Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:10
Böwürslen / hekaýa
BÖWÜRSLEN

Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir. Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy 10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün dogmanka oýanaýmalydy. Muny oňa enesi heniz mekdebe-de gitmeýäkä öwredipdi. «Daňdan perişdeler gezýärkä oýa bolsaň, köp sogap gazanarsyň, süňňüň ýeňil bor» diýipdi. Togsana golaýlansoň, bir-iki ýyllykda dünýeden gaýdan enesini Nurum dünýede ähli zatdan gowy görýärdi – hat-da kakasyndanam.
Bu gün bolsa ol şeýle-de ir turmalydy. Geçen hepdeden bäri Nurum daňdan turup jülgeden böwürslen ýygýardy. Soňam ejesi gapylaryndaky bulgary satmaga äkidende ýany bile bazara gidýärdi. Ýyganja böwürslenlerini satýardy. Soňam gazananja puluny ejesine berýärdi.
Daňdan nähili täsin. Onuň täsinliginden töweregem üýtgeşik geýnen ýaly görünýär. Ynha, Gün dogup töwerek gyzyp ugransoň dünýäň ýüzüni kirşen basan ýaly bolar. Häzir welin, böwürslenlerem edil bir ýere baglanan merjen däneleri ýaly. Buz ýaljak miweleriň aýratyn tagamyny nädip düşündirjek. Daňdan tur-da böwürslen ýygyp gör şonda bilersiň diýäýmeseň...
Nurum böwürslenleriň tagamynyň nähili gowudygyny dil bilen düşündirip bolmajagyna azajyk gynandy. Edil böwürsleniň tikeneriniň eline ýara salanda çalaja gynanyşy ýaly...
* * *
Maksat «BMW»-siniň ýeňil ruluny ýeňil tutup, gününden hoşal barýardy. Birden onuň jübi telefony hoş owaz etdi. Ol kimiňdir biriniň jaň etmesine begendi. Telefon bolsa hezil – ol çagyrylmadyk myhman däl. Ýüregiňe düşse ýa halamasaň telefony öçüräýmeli. Emma Maksadyň ony öçürmäge gaýraty çatmady. Jaň edýän aýalydy. Ol nälaç, ýüzüni-gözüni bürüşdirip jogap berdi:
– Hawa, Maksat diňleýä.
– Men.
– Hawa, sen. Näme gerek?
– Bulgar burç gerek. Ajjyga ýapýan, näme derrew al-petimden alýaň?
– Näçe kile?
– Iki kile bor-la?!
– Men näbileýin. Iki bolsa iki.
– Gyýw, bolýa diýip agşam süýräp getiräýmegin. Şeýle-de Gün gidip barýa. Men baňkalary ýuwuşdyryp otyryn. Häzir getir. Gowsunam gözläp ýörme, arzanragam bolýa.
Maksat laýyk bazaryň deňinden barýardy. Ol maşynyny gyra sowup saklady.
– Bolýar, on bäş minitden barýan.
Bazar adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Maksadyň häzir onuň jümmüşine çümesi gelmedi. Onsoňam bazara giren ýeriňde, ýerde oturyp satýanlar, alyp-satar bazarçylar bolmansoň zatlaryny arzan berýärdiler. Maksadyň gözi bulgar burç satyp oturan daýza düşenden göni şoňa tarap gaýtdy.
– Bulgary näçe diýýäň?
Pukara nazary geýnüwli ýigide düşenden hasam müýnürgän Nurumyň ejesi:
– Iki müňden. Alaý, bar galanjam şü – diýdi. Maksat içinden «Muň bazarçy däldigi bolşundan belli. Bazarda iň arzan bulgaryň şuňkudygyna golam çekerin» diýip pikir etdi-de:
– Manat ýarymdan bolanokmy, iki kile aljak – diýip, ýerde aşagyna kardon kagyz ýazyp oturan daýza diňkesini dikdi.
– Ýok, janym. Bar galanjam şü. Ikiden alyp durlar.
– Bolýa-da. Munyň iki kile bir çykarmyka, hany çek.
Çommalyp oturan Maksadyň ilikleri ýazdyrylan penjeginiň syny guma degdi. Ol mundan bihabar gapjygyny açdy.
– Pakediň bamy?
– Ýok. Özüňde ýokmy?
Maksat töweregine garanjaklap paket satýan gözledi. Açylan gapjykdaky bir petde pula gözi düşen Nurum saklanyp bilmedi:
– Daýy, böwürslenem alaý. Şü ýaman gowy zat, gany köpeldýä. Alaý.
– Men howlugýan-laý. Hany pakediň ýokmy?
– Pakedim bar, ine. Ýaman gowy zat, ganyňy köpeldýä, daýy.
Nurum ýukajyk selofana salynan böwürslenlerini mazamlady.
– Ýok-how, maňa bulgar salar ýaly paket gerek.
Maksat oglanjygyň bolşuna ýylgyryp burç satýan daýza seretdi.
– Şu-la zor edibem böwürslenlerini aldyrjag-aý.
Daýzaň ýüzüni aşak salyşyndan aýdanyny halamanyny duýan Maksat oňaýsyz ýagdaýdan çykmak islän ýaly ýene oglanjyga bakdy:
– Näçe diýýäň, onnoň eliňdäkini?
– Dört müň manat.
– Dört müň?! Gymmat-laý.
Daýza oglanjygyň ýerine jogap berdi:
– Üçe alaý.
– Üçe alaý, daýy, bar galanjam. Ganyňy köpeldýä...
– Aý bolýa getir. Söwda etmän-ä oňarjak sen.
Nurum begenjine nädip guş bolup uçmady biz haýran. Ol ýyljyraklap iň soňkuja böwürslenlerini Maksadaa uzatdy. Oňa çenli bulgar burç salar ýaly pakedem tapyldy. Maksat ilki burçuň bahasyny töläp, soň üç sany müňlügem böwürslen üçin daýzaň öňünde goýanda göwnüne müňlükler üç däl-de, dört ýaly göpündi. Ol ýene bir gezek başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan geçirip pullaryň üçdügine göz ýetirdi. Ýerinden turup maşynyna tarap gaýşarlyp ugran Maksat penjeginiň gyrasyny gum edenini gördi. Böwürslen bilen burjuny bir eline alyp beýleki eli bilen penjegini kakyşdyryp barşyna ol içinden paýyş sögündi.
– «BMW»-e ýetseň, öýe ýeten ýaly bolaýýaň-aý – diýip pikir eden Maksat ýola düşeni bilen telefonyny eline aldy.
– Sulýa!
– Sulýa diýmesene, süle ýaly bolýar. Sülgün diý.
– Bolýar, bolýar, Sülgünjigim, sen böwürsleni gowy görýäňmi?
– Obožaýu.
– Onda garaş ýarym sagatdan barýan, okeými?
– Okeý.
Telefony ýapan Maksat:
– Sülgünimiň ýanynda bir süýnsem, ähli ýadawlygym gider, onda-da böwürslenlije. Ýaňky oglanjyk näme diýdi? Hä, ganyňy köpeldýä...
Öýüne gelen Maksat bulgar burçly pakedi alyp maşynyndan düşdi. Ol jaýa gireni bilen 5-6 ýaşlyja Ahmedi ylgap maşyna mündi. Müneni bilenem gözi böwürslenlere düşdi.
Maksat:
–Men howlugýan, işe ýetişmeli – diýip maşynyna dolanyp gelende böwürslenleriniň ýokdugyny gördi:
– Hany, böwürslen alypdym-la?
– Ony eýýäm ogluň içki tama geçip iýip otyr.
– Bäh, bu çagalar niräňe dyksaňam ýolup alyp iýjekler-aý.
– Kakasy sen-dä.
– Hawa-laý, şoň üçin alypdym-laý. Ýuwup iýsin.
Gaýdyşyn ýene bazara sowlan Maksat bu gezek onuň hyň berýän jümmüşine çümmeli boldy. Emma hiç ýerden böwürslen tapmady.
* * *
Böwürslenlerini satan Nurum ejesi bilen eýýäm öýlerine ýetip barýadylar. Ejesi görgüli ýol boýy ogluna guwanyp geldi. Geýnüwli ýigidiň ogluny öwüp aýdanlaryny gaýta-gaýta gaýtalady. Nurumyny edil şoň ýaly geýnüwli, gapjygy puldan doly göz öňüne getiren ene durup bilmän onuň başyny sypap maňlaýyndan ogşady. Awtobusyň içinde, köpçülikde özüniň ogşalmagyndan çytylan Nurum:
– Eje beýtmesene – diýip gyzardy. Soňam birden ejesine tarap öwrüldi-de:
– Eje, çyndanam kyýamatda kim günä eden bolsa, şony oda ýakýalarmy? – diýdi. Onuň edil özi oda ýakylyp barýan ýaly gözjagazlary balkyldaýardy.
– Sen günä edeňog-a, oglum.
Nurum sesini çykarmady. Ahyry öýlerine ýetenlerinde olaryň öňünden kakalary çykdy. Neşä özüni aldyran, çala şemal gatyrak gelse göterip alyp gitjek kakasy hüňürdeýärdi:
– Şunça wagtlabam bazar bolarm-aý? Ertirden bär-ow, gözüm ýoluňyzda galdyla-ow. Azarlap öldümä-row.
Nurumyň ejesi sesini çykarman içerik girdi. Onuň diş-dyrnak bolup gazananjasyny adamsyna beresi gelenokdy. Bermänem bilenokdy. Nurumyň welin keýpi kökdi:
– Kaka, kaka! Menem ählije böwürslenlerimi satdym.
– Bolýa-laý. Seň böwürslenleň bilen...
Kakasy Nurumyň ýeňsesine çalyp goýberdi. Muny gören eje görgüli saklanyp bilmedi – eline ilen boş çaý gaby boldy, şony dazyladyp adamsyna tarap saldy. Gaty gapyrjak gözüňe degse çykarjak, maňlaýyňa degse ýarjakdy. Birden tutuş durky bilen üýtgäp, gaýduwsyz sypata giren ejäniň bolşy edil kürk towuguň jüýjesini goramak üçin özüni oda urmaga-da taýyn, hiç zatdan heder etmeýşine meňzeýärdi.
– Barmagyňam degiräýmegin, ogluma. Edil barmagyňy ýeke-ýeke sograryn.
Aýalyndan, ýuwaş pakyrym görgüliden henize çenli beýle zady görmedik neşebendiň zähresi ýaryldy. Gorkusyna saňňyldap diline näme gelse samraberdi:
– Degmedigim, degmedigim. Men bir Hudaý uran-a, siz bir meni urmaň-da. Belaň körügi men, ne ölüp bilýän, ne-de şo haramy taşlap bilýän. Men bir Hudaý uran-a. Siz bir meň bilen deň bolmaň-da...
Nurumyň ejesi pul düwülen ýaglygyny adamsyna tarap zyňyp goýberdi-de biş-düş bilen boldy. Düwünçek öňüne düşen neşebent gurap süňk bolup galan, gyssanjyna titireýän uzyn barmaklary bilen derrew ony çözdi. Içindäki pullaryň baryny garbap eline aldy. Birdenem her hereketini sypdyrman syünlaýan oglunyň monjuk ýaly ýyldyraýan gara gözlerine gözi düşdi-de sakga durdy. Gysymyny açyp diňe bir çekerlik puly aldy, galanyny ýalyga atdy, emma durup bilmedi – puldan ýene dört sany on müňlügi aldy. Soň ýaglygy hasyr-husur düýrläp, öňküsi ýaly düwdi. Aýalyna:
- Hemmesini alan däldirin-eý – diýip gygyrdy.
Ol ylgap diýen ýaly daşaryk çykdy, ýelkidikläp neşe satýanyň öýüne tarap haýdady. Ol aýagynyň ýere degýäninem duýman barşyna içinden aýalyna alkyş aýdýardy.
Nurum welin, kakasynyň urulmagyna namys etdi. Başga biri bolsady «Näme kakamy urýaň?» diýip topuljakdy, ýöne ejeňe zat diýip bolýamy.

* * *
Nurumyň kakasy ady hammam, köne kümäň içinde çugutdyryp näçe oturanynam, gözünden ýaş syrygýanynam bilenokdy. Onuň göwnüne henizem aýaly: «Barmagyňy ýeke-ýeke soguraryn» diýip duran ýalydy. Birden jygyldap hammamyň gapysy açyldy. Ogly Nurum boýunjagazyny içerik uzatdy. Kakasy gaňrylyp oňa seretdi.
- Kaka, kaka... Aglama, ejem ýöne gaharyna diýäýdi. O seni gowy görýär-ä.
- Bilýän oglum, bilýän. Menem seni bilmän urdum, urjak däldim.
- Hiç, o hiç. Pulam hiç. Ertir ýene böwürslen ýygaryn. Baý adamlar böwürsleni ýam-man gowy görýäler. Kaka, men ulalamda bizem baý bolarys gerek?..

* * *
Garaňky düşdi. Nurumam ertir daňyň atjagyna ynanyp uka gitdi. Düýş gördi. Düýşünde şeýle bir hezillik. Töwerek, ýöne, böwürslen bolup ýatyr. Olam ejesi bilen olaryň üstünden gol tutuşyp uçup barýalar.
– Eje, bu böwürslenleň kändigini, özem ýygylgyja. Bazara äkidip satsak, kän pulumyz bor.
– Indi biz bazara gitmeris, oglum.
Nurum uçup barşyna hem ejesiniň aýdýanlaryna, hem onuň Aý ýaly töwerege şöhle saçyp, lowurdap duran ýüzüne haýran galýardy.
– Eje näme boldy?
– Kyýamat gopdy, oglum.
Nurum sakga durdy.
– Hany, kakam? Ony oda ýakýalarmy? O meni çalaja urd-a. Alla jan, ony oda ýakma, ony bagyşlaý, Alla jan! Alla jan, sen gow-a. Enem saňa gowy diýýädi. Alla jan!…
* * *
Nurumyň ejesi welin, penjireden düşýän Aýyň ýagtysyna seredip uklap bilmän ýatyrdy. Ol entek gyzka ejesiniň:
– Gyzym, aýalyň adamsy ýerdäki Hudaýydyr – diýenini ýatlaýardy. Onuň turup dolan Aýy synlasy geldi. Ol kiçijikliginden Aýy synlamagy gowy görýärdi. Onuň ady Aýbölekdi. Ol oglunyň basyrganyp «Alla jan!» diýmesine tisginip gitdi.
– Ýatyber oglum, ýatyber.
Nurum oýandy.
– Eje meni daň atdygy turuzgyn.
– Bor, oglum ýatyber.
Turup Aýy synlamaga penjiräň öňüne barmadyk Aýbölek ahyry uka gitdi. Ertir daň agarar, Nurumyň garaşýany üçin daň agarar. Ýogsa daň adam üçin agarmaýarmy näme?!

Aşgabat, 2002.

Çeşmesi: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=posts&id=1. 20.12.2022ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Bagabat • 10:14, 20.12.2022
Hydyr agaň, Kömek agaň, Kakamyrat Ataýewiň eserlerine ýetmeýän zat, rus, iňlis dillerini eser ýazmak derejesinde ulanyp bilýän terjimeçiler.
Hekaýa juda ýiti. Undulyp barýan döwrüň doňdurylyp alnyp galan şekilleriniň biri. Unduldygy bolsun-da.
avatar
0
2 Мango • 12:29, 20.12.2022
Kakasy Nurumyň ýeňsesine çalyp goýberdi. Muny gören eje görgüli saklanyp bilmedi – eline ilen boş çaý gaby boldy, şony dazyladyp adamsyna tarap saldy. Gaty gapyrjak gözüňe degse çykarjak, maňlaýyňa degse ýarjakdy...

şu sözlemdäki "boş gapyrjak" maşgalaň ekonomik ýagdaýyny "aýtman aýdýa, gözüňe sokman aýdýar" (şeýle bir ýagdaý welin "maňlaýyňa degse ýarjak" güýji bar...). ýazyjyň ussatlygy. şolar ýalyjak priýomlar başga-da bar...

Hydyr agada täze zatlary bilen bizi begendiräýse,
gynandyryp begendirsin, begendirip begendirsin... begendirse bolýar...
avatar
0
3 Küle • 17:25, 20.12.2022
Täsirli.
avatar
0
4 Мango • 17:46, 20.12.2022
baý, geplegen ekeniňaý :-)
avatar
0
5 Medicall • 09:09, 21.12.2022
Şu hekaýany öñem okapdym, Nurumjyga ýüregiñ gyýylýar, ejesine-de. ol narkoman Aýbölegi öldürdimikä soñunda? Şeyle ýaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203