Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:26
Bilýäňmi?


Bilýäňmi, iň kyny nämedi?!
Eliňi serýäniňi bukmakdy ýüregiňe.
Dogan, bilýäňmi iň käni
Haýyşa syrtyny serýänler bir egine.

Maňa ynanmadylar.
Dogrusy bolmasa-da, gowusydy
Saňa aýdanlarym.
Hiňlenen aýdymlarymyň
Ýuwulgy däldi dişleri.
Sokuldym, saňa dözemok gowusynyň
Dogrusy ýoguny.
Hudaý bar!

Akyllansam imanym zäherlendi.
Agam, bilýädim zyýanyny şü peýdaň.
Bilýädiňä—
Käşgä bolsadym diňlemedik jübimi.
(Men sebäpli giden ýaly gyzym Zübeýda.
Göresim gelýär.)

Jygamy bagrym bilen boýaýan
Pajygaly bagtyň içinde.
Erkek bolsaňyz
Şunuň ýaly goşgy okaň geçiňde.

Hudaý bar,
Ýaşuly!
Agzyna tüýkürmegi goýuň çagalaň.
Maňlaýyna barlap görüň.
Ynanaýyň ýa-da öwredeýin men.
Düşüň yza,
Ýörüň!

Öz bo*uňa tapmadyň topur.
Bilýäňmi iň kyny
Garaşdyrylan girmedi.
Kalp nemedilen bolmasa,
Şü küfürler germidi?!

Bilýäňmi,
Hudaý bar.

© Rahat ŞYHYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 198 | Mowzugy paýlaşan: begenc | Teg: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 27
avatar
1
1 sussupessimist • 02:57, 22.02.2024
bok sözüni ulanmakdan utanyaňyzmay?
Utanyanlar uçin has edebi "poh" warianty bar.
Ne gözel pikirleri yõrite tagaşyksyz alan yaly Rahat (Rahat pikirleri alan yaly tagaşyksyz ne gözel). Sozleri, goşulmalaryny yerli-yerraginde goyup, goşgyny sazlaşykly edip biljegine şübhelenemok, yone namuçin edenokka?
avatar
0
2 Medicall • 03:38, 22.02.2024
Hoş gelipsiñiz, (Begençgeldi gelende çynymyz bilen begenmek begenipdik-da "täze goşgularyny okadar bize" diýip... Häzir-a dymyşlyk dowam edip dur)
avatar
0
3 aygull • 07:37, 22.02.2024
Rahat, bar ekeniñ. Begendim. Ты в своем амплуа diýýäler-ä orslar. Şony diýýän menem. Ýazaweri, öz stiliňe eýelik edip.
avatar
0
4 Lacrymosa • 08:43, 22.02.2024
mbäh, ady Rahatam bolsa, özi ýaman närahat şair ken-aý. bu dünýede närahat ýaşanlar o dünýede rahat ýatjakmişler. genial aýtdym-aý...
haýdawer, ýegen! janyň sag bolsun, galamyň yiti
p.s. ýoksa-da nämüçin bok dp bolanok, gül ýaly söz-le bok. söz toparlaryndanam atlara degişli, üstesine-de özbaşdak many aňladýan sözlerden, adam ýaly söz-le bi., ümlük däl, baglaýjy däl
sözüň erbedi bolmaz. ýa-da sözüň boklusy bolmaz. wulgarizmlere salaýýaňyz-la bal ýaly sözi.
avatar
0
5 Medicall • 13:56, 22.02.2024
üýtgeşik stil eken, gaýta okadym, aýdýanlarynyňam jany ýok däl
avatar
0
6 Küle • 16:08, 22.02.2024
@Lacrymosa Gülnar köp diýerdi, Begenç, Rahat üçimiziň adymyz bn ýazýan zatlarymyžyň çaprazdygyny.
Okadyp dur, Rahat!
Rahatlanma
avatar
1
7 Lacrymosa • 19:37, 22.02.2024
Gülnarjana maşalla! Emma siz ýakynlaryňyz, dost-ýarlaryňyz, il-günüňiz üçin umyt bolarsyňyz, rahatlyk bolarsyňyz, bagenç-şatlyk we hoşluk bolarsyňyz dp tama edip okap ýööööös, okap ýööööös, okap ýööööös biz-ä
avatar
0
8 Küle • 20:31, 22.02.2024
Diňe başymyz üzre laçyn guşy erkana ganat gerýärkä...
avatar
0
9 aygull • 20:47, 22.02.2024
Gülnar kim?
avatar
1
10 Lacrymosa • 07:31, 23.02.2024
Umydy, rahatlygy, begenji-guwanjy bolmasa, iň esasy maksady bolmasa, ganatyndan ne peýda, laçyny ganatlary uçurmaýar, laçyny siziň gibileriň warlygy uçurýa. Siz bolmasaňyz, laçyn bolsa-da, ganaty bolsa-da uçmaz. Uçýan ganat däldir, inijik. Uçýan ruhdur. Ganatsyz uçup bolýanyny subut edip gelýäňiz, iýi ki warsyňyz. Siz bolmasaňyz, moýmullap ýören gazdan, käkeläp ýören towukdan ne farky bolar laçynyň. O ýüzden kendiňize iýi bakyň, kartallarym!!!
avatar
0
11 Küle • 09:40, 23.02.2024
"Brooo"- diýip, kelle kakyşasym gelip gitdi
avatar
0
12 Lacrymosa • 09:42, 23.02.2024
kelläni şalpaň tutmaň, oglanlar!
avatar
0
13 sussupessimist • 09:48, 23.02.2024
Rahadyň başga goşgularyndanam paýlaşyp duruň, oglanlar. Kafe özem gelse gowy bordy, makiato içerdik.
avatar
0
14 aygull • 10:05, 23.02.2024
@Lacrymosa, bolmajy bolaýdyň oglanlar diýip. Men hiç-dä onda señ üçin? Paşyrdap jaň edeňde çydap diňleýän-ä men, uçurýanam oglanlar boldymy?))
avatar
0
15 Lacrymosa • 10:11, 23.02.2024
ýaşasyn, muçjinalar! ertir tabydymyzy öwlüýä çenli äkitjek hem gömük gaýtjak şu muçjinalardyr. kottežime göçürjek sen däl, Aýgül. şond-aa özbaşyma öýüm bolar-eý
avatar
0
16 Medicall • 10:16, 23.02.2024
@ Sussupesimist, Şyhyýew agza boldy, bar özem.
avatar
0
17 aygull • 10:27, 23.02.2024
Señ mundan gitme hyýalyňam barmy, @Lacrymosa? Aňram üýtgeşik däldir-le, nirä barsaňam ahyry özüňe bagly.
Onsoňam, sen şular eginlerine mündürip äkiderler öýdýäňmi? Dostawka ederler, barybir hiç zat bilenok indi diýip))
avatar
0
18 Medicall • 10:31, 23.02.2024
17 teswir. @ Aýgül, hak aýdyañ))
avatar
0
19 aygull • 10:39, 23.02.2024
Galyberse-de, bular seň göz öňünde tutýan wagtyňa çenli mirowoý derejedäki krutoý ýazyjy-şahyrlar bolup giderler. Olar ýaly bolsaňam, belli zat, bir gün Oksfordda leksiýa bermäge çagyrarlar, ýene bir gün Garwardda. Ýa-da, Nobel, Bukerowskyý baýragyny almaga gitmek ýaly meselelerem çykyp biler. Özüňem mydam gowy pikir etmeli diýýäň. Şular ýaly bolar diýip pikir er-dä.
avatar
0
20 Şyhyýew • 17:38, 23.02.2024
@Sus aga, dogrusyny dogry aýdaýyn. 3-4 ýyl bäri ne okanymy bilýän, ne-de okanymy. Billiardyň taýagy ýaly elimden çykyp giden ýaly. Tagaşyksyzlygyny ýöne bilgeşleýin etdim. Ýazan wagtym belki strukturam şeýledir: ne aýagym syrtda, ne kelläm göwde-de. Naoborot. Teswirleri belki dogry kabul edip üstünde-aşagynda işläýedimdä. (Aşakda amat bolaýjak ýaly.) Çary agaň tansiýonu oýnamasada bir. Menden gaýybana edilen tamalaram tala daňylaýmasa.

Makiatonam içmäýmesem, gara çaý ýakyn görünýär maňa-ha.
avatar
0
21 begenc • 18:39, 23.02.2024
2-nji teswire jogap: Ýazylandan ugradyp oturarys. Oňatja kafe eken! Eliňize saglyk!
avatar
0
22 Lacrymosa • 18:55, 23.02.2024
teswiri 14
seni agladyp, hazynasyny hünjüden dolduran gara döwdenem muçjinalar halas etmedimi, Aýgül... unudaýýaň ýöne
avatar
0
23 aygull • 20:13, 23.02.2024
O döw bn gül ýaly oňuşardym. Men alyp gaýtjak bolýanlaryny bilip aglapdym.
avatar
-1
24 Kyyas • 22:04, 23.02.2024
Gowy stil ekeni,
(Synanşyk edip görsemmikä?:))

Üstünlik!
avatar
0
25 Melike • 22:14, 23.02.2024
@kyýas, towa diý)
avatar
0
26 Kyyas • 22:33, 23.02.2024
"towa" diýdim. Meninkem aýtmak, Çaganyñ dükana barsa hemme zat alasy gelşi ýaly
avatar
0
27 Şyhyýew • 02:18, 13.03.2024
.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203