01:27 Eljernon üçin güller / 7 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 7 (dowamy) 13 aprel. Işime, çörekçä-de gidemok. Öý eýesi Flinn hanymdan jenap Donnere jaň edip, ýaramaýanymy aýtmagyny haýyş etdim. Flinn hanym menden heder edýän ýaly görünýär. Näme üçin üstümden gülýändiklerine ahyr soňy düşündim we bu açyşym öz peýdama bolar diýip pikir edýän. Şeýle bir samsyk ekenim, hat-da nä dereje samsyklygymam aňlamandyryn. Haçan-da akmak bir zady özlerinden tapawutly edäýse, adamlaň juda keýpi göterilýär. Ýöne, indi gün-günden akyllanýanymy bilýän. Punktuasiýanyň nämedigini hem-de sözleri nähili dogry ýazmalydygyny bilýän. Sözlükden kyn sözleri agtaryp tapmagy halaýan hem-de olary aňsatlyk bilen ýat tutýan. Hasabatlary mümkingadar düzgün ýazmaga jan edýän, ýöne köp wagtymy alýar. Men kän okaýan, Kinnian hanym bolsa maňa örän çalt okaýaň diýýär. Men hat-da okaýan zatlarymyň köpüsine düşünýänem. Şunuň ýalam bolýar; men gözümi ýumýan we tutuş sahypany edil surat ýaly görüp bilýän. Ir bilen oýandym we düşegimde esli wagtlap gözüm açyk ýatdym. Beýnimi beýleki dünýäden çetleşdiren diwarda äpet bir deşik emele geldi, menem onuň içinden geçdim. ... Bu öň, has öň, Donnerde ýaňy işe başlan wagtlarym bolupdy. Ugrunda çörekçi ýerleşen köçäni görýärin. Ilki başda her zat dumanda ýaly. Soňra käbir zatlar aýyl-saýyl görnüp başlaýar, olar şeýle bir çynlakaý görünýär welin, hamala özümi hakykatdanam o ýerde duran ýaly duýýan... Üýtgedilip, kömürli mangala öwrülen çaga kolýaskaly ysgynsyz goja, gowrulan hoz ysy, garly ýanýoda. Ýüzi gorky doly, uzyn boýly ýaş oglan gözlerini giňden açyp wyweska dikanlap bakyp dur. O ýerde näme ýazylgy? Indi-hä bilýänem: “DONNERIŇ ÇÖREKHANASY”. Emma, ýadymyň jümmüşine gidip, onuň gözleri bilen bakamda wyweskany okap bilemok. Ol okap bilenok. Ol gorkak ýüzli oglan – men, Çarli Gordon. Gözüňi gamaşdyrýan neon yşyklar. Roždestwo arçalary we ýoldan barýanlar. Ýakasy galdyrylan paltoly adamlar. Boýunlaryna ýyly şarf oralan. Onuň bolsa elligi ýok. Sowukdan doňan elleri bilen goňur reňkli agyr kagyz haltalary ýere indirýär. Ol köçe satyjysynyň tekjesindäki tow berilýän oýunjaklary – aýagyndan aýagyna yranýan aýyjygy, towusýan itjagazy, burnunda top aýlaýan tüleni ýakyndan synlamak üçin saklandy. Tapyrdadýar, bökýär, aýlaýar... Eger bu oýunjaklar özüniňki bolsady, ol dünýäde iň bagtly adam bolardy. Arzan, ýyrtyk elliginden barmaklary çykyp duran gyrmyzy ýüzli satyjydan aýyjygy bir minutjyk, bary-ýogy bir minutjyk elinde saklap görmegi haýyş etmek isleýär, emma gorkýar. Ol ýüküni göterip egnine oklaýar. Horajyk bolup biler, ýöne agyr zähmetli ýyllar ony berkidipdi. – Çarli! Çarli! Biziň Çarlimiz!... Daşyna çagalar toplanypdyr, keýp edip gülüşýärler onuň gaharyny getirýärler – aýak astynda jöw-jöwleýän güjüjekler. Çarli gülümsireýär. Kagyz haltalary ýanýoda goýup, olar bilen oýnamak isleýär, ýöne ol pikir edýänçä arkasyna bir zat degýär. Bu özünden ulyrak oglanlaryň zyňan buz bölegi. Çörekhana ýakyn alagaraňky geçelge ýerde oglanlar üýşüp otyrlar. – Serediň-eý, Çarli! – Eý, Çarli! Nämeler edýäň? – Çarli, kubik oklalymy? – Bäri gel-eý, göwün açaly! Emma, bu geçelgede howatyrlanyljak zat bar – tümlük, gülki... Endamyň tikenekläp gidýär. Ony nämäň gorkuzýanyna düşünjek bolýar, ýöne ýadyna düşýäni hapalanan we ýuwundy dökülen eşigi, öýe üsti-başy poh içinde gelende köçä eli çekiçli dazlap çykan German daýysy... Çarli wakyrdaşyp oturan oglanlaryň aňyrragyndan aýlanyp geçýär, egnindäki haltany gaçyrýar, ýerden galdyrýar we aýak aldygyna çörekçä tarap ylgaýar. – Nirä ýitirim bolduň, Çarli? – diýip, Jimpi öýüň töründen gykylyklaýar. Çarli aýlanýan gapydan süssürilip girýär we bir top haltany ýerzemine barýan ternawa taşlaýar. Ol diwara ýaplanyp, elini jübisine sokýar. Ol bu ýerini halaýar. Undan ýaňa pol ak, tüsse siňen diwardan we potolokdanam ak. Aýakgabynyň galyň dabany ak bilen örtülipdir, hat-da tikinlerine, bagjyk deşijeklerine çenli un dykylypdyr. Dyrnaklarynyň aşagyna, gabarçak elleriniň jaýryklaryna hem un siňipdir. Ýere çommalyp oturýar we rahatlaýar, uly “D” harpy ýazylan beýsbol şapkasy syrylyp gözlerine düşýär. Ol unyň, süýji hamyryň, çöregiň we gutabyň ysyny halaýar. Peçiň şatyrdysy onuň ukusyny getirýär. Lezzetlije... ýyljajyk... ol ýatyr. Birden-kä egilip ýykylýar we kellesi bat bilen ýere urulýar. Ýanyndan geçip barýanyň birisi, ukydaka onuň aýagyna kakýar. ... Ine, ýadyma düşen zatlaryň barysy şu. Bu sahnany örän açyk göz öňüne getirýän, ýöne hiç zada düşünip bilemok. Kino göremde-de şeýle bolupdy. Filmiň näme baradadygyna diňe üç-dört gezek seredemsoň düşünip başlaýadym. Doktor Ştrausdan soramak gerek. 14 aprel. Doktor Ştraus bular ýaly ýatlamalaryň juda gyzyklydygyny we olary hökman ýazyp goýmalydygymy aýtdy. Soň ony bilelikde oýlanyşarys - diýdi. Doktor Ştraus – psihiatr we neýrohirurg. Men ony bilemokdym. Oňa ýöne bir doktordyr öýderdim. Şu gün irden onuň ýanyna baranymda, öz meselelerimi çözmegim üçin özüme düşünmegimiň nähili möhümdigi barada gürrüň açdy. Mende hiç hili mesele ýok diýip jogap berdim. Ol güldi, ýerinden turup penjiräň öňüne bardy. – Çarli, sen akyllandygyňça meseleler köp ýüze çykar. Seniň intellektual ösüşiň emosional ösüşiňinden ep-esli öňde barýar, çak edişime görä sen meniň bilen köp zatlary ýygy-ýygydan maslahatlaşmaly bolarsyň. Eger, kömek gerek bolsa, ýanyma gelmelidigiňi ýatlatmak isleýän. Onuň aýdyşyna görä, ýakyn geljekde, bir gün meniň ähli düýşlerim we ýatlamalarym jemlenip birleşerler, menem özüm barada köp zatlary bilerin. Adamlaryň men hakynda anyk nämeleriň diýendiklerini ýadyma düşürmegimiň örän ähmiýetlidigini aýtdy. Bularyň hiç birini öň bilemokdym. Diýmek, eger ýeterlikli akyllansam, kellämi gorjalaýan ähli sözlere düşünerin, geçelgedäki oglanlar hakynda, German daýym hakynda, ejem we kakam hakynda ähli zady bilerin. Ana, şonda özümi düýbünden erbet duýaryn, hat-da beýnime şikes ýetmegem ahmal. Şol sebäpli hepdede iki gezek kabinetine baryp, meni birahat edýän zatlar barada gürleşýärin. Biz oturýarys, doktor Ştraus diňlemäge başlaýar. Muňa terapiýa diýilýär. Şeýle gürrüňdeşlikden soňra, men özümi has gowy duýmaly. Meni iň köp birahat edýän zat – aýallar barada hiç zat bilmeýänligim diýip boýun aldym. Ellen bilen nähili tans etdim, soňundan nämeler boldy. Şo wagt özümi oňaýsyz duýdum – üşütdim, derledim, kellämde düşnüksiz wyzzyldy peýda boldy, ýürekbulanmam bogazyma diredi. Şular ýaly zatlar hakda aýtmagy elmydam gelşiksiz hasaplaýadym. Ýöne, doktor Ştraus agşamky şagalaňdan soňky başymdan geçen zada pollýusiýa diýilýändigini rahatlyk bilen düşündirdi. Gorkuly zat ýok, her kimde bolup geçýär. Asyl, göz-görtele akyllanýanam bolsam, käbir taraplardan men entek çaga ýaly ekenim. Bu meni utandyrýar, ýöne iru-giç özüm barada ähli zady hökman bilerin. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |