Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:35
Guş

GUŞ
(gysgajyk hekaýa)

Oňa ne jyn urdy, bir gün şäherde ber-başagaý bolup ýörşüne balyjaklar, guşjagazlar satylýan dükana girdi. Nädip gireninem bilmedi. Guşjagazlaryň jürküldisine diň salmanyna-da esli ýyl bolupdyr — şol oglanjykka obaň gaýrasyna gidip goýun bakýan ýyllaryndan bäri näçe ýyl geçdi. Durup bilmedi, biriniň bahasyny sorady. Baha bahanady, jogaby eşder-eşitmez jübsünden pul çykardy. Çagalar-a hezil eder, ejelerem bir çytylar goýar-da. Diýişi ýaly, çagalary guşjagazy görüp guş bolup uçdular. Şäher ýerinde olaryň goýun bakmajagy, guşuň saýraýşyny goýnuň otlap ýörkä diňlemejekleri belli. Ejelerem tamany ödedi. Şol bada “Nämetjekdiň, pul berip? Hapasyny ýygnamagam maňa dertdir-dä” diýdi. Onuň diline gelenem şu jogap boldy: “Ikimiz gygyrşamyzda, guşa gözümiz düşüp utanar ýaly diýip aldym…”

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/gu%C5%9F-ed132c7a9c24?source=user_profile---------1----------------------------
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 10:43, 28.03.2023
Oňaraýypdyr ol-a, aýalam hüňürdändir " bahanasyna seret, bahanasyna" diýip. Ýa öýdäki "gygyryşmagyň" esasy "görnükli sebäpkäri" günäkär bolsa bolmasa diňeje aýallar bolup durýany üçin dymyp oňaýdymyka ))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203