Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:34
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - romanyñ dowamy - 5
***

Abdyllanyň pikirleri duw-dagyn boldy. Türmä ikinji gezek düşse-de, adam bu ýagdaýa derrew uýgunlaşyp gidiberenok. Günortan gödeňsi makaron bilen biraz gorçisa goşulan kotlet berdiler. Onuň göwnüne “Bu garjaşyk düýş, bu basyrganma uzaga çekjekmikä? Indi islesemem, islemesemem ukudan oýanmaly!” diýen pikir geldi. Abdylla öýle namazyny oturan ýerinde okady.
Rahbardyr çagalary bilen görüşmäge rugsat bererlermikä? Demirýolçular köşgüne Täze ýyl arçasynyň ýanyna barmagyň ýerine daşarda Leningrad köçesiniň aldajy sowugyna daňlyp, kimdir birine ýalbaryp durmuka?
Gowy pikir diýýäni hem şumy? Şular ýaly ýagdaýda gowy pikir nireden kellesine gelsin? Sebäpsiz ýerden bulaşyp barýan durmuşy barada hyýalyna gelýän şular ýaly dagynyk pikirleriň haýsy birine ýapyşjagyny bilmedi. Haýsy biri onuň derdine em bolsun? Haýsy biri düşen ýagdaýy üçin teselli bersin? Ýa waswasa düşüp ýörmükä? Jyn uran oý-pikirleri ýaly, durmuşyna hem jyn aralaşaýdymyka? Çaga döwri Abdyllanyň kakasy jynlar bezmi baradaky hekaýatyny aýdyp bolansoň, ogluna: “Päliňi, niýetiňi düzüw tut, gowy zatlar barada pikir et!” diýip öwüt bererdi.
Dogrudan-da, oňat zatlar barada pikirlenmeli. Bu kyssasy hem “Öten günler” romanynyň bir görnüşi bolsa gerek.
Ol Nodira tahallusly Mahlar aýymy, onuň halypasy Uwaýsini, Amiriý lakamly Omar hany ýatlady.
Mahlar aýym şazada Omar hana durmuşa çykan gününden beýläk ony gabanyp başlady. Ilki bilen ony şazadalygyndan, soň atasy emir Alym han ähli döwleti ogluna miras goýup, dünýäden öteninden soň soltanlygyň tükeniksiz aladalaryndan, diwan işlerinden, aw-şikardan, toý-meýlisden... gabandy. Göwnüne bolmasa, bütin dünýe emir Omar hany Mahlar aýymyň gujagyndan sogrup alyp gitjek ýalydy.

Gabanjaňlyk guratdy açylan ter gülümni,
Hazan ýeli uçurdy bagymdan bilbilimni...

Nika gyýylmazyndan bir gün öň Mahlar aýymyň atasy Andijan häkimi Rahmanguly bek öz gyzyna öwüt bereninde: “Ýanýoldaşyňa oňat seretgin. Erkek kişi nirede häkim bolsa-da, öz öýüniň guludyr. Öýünde aýaly oňa häkimlik edýändir. Ana, ejeňden görelde al!” diýipdi. Elbetde, atasy bu sözleri öz bähbidini arap aýdan bolmagy hem mümkin. Mahal-mahal şo nesihatlar ýadyna düşende Mahlar aýym köňlüni gümana bererdi, “Toba!” diýip, ýakasyny tutardy.
Arada emir Omar han köşgüň ähli erkek göbeklisini alyp, Syrderýa ýakalaryndaky tokaýa awa gitdi. Mahlar aýym hem içi gysmaz ýaly, aýal-gyzlary daşyna üýşürip, zyýapat etdi. Ondan soň oýun-tomaşa boldy. Uwaýsiý bolsa bir bent matal häsiýetli goşgy okady:

Ne gümmezdir işiginden, tüýnüginden ýok nyşan,
Gülgüne geýnen gyzlar onda tutupdyr mekan.
Ol gümmezi syndyryp, gyzlardan alsam habar,
Ýüzlerinde perde bar, özleri gyrmyzy gan...

Kimdir biri “Emiriň haremhanasy” diýdi, ýene biri “Tamdyrdaky nan” diýip çak urdy. Mahlar aýym bolsa pikir öwürmäge durdy. Özi-hä gümmez şekilli zat. Işigi bilen tüýnügi hem ýok. Gümmezi syndyrdym diýýän bolsa, ele sygýan bir närse bolmaly. Ýüzlerinde perde bar bolsa, özlerem gyrmyzy gana boýalan bolsa... Mahlar aýym özüniň gödeňsi sesine bat berip:
– Enar! – diýip gygyrdy.
Uwaýsiý Mahlar aýymyň öňünde baş egip, tagzym kyldy.
– Nodira hanym, siz hut öz adyňyza mynasyp, seýrek duşýan ukyply, ajaýyp zenan! – diýip öwdi.
Düýn bolsa gözelligiň melikesi Mahlar aýym ukudan giç oýandy. Diwan işi bilen çykyp giden emiriň ýassygyndan entek onuň ysy-da gitmän eken. Mahlar aýym emiriň düşeginiň üstünde ýatan eginbaşyny eline alanda tötänden bir bölek kagyza gözi düşdi.

Dürri-naýap, lagly-merjen, göwheri känim enar,
Görküne taý tapylmaz, hüýri-jenanym enar...

Bu setirleri okap mürçe-miýan Mahlar aýymyň ýüzi nar dek gyzardy, ýüregi gürs-gürs urdy. Gazalyň yzyny okamaga howlukdy.

Miwelerin güjeňläp, ýar näz bilen söýledi:
“Leblerim injirdir meniň, alma zanahdanym enar”.

Bag içinde gül bile näz-kereşme eýlese,
Gül ondan uýat eýleýir, gunçaýy-handanym enar...

Mahlar aýym bu bendi pyşyrdap diýen ýaly okady. Ýüreginde nar däneleri deý münder-münder baslygyp ýatan ýüz-müň hyýal oýanyp, möwç urmaga başlady. Aşyk-magşugyň dilinde injiriň nämäni aňladýandygyna oňat düşünýän Mahlar aýyma täsin galpyldy ýetişdi.

Lebleri şetdaly ýaryň zarynda men, eý bagban,
Mätäçlikde bihuda dökmesin ganym enar...

Mähirden ganma ýokdur, ýürekde derdim çohdur,
Miwesi, bary bilen alandyr janym enar...

Gözleri tolgunma bilen setirleri yzarlasa-da, pikirleri “Patyşahym meniň leblerimi hiç haçan şetdala meňzetmändi” diýip ýüregini ezdi.

Ezdim ýaraly köňlüm gözümde ýaşym birle,
Başymyň göwher täji, ýürek armanym enar.

Goşa alma pyrakynda behi kimin sargaryp,
Ah urar ýetsem diýip dahan, dendanym enar.

Mahlar aýym özüni köşeşdirmek üçin doga okady. Göwnüne bolmasa, syrly gümmez synyp, onuň gizlin syry açylan ýaly boldy. Ýok-la, bi ýaş gyz däl ahyryn, juwan ýaşyndaky gelin bi...

Hijran ody örtär meni, katra-katra ganly ýaş
Gözlerimden damar durar, agy-pyganym enar.

Mahlar aýymyň ünsi harp ýalňyşynda eglendi: “Bu ýerde “waw” däl-de, “aýn” ýazylmaly!” Onuň gabanjaňlygy bada-bat gahar-gazaba ýazdy.

– Üşbu dünýede wepa
Tapmasy kyn göwherdir... –

diýip, Nodira gözünden ýaş dökdi. Bir damja gözýaş emiriň eginbaşynyň içinden tötänlikde tapylan kagyzyň üstüne damdy-da, ýalňyş ýazylan “waw” harpy “aýn” harpyna öwrüldi. Mahlar aýym çaltlyk bilen ýeňini kagyza basdy. Ýöne peýdasy degmedi, kagyzda gözýaşyň yzy galdy. Gabanjaňlyk, gahar-gazap hem ökünç onuň gözünden gözýaş bolup çogdy, gazalyň yzyny okamaga durdy:

Wysala ýetmek üçin hylwat jaý istär emir,
Serwi boýly, kirpigi ok, gaşy kemanym enar...

“Ýalňyş üstüne ýalňyş” diýip, Mahlar aýym oýlandy. Ýöne ol nähili ýalňyşlyk barada aýdýar? Gazaldaky sözleriň ýalňyş ýazylandygy baradamy? Ýa özüniň çakynyň ýalňyş çykanlygy baradamy? Belki, ýakyn adamlaryna ynanyp ýalňyşandygy, bu dünýäde, bu durmuşda adalatyň ýokdugy barada aýdýandyr?

Aýralyga döz gelmän, jigerim para-para,
Miweli bag-bossanym hazan urana döndi.

***

Garaňky gatlyşanyny Abdyllanyň ýüregi syzdy. Asmanyň çetini göräýer ýaly, bu ýerzemin türmäniň penjiresi-de ýokdy. Düýnki başyndan geçenleri ýatlamak we ýürekgysdyryjylyk oňa garaňky düşenini duýdurdy.
Abdylla agşamlaryna ýazmagy oňat görerdi. Agşam namazyny okandan soň ol äpişgäniň öňündäki stoluň başyna geçerdi. Garaňky asmana gözüni dikip, oýa batyp oturansoň, gussaly kalbynyň ýyly mährini ak kagyza geçirerdi. Çolpanyň “Garaňky gatlyşanda” atly ajaýyp şygry bar. Ynha, indem bu şygyr duýdansyz ýerden ýadyna düşdi-de, Abdylla garaňky gatlyşanyna ymykly göz ýetirdi.

Belendu-pes uly-kiçi jaýlaryň
Gyzyl, ýaşyl üçeklerniň üstünde
Ýagar, ýagmaz, alabeder bulutlar
Üýşüp-çaşyp, gök ýüzüni tutup dur.
Gün ýaşansoň, bulutlaryň reňki-de
Hassaň ýüzi kimin solgun görünýär,
Gündogardan garaňkylyk sürünýär,
Hem-de azançynyň şam namazyna
Çagyrýan gussaly sesi gelip dur,
Ýagyş şybyr-şybyr ýagyp bozupdyr
Köçedäki uzyn-yzyn yzlary...
Günemasy üçin çar ýana giden
Uly-kiçi, ýaşu-garry, barysy
Argyn, ýadaw halda yrgyldap gelýär,
Mähelläniň bir çetinde jemlenen
Topar çaga dürli oýna güýmenip,
Her haýsy öz hossaryna garaşýar,
Nämälimlik ganatyny giň ýaýyp,
Gysýar gujagyna bütin barlygy.
Çyralar jyn gözi kimin ýylpyldap,
Öçügsije ýanyp, tutuk görünýär,
Ýagyş suwy ýeriň bagryn ezip dur...

Düýn hem Samarkant Derwezesiniň baýyrlaryndan Gökje tarapdaky öýleriň üçeklerini synlap otyrka Kamalan Derwezesiniň metjidinden azançynyň pessaý sesi eşidilen ýaly bolupdy. “Bulutlar, bulutlar – diýip, Abdylla oýlandy. – Kaýdan gelip, hanjak barýarsyňyz? Gije-gündizi tirkeşdirip, gör, nämelere şaýat bolup, özüňiz bilen geçmişe alyp gidýärsiňiz?”
Abdylla: “Iňrik garalyp, göz baglanan çagy geçer welin, şemiň ýagtysyna ýazmaga girişeýin. Täze ýyl gelýänçä iki-üç kagyz garalap taşlaýyn” diýip, bikarar bolup otyrka-da gapy kakyldy. Goňşy otagda Täze ýyl saçagyny taýynlap ýören çagalary: “Däde, gapy kakylýar” diýişdiler. Abdylla donuny ýelbegeý atynyp, gapa garşy ýöneldi.

Günemasy üçin çar ýana giden
Uly-kiçi, ýaşu-garry, barysy
Argyn, ýadaw halda yrgyldap gelýär...

“Her kimiň öz öýünde Täze ýyly garşylamaga taýynlyk görýän mahalynda kim geldikä?” diýip, ol oýlandy. Gapyny açmazdan öň: “Kim?” diýip sorady. Işigiň aňyrsyndan: “Bu men, domkom Rahmatulla eke!” diýen ses eşidildi. “Geňlik, aýda-ýylda garasy görünmeýän domkom bu ýerde näme işläp ýör, eýgilikmikä?” diýip gapyny açdy welin, salam ýok, helik ýok, gara gaýyş geýimli üç sany pyýada bosup öýe girdi.
Gapynyň yşyndan “Gara garga” diýilýän maşyna gözi düşüp, Abdylla hemmesine düşündi.
Çagalaryň gözüniň alnynda eline gandal salyp, maşyna garşy südenekledip ugradylar. Gyzlarynyň biri, Anisamy ýa Adibamy kakasyna tarap ylganda gapyň agzynda duran suwly taňka büdräp ýykyldy. Ýykylan ýeinden galman, sesini baryny edip aglady. Tatar sülçi gözündäki äýnegini ýaldyradyp oňa sowuk nazaryny taşlady.

Nämälimlik ganatyny giň ýaýyp,
Gysýar gujagyna bütin barlygy.
Çyralar jyn gözi kimin ýylpyldap,
Öçügsije ýanyp, tutuk görünýär,
Ýagyş suwy ýeriň bagryn ezip dur...

Şeýdip ýene bir gün geçdi.

***

Ertesi gün serwikamat Mahlar aýym düýnki şek-şübheleri üçin öz-özünden uýaldy: “Bir sözüň iki şygyrda gabat geleni bilen köňlüňi gümana beribermeli bolarmy? Uwaýsiniň matal häsiýetli goşgusyny emire meniň özümiň aýdyp beren bolmagym hem mümkin-ä!”

Magşugymdan wysal sorsam öldürer, sormasam ölem.
Yşkyň dükanyny gursam öldürer, gurmasam ölem.

Şo gije möminleriň emirinde gabanç duýgularyny oýarmak üçin ol Uwaýsiýniň bu tapmaça gazalyny başdan-aýaga okap berdi. Iň soňky setirinde Uwaýsiýniň adynyň ýerine öz adyny goýup, Nodira diýip okady welin, şaplaşdy duruberdi:

Menden ar eder, hary-zar eder, pany dünýäden üşbu jan gider,
Nodira garyp, reňki saralyp, tursam öldürer, turmasam ölem...

Uwaýsiýniň täsin dünýäsi bar. Nodira özüni ondan şunça daş saklajak bolsa-da bolanok. Uwaýsiýni köşkde iň oňat Gurhan okaýjy diýip öwse-de, ilki bilen öz gazallaryny däl-de, onuň goşgular diwanyny hatdatlara göçürtse-de, halypasynyň ne-hä aýaklaryny duşap bildi, ne-de oý-pikirlerine ygtyýary ýetdi. Ýüreginde ne baryny-da bilip bilmedi. Ine, onuň soňky ýazan gazaly:

Kokant şährinden gelenler, köwşüm ýitdi, sizdemi?
Halymdan habar alanlar, köwşüm ýitdi, sizdemi?

Bu gazal näme hakda? Näme diýjek bolýar?

Gamly günde hemdedim ýok, ýitirdim, didämde nem,
Kukabibi, jana melhem, köwşüm ýitdi, sizdemi?

Gürrüň haýsy köwüş barada barýar? O köwüş ertekidäki şazadaň gelinliginiň köwşi bolmasyn?

Men – boş göwre, sen – janym, taşlap giden armanym,
Arzym eşit, Guzyhanym, köwşüm ýitdi, sizdemi?

Gazalyň düýp manysyna aralaşmaga Mahlar aýymyň birbada üşügi ýetmedi. Ol her bir sözi üns bilen gaýta-gaýta gözden geçirdi. Gyzygy artdygyça gazalyň syry güýçlendi. Ahyrky iki setire ýeteninde Mahlar aýym haýygyp, içini çekdi, aňk boldy.

Bu halymny bilse Şah, dokuz pelekden ötdi ah,
Doga kyl Uwaýsiý gümrah, köwşüm ýitdi, sizdemi?

Ýok-ýok, Mahlar aýyma gabanar ýaly zat ýok, Hudaýa şükür, ol Zemindäki patyşa däl-de, Arşdaky Şaha ýüzlenýär ekeni. Ýogsa-da arşy-agladaky Soltana “köwşüm ýitdi, sendemi?” diýip, hetden aşan Uwaýsiýden ol Arşy, ol Soltany gabanman bolarmy? Muňa jogap hökmünde öz galamyndan çykan goşgy-gazallaryň içinden degerlisini tapmadyk Nodira mejbury Fizulyny ýatlady:

Rehim eýle, Soltanym,
Bu mürewwet çagydyr...

© Hamid ISMOILOW

Terjime: © Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 91 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Kakamyrat Ataýew, Hamid Ismoilow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Pegas • 09:47, 16.08.2024
Köp sag boluň yzygider goýýanyňyz üçin! Hemem terjimeçiniň hem adyny aýyrman goýýanyz üçin. :)
avatar
0
2 Мango • 16:46, 16.08.2024
"...Ýanýoldaşyňa oňat seretgin. Erkek kişi nirede häkim bolsa-da, öz öýüniň guludyr. Öýünde aýaly oňa häkimlik edýändir..."

ana saňa, gerek bolsa... :-)
avatar
0
3 Мango • 16:57, 16.08.2024
Mahlar aýym özüniň gödeňsi sesine bat berip:
Enar! – diýip gygyrdy.

bizde enar bilen nar tapawutlanýamy?
ýagny ak nara enar diýilýämi?
avatar
0
4 Мango • 17:06, 16.08.2024
...Жаҳонотин таъзим бажо келтириб, маликаи дилрабо отига таҳсинлар ўқиган эди: “Чиндан сиз Нодирасиз!” 

...Uwaýsiý Mahlar aýymyň öňünde baş egip, tagzym kyldy.
Nodira hanym, siz hut öz adyňyza mynasyp, seýrek duşýan ukyply, ajaýyp zenan! – diýip öwdi.

Jahonotin nämeüçindir Uwaýsiý bolupdyr?
Nodira ady barada aýdasym geldi. türk dilinde hem ulanylýar şo söz: "nadir".  "seýrek, kän duş gelmeýän" manylary bar.
bu sözi özbegem ulanýan eken, näme üçindir bizde ulanyödan galypdyr. жалко.
avatar
0
5 Мango • 17:25, 16.08.2024
...Камолан Дарвозаси тарафдаги масжиддан муаззиннинг йўсинсизроқ овози етишгандек эди. 

...Kamalan Derwezesiniň metjidinden azançynyň pessaý sesi eşidilen ýaly bolupdy.

"...Kamalan Derwezesi tarapdaky metjiitden...." göwnüme "tarapdan, tarapdaky" sözi galypdyr.
avatar
0
6 Мango • 17:42, 16.08.2024
Белгисизлик қанотини кенг ёйиб
коинотни қучоғига тортадир.
Чироқлар ҳам жин кўзидек йилтиллаб
хира қараб мунғайиб
кўриндилар -
килкиллаб -
ёмғир суви ер бағрида ётадир... 

Nämälimlik ganatyny giň ýaýyp,
Gysýar gujagyna bütin barlygy.
Çyralar jyn gözi kimin ýylpyldap,
Öçügsije ýanyp, tutuk görünýär,

Ýagyş suwy ýeriň bagryn ezip dur...

Kakamyrat kaka. jyn gözi kimin ýalpyldaýan çyranyň öçügsi ýanmagy bolmadyk ýaly. öçügsi däl-de başga zat bolaýmasyn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203