01:06 Biçäreler - hekaýa | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR BIÇÄRELER Gep bar eken, nep ýok eken. Ýöne gepi nep hasaplaýanlar köp eken. Adamlar ýeriň ýüzini gep bilen sowadyp, gep bilen gyzdyryp bilmäge ukyply eken. Gep-gepe, sag-çepe sepleşip barýan günleň bir güni dünýäň ähli gybatkeşleriniň bilýän gepleriniň hemmesi ýadyndan çykypdyr. Heý-de, gepçi gepsiz ýaşap bilermi?! Ýaşapdyrlar. Bary ýogy ýekeje gün. Şol ýekeje gün olara 40 ýyl ýaly haýal, içgysgynç hem ezýetli geçipdir. Ýürekleri bilen gep edesi gelip ölüp-öçüp garaheläk bolýan gepçileriň ne beýnisi täze gep işläp bilipdir, ne dillerine ibaly söz gelip bilipdir. Howwa, olar şo gije düşeklerine süýnüp, ýassyga kellelerini goýanlarynda-da rahat uklap bilmändirler.Bir eýläk, bir beýläk agdarlyp gep edibilmänlerine janyýangynlyk bilen dişlerini gyjyrdadypdyrlar. Kalplaryna gop berýän gürriňleri agtarypdyrlar. Habary kimden al, şol agşam rahat uklan, gep-gürriň bilen işi ýoklardan al. Olar diňe agşam däl, şol gepleň ýatdan çykmaşak bolan günem geň-taň rahatlyk bilen gezipdirler. Gybatkeşleň her ýerde bir ýyldyzjyklar ýaly rahatlygy körejik ýalpyldaýan adamlara içleri ýansa, Nurlaryň böwürleriniň bir ýerjiklerinde bükgüldi bolupdyr. Dogryda walla, ne seň gepiňi edýäler, ne-de senem öz gepli läbiklerine bulap, ozalam zo-ordan ýylp-ýylp edýän şöhlejigiňi tüme öwürmek üçin dyrjaşýalar. Ömürlerinde birje gün gepçileň ümläb-u ümlemän, gülmän-yşanman edýän gybatlaryndan hem-ä halas bolarsyň, hemem olara şärik bolmak atly boýundyrykdan syparsyň diýseler, ömralla ynanmazdylar. Ýöne beýle-beýle gudratlaram boljak eken. Şol gije uzak günki dynçlykdan soň, körejik ýalpyldylar ýitilene-ýitilene uka gidipdirler. Ertesi hakyky ýyldyza meňzäp oýananlaram bolupdyr. Hat-da şol gije Asmandaky on dördüni dolduran Aýam ýerdäki özünden bäş beter çog saçýan ynsan çagasyndan ejap edip, Asmandan nädip garasyny saýlajgyny bilmän süýnüp-sarkyp durupdyr. Ertesi Gündogardan Gün çyrazlary bilen şar gara gijäň gorkak ýüzini pozanynda-da, gepsiz-gürriňsiz görgilileň şöhlesi mesaňa bolupdyr, ýok olaryň iň bir ýitisem göz gapanokdy, görjekleriň gözüni açýardy. Ýöne bular barmak basyp sanaýmalyjady. Eger o nurly bendeleri gündiziň güni Güneş diýip atlandyrmakçy bolsak, hemme oba-kentler Kuýaşly däldi.Şo gün köne gybatkeşleň elewreýşi, diriligine saçda gowrulýan serçäňkä dönüpdir. Içlerinde çydaman jan berenlerem bolupdyr. Soňky demde miras höküminde goýup giden gep sandyklarynam dillerine çolap galypdyrlar. Aman-esen gezip ýörenlerem assyrynlyk bilen, bolýan zatlaň sebäbini agtarypdyrlar. “Bil-dä bilibilseň”—diýýän ýaly, Şöhlelerem hiç zat ýaňzytmandyrlar. Habary kimden al, gybatdan al, henize çenli beýle mojuk göwnüne degilmäni hakydasyna gelmändir. Ol şo gün ýerden ýer tapmazlyk maňlaýynda ýazylansoň, Ýeriň ýedi gat teýine gidipdir. O ýerde-de täk özi galmak islemändir, perişdelerden-ä tamasy tala daňyk, jynlardan özüne gepdeş gözläpdir. Ýene, islegine aňsat ýetmejegine gözi ýetip, Ýere ýetmegiň alajyny oýlapdyr. Gybat gultynyp galsyn, ýöne Şöhleler welin diňe şu günem bolsa rahat uklasyn. Nep bolsun, gep bolmasyn. | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |