Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:48
Men eşek
MEN EŞEK

Men Eşek. Hyzmatkär. Ejemem, kakakam, barymyz hyzmatkär. Ýöne, gadym döwürlerde ata-babalarymyz sährada erkin ýaşaýan ekenler.

Maňlaýymyza ýazylanydyr-da, öýdeçilleşdirilipdiris. Adamlar tarapyndan. Ýöne, ine gulan garyndaşlar erkini elinden bermediler, öýdekileşmänjik geçdiler. Ýogsam adamlar iş edindiler. Bary boşuna boldy. Biz bolsa 5000 ýyl bäri eýämiziň hyzmatynda.

Bilişime görä, aslymyz Afrika direýär. Ol ýeriň ynsanlarynyňam maňlaýyna ýazylanydyr-da… olaram hyzmatkärleşdirilipdir. Ak adamlar tarapyndan… Adamyň adama edýänini eşideňsoň, kysmatyňa kaýyl bolmakdan gowusy ýok ýaly (ýöne, ýene-de sähraň erkin gulanlaryna gözüm gidýär).

Kürrejikkäm bary ýogy dokuz aý ene süýdini emdim. Iki gezek doglan gün bellämsoň “indi sen ullakan eşek bolduň” diýip ýuwaş-ýuwaş iş buýrmaga başladylar. Üçünji doglan günümden soň arkama eýer okladylar. Eýerim gutly bolsun, ömrümiň soňuna çenli! Geçen ýyl garyndaşlardan bir ýaşuly ýogaldy, pahyr 15 ýyl ýaşady diýdiler. Bu ýaş her eşege nesibem edenokmyş. Ýöne, eşekleriň gowy ýaşaýan ýurtlarynda olar azyndan 30, köpündenem 50 dagy ýaşaýamyşlar.

Bize sesimiz gaty diýýäler. Hawa, çynymyzy edip gygyrsak (siziň aýdyşyňyz ýaly aňňyrsak) sesimizi üç kilomertdäki eşege-de eştdirip bilýäs. Olaram eşidýär. Ol uzyn gulaklar keýpinedir öýdýäňmi? Şeýdip biz eşekler özara derdinişýäs.

Kä wagt goranmalam bolýar. Nädip? Dişläp ýa-da art aýagymyz bilen depip.

Kynam bolsa iýmsiz, suwsyz, otsuz, samansyz çydap bilýäs, emma çygy welin bolamyzok, esasanam gyşda. Ýatagymyz ýyly bolmasa bolman geçsin, ýöne gury bir bolawersin.

Bize kejir haýwan diýýäler. Ýöne, kejir bolmasaň ýaşaýşymyza çydar ýalam däl. Götermejek ýükümizi üstümize ýükleseler, ýa-da iş bilen halys surnukdyrsalar, kejirlik edip gaýtawul bermekden başga näme galýar? Özüňi goramak kejirlik däl, adam eşeklik etse bizem eşekligimizi görkezýäs. Adam adam bolanda bizem adam ýaly bolýas. Umuman, adamyň gowusy bolmagam, eşegiň gowusy bolmagam aňsat däl...

Ýeri, bolýa. Anekdot bilen tamamlaýyn.
Žiraf bilen Eşegi sud edipdirler. Žirafy gören işine boýnuny sokýanlygy üçin, Eşegem kejirligi üçin. Ýöne, yz ýany häkimiýet üýtgeýär-de olaryň işine täzeden seredilýär. Indi Žirafa öňdengörüjiligi üçin, Eşege-de prinsiplerinde berk duranlygy üçin minnetdarlyk bildirýärler.

Ýeri, bolýadan soňky Ýeri bolýa: Sizi Mark Şagalyň (näme üçin oňa Şagal diýipdirler, bilemok) eşekli suratlaryny synlamaga çagyrýan.

“Ýaşyl eşek”

“Skripkaçy, masgarabaz we gyzyl eşek”

“Gök eşek”

“Aýal we eşek”

“Eşek we it (Lafonten basnýasy)”

© mango. 2022
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Анонимно • 19:33, 24.12.2022
Bul eşek gowy gürleýän ken. Gowy ýazylypdyr
avatar
0
2 sylapberdimuhamov • 05:24, 09.07.2023
Soñky döwur okan gowy zatlarymyñ biri. Esekleriñ özem öz ahwalynhly beýdip beyan edip bilmez.
Mango aga, eşekler bu ýagşlygyñy unutmaz!)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203