Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:00
Oýun bilen çyn

OÝUN BILEN ÇYN

Oýun hakynda oýun edip bilsedim gaty gyzykly bir zat bolardy. Sebäbi çyn hakynda-da çynyň bilen bir zat aýtmaga çalyşsaň ýa ýürekgysgynç ýa-da düşnüksiz, çylşyrymly bolýar. Üns berseňiz degişmä salybrak çynyňy aýtsaň garaşanyňdan täsirli bolup çykýar. Eger bu dünýede oýun bolmadyk bolsady biz çynyň aşagynda gark bolup giderdik. Oýun täsin närse. Kä halat şeýle bir gaharyň gelip, janyň ýananda ýene oýna salsaň gaharyň ýatyşyp, janyň ýangyjyna suw dökylen ýaly bolýar durberýär. Emma meň ol oýun däl-de çagalygymyň oýny hakynda gürüň edsim gelýär. Onuňam sebäbi henizem özümi çagalygymyň oýnuny dowam edip ýören ýaly duýýaryn.

Çagaka her kim bir oýna gyzygýandyr. Bu beýle bir möhüm zadam däl ýaly, ýöne men çägeden köşk ýasamagy gowy görýärdim. Kiçijikkäm biziň içerimizde Görogly köp okalardy. Elden-ele geçip daşy könelip giden kitabymyzda Göroglynyň atly köşküň üstünden uçup barşynyň hem onuň çürbaşynaky altyn gupbany ýaý çekip urşynyň suraty bardy. Men şol altyn gupbaly köşgi yhlas bilen gurardym. Daşynyň galasyna, içiniň köçelerine çenli ýasamaga çalşardym. Çygly çägä ähli yhlasymy siňdirerdim. Soň… soň garaňky düşüp köşgümi goýup gitmeli bolýardym. Tomusuň güni, daşarda ýatýardyk. Meniň galam hem uzakda däldi. Aý-aýdyň gije ak çägeden guran galam kölegeleri, öwüşgünleri bilen täsin görünýärdi. Köşgümde kä Hünkar patyşa, kä Görogly ýaşaýardy. Köşgüm Hünkar patyşanyňky bolanda onuň gaharly hem ahmyrly sesi ýaňlanýardy. Göroglynyňky bolanda welin Sapar kösäniň degişmesine gülüşýän kyrk ýigidiň şadyýan sesi, Göroglynyň namasy eşdilýärdi. Men galamdan gözümi aýyryp bilmän ýatyşyma uklap galardym.

Ekzýuperi “Men çagalygymyň dünýesinden gelýärin” diýýär. Onda, megerem, biziň her birimiz çagalygymyzyň oýunlaryndan gelýäris. Bu oýun nirede, haçan çyna öwrüldi ýa-da asla şol oýunlarymyz dowam edip ýörmi — bu sowalyň jogaby mende ýok. Birden-birden çagalygymyň oýny çyna, bu çyndyr öýdip başagaý bolup ýören dünýämem oýna-da meňzäberýär. Kähalat kükregimi howadan doldurmagymy oýun, demimi göýbermegimi çyna meňzedýän.

Bütin ömrüni kolhoza bagyşlan kakam pahyryň bir beren gürrüňi hiç ýadymdan çykanok. Gyşyň güni ýary gije kolhozyň suwçusy: “Başlyk, böwet ýykyldy” diýip kakamy turuzýar. O döwürler käriz suwuna tutuş kolhozyň ekinleri suwarylar eken.. Suwuň bir damjasy hakykatdan-da gyzyldan gymmatly eken. Kakam barşyna böwediň ýykylan ýerine özüni urýar. Suwçy bolsa haýdap kakamyň öňüne ýandak, çöp-çalam basyp, soň gum atmaga başlaýar. Şeýdip olar ýykylan böwedi täzeden basýarlar. Kakamyň öýe gelip näçe içmege dolansa-da galdyrap ýatyşyny göz öňüme getirýärin. Ýogsa o döwürler men entek dünýä-de inmän ekenim. Şonda-da edil galamdan Göroglynyň namasyny eşdişim ýaly ejemiň adyny tutup “Ody güýçlüräk ýak” diýýän kakamyň sesi gulagyma gelýär.

Kakam pahyr öldi gitdi. Kolhozlaram dargady. Dargamalydy dargady. Nebsi öňüne düşenler diňe muňa sebäp boldular. Kakamyň kolhozyndanam edil meniň çägeden galdyran galam ýaly hiç zat galmady. Onda kakamyň ömrem oýun bilen geçäýdimikä? Hany onda çyn? Men muny kakamdan dirikä soramandyryn. Ruhy bolsa “Edil beýle-de däldir, oglum” diýýän ýaly.

Belki meň galamam, kakamyň kolhozam oýun däldir-de, biziň üçin deňinden geçilen her zat oýna meňzäp galaýýan bolaýmasyn? Ýa-da ynsan oýun oýnan ýaly edip çyny döredýärmi? Eger çyny wagtyň dürbüsi bilen gözlesek, ol näçe gözümize dürtülse-de oýun bolup görner. Okunda aýlanýan Ýer togalagynyň bir çaganyň pyrlap göberen togolak pökgüsinden tapawudy näme-de? Birinde çägeden salan galasyna seredip uklap galýan oglanjyk bilen kolhozyna çyndyr öýden pyýadanyň ýaşandygyndamy? Bu Ýerem bir gün pyrlanmasyny goýar. Şol günem biz onuň üstünde oýnuň ýok ekendigini bilip galaýjak ýaly.

Sekizinji gatdan daşaryk seredip durun. Uzakda Garaşsyzlyk binasy hellewläp görünýär. Edil aşakda bir ýigit bilen gyz aralaryna bäş-alty ädim ýer goýup gürleşip durlar. Hon-ha biri gyssanmaç haýdap barşyna zol-zol sagadyna seredýär. Oňa garşy bolsa iki kişi gelýär. Olar ellerini galgadyşyp bir zadyň jedelini edýärler. Beýleräkde bolsa oglanjyklar aşyk oýnuna gyzypdyrlar…

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/o%C3%BDun-bilen-%C3%A7yn-2d2ac4013860?source=user_profile---------0----------------------------
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203