14:26 Nätanyş | |
Nätanyş Seni her däliniň çyny bilen aýdan sözlerinden gözledim. Özümi ýitirmezlik üçin gözledim. Şol gün sen başgadyň, Soň tanamadym seni. Çagasyz bir otagda galmak ýaly Ýürek ezijidi dymmalygyň, Dymmaklygyň. Eýsem şoňa aşyk dälmidim men, Sessizligiň jogap dälmidi maňa?! Ýüregimden maňa ýer bölüp berdiň. Mynasyp a:tlar berip arşa däl, Ýüregime göterdim. Tapmadymam salgy beren ýeriňden. Soň ulaldym, Uýaldym. Köňlüm bolsa nikap geýdi demirden. Dymyp jogap bereňde ölenimi däl-de Ýaşaýanlygymy gördüler minnetsiz. Eýse ömrüm sensiz pytran, nätaraş. Seni bilmän gelenok hiç ýaşasym, Eý, nätanyş, Nätanyş! © Rahat ŞYHYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |