01:31 3 | |
1. Gijeler üstüňe abanyp dursa, Itleriň üýrüşi ýaksa içiňi... Gitseň, Goştorbaňa salmasaň hiçzat, Seni ýatlaýanyň ünjüsi bilen. Yzyňda täleýiň umytsyz galsa Görüp ýer dyrnaýan ganatlaryňy. Eýse nä? Dogrudyr öýden kararlaryňam Gargalaň garasyn ganatmadymy?! Sen aldyň boýnuňa surnaý çalmanka Senden garaşylan günäleriňi. Hany, mert bolsana, Gelme özüňe! Syrtyndan ýarala duýgurlygyňy, Alga alynanok indi gözýaşyň. Kemsindiň, jübileň gazapdan doldy. Doldurdylar boşan bulgurlaryňy, Damagyň doldy. Lolular doldy, Dolular doldy, Bilmedik. Bilenleriň soňam Saç ýoldy boldy. Gijeler üstüňe dursa abanyp, Adamlaň boluşy ýaksa içiňi. Täze dogan Aýy tutawaç edip, Asmanyň gapysyn açsaň içine. 2. Gorkýan ähli zadymy Unutdym. Biraz ejir, Tersi howp. Reňkleri tüme boýadym, Sesin gyrdy ýürekdäki mukamyň. Söýdüm aşmagy hetdimden, Gursagy ýyldyrymdan bogdum — Her çatrykda, duralgada Ýygnap ýörkäler ölimi. Şo wagtlar men hesretimi geýinip, Gar tozganyň kölegesinde ýylandym. Ýylanýardym. Ýylan ýardy bäbenegimi Umyt bolup. A soň gidip jemendäniň içinde Owazy unudulan galmagal bilen Gygyrdym açyp gulaklarymy. Unudan ähli zadymdan, Gorkup ýörün indem men. 3. Üsti-başym hesret kokýa, Ygyp ýörün köçe kamerasynda — Derdimde baryny edip. Gijäñ düýbi, Gözümde-de saz. Göwnümde aşakdan asylan Gijeki dükanyñ köýen çyrasy. Garañky däl tümlük, Ýöne gara. Kör ykballyk. Azaşasym gelýär ömürme-ömür, Ruhma-ruham ýaşamak bar içinde. Gör, näçenji gezek ýanan ýaşlygymy Özüm bile pylçap, tüýkürip gaýtdym Asfalta. Şondan soñam Edip derdinde baryny, Üsti-başym hesret kokýa. B.e.soň 2018ý. ©Rahat ŞYHYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |