12:37 Täze ýylyň iň ilkinji goşgusy | |
TÄZE ÝYLYŇ IŇ ILKINJI GOŞGUSY Sen bilýäňmi näme, bu gün – täze gün, Täze ýylyň iň ilkinji säheri. Men täze gündelik tutundym indi, Men täze kalendar asyndym häli. Diňle, men öňünden bellikläp goýdum. Täze kalendarda «Möhümler» diýip, Bir-ä biziň iň ilkinji duşuşan, Birem seniň doglan günüň aýratyn. Sen bilýäňmi näme, ilki ýazanym, Täze gündeligme şu söz boldy: «Giç...» A soň derrew pozup aýyrdym, çünki, «Biziň çekýän hesretimiz gülkünç» Şeý diýip ýazdym. 2002ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |