Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:52
Bu ýylyň Ramazany başgarak geldi

BU ÝYLYŇ RAMAZANY BAŞGARAK GELDI

Bu ýylyň Ramazany başgarak geldi. Aleksandr (adyny üýtgedip alýan) Muhammetgeldi boldy. Bu barada biraz soňrak...

Ramazanda belli bir wagt arasynda iýip-içmek gadaganlygy bar. Allahyň razylygy üçin iýip-içmekden saklanýarys. Wagty gelensoňam: “Buýryň, saçaga, nygmatymyň başyna” diýilýän ýaly sünnete görä suw we hurma bilen agzymyzy açýarys. Bu gadaganlyk maňa jennetdäki gadaganlygy ýada salýar. Bilýänsiňiz, jennetdäki gadagan edilen miwe (iýmit) barada. Pikir edýän, öz-ä jennet, hemem gadaganlyk. Bir hili ters ýaly. Allahyň bizden (ýaradanyndan) o iýmiti gysganmajagy belli. Onda, gadaganlyk näme?...

Soň aklyma Ramazanyň iýmit gadaganlygy geldi. Jennetdäki gadaganlygam belki Ramazandaky ýaly bir zatdyr. Belki, agyz beklemegiň wagty günüň batyşyna çenli boluşy ýaly, jennetdäki gadaganlygam belki, birnäçe sagatlyk bolandyr. Allah Ramazanda agyz bekleme wagtynyň başlangyjy we soňuny belli edýär, belki jennetde Adama ata we How enä gadaganlygyň gutarjak wagtyny aýdan däldir. Aýtsa, synag boljakmy diýibem bolar. Ýöne, näme-de bolsa jennetdäki gadaganlyk bilen Ramazan gadaganlygy (agyz beklenmegi) birhili many taýdan ýakyn ýaly, meňzeş ýaly.

Jennetdäki gadaganlygy bozanlaryň jennetden çykarylma hallaryny ýatlap Ramazan gadaganlygyny bozanlaryň hallary nähili bolarka – diýip pikirlenýän.

“Meniň razylygym üçin agyz beklänleriň sowgadyny Özüm berjekdirin” – diýen hadysam bolmaly. Onuň berjek sowgadyny Özünden başga bilýän ýok. Ol ne gözel sowgatdyr!

Indi, Aleksandra dolanaly. Aýdyşym ýaly bu Ramazan başgarak geldi. 21-22 ýaşlaryndaky tanyş bir rus oglany yslamy saýlady. Şahadat getirdi, adyny üýtgetdi – Muhammetgeldi boldy. Bize-de: “maňa Saşa diýmäň, men indi Muhammetgeldi” -diýdi. (Ol türkmençe-de gepleýär). Birinji orujyny tutmaga başlady. Geçen hepdeden bäri juma namazyna metjide gidip başlady. Ramazanyň öň ýany sünnet etdirdi.

Bu wakalara şaýat bolup ýören ejesi-kakasy musulman bolan, özem (ybadatlaryny doly berjaý etmese-de) awtomatik musulman bolan türkmen oglany başyny ýaýkap: Bu-la bizi utandyrýar-aý... – diýdi. Allah kimi kim bilen utandyrýar, haýran galaýmaly...

Bu Ramazan başgaça başlady. Bu Ramazanda ýene bir ynanana jennetiň gapylary açyldy...

mart, 2023

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 147 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
1
1 Мango • 00:00, 25.03.2023
Muhammetgeldili wakada Selman farsi ýadyma düşdi.
asly eýranly fars bolan Selman hak dini gözläp otparazlykdan hristianlygy, soňrada yslamy kabul edýär. dini gözlegleri bilen ýurt sökýär. Pygamberimiziň sahabasy bolmak mertebesine ýetýär.

Muhammetgeldi hem belki, günümiziň Selman farsileridir.
Allah ony begendirsin.
avatar
1
2 Mekan • 00:03, 25.03.2023
Muhammetgeldä begendim. Inşallah soñky demini berende-de musulman bolup amanadyny tabşyrar.

Awtomatik musulman, awtomatik musulman, awtomatik musulman...
avatar
1
3 Мango • 00:11, 25.03.2023
Muhammetgeldiň babulýasy bar. biraz oň bilenem ozaldan oňuşanok ýaly. :-)
menem diýýän: babulýaň zat diýmedimi, ýa kabullandymy?
Muhammetgeldem çaltyrak aksentli türkmençesi bilen:
- aý, öwrenişýär. maňa: "теперь как тебя похоронить будем?" diýip soraýar. şoň aladasyny edýä - diýip ýylgyrýar.
- irden nämä turýaň diýdi, selälik turamda... :-)
avatar
1
4 Анонимно • 00:20, 25.03.2023
Bäh, babulýanaý, Muhammetgeldi ölýänçä öljekgämikä
avatar
2
5 Mekan • 00:28, 25.03.2023
Musab ibn Umeýr diýen sahabañ ejesi ogluna "yslamy terk edýänçäñ ýuwunjak däl..." diýen ýaly protesto edýädi öýdýän.

Sahabalañ durmuşy durşuna sapak.
avatar
0
6 Medicall • 06:05, 25.03.2023
Muhammetgeldä saglyk bersin Ýaradan, imany berkesin, babulýasynyñ ýüregine gowulyk girsin.

Ýalanjykdan ady bir ýerde Aleksandr bir ýerde Saşa bolup ýataniken)
avatar
1
7 Мango • 06:25, 25.03.2023
Саша — имя собственное. В русском языке чаще всего употребляется в значении краткой формы имён Александр и Александра.

Aleksandryň gysga görnüşi - Saşa
avatar
0
8 Medicall • 06:28, 25.03.2023
Indi Muhammetgeldini bir Muha öwürmeseler bolýa-la şol russkiý daýylar:)
avatar
0
9 Мango • 06:38, 25.03.2023
türkmenem at üýtgetmekde kem galarly däl-le.
bilýänlerimi sanaýyn:
Allamyrat - Allaş
Hudaýberdi - Hudaýka
Allanazar - Allan
Taňyrberdi - Taňňy
avatar
0
10 Medicall • 06:43, 25.03.2023
Rahmanberdi - Yhy bolubam ýör, Rahymberdini - Ykga öwrüp ýöränlerem bar türkmenskiýlermizde))
avatar
0
11 Tuman • 08:51, 25.03.2023
Bu temaň adyny üýtgetmeli .Buşluk diýseňem bolar.
Adyny okap bir başgaça zat ýazylandyr öýtdim.Sen nireden bildiň oňa jennetiň gapylarynyň açylanyny.
avatar
0
12 Tuman • 15:04, 25.03.2023
Bilemok hakykata nä derejede golaýlygyny şeýlerak bir rowaýaty okanym ýadyma düşýa.Peýgembermiziň s.a.w döwrinde ölen admyň ýanynda bir aýalyň barjak mekanyň jennetdir diýip aglap oturany Pygambermiz göripdir.hemem onuň mekanynyň jennetdigini sen nireden bilýäň diýip sorasa .şu jennete düşmani kim düşer diýip garaz gowy adamdygyny ybadatlaryny doly dogry berjaý edýanini aýdypdyr gepiň keltesi.Pygamberimiz hem bilmeýani zady hakda hiç wagt gürlemezligini maslahat beripdir.diýjek bolýanym şudu.
avatar
0
13 Tuman • 15:06, 25.03.2023
Hemem adminden ýokarky teswirim üçin ötünç soraýan.adminden soraýan bagyşla admin.
avatar
0
14 Tuman • 15:12, 25.03.2023
Bu ýylyň remezany başgarak geldi.Dünýäde her gün gör naçe adam musulman bolýa.
avatar
0
15 Мango • 22:30, 25.03.2023
Jennetiň gapylary musulmanlar üçin açylandyr.
Muhammetgeldi hem musulman.
Özem onuň musulmanlygy saýlamagy Ramazan aýynda boldy.
Hadys: «Ramazan giren wagty jennetiň gapylary açylar, jähennemiň gapylary ýapylar we şeýtanlara zynjyr urular».
Allahyň etjegini bilmeris. Ýöne, biziň işimiz Onuň razylygyny gazanmak. Şeýlelik bilen nesip bolsa jennetiň gapylaryndan giriler.
avatar
0
16 Aýgül_Baýadowa • 17:13, 10.03.2024
12 nji teswirdäki "Pygamberimiz göripdir" diýen jümledäki ýalňyşlyk düzedilse, gowy bolardy. Şeýle edilmese edil yz ýanyndaky aýdylýan sözler bn utgaşyp, yrga many çykardýar.
avatar
0
17 LegLek • 17:48, 10.03.2024
@12 «göripdir» däl, «görüpdir»
Birinjisi — töhmet, ikinjisi dogry.
avatar
0
18 LegLek • 17:52, 10.03.2024
Jennetdäki we Ýerdäki gadaganlyklaryň baglanyşygy bilen ylalaşamok.
«Kyssasy Rabguzyda» bar başky gadaganlyk barada.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203