09:49 Towuk hem top | |
TOWUK HEM TOP Toýuň şowhuny gyzyp, ýetjek derejesine ýeten çagy, ýagny gadyr edilip çagyrylan bagşy belent perdeden aýdylýan halk aýdymlaryna tutduran wagty saçak başynda bile oturmaly bolan çala tanşym özüniň bilýän ähli täsin gürrüňlerini meniň beýnime guýjak bolup, gulagymyň düýbünde gygyryp gürrüň berýär. «Balsaýada» ýetip barýan bagşydan kem galmajak bolýan ýaly, o-da barha belent perdä galýar. Habaryndan ýok meniň gulak perdämiň ýyrtylyp barýanlygyndan. Zarply sesleriň içinden saýgarmaga ýetişýän käbir sözlerimden, jümlelerimden çen tutup, onuň niräni tozadýanlygyny bilip oturamsoň, menem oňa tarap gyşarmakdan ýaňa boýnuma agram salyp başlan kellämi yrap, «hä» berýän mahal-mahal. Meselem, bagşy «Geýme garany» aýdyp durka tanşymyň towugyň gadymyl-zamanlarda uçýan guş bolandygy baradaky tymsala tutdurandygyna düşündim. Ozalam bu gürrüňi eşidenim üçin, men-menlik edenligi sebäpli, uçmak ukybundan mahrum bolan towuk göz öňüme geldi. Öňki aňymda galan nusgasyndan bir üýtgän zat, ýokarky aýdymyň täsiri sebäpli bolsa-da bilmedim, ondaky towuk gara reňkde boldy. Ozal aňymdaky ol towugyň reňki ýokdy. Garaz, şol tymsaldaky guşlar üýşüp bir ýaňa uçarman bolupdyrlar. Towuga: «Hany, «bissimilla!» diý-de, uçup, başymyzy çek» diýenlerinde, ol: «Aý, «bissimillasyzam» uçarys-la» diýenmiş. Şoldur-da-şoldur, towuk uçup bilmeýärmişin. Şondan bäri towukdan gürrüň çyksa, meniňem göz öňümde şol toýda gulak perdäme agram salan gara towuk janlanýar. Käte bolsa bütinleý başga zadyň gürrüňini edip otyrkagam, uçup bilmeýänine biz günäkär ýaly, ol towuk söhbedimiziň arasyna sümülýär-de giräýýär... Meselem, öňräk işde böwşeňlik dörän mahaly futboldan gürrüň çykdy. Menem dymyp oturmaýyn diýip, öz bilýänje bir maglumatymy aýdyp galasym geldi. Her niçigem bolsa, on iki ýaşymdan başlap, akyl dişim çykýança bu oýnuň ölemen janköýeri bolupdym... Garaz, arkanlygyna ýykylyp barýan halatynda özüniň üstaşyry top depip, garşydaşyň derwezesine gol geçiren bir oýunça şol pursady suratlandyryp heýkel dikilendigini aýtdym. Şol gol geçirilen pursady beýan etjek bolşum, ýaňy dil biten çaganyň gürlejek bolşy ýaly, birhili tagaşyksyzrak boldy, muny bilýän. Ýöne futbol janköýerleri nämäni göz öňünde tutandygymy aňandyrlar... Edil şol wagtam pursady peýläp, hälki rowaýatda «bissimillasyz» uçjak bolan tekepbir gara towuk söhbediň ortarasyna gütläp düşdi. Işdeşim edil ýaňky heýkel goýlan futbolçydan kem bolmadyk bir tanşy hakynda gürrüňe geçdi. Onuň bu morta gepi birbada umumy söhbede sepleşmeýän, ýagny «düýe» diýen ýaly bolsa-da, ol derrew gürrüňini tasa getirdi. Şol heýkeldäki topy towuga öwürdi oturyberdi. Çagakalar bir garagol tanşynyň towugy şeýdip depip oýnandygyny aýtdy. Ol towugyň reňki nähilidi diýip soramadym. Sebäbi şol toýda bagşy janygyp, «geýme garany» diýse-de, ýüzügara bolan towuk şol katdynda galybersin diýen netijä geldim. Onuň top edip depilmegi şol gezek — gadymyl-zamanda «bissimilla» diýmän, tekepbirlik edenliginiň temmisi bolsa bildiňmi diýip, özüme teselli berdim. Dogrymy aýtsam, şol gezek, asla, soň-soňlaram işdeşimden towugy top edinen oglanyň soňky ykbalynyň nähili bolanlygyny-da soramadym. Sebäbi şol gürrüňçilikde towugy depen çagy onuň diňe bir aýagy däl, ýüzi hem towugyň reňkini alyp, hüýt-gara bolupdy. Her niçigem bolsa, ol janawar ýedi hazynanyň biri hasaplanýar ahyry... Şol gezek şowhunly toýda bagşynyň aýdymyndaky reňke boýalyp, aňymda düşlän towuk indi beri zol-zol «zomp» edip öňümden çykyp, aýaga çolaşyp ýörmesin diýip hem-de işdeşimiň bezzat oglanly gürrüňini ýaňadan futbola dolap getirmek üçin, bilýänje ýene bir maglumatymy orta okladym: Fransiýanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň nyşanynyň gara towukdygyny aýtdym. Fransuz janköýerleriniň käte meýdança topa derek gara towuk oklaýandyklaryny hem aýtdym. Dogrusy, beýle pursady soňky ýola Mişel Platininiň futbol oýnaýan döwürleri görüpdim. Şeýle-de bolsa, topa meňzeş towuklardan ymykly dyndym hasap edip, şu ýazgyma nokat goýmagy ýüregime düwdüm... Şol wagtam çagalaryň enesi gapydan girdi-de: «Dükanda towuk berilýän eken...» diýdi... Şol rowaýatda «bissimillasyz» hem uçup biljekligini aýdyp, güp-güp öwnen gara towugyň gazana düşjekdigi barada oýlanyp ýetişmänkäm, ol bu soňky sözlemiň içine düşdi... © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |