek parçalary Aýhanpaşşanyň egnine atdy. Bilagyrysyndan elip kaddy dal bolan ýaş gelin öz ýanyndan emiriň baýry aýalynyň başga bir gazalyny gaýtalady:

Gan döker meýdan arap, ol kylsa jöwlan her tarap,
Möwç urar derýa kibi meýdan arap gan her tarap.

© Hamid ISMOILOW

© Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 12:33, 20.08.2024
Agşam namazynda Abdylla “Waz-Zuha” bilen “Waş-Şems” sürelerini sesli okady...

Kakamyrat aga, soraşdyryp gör welin, "WAZ-zuha" we "WAŞ-şems" özbek aksentine görä ýazylan ýaly. bizde "wed-duha..." we "weş-şemsi..." diýip başlanýan bolmaly. "Duha"-my "Zuha" diýilmegem mümkin, olam ondaky harp ne arassa "Z" ne-de "D"... ikisiniň arasy.
avatar
0
2 Мango • 12:37, 20.08.2024
...döwsypat Winokurow göründi. “Ýer-ow, buržuaz-milletçi alaka, Täze ýylyň bilen! Indi bu ýerde syçanyň hinini müň tümene alsaň gerek!” diýip, ol entek hyýalynda Gulhany bilen hoşlaşmaga-da ýetişmedik Abdyllany agzy-burny diýmän, tä essi aýylýança urup, depip, ýenjip gitdi...

Kakamyrat aga, meniň pikirimçe awtoryň edişi ýaly Winokurowyň sözlerini rus dilinde bermeli ekeniňiz, termije etmezden.

...“Ну что, с Новым годом что ли, буржуазно-националистическая крыса, думал зарылся в нору
здесь? А я тебя тут же за хвост!”
...
avatar
0
3 Мango • 13:12, 20.08.2024
37-de zulum görüp ýatan Abdylla bilen gadym döwürde zorluk gören Aýhanpaşşa hanym arasynda parallellik bar eken.
ikisinde-de - ejir.
ikisem duşmanyny öldürmek isleýär....

Kakamyrat aga berekella diýýän, gowy terjime edenmişdik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203