Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:23
A men seni...

Gitdiňmi sen
şeýdip ýagty jahandan,
Gaýybana maňa
“hoş galsyn” aýdyp;
Meniň saňa diýjek
kän sözüm bard-a,
Adam alaga-da gidermi beýdip?

Giç geldimmi
senden almaga habar –
Galdymmy
soň sapar bakman keşbiňe?
Men saňa
öňkim dek garaşdym ahyr:
Men seni...
Men saňa öwrenişdim-ä.

Bäş aý ozal seni maňa duşuran
Müşk kokaýan
maý dälmidi goýazy?
Maňa bolsa
hälem dünýä gyş deýin
Kalbymdady kän ýyllaryň aýazy.

Sen geleňde bagt oýandy ýürekde,
Sen bilen gülýärdi jahan alaýaz:
Güneş parlap,
guşlar jürküldäp gökde,
Akja kebelekler urýardy perwaz.

Ezizläpdi meni sendäki dünýä,
Elwan güle,
şirin miwä beslenip.
Bu gün bolsa seni ýitirip ýene,
Kalbymda
çigregi duýdum tisginip.

Baglar güýz şemaly ösende
çapgyn,
“Hoş” diýýär ýapraga –
ýaz peşgeşine;
A men seni ömürlikdir öýdüpdim:
Men seni...
Men saňa öwrenişdim-ä.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 3.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 22:11, 29.11.2023
goşgy ölüm hakdamy?

Giç geldimmi
senden almaga habar –
Galdymmy
soň sapar bakman keşbiňe?


şu ikinji soragyň berlişi dogrudymy?
bilýän zadyňy soraýan ýaly.
eger: "giç geldim... bakman galdym..." diýilse ökünç duýulýar. ýöne "giç geldimmi?" hasam "bakman galdymmy?" soragy biraz nasaz eşdilýär. (ýa göwnümemikä?)

Baglar güýz şemaly ösende
çapgyn,

“Hoş” diýýär ýapraga –
ýaz peşgeşine;

hemem, sözleri çylşyrymlaşdyrmak bilen näme utulýar?
"çapgyn güýz şemaly ösende, baglar "hoş" diýýär ýapraga..." -ýalyrak bolsa has düşnükli bolýan ýaly...

umuman, bu meniň garaýyşym.
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:15, 29.11.2023
Umuman, goşgynyň many-mazmuny düşündirilmäge mätäç bolsa, bu onuň şowsuzlygynyň alamaty.

Onda-da düşündireýin, çünki bir belligiňize hem jogap bolýar.

Howa, ölüm hakynda. Ýagny gahrymanymyzyň bir zenan bilen sulhy alyşýar. Gepiň gerdişine görä: meniň gahrymanlarym hiç haçan boý oglan bilen boý gyz bolmaýar. Şonuň üçinem eger meniň başga bir goşgymda bir erkek ýa-da bir zenan biri-biriniň öýüne arkaýyn girip-çykýan bolsalar, şeýle erkinlik sizi geň galdyrmasyn - şu wagtdan aýdýaryn. Meniňkiler mydama, aýdylyşy ýaly, boýasy synanlar. Ilkinji söýgi barada mende bir goşgy hem ýok.

Howa, onsoň ol zenan (başy boş gelin) gahrymanymyz bilen öwrenişýär, has dogrusy ol она bilen. Soň esli wagt görünmeýär. Aýdyşym ýaly, erkinlik, любовь без обязательств. Emma, aýdaly, bir aý geçensoň gahrymanymyz ondan habar alýar (el telefonlaryň kän ýaýramadyk wagty) we onuň hassalap aradan çykandygyny bilýär (öňem hassa, ýöne soň gaýra üzülýär).

Şondan soň gahrymanymyz oňa gowy öwrenişendigi, hatda söýendigi, emma söýýändigini aýtmandygy barada рефлексировать edip başlaýar. "Seni söýdüm" diýen ýerine ýetýänçäler ölüm bu şöýgi taryhyny kesýär, ölenden soň "seni söýdüm" diýmek bolsa zadny çislodan dokumente gol çeken ýaly galp, küpür ýa-da akmaklyk boljak, şonuň üçinem ol bu sözi aýtmaga het etmän, ýöne "öwrenişdim-ä" diýip käkeläp durşy. Düşündirip bildimmi?

Näme üçin "Galdymmy görmäň..." diýip faktlary gaýtalap durşy hem şondan - рефлексовать edýär, kellesinde zol-zol aýlap döwneýär.

Galyberse-de, muny okyjyny wakalaryň kursyna salmak üçin etsemem nädogry bolmazdy (men onuň üçin edemok welin). Muňa edebiýatdaky "правило игры" diýilýär. Okyjy muňa garşy çykman kabul etmäge borçludyr. Kinoda görýänsiňiz: äri irden äpet çemodan bilen ugrap barýar, aýaly "Moskwa barýan bolsaň..." diýip gürrüň edýär. Näme, aýaly onuň nirä barýandygynyň gürrüňini düýn, ýok, bir hepde öň eden däldirmi? Emma sen sorag bereňok: tomaşaçynyň ol adamyň nirä barýanyny bilmegi üçin edilýänine düşünýärsiň. Oýnuň düzgüni. Ýa-da "Iliadada" biri beýlekisine bir naýza zyňjak bolsa oňa haýbat atyp, tutuş leksiýa okaýar. Naýzany çalt zyňyp ýetişmeseň nähilidigini diňleýji bilenokmy? Görogly hem biri bilen uruşjak bolsa, käte ilki oňa aýdym aýdyp berýär. Heý, geň galdyňmy? Ýok. Düşünýärsiň: oýnuň düzgüni.

A şu ýerde men wakanyň istoriýasyny düşündirjek bolup şeýdip gaýtalan bolsam, sen näme üçin muny oýnuň düzgüni hökmünde kabul etmeli däl? Awtor başga nähili usul bilen okyjyny kursa salmaly?

Umuman, men ony, aýdyşym ýaly, gahrymanyň refleksiýasy diýip ýazdym, wakany düşündirmek üçin däl.

"Çapgynyň" setiriň yzynda gelmeginiň sebäbi - ol "hal". Hal goşguda setiriň soňunda gelse gowy bolýar. Meniň wkusyma görä şeýle. Öz wariantyň bilen meniňkini deňeşdir: meniňki çylşyrymly ýalydyr, ýöne has şahyranadyr diýip hasap edýärin.

"Duşuşyk" şygryma belligiň barada hem bir zat aýtjakdym, emma goýbolsun etdim.

Dogrusy, şu jogabymy hem ilki goýbolsun etmekçi boldum, emma jogapsyz goýmak has nädogry diýip pikir etdim.

Diýmek, "Duşuşyk" hakda Siziň bilen umuman ylalaşsamam, ol barada-da öz pozisiýamy aýtmaly bolýan
avatar
0
3 Мango • 23:22, 29.11.2023
söhbediňe minnetdar.
"çapgynly" ýerlerinde meniň aýdanym wariant däl-le.
ýöne sözleriň çylşyrymlaşdyrylmagy baradady...
umuman, soradyk, sizem jogapladyňyz.
ýene bir gezek minnetdar.
avatar
0
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:44, 29.11.2023
"Sen bilen gülýärdi jahan alaýaz" diýende-de haly setiriň soňunda getirmek endigimi etdim.

Kyssada hiç haçan beýdilmeýär, emma şygra aýratyn labyzlylyk berýärmikä diýýän.

Özüm-ä şu usuly kän ulanýaryn. Belki beýlekiler seýrek ulanyandyr, kän ýörgünli däldir. Bilemok.
avatar
0
5 Мango • 23:54, 29.11.2023
1) Sen bilen gülýärdi jahan alaýaz:

2) Baglar güýz şemaly ösende
çapgyn...

birinjide düşnükli.
"sen (seň) bilen gülýärdi jahan (nähili gülýärdi?) alaýaz".
ikinjide "baglary" sypdyryp okasaň olam çylşyrymly bolanak ýaly: "güýz şemaly ösende (nähili ösende?) çapgyn". mesele "baglaryň" duran ýerindemikä?

umuman, ýazsam ýazyp otyn welin, ýazmalymy-dälmi diýip menem özüme sorak berýän.
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 00:06, 30.11.2023
Mende "çapgyn" ada ("şemala") däl-de, işlige ("ösende") baglanýar, ýagny sypat däl-de, hal. Mende şeýle setirler kän.

"Belki, düşünmeýän bolsalar, bu türkmen şygyrýetinde asla ulanylýan däldir" diýen pikirem kellä gelýär. Ýok, ulanylýandyr. Menem bir ýerden öwrenendigin ahyryn. Häzir, ýörite ýada salsam taparyn.

Ýöne men muny, ýagny, sözlemde agzalaryň ýerini erkin çalşyrmagy her kimden kän ulanýaryn öýdýärin.

Özem, çaklaýşyma görä, beýlekiler işligi gös-göni halyň öňünde, soňundan ikinji edip getirseler ("Uçuň siz, erkin guşlar, UÇUŇ erkana"), men käte işligi has öňden, haldan has üzňe ýerde hem getiriberýärin ("Sen bilen GÜLÝÄRDI jahan alaýaz").

Emma şeýle "çenden çykmalarymdan" şygyr hiç hili zelel çekenok öýdýän, gaýtam labyz artýar.

Ikinji "çapgynly" mysalda bolsa, "iliňki ýaly", işlik halyň gös-göni öňünde gelip durka nähili problema bolsun?

Elbetde, "baglar" başda gelmän, "hoş diýýär"-e baglansa has gowy bolardy.

Emma men garalama wagtynda näçe diýseň üýtgetýärin. Meselem: 4-nji bent ilki şeýledi:

"Sen bilen gülýärdi jahan alaýaz,
Her geleňde bagt oýanyp ýürekde;
Akja kebelekler urýardy perwaz,
Güneş parlap, guşlar jürküldäp gökde"

Emma soň, görşüň ýaly, üstaşyry zyňyşdyryldy.

Hawa, ilki şeýdip bilýärin, emma indi, goşgynyň "sementi doňandan" soň hiç zady üýtgedip bilmeýärin. Ol öz durmuşy bilen ýaşap başlaýar, men onuň hiç ýerine elimi degirmeýärin.

Ol indi meniň üçin başga biriniň eseri ýaly. Ýogsam kemçiliklerini görüp duruň, emma täzeden galama almagym psihologiki taýdan mümkin däl.
avatar
0
7 Pero • 08:39, 30.11.2023
Goṣgyny haladym.

Düṣünmezlik hakda biraz aydasym gelýä: ony göresimiz gelse(okasymyz gelse) daṣary ýurt poeziýasynda "ite dökün". Emma näme üçindir "ite dökün" - düṣnüksiz goṣgylary hem keýpine okaýarys,hatda lezzetem alýarys. Beýle goṣgularda logikany yzarlasañ,çaṣyñ gözüne seredene dönýäñ. Ṣoñ üçiriribem duýup okamaly bolýa.
avatar
0
8 Ýaran_Ýagmyr_99 • 09:36, 30.11.2023
Indi ýadyma düşdi: hal sözi setiriň güýrugynda getirmek meniň halypalarymyň biri bolan Mollanepesde kändi.

"Zöhre-Tahyrdan":

Gülzada keniz:
"Aramyza rakyp gelse BINÄGÄ,
Öldüreli, habsy-zyndan edeli"
("Öllüreli" diýip dur-aý zaňňaryň gyzy)

Şugulçy bagban:
"Surnaý çalyp, nagra kakyp ŞADYÝAN,
Dokuz gündür döwran sürdi köşgünde".

Görşüňiz ýaly , bu şygra kän labyz, şahyranalyk gazandyrýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203