07:30 Eljernon üçin güller / 8 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 8 (dowamy) 15 aprel. Gaty köp okaýaryn we okanlarymyň hemmesini diýen ýaly ýat tutýaryn, Kinnian hanym taryh, geografiýa we arifmetikanyň ýany bilen daşary ýurt dillerinem öwrenmegimiň gerekdigini aýtdy. Professor Nemur maňa gijeki okuwym üçin ýene birnäçe kaseta berdi. Aň we aňastynyň nähili işleýänine entegem düşünip bilemok. Doktor Ştraus maňa bu barada kelläňi agyrtma diýdi. Ýene birnäçe hepdeden soň kolležiň kursuny okamaga başlamda, onuň rugsady bolmazdan psihologiýa degişli kitaplary okamajagyma söz berdirdi. Ol bu kitaplaryň kellämi bulaşdyrmagyndan çekinýär. Öz düşünje we duýgylaryma has çuňňur akyl ýetirmegiň ýerine, gapma-garşy psihologik teoriýalara gümra bolaryn öýdýär. Emma, hiç kim maňa roman okamagy gadagan edenok. Geçen hepdäň içinde men “Beýik Getsbi”, “Amerikan tragediýasy” hem-de “Öýüňe seret, Perişde” romanlaryny okap gutardym. Adamlaryň şeýle zatlary edip biljekdiklerini hiç pikir etmändirin. 16 aprel. Bugün özümi ep-esli gowy duýýan, emma adamlaň ömür boýy üstümden gülüp, masgaralap gelenlerini ýatlamda welin gaharym gelýär. Haçan-da has akylanamda we meniň IQ-m häzirki ýetmişiň iki essesine çykanda, belki şonda töweregimdäkileriň maňa göwünleri ýeter hem-de dostlarym peýda bolar. IQ ýa-da IG, intellekt görkezijisi (aňlaýyş ukyp görkezijisi) näme diýmek? Professor Nemur munuň adamyň aklynyň näçeräkdigini ölçemek üçin edil dermanhanadaky tereziň dili ýaly bir zatdygyny aýtdy. Doktor Ştraus onuň bilen düýbünden ylalaşmady hem IQ bilen akly ölçäp bolmaýanyny aýtdy. Onuň pikirine görä, IQ adamyň näderejede akylly bolup biljegini görkezýär. Edil ölçeg gabynyň ýüzündäki dereje çyzyklary ýaly. Dogrusy, ol gaby bir zatlar bilen doldurmagam gerek. Bu barada Bart Seldondan soramda, ol her iki kesgitleme bilenem ylalaşmaýan alymlaryň bardygyny aýtdy. IQ-nyň adamyň eýýäm edinen bilimlerinem hasaba alyp, her hili görkezijileri ölçeýänini hem-de aslynda, munuň akyl başarnygyny has dogry bahalandyryp bilmeýänini ol bir ýerlerde okapdyr. Garaz, IQ-nyň nämedigini şu wagta çenli bilemok. Häzir ol mende ýüze golaý, ýakynda bolsa ýüz elliden geçer, ýöne gaby entek bir zatlar bilen doldurmagam gerek. Erbet zat aýtmak islämok, ýöne alymlar onuň NÄMEDIGINI bilmeýän hallaryna, onuň NÄÇEDIGINI nädip anyklap biljekkäler? Professor Nemur birigün Rorşah testinden geçmelidigimi aýtdy. O nähili zatka? 17 aprel. Gije düýş görüp basyrgandym we irden doktor Ştrausyň maslahaty bilen ýene bir gezek erkin baglanyşma usulyny barlap gördüm. Düýşümi ýada salýaryn we içinde başga düşünjeleriň döremegini umyt edip, akylymyň erkin aýlanmagyna rugsat berýärin. Netijede, köplenç hiç bir düşünjäm galmaýar. Doktor Ştrausyň düşündirişine görä, munuň özi, aňastynyň aňy bloklap, ony ýakymsyz ýatlamalardan goraýandygyny aňladýar. Häzirki wagt bilen geçmiş arasyndaky özboluşly bir diwar. Kämahal ol ýykylýar we arkasynda gizlenen wakalary ýatlamagy başarýan. Şu gün irden bolşy ýaly. Düýşümde Kinnian hanym meniň hasabatlarymy okaýardy. Men eýýäm ruçkamy taýynlapdym, ýöne indi ne ýazyp, ne-de okap bilmeýänimi bildim. Ählisi gitdi. Men juda gorkdum we Jimpiden meniň ýerime hasabat ýazyp bermegini haýyş etdim. Ýöne, Kinnian hanym ony okap başlanda, birden gaharlandy we ähli ýazylanlary ýyrtdy, sebäbi ol ýerde edepsiz, ýaramaz sözler ýazykdy. Öýe gaýdyp gelemde, professor Nemur bilen doktor Ştraus o ýerdediler we hasabatlarda söwünç, hapa sözleri ýazanym üçin meni ýençdiler. Olar gidensoň men ýyrtylan kagyzlary toplamaga başladym, ýöne olar gana bulanan tor görnüşli örgi parçalaryna öwrüldiler. Gören düýşüm gaty eýmençdi, ýorganymdan çykan badyma ony ýazyp aldym we pikirlerimi analiz etmäge synanyşdym. Çörekçi... gije... hapa atylýan gap... biri aýagy bilen urýar... ýykylýan... gan... ýazmak... ullakan galam... kiçijek altyn ýürejik... medalýon... ýüp... ähli zat gan bulaşan... olar üstümden gülýärler... medalýonyň ýüpi... ol pyrlanýar... gün şöhlesi gözüňi alyp barýar... maňa ýaraýar, seretmek, onuň pyrlanyşyna... barmagyma saralýar... maňa gyz bakyp dur. Onuň ady Kin... – onuň ady Garriet. – Garriet, Garriet, ählimiz Garriýeti söýýäris... Ýene-de her wagtky öwrenişilen boşluk. Kinnian hanym egniniň üstünden maňa seredip, hasabatlary okap otyr. Soňra biz akyl taýdan yza galan ulylaryň mekdebinde. Ol meniň düzme ýazyşymy synlaýar. Birdenkä meniň mekdebimiň ýerine 13-nji mekdep peýda bolýar. Men on bir ýaşymda, Kinnian hanymam on bir ýaşynda, ýöne indi ol Kinnian hanym däl, ol – ýaňagy çukurjykly, uzyn agymtyl sary saçly bir gyz. Onuň ady Garriet. Ahlimiz Garriýeti söýýäris. Bu gün fewralyň 14-i, keramatly Walentin güni. Ýadyma düşdi... Ýadyma düşdi, 13-nji mekdepde nämeleň bolany we näme sebäpden 222-nji mekdebe geçirilenim. Garriet sebäpli. Men on bir ýaşly Çarlini görýän. Onuň altyn medalýony bar, ony köçeden tapypdy. Zynjyry ýokdy, ýöne ony ýüpe daňdy. Ony pyrlamagy halaýardy – ýüp ilki barmagyna saralýardy, soňam yzyna çöşlenýärdi. Medalýona gün düşende owadan ýalpyldaýardy. ... Haçan-da Garriet ýanlaryndan geçende, oglanlar oýnap oturan islendik oýunlaryny taşlap, oňa seredýärdiler. Oglanlaryň ählisi Garriete aşyk. Ol başyny yraýar, zülpleri yrgyldap gidýär, ýaňagynda bolsa çukurjyk emele gelýär. Çarli näme sebäpden olaryň haýsydyr bir gyz üçin beýle başagaý boluşlaryna hem-de onuň bilen birneme gürleşmäge höweslidiklerine düşünip bilenokdy (onuň özi welin futbol oýnanyny gowy görerdi), emma ähli oglanlaryň Garriýete akly gidipdi, Çarli hem akly gidenleriň biridi. Ol gyz hiç haçan ony ýaňsylamaýar, Çarli hem onuň üçin islendik zady etmäge taýýar. Mugallymyň klasda ýok wagty ol stollaryň üstünde ylgaýar, bozguçlary penjirä zyňýar, mel bilen diwara çyzýar. Garriet şonda mydama kikirdäp gülýär: – Oh, Çarli! Nähili ol gülkünç? Nähili ol akmajyk! Bu gün keramatly Walentin güni. Oglanlar Garriete näme sowgat berjeklerini maslahat edýärler, şonda Çarli: – Menem oňa bir zatlar sowgat etjek – diýýär. Her kim gülüşýär, Barri bolsa soraýar: – Nirden sowgat aljak bolýaň? – Oňa owadan zat bermekçi. Ine görersiňiz. Ýöne, onuň puly ýok, onsoň Garriete özüniň medalýonyny sowgat etmegi ýüregine düwýär. Ol ýürek şekilli, hemem kaşaň dükänlaryň witrinalaryndakylara şeýle bir meňzeş. Agşam ejesiniň stolundan sowgat dolanýan kagyz alyp, uzak wagtlap, yhlas bilen medalýony dolaýar, ony gyzyl lentajyk bilen daňýar. Ertesi gün ertirlik üçin arakesmede Haými Rota sowgadyň daşyna hatjagaz ýazyp bermegi haýyş edýär. Ol ýazdyrjak sözlerini aýtmaga başlaýar: – Mähriban Garriet! Meniň pikirimçe sen dünýäniň iň gözel gyzy. Seni juda halaýaryn, seni söýýärin. Meniň söýgülim bol. Dostuň Çarli Gordon. Haými haty basma harplar bilen tertipli edip kagyza ýazýar we gülküsini goýman: – Onuň gözleri hanasyndan çykar! Haty bir okasyn! – diýýär. Çarli gorkýar, emma Garriete medalýon sowgat bermegi şeýle bir isleýär we okuwdan soň bildirmän onuň yzyna düşýär. Öýüne girmegine garaşansoň, duýdurman girelgä barýar, sowgadyny gapynyň gulpyndan asýar, iki gezek jaňa basýar we köçäň garşy tarapyna ylgap geçip, agajyň arkasyna gizlenýär. Garriet daşary çykýar, geň galyp garanjaklaýar, dolangy kagyza gözi düşýär, ony alyp öýe girýär. Çarli öýüne gyssanýar, baransoň kagyzy we lentany soraman alany üçin almytyny alýar. Ýöne oňa bary bir. Ertir Garriet mekdebe medalýonly geler we her kime ony Çarliniň beren sowgadydygyny aýdar. Säher bilen aladaňdandan howukmaç mekdebe barýar, ýöne entek gaty ir. Garriet heniz gelmändir, ol bolsa çendenaşa tolgunýar. Ine-de Garriet göründi, emma oňa barmysyňam diýenok. Boýnunda medalýonam ýok, özem gaharly görünýär. Jekson hanym aňyrsyna öwrülende, ol hokga baryny edip çykýar. Ýüz-gözüni oýnakladýar. Batly gülýär. Stola münýär we syrtyny ýaýkaýar. Hat-da Garolda bir bölek mel zyňýar. Ýöne Garriet oňa seredenogam. Belki ol ýadyndan çykarandyr. Medalýony belki ertir dakynar. Arakesmede Garriet onuň deňinden sessiz-üýnsüz aýlanyp geçýär. Onuň iki sany agasy mekdebiň howlusynda Çarlä garaşyp dur. Ges Çarlini itekleýär. – Eý, haramzada, gyz jigimize o paýyş haty sen ýazdyňmy? Çarli hiç haçan, hiç hili paýyş hat ýazmandygyny aýdýar. – Men diňe medalýon sowgat berdim. Öň mekdebiň futbol toparynda oýnan Oskar, Çarliniň ýakasyndan ýapyşýar we köýneginiň iki sany iligini goparýar. – Jigimizden uzak dur, dagan degenerat. Barybir, seniň bu mekdepde işiň ýok – diýip, Çarlini Gese tarap itekläýär, ol hem elini onuň boýnuna aýlaýar. Çarli gorkusyndan aglaýar. Soňra ony urmaga başlaýarlar. Oskar onuň burnuna ýumruk atýar, Ges bolsa aýagyna depip ýere serýär. Ikisi hem gezek-gezegine depmäge başlaýarlar. Çarliniň dostlary – çagalar – howlynyň çar tarapyndan ylgaşyp gelýärler, çapak çalyşyp, gygyryşýarlar: – Uruş! Uruş! Çarlini urýarlar! Ähli eşikleri ýyrtyldy, burnundan gan akýar, dişi döwülen, haçan Oskar bilen Ges gidende, ol ýanýodada oturyp aglaýar. Çagalar gülüşip, gygyryşýarlar: – Çarlini ýençdiler! Çarlini ýençdiler! Soňra jenap Wagner gelip olary kowýar. Çarlini hajathana eltip, el-ýüzüni ýuwdurýar. Men özüme aýdylan her bir zada ynanyp, juda samsyklyk edipdirin. Haýmä ynanmaly däldim. Asla, beýlekilere-de ynanmaly däl ekenim. Bu waka öň hiç aklymda ýokdy, ýöne başyma gelen erbetlik barada oňatja oýlanamsoň, ýadyma düşdi. Munda bir hili Kinnian hanymyň hasabatlarymy okanyndaky öz başymdan geçirýän duýgym bilen bir umumylyk bar. Ýöne, indi hiç kimden bir zatlar ýazyp bermegi haýyş etmäge mejbur däldigime begenýärin. Indi, muny özüm başarýaryn. Garriet şeýdip medalýonam yzyna bermedi. (dowamy bar) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |