Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:45
Söýgi ahwaly / duet
SÖÝGI AHWALY

Ýaş çopan dowarny depeden synlap,
otyr ýaňlandyryp, gargy tüýdügin,—
magşugna bagyşlan salam hatyny,
ýollaýar saz bilen siňen söýgisin.

Onuň ýaňja düzen täze mukamy
siňýär sähraň hoştap anbar güllerne.
Güllerden düzülen çapraz-çaňňany
dakynýar sonarlyk ýüpek tellerne.

Ýaşyl teller tolkun-tolkun owsunşyp,
gyssanýarlar—olar wajyp habarly,
depe-düzden menzil-menzil ýol aşyp,
magşuk gyzyň huzuruna barmaly.

Säher şemalynyň alyp salamyn,
magşuk gyz tolgunýar, duýup mukamy.
Ýada salýar alysdaky ýaryny.
Kalbyny joşdurýar söýgi wysaly.

Batly gelen ylhamyna bäs gelmän,
düýnki öýdän keşdesine başlaýar—
aşygyna niýetlenen tahýasyn,
dürli-dürli nagyş bilen besleýär.

Gyzyň kalbyndaky päkize söýgi,
öwrülýär aýdymyň notalaryna.
Çalasyn barmaklar ol notalary
çatyşdyrýar keşdäň aralaryna.

Jübüt kalbyň gaýan ajap tahýasy
aýdýar bir aýdymy, çalýar bir sazy,
Ol söýgi aýdymy, ol söýgi sazy,
aşyk-magşuklaryň ýürek owazy.

© Kakajan BALKANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 235 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202