Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:25
Jynaza
JYNAZA



Ne güller gördüm. Olary görüp,özümiňem bir güldigimden utandym.
Birisi ýalňyz ýaşaýan erkek adamyň öýüne girip gitdi. Girmänkä ýazykly gözlerini aşaklyk bilen eýläk-beýläk tiz aýlady. Şol gözlerden men utandym. Ertesi gün ol güli ejesi bilen bile gördüm. Öz gülüniň halyndan habarsyz pukara eje oňa guwanyp seredýärdi. Meniň damagym doldy. Bu barada il-gün gürrüň etse,ynanmandym. Indi öz gözüm bilen görensoň, düşüp duran halyma bak:elim-aýagym titreýär.
Ýene biri çola burçda meýletinlik bilen bir ýeňiýoluga öz dünýäsini taladyp durdy. Olar meni görmeseler-de,ruhum olary gördi. Eger-de ol gül sekunt salym hem bolsa, özüni ýaradany ýatlap utanan bolsady,belki haýa galkany kömege ýetişerdi. Emma ýatlamady. Çar tarabynda gara pikirler gaýmalaşyp ýördüler.
Başga bir gül bolsa çagasyny gizlin düşürtmek üçin lukmanyň otagyna girip gitdi. Olary özlerinden başga gören ýokdur öýtdiler. Emma ýalnyşdylar.
Şeýle müňlerçe güller,esasanam ýetginjek güller bir pursadyň dowamynda solup galdylar. Olaryň Erkleriniň jynazalaryny aglaýa-aglaýa melekler okadylar. Emma ol gülleriň mundan habarlary ýokdy. Olar özlerine henizem ýaşaýandyrys öýdýärler.
Bu gün ýene bir Erkiň jynazasyna gatnaşdym...

© Meňli AŞYROWA
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 128 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Medicall • 21:43, 19.05.2023
Wawaly meseleler.. Gynansakda durmuşda gabat gelinýan ýagdaýlar. Käbir zatlary şular ýaly oýlanma görnüşde ýazsañ täsiri ýiti duýulýar.. Ýeñiýolukly ýerine biraz düşnişmejek boldum dýmesem oýlanma gowy. Ýeñiýoluk - ýetim, garyp manydamy? Eger şeyle bolsa ondaha başga soragam ýüze çykyberjek bolup ýatymy nammi aýaldoganjan:)
avatar
0
2 Medicall • 22:54, 19.05.2023
Bular barada ýazyp başlap gowy işiñ başyny tutupsyñ, öññin bu pikiriñi aýdañda: "her kimem bilýan, gören eşdenini paýlaşsa ýaşlara terbiýe sapagy ýaly bolardy.. " diýip ýüregiñden syzdyrypdyñ.
Saña iñ gowy arzuwlar, başlangyçlaryñ peýdaly tarapa diñe üstünlikli bolsun! Galamyñ ötgür bolsun!
avatar
0
3 Мango • 08:04, 20.05.2023
gowy, täsirli, gerek, aktual...

başy we soňy täsirli.

"Ne güller gördüm. Olary görüp, özümiňem bir güldigimden utandym".

hawa. utanmaly ýerler bolýar.
kä wagt tersine utanç ýigrenje öwrülýär, ýigrenmäge başlaýaň adam diýen zady...

"Bu gün ýene bir Erkiň jynazasyna gatnaşdym..."

Meňliniň "ERK" baradaky öýlanmasynyň dowamy ýaly.
Onuň "Darkaş" goşgusy şu salgyda https://edebiyat.clan.su/news/darkas/2023-05-16-1285

ýazyp duruň awtor hanym!
avatar
0
4 Анонимно • 08:48, 20.05.2023
Dogrusy "ýeñiýoluk"sözüni sözlükden görüp,manysyny tiribem durmadym aỳaldogan. Içi ýananyñ sögünji hökmünde ulandym bu ýerde.
avatar
0
5 Pero • 08:57, 20.05.2023
Ýazmaly Mango kaka köp ýazmaly ṣu tema barada. Ýetginjekler barada. Ýazylmasyna yazylaram weli,olara nädip okatmaly. Okaýsalaram täsiri boljakmy ýokmy belli dål. Garaz,biziñki ýöne bir "Düýä haýt diýmegem medet" diylene barya. Oÿlanmadaky meseleler köpçülikleyin ýaýrady,günde bir waka eśidilýär. Bu gaty gynandyryar...
avatar
0
6 Pero • 08:59, 20.05.2023
"Darkaṣy" öñ ýazyp,baṣga saýtda-da paýlaṣypdym. Käbir zatlary nåme ün ỳazanyñy bilmeýåñ,wagty gelýär weli hemmesi ap-aýdyñ bolaýýar.
avatar
0
7 Pero • 17:35, 20.05.2023
"Aldawaç","Kagyz uçar" goṣgularam ṣo ýokarky tema bagyṣlanlarymdy. Ssylkasyny-ha görkezip bilmedim.
avatar
avatar
0
9 Medicall • 18:02, 20.05.2023
Aldawaç - 22 Декабря 2022 - EDEBIÝAT KAFESI
https://edebiyat.clan.su/news/aldawac/2022-12-22-299
avatar

Старая форма входа
Total users: 203