Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
Müdire açyk hat

Kän göwni gazetden sowadan müdir,
Kän şygryň lezzetin azaldan müdir,
Bir söz sygyşmasa göýdük aňyna,
Üstün çyzyp, “ýalňyş düzeden” müdir.

Göýdük galyp, ösüşi ýek görýärsiň,
Aş bersem içinde gylçyk görýärsiň;
Garagäz äýnekden dünýä seredip,
Elwan gül uzatsam, palçyk görýärsiň.

Düşüpdir goluňa bir göwher, haýhat...
Ýylmajak bolýarmyň, gyýçagyn gyrdap?
Degme bu göwhere, emelsiz ussa:
Ömür haklaşmarsyň ony zaýalap.

Sözüň ak bazary bolmaly binýat
Çolaryp galypdyr Taňrysy gargap;
Çünki sen bolupsyň söz bazarynda
Mis bilen tyllany saýlajak serrap.

Müdir bar goşgymy zibile zyňdy.
Beýle gazap maňa düşnüksiz, geňdi;
Diýdi: «Meň özümem şygyr çyrşaýan»
Hä, boldy! Baryna düşündim indi!

Agam, ömrüň nämä ýakyp otyrsyň?
Ak kagyza joýa çekip otyrsyň.
“Haşal oty aýyr” diýip daýhana,
Özüňem setirläp, ekip otyrsyň.

«Orunlaryň gowsy orta gürpdedir»―
Bu dana pelsepe baýlyk hakdadyr.
Şygyr dünýäsinde ortagürplik ýok:
Şahyr ýa başdadyr ýa aýakdadyr.

Top kimin çeýedir çyndan zehinler,
Oňa zulum etmäň, ýüregi zeňler!
Ony näçe pylçap ýere ursaňyz,
Ol bat alyp şonça ýokary zyňlar.

Men her kes bolaýyn: sypaýy, girrik,
Belent, pes bolaýyn, semiz ýa arryk;
Parhy näme ak ýa gara bolanym:
Men şygyr goýaryn bu dünýä parlak!

Men dünýä inmedim, gelsem-de pana,
Dür tanan okujym! Sende bar tama:
Ýüz ýyldanam bolsa sen dünýä inseň,
Şonda menem ahyr inerin dünýä!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:01, 19.12.2023
Ine, bu-da düýnki aýdan hatym.

Bu ýerde gazetiň bölüm müdiri göz öňünde tutulýar
avatar
0
2 Kyyas • 14:57, 19.12.2023
Men dünýä inmedim, gelsem-de pana...
Men dünýä inmedim gowyja setir ekeni.
Öz boluşly
avatar
0
3 aygull • 17:44, 19.12.2023
Hernä, gürrüň erkek kişi hakda gidýän ýaly.
Redaksiýada işleseňem gorkubermeli...
avatar
0
4 Medicall • 17:58, 19.12.2023
Goşgulary "maýyp" edip beryara diyerdiler, 70 ýaşdana soñ gidendir pensiýada:))))
avatar
0
5 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:06, 19.12.2023
Howa, öňler hemme ýerlerde-de aram-aram ýumruk bilen çözlüşilýädi-dä.

Indi edaralarda aýallar agdyklyk edýär, umuman siwilizasiýa ösýär.

"Hýäk, edaralary biraz erkekleşdirmek gerek, bu gidişine gitse..." diýip başlaryny ýaýkaýanlar bar. Feminizasiýa... Aý, bu problema bizden beter uly, şu ýerde galsyn.

Bu öňräkki zat, häzir beýle haty ýazybam oturmazdym, olar ýala wagt sarp edip.

Ýöne bu şahsy mesele hem däl, jemgyýetiň agyrysy. Ýaşlar köp kösenýär şolar ýaly töňňelerden.
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:29, 19.12.2023
Bilemok, gyzyklanamok.

Bir gezek bir ata-ene ýokary klasda okaýan gyzy bilen ýanyma geldi.

Gyzynyň bir depder goşgusy bar, gazetler alanok diýýär.

"Men göreýin, baha bereýin" diýdim.

Barysynda üýtgeşik manydyr çeperçilik bar, çap edilýänlerden gowy. Ýöne käbir düzediş bermeseň hijisini çap edip boljak däl. Hersini azajyk düzedip çykmaly.

Menem ýadymdan çykarypdyryn, ýatypdyr. Bir aýdan jaň etdiler. "Wiý" diýip, dessine üç goşgusyny düzedip, depderiniň ýanyna goşup, redaksiýa iberdim: "Hemmesem çapa ýaraýar, men bir aý sakladym, üçüsini düzetdim, galanynam şeýdäýmeli" diýip.

Redaksiýa dessine üçüsini çykardy (ýaňky töňňe şolaram çykartmajak bolýar), galany hem zibile gitdi.

Ýogsam, ýaňky gyzy ugrukdyrmak şol töňňäň borjy, ol bolsa diňe böwet bolýar.

Soň ýaňky gyzyň goşgusyny suraty bilen žurnalda çykarypdyrlar, edebiýat mugallymy görkezdi.

Ýerlerdäki ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin otyrdy şol töňňe, Ependiniň şortalaryny kopiýalap çap etmek üçin däl.

"23 Ependiňizi" dadem 23 gezek okapdy" diýdim bir gezek olara.
avatar
0
7 Kyyas • 18:42, 19.12.2023
Ümzügi ýokary, ýere seretmez...
avatar
0
8 Medicall • 19:14, 19.12.2023
Gyzyklandyrmasa-da gaharyñyza goşgy ýazdyrypdyr-da size, Ýaran aga, zora zor diymeli)))
avatar
0
9 Ýaran_Ýagmyr_99 • 19:33, 19.12.2023
Häzir gyzyklandyranok, goşgular 15 ýyldanam öň ýazylan.

Aýdyp oturjak bolsaň, edebiýata kän zyýan ýetirdi Emma häzir şahsy gatnaşyklarda bolup geçenleriň ähmiýeti galandyr öýdemok. Bu zatlara şaýat bolanlaryň köpüsi aýatda diri däl.

Edebiýatyň meseleleri hökmünde geçmişden janlandyrdym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202