14:42 Daşamak | |
DAŞAMAK Seni aýdyňlykdan gözlemek üçin çykylan ýolda Megerem, hut şu özümi saňa daşadym Ýoda öwrülen damaryma ilteşip. Hem men öýde g:aldyrylan bir erkek adamyň Orup getiren ýorunjalaryndan saz ogurlap diňledim Saňa daşalýarkam. Seni duýmaýarkam. Üçekdäki oglanjygyň kimdir birinden islän Arzuwlary, şol ýerde g:aldyrylan nätanyş sesleri, Megerem, saňa daşalypdyr tanyş gözýaşlar bilen. Hem sen maňa daşapsyň ýalňyzlygyňy Oglanlygym bilen. Dünýäde rahatlyk ýokdugyny aýdaňda diňlemedim. Megerem, öýde ýaşaýan bir aýal maşgalaň Tamdyryndaky o:tdan birahatlyk guýupdym gözlerime Saňa daşalýarkam. Meni tanamarsyň öýdüp aýdyňlyga barýan ki, indem öýdenlerim üçin gugarýan. Seni duýmaýanlygyma we Şol daşalan tanyş gözýaşlara, Hemde özüňi Senden maňa daşa! © Rahat ŞYHYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |