Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:15
Tämizlikçi. Mugallym

TÄMIZLIKÇI

Täze ýylyň öň ýany bolmagy mümkün, ýa-da haýsam bolsa bir baýramyň öňýany, firma öz işgärlerine sowgat paýlady. Paketiň içine öz satýan zatlaryndan toplapdyrlar.
“Sowgat berlen atyň dişine seredilmeýänem” bolsa, tämizlikçi gelneje eline berlen sowgadyny alyp, derdinişip bilýänleriniň ýanynda içini dökýär:
– Seret bize sowgat diýip berýän zatlaryny! Sabyn, şampun, dezodorant, diş pastasy….
Ol paketini gyzyl-dörjük edip durşuna:
– Näme diýjek bolýanlaryny bilýäňmi? Bize kirli diýýäler! Kirli diýýäler bize!
Öýkesi güýjäp, täzeden paketi dörjeläp, eline ilen kremi çykarýar:
– Seret muňa. Gyl dökýän krem. Biz kirli, oň üstüne-de gyllak kirli ekenik…
Köşeşdirjek, ýumşatjak, ýuwmarlajak bolýarlar:
– Ýok-la, edil beýle-de däldir-le. Biderek göwnüňe getirýäň…
Tämizlikçi gelneje hasam janygýar:
– Beýle sowgatlar diňe özüňe gaty ýakyn kişilere berilýär, o-da zerur bolsa. Ondan başga ýerde işde, okuwda.. bular ýaly sowgat bermek gelşiksiz. Ýo-o-o, hemmesi düşnükli. Biz porsymyş, kirlimiş…
Ol bu zatlary beýle inçelik bilen ýüregine kabul etmese-de etmezdi, eger-de ol tämizlikçilikden öň mekdepde mugallym bolup işlemedik bolsa.

MUGALLYM

Onuň asyl käri mugallymçylyk. Mekdepde başlangyç synplary okadýardy.
Günde-günaşa çagalaryň depderlerini öýüne getirip barlamaly.
Äriniňem sersaglygyndan serhoşlugy artyk. Onsoň bu öýüň uruşy, sögüşi, ýumrugy, gohy, galmagaly ýetik. Iň erbedi - äri çagalaň depderini zyňyşdyrar, dagydar, ýyrtar… Ony ertesi gün çagalaryň öňünde ýüzigara eder. Bu ýagdaýa uzak çydamady. Işini taşlady. Mekdepden çykdy. Ärindenem ýa aýrylyşdy, ýa-da iki çagasyny alyp, ejesiniň ýanyna göçüp bardy.
Uzak işsizem oturmady. Halaýan kärini taşlamaga mejbur bolansoň, ýaşaýyş üçin bu işe boýun boldy. Tämizlikçi.

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Bagabat • 08:37, 28.03.2023
Gowy.
Manyly. Sagdyn, tygşytly sözlem bilen ýazylan. Kiçi proza eserlerine zerur bolan esasy düzüm bölekleri ýerbe-ýer:
1.Wakabaşy ("ýumagyň ujy" diýseňem bolýa, ruslarda "завязка (начало) сюжета" diýilýä);
2.Jygba-jyg pursat (kulminasiýa) - süpüriji gelnejäň gaharly sögünýän ýeri;
3.Gepnokady (ýa-da "wakasoňy", ruslar "развязка сюжета" diýýäler).

Iki hekaýajyk birleşip birini döredýär-de, birinji hekaýanyň kulminasiýasynyň bir bölegi bilen wakasoňy ikinji hekaýajyga endigan geçýär.

Bellikler:

1.Jemgyýetde "endik" diýen bir zat bar. Bizde уборщица "tämizlikçi" diýmän "süpüriji" diýmäge endik edilip galypdyr. Şoň üçin bu söz birhili okaňda "ýadyrgadýar". Ýogsa many-mazmun meselesinde "tämizlikçi" "süpüriji"-den has laýyk, has dogry;

2. "Ärindenem ýa aýrylyşdy, ýa-da iki çagasyny alyp, ejesiniň ýanyna göçüp bardy." diýen sözlem gümürtik bolupdyr. Ony diýýän kyssaçy (awtor, gürrüň beriji) bolsa, onda bu sözlem awtoryň aýtmak isleýän manysyna görä şeýleräk bolmalymyka diýýän: "Anygyn-a Alla bilýä, ýöne ol ärindenem ýa aýrylyşdy, ýa-da iki çagasyny alyp, ejesiniň ýanyna göçüp bardy.".
Ýa-da: "Ärinden aýrylyşdy-da, iki çagasynam alyp atasy öýüne gaýtdy.".

Hekaýalarda halan zadym:
1.Gysgalygy;
2.Anyklygy;
3.Buýtar-suýtarsyz (ýaldyr-ýuldursyz) sagdynlygy.

Ýöne käbir sözlemleri syntgylasaň, hekaýalary hasam "tygşytlaşdyryp" (şol birwagtda sähelçe çeperleşdiribem) bolaýjak ýaly. Mysal üçin:
"Äriniňem sersag wagtyndan serhoş wagty kän." diýen sözlem: "Äriniňem sersaglygyndan serhoşlugy artyk".

Ýene-de kyssajykda awtoryň okyja düşündirmän galdyran ýeri, baş personažyň işini taşlap mekdepden çykýan ýeri.
Nämüçin?
Atasy öýi daşda bolansoň, gatnap işlär ýaly däl.
Iş ýeri öňki äriniň obasynda bolansoň, şo tarapa aýagy çekmedi we ş.m..
Onsoňam ýene-de bir sorag:
Atasy öýüne gelensoň nämüçin ala-böle süpüriji bolup işe girdi?
Mugallyma bolup işlän bolsa, bilim-ä bar - näçe gözlese-de laýygrak iş tapmadymy? Ýa-da mugallyma bolup işläsem gelmedimi?
Äý ýok, işläs-ä gelen bolmaly, sebäbi, süpürijiligine içi ýanýar.
Ýa-da ärinden ýadap, durmuşyndanam özüniň ýadawdygyny ynandyryp, hemme zady owarrama saldymy?

Elbetde eser biperwaý galdyrman sorag döretse ýagşy. Diýmek, şeýle eser gozgalaňa salyp bilýär.
Emma eser mümkin boldugyndan adaja (ýöntemje) sowallara okyjyny belli bir derejede kanagatlandyrar ýaly jogaplary berse oňat bolýar. Sebäbi ýazaňda okyjyň kän içini ýakyberseňem bolmyýandan bolýa galaýýa :-) (...diýýäler :-). Kim? Hotak!).

Höwri köp bolsun.
avatar
2
2 Medicall • 09:20, 28.03.2023
tämizlikçimi ýa tämizleýji?! tämizleýji diýseň ýakymlyrak eşdilýär. Meselem resminamada ofisantlara bizde nahar daşaýançy däl-de nahar daşaýjy diýip gidýär, sanitarka arassalaýyş uýasy diýip gidýär.

Ärinden aýrylyşyp gidýänçi ýeri bolsa resmi taýdan aýrylyşmasa ýöne atasy öýüne göçüp gitdigi bolýar.

Hakyky durmuşy waka beýan edilipdir. Tämizleýji gelneje giňiräk bolubermese bolmaýa, sebäbi mugallymçylygy taşlap tämizlikçi käri özi saýlap alypdyr. käriň erbedi bolmaz. Biri meni kärim üçin kemsidýär diýip köplenç ýalňyş pikir ýöredip bilýärler. emma bu ýalňyş pikir. esasy zat çöregiňi halaldan gazanyp, çagalaryňa halal iýdirmek. gelneje başda baran ýoldaşyndan oňly gün görmänsoň kärini hem öýüni taşlap gaýdanda ýalňyşlyk göýberipdir. aýrylyşmak esasy çözgüt däl. aýrylyşman günüňi dogurlajak bolup dalaş etmek dogry.

berilen sowgady berenler beýle pikirde beren däldirler.
adama mydama zerur ulanylýan zatlar bolany üçin berendirler.
gelnejäň psihikasy azajyk zaýlanana meňzeýär. ýogsa kim bolanda-da berilen sowgada monça bolar, galyberse-de mugallym adam soň haýsy kärde işlese-de oňa başky mugallym häsiýeti giňlik bermelimika diýip düşünýän.

hekaýany haladym! Üstünlikler, Mango!
avatar
1
3 Мango • 06:23, 29.03.2023
sag bol Bagabat kaka. menem şu diýenleriňi aýdasym gelýädi.
şol "Äriniňem sersag wagtyndan serhoş wagty kän" diýende iki gezekli gaýtalanma bar "SERsag WAGTyndan - SERhoş WAGTy", "ser" bilen "wagt". bu hem hiç gelişmändir.

hakykatdanam, bar indi şol mekdepden çyksyn, ýöne başga mekdebe işe girip bilerdi diýeniň jany bar. menem şony aýtdym awtora, ýöne gulak asmady. men teklip etdim oňa: "tämizlikçi" we "mugallymdan" soň üçünji bölegini "ene" diýip ýaz diýdim. ýagny tämizlikçiden mugallymly gürrüňe geçýä, o ýerdeneme "eneli" gürrüň edip täzeden tämizlikçä bagla diýdim. şo ýerde-de näme üçin tämizlikçiligi saýlanyny açyp görkese bolardy.
garaz, mugallymlykdan çykýa, sebäbi durmuşy, äri onuň psihologiýasyny hakykatdanam bozýar. belki ol aýrylyşanam däldir, ýöne äri bilen bile ýaşamaýar. soň äri ölmeli, ýa algogolizmden ýa-da janyna kast edip (ýene gümürtükli bolýamy?). soň ol gelneje ýene-de äriniň ýasyny tutmaly.... indi hasam güýçli trawmalary ýaşansoň (eneli ýeri başlaýar) iki çagasynyň geljegini alada edip özüni pida edip diýen ýaly olaryň bilimli bolmagy üçin hasam gaýrat görkezýär. belki ol başdaky bölümdäki ýaly firma-da dälde çagalarynyň okaýan aýratyn-spes-mekdebine täzmilikçi bolup girmelidir. mugallymçylyk etmeýäniň sebäbi ýene syrly bolup galýar... belki ol şo kärden "doýandyr"...
garaz, çagalarynyň ýanyragynda şolary okadýar. ENE-lik edýär, kökenek bolýar, özüni öz derejesinden pes işlerde-de işlemäge dözýär... umuman çagalaryny soňunda daşary ýurda iberip bilmeli...
bulaşykmy? :-)
aý, mango diýen çaga özüm belet. ýaltalygy tutanda gaty tutýar.
"aýrylyşdy-aýrylyşmady" diýen ýeriniň gümürtükligi hekaýasynyň başynda-da bardyr. "Täze ýylyň öň ýany bolmagy mümkün, ýa-da haýsam bolsa bir baýramyň öňýany..." göni täze ýyl ýa-da 8-nji mart diýibem bolardy... eger üçünji "ene" bölümini ýazan bolsa o ýerde-de bolmalydy gümürtüklik: "äri içip öldi ýa-da janyna kast etdi"...
umuman gyzyklyja zatlygyna gyzyklyja welin, edil sözleri edebileşdirip, çeperleşdirip bilmändir-dä.
ýöne näme-de bolsa, ýazybersin... hökman ýazyjy bolmaly diýen zat ýog-a.
onda, näme oňa üstünlikler diläýmek galýar.
avatar
1
4 Bagabat • 09:18, 29.03.2023
Bulaşyklyk hakda.
Beýni - gynansagam, begensegem kompuň tertiplije, ýerbe-ýerje sistem-faýl papkasy däl-dä. Şoň üçinem onda döreýän ideýalaryň hemmesem birbada sumburnyý (bulam-bujar, garym-gatym, başy-aýagy nämälim) bolýar. Şeýle seretseň dünýä-de, älemem gatywyr düşnüksiz erew-berewlikden doly ýaly bolup görünýär. Göýä (...ki) ynsanam, öz paýhasynyň kömegi bilen şo tükeniksiz erew-berewligi iň bolmanda öz hyýalynda, öz kabul edişinde belli bir derejede tertipleşdirýän ýaly.
Şoň üçin ynsanyň özüne hem-de özgelere dünýäni düşündirmeginiň, onuň many-maňzyny kabul etmeginiň serişdeleriniň/usullarynyň biri hökmünde islendik eseriň ilkibaşky ideýasam bulaşyk bolaýmalam. Ýazyberseň, has dogrusy ýazsaň eseriň ideýasy tertibe girýär.
Ýokarda-da belledim, şahsy pikirim, synanyşyklaryňy şowly hasaplaýan.
Dowam ediberseň, gowy zatlar çykjak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203