Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:03
Gijäniñ bir wagty...

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

GIJÄNIŇ BIR WAGTY

Gijäniñ bir wagty
pyýadalap Walaýyñ
kenarynda gögerdim.
Diñ saldym gijäge
dem çykarmady
Gulagyñy deşip gelýän ümsümlik,
Goýalýan tümlik.
Dañyñ yşaraty ahyr göründi
Agardy täret suw tapmaýan dünýe.
...göründi garañ
begenjegmem bilmedim.
Berildi, alyndy adaty salam.
Durus ine,
ýapraklañ ýasy paslynda.
Ýapragyny ýere ýollan daragtyñ alkymynda
gaýtalandy ýene şol solgun sowal
Jogap ýok!
Duýdum men didäñde ygalyñ ysyn.
Gaýtdym gaýry alajym yok.
Gulagym şyñlaýar
Ezraýyl edyar gybatym,ýa men ýadyna düşýän.
Ýaprak maslyklary ýadyma düşýär,
Olar bir gün tebigata garylar
Menem bir gün.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 260 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 3.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
0
1 Мango • 02:22, 26.02.2024
"Walaýyň kenary" - bu derýamy?
gugul daýy-ha, Walaý – Perm ülkesinde bir posýolok - diýýä.
...
1/10
---
wagt geçirip täzeden okadym we 5/10 goýasym geldi.
soň kararym:
5/10
avatar
0
2 Küle • 07:15, 26.02.2024
7/10
avatar
0
3 aygull • 08:04, 26.02.2024
Gyzy diňe detal etmän güýçlendiribem bolardy.
Entek azajyk işlenmeli goşgy eken.
Tagaşyksyz sözlemler bar-ýapraklaryň ýa:sy
paslynda diýen ýaly. 9/10.
avatar
0
4 Pero • 08:07, 26.02.2024
"Agardy täret suw tapmaýan dünýe.

Duýdum men didäñde ygalyñ ysyn." ýalyrak özboluşlyja tapyndylaryny haladym. Emma täsir etmese bary biderek-dä. Bilemok,belki goşga düşünen däldirin.

Goşgyñ başy bilen soñunda baglanşyk üzülýän ýaly.
Onsoñam,gulak "şyñlamaỳar-da" "şañlaýarmyka" diýýän.
4/10
avatar
0
5 garagar • 09:55, 26.02.2024
6/10
avatar
0
6 derwushhana • 16:01, 26.02.2024
3/10
avatar
0
7 sussupessimist • 16:07, 26.02.2024
Bir zatlar bar bu goşguda. Gowy ýazyp bilýän şahyryň ortatap goşgusyna meňzeýär.
5/10
avatar
0
8 Mekan2 • 17:42, 26.02.2024
10/10
avatar
0
9 Sylapberdi • 22:53, 26.02.2024
Ezraýyl edýär gybatym gowy tapyndy, ýöne edil şu goşga-ha gelenok menimçe.
Mantyk taýdanam Ezraýyl miflere görä hem gybat edip ýören perişde dâl)
Pero goşulýan.
Awtora üstünlik!
avatar
0
10 Hyýalbent • 14:33, 27.02.2024
7/10
awtora üstünlik
avatar
0
11 Gerceknazar96 • 17:57, 27.02.2024
Şygyr howlugyp ýazlana meňzeýär . Aslynda awtor has gowy eserler döredip biljek. Üýtgeşik täsir galdyrmady mende, şonuň üçin 5/10 . Şahyrdan has şirin şygyrlara garaşýas.Üstünlik .
avatar
0
12 Seýrаn • 08:45, 28.02.2024
Gaýrat etse gowy goşgular ýazar.
Täsirli ýerleri bar.
8/10
avatar
0
13 Rowaç • 16:23, 28.02.2024
Ýene beýleki ýazylanlary hem goýulan ballary nazarda tutup, ortatapdan ýokarrak bolanlygy üçrip 7/10.
avatar
1
14 Medicall • 16:35, 28.02.2024
beýlekileriň goýannyny nazarda tutmagyňyz dogrumy?! her kim öz pikiri bilen goýsa gowy dälmi)))
avatar
0
15 paragraph • 04:59, 02.03.2024
7/10
avatar
0
16 Мukam • 20:54, 02.03.2024
Gijänin bir wagty. Şu setir gijäñ içinde diýseñem boljak, gijänin bir wagty sözleşikde gelýän aýdylyp ýon bolan söz, gijä galsañ, "gijäñ bir wagty öýe geldi" diýilen söz ýaly.içinde bolsa haýsy wagtydygyny añladanok. "Walaýam" ýap ýa güzer, köl ýaly bir zadyņ ady öýdýän.
Gahryman gijäniñ içinde kenarda duşuşyga bardy, daña golaý garaşýany geldi. Gözlerinden nemiñ ysyny duýdy, diýmek, aýralyk alamaty.
Bu aýralygy çekmäge çäre tapmadyk gahryman öz ölümini dileýär. Bir gün tebigata garylar. Goşguda çuññur zat ýatyr. Menin aklym ýetmeýän
avatar
0
17 Балканов • 21:13, 03.03.2024
F. M. Dostoýewskiý: "Her kişi öz pikirini howa ýaýmaga haklydyr"
avatar
0
18 LegLek • 07:28, 04.03.2024
7/10
avatar
0
19 Garlawac • 09:06, 04.03.2024
Ymbähh, awtora bir buket gül gowşurdym!

10/10.
avatar
0
20 Melike • 22:47, 05.03.2024
5/10
avatar
0
21 janjennet • 13:39, 13.03.2024
5/10
avatar
0
22 Gülkamat • 16:57, 21.03.2024
8/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203