Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:42
Keramat

KERAMAT

Mähir bilen aylanyp dur Aý- Güni
Gujagynda bu gadymy heññamyñ.
Asmanyñ Aý nury ýagtyldýar tüni,
Zemini ýyladýar yşky enäniñ.

Ine bar owaldan şeýle rowaýat:
Ene keramatdyr şuny berk belle.
Enäniñ alkyşy - ömre dowamat,
Diýseler ynanyñ, rastdyr şu jümle.

Ýaşyl ýazly yaýlasynda Türkmeniñ,
Küren-küren ili bolan sähraýy.
Ir eýýamdan şu güne çen ders bolan,
Hekaýatda Enäñ keramat paýy.

Ýow gününde ýanýoldaşyn giderip,
Göz ýaşyny gizläp bir merdem gelin.
Naçar bolup Ner ýüküni göteren
Bir müýnsiz saklapdyr ak öýleñ birin.

Bolanmyş şol gelniñ ýalñyz dikrary,
Bakyp-bejeripdir oglun bir kemsiz,
Halal işlän gündiz- gije ýatmany
İle güne goşmak üçin perzendin.

Agyr ýaýlañ ümesine barypdyr,
Ýüñ daraşyp, keçe salşyp "el alyşan"
Haly-palas dokap, gaýma gaýapdyr,
Şeýdip juwanlygny ýyllara çalyşan.

Ekläpdir, saklapdyr özi iýmäni
Ylymly bolmagna açypdyr ak ýol.
Öýeripdir, öz geýjegni geýmäni,
Kemsiz ner çykansoñ kiçijek ogul.

Ogluñ döwleti berk, güni bitinmiş,
Mal-mülki köpelip gel-de-görmüşin.
Haý-haýly dünýäniñ höwesi bilen,
Eziz enesini unudanmyşyn.

Biri müñläp artansoñ berekedi,
Garyp enä göz edenmiş gelini.
Iýjegi öñünde, iýmese ardy,
Ýüpek-sowsan, daraýymyş geýeni.

Bir nadaný ese-boýa galdyran,
Janynyndan jan üzen Mähriban Ene.
Garrylyk basmarlap roýyn solduran
Dünýä söýgi paýlan Mährebaý Enäñ.

Undulyp biçäre garyp gününde,
Hamsygyp galypdyr ýalñyzlyk bilen.
Ýyllar geçip pelek çarhy aýlanyp,
Alypdyr oglunyñ elinden yrsgyn.

Şowsuzlyga uçuraýar, elenýär,
Näderini bilmän çar ýan urunan.
Haly harap, daşa degip paltasy,
Döwlet guşy gidip, güni bulanan.

Ahyr soñy bu ugruny ýitiren,.
Barýar parasatly danañ ýanyna.
Dana başyn yrap, agraslyk bilen,
Diñ salýlar ýigidiñ hal-ahwalyna,
Göz ýetirýär onuñ dogup-döräli,
Gelip çykyşyna, geçen ýoluna.

Ýigit derdinjiräp haraý soraýar,
Dananyñ ýüzüne müýnli garaýar:
"-Halym teñ, işim müşgil,
görýänim görgi, Atam,
Galdym haýrany-saýyl,
eýlänim bergi Atam
Halys ýitirdim ugrum,
Nedir bu halda hatam? .
Yrandy bol döwletim,
bergil ýol-salgy Atam,"

Goja şeýle diýen jemläp pikrini:
"-Enä biparhlygyñ kesip rysgyñy
Ýüreñden gidipdir mähir Han ogul,
Sert bolup biçärä, unudyp dürsligi.
düşüpsiñ  nebsiñe ýesir, han Ogul,

Görmezlige salma şikeste halyn,
Eneñi razy et, açylar ýoluñ.. "
Ýigit Danañ aýdanlaryny diñlänsoñ
Huzuruna gaýdan mähribanynyñ.

Külbesine gelip naçar enäniñ
Arzyny aýdanmyş burup boýnuny:
"--Owal yhlasyndan baýnadan eziz,
Dada geldim, daldañ gerek jan käbäm,.
Ýene keremiñden ýalka  ogluñy.
Dogaýy dilegñi dowam et, käbäm,.
Saña ömür boýy borçly  ogluñy
Bagyşla, ötünjim kabul et, käbäm.."

Mähiriñ Ummany mährebaý ene,
Balasynyñ derdine derman ene.
Didaryna boýdan-başa syn ede, .
Bia:gyr jigerne şeý diýen ine:

"-Dokuz aý süññümde göterdigim ogul,
Janymdan jan goşup dünýä berdigim, ogul,

Gundagyn söýgimden ördügim, ogul,
Mährimden sallançak gurdugym, ogul

Ilki gözümiñ gördügi ogul,
Juwan dilimiñ söýdügi ogul,.

Al eliñe, şu käsäni, aýlandygym adyñdan,
Dolduryp getirip ber, saýry enäñ süýdünden.

Özge enäniñ süýdi şu mahal derkar bize,
Tapdygyñdan jan balam, dolangyn derhal öýe"

* * *

Göräýmäge añsat ýaly bu ýumuş,
Ýigit beğenenmiş käsäni alyp.
Gaýdanmyşyn, aýlananmyş dünýäni,
Enäniñ sargydyn ýadyna salyp.

Hiç bir ene, hiç bir ene bermändir,
Ýalbaryp, ýakaryp çökse-de dyza,
Balasynyñ yrsgyny hiç kes kesmändır,
Boýnun burup boş gaýdanmyş yzyna.

Gelip iki eplenip Enäñ öñünde,
Dyza çöken ogul ýaşlapdyr gözün.
Heý-de dözmezine dözermi ene--
Aýdypdyr ogluna hikmetli sözün:

"Heeý, Ogul-a
Jigerjigiñ daglanmasyn
Daglansa ýene eneñ aglar,
Yrsgyñ ýoly baglanmasyn,
Baýnamsañ
Çäresizlik bagrym daglar,
Rysgalyñ Bugdaý ýaly,
müñlesin Ogul Seniñ.
Ömrüñ mydam ýaz ýaly
güllesin Ogul Seniñ,
Dowamatyñ kesilmän
Ýaýrasyn, ogul seniñ
Doga döwletli bolup
Senden önjek nesilleñ
Urbasyn, Ogul Seniñ..."

Enäñ beýikligi, Enäñ giñligi,
Oglunyñ aklyny haýran edipdir.
Şeýdip enäñ alkyşyñdan nurlanan,
Nebsini jylawlap, yrsgal tapypdyr.

* * *

Mähir bilen aylanyp dur Aý- Güni
Gujagynda bu gadymy heññamyñ.
Asmanyñ Aý nury ýagtyldýar tüni,
Zemini ýyladýar yşky enäniñ.

Parasady bilen beýikdir Ene,
Köñle ganatyñdyr Enäñ dilegi.
Ýaşaýyşy peşgeş berer perzende,
Meger enelerdir älem ýüregi.

Eneler mukaddes, kämil bir dünýä,
Köñle yşyk ediñ Enäñ yşkyny.
Tagzym ediñ, togap ediñ käbe deý,
Nur heýkelli, ak guş kimin keşbini.

Dowamatlar dowam söýgüsi bilen,
"Enä tagzym, Mukaddeslige tagzym."
Dünýäñ süññi ýylar hüwdüsi bilen
"Enä tagzym, Mukaddeslige tagzym" .

06.2018.ý.

© Kalba NUR
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203