Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:23
Ejeme hat

EJEME HAT


Ýyl diýeniň agramyça geçenok,
Ady ýaly gysgalybiýr, at çapar
Indi meni alys iller hüwdüläp,
Atylmadyk daňlaryma o:t ýakar.

Ýogsa ejem, çilimi-de taşladym,
Şerapdan damagym ajanok indi.
Käte çaga ýaly küýsän mahalym,
Horkuldap-horkuldap sojamok indi.

Ykbal bizi ulaldyp ýör uzakda,
Gözümize çiş kakyp ýör ýatyrman.
Ajygan mahalym göz öňümde dur,
Meniň üçin şol bişiren batyrmaň.

Düýn-öňňun ugradan goştorbaňy-da,
Ýolugra gelinçäm gujaklap gaýtdym.
Mähriňe çoýulan çörekleri-de,
Agşamyna iýip, ysgaplar ýatdym.

Elleriň yzyny pozmazlyk üçin,
Ugradylan eşiklerim geýemok.
Ýüregime daş gaçan deý agralyp,
Käte sesiň eşitmesem gülemok.

Şeýdişip geçip dur günlerem ynha,
Ogluň bärde sag-salamat gezip ýör.
Gaýgy etme, dilegleriň eşidip,
Gujagyny Türkmenabat gerip ýör.

© Rahat ŞYHYÝEW

Surat: Ýewgeniýa Adamowa. "Mamajan ejäniň portreti". Fragment.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203