Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:10
Meşhurlaryň durmuşyndan 1

"BAÝ, GIDIŞD-Ä...”

Angliýada syýahatda ýören Mark Twen otlynyň ýolbededinden sorapdyr:
– Otlymyz Mançestere haçan ýetýär?
– Gije sagat üçlerde.
– Şonda meni turzup, otludan düşüreweri – diýip, Mark Twen towakga edipdir. – Ýöne ýene bir zat: meniň ukym gaty agyrdyr, turzup ugradaýjak bolsaň işiň bardyr. Emma sen haýyma-waýyma bakmagyl! Urup-ýenjip düşürmelem bolsa gaýtma.
– Ony men gaty oňararyn, arkaýyn bolaý – diýip, daýaw, eginlek ýolbelet äpet ýumruklaryny göwnühoşlyk bilen owkalaşdyrypdyr.
... Örän jaýly uklan Mark Twen oýanyp gözüni açsa, Gün bireýýäm asmana galyp, wagonyň içi ýap-ýagtymyş. Diňe iki-ýeke çaganyň agysy, onda-munda bir aýalyň sesi diýäýmeseň, agşamky hyryn-dykyn wagon gum-gukluk diýýär. Garaz, otlynyň soňky menziline golaýlaşýandygy mälimdi. Ýolagçylaryň köpüsi gije Mançesterde düşen bolarly.
Aňyrda, öz otagynyň öňünde düýnki pälwansypat ýolbelet ýeňsesini çapgy ýassygy ýaly edip, beýlesini bakyp ärdelläp duranmyş.
– A-how, sen meni Mançesterde düşürerin diýip söz bermediňmi? – diýip, Mark Tren oňa jibrinipdir.
– Howa, agşam men bir amerikalyny her edip, hesip edip Mançesterde düşürerin diýip boýun-a alypdym. Onuň eminden gelendirin. Hä, näme? Ýa-da meniň bilen gepleşip goýan senmidiň?
– Wah, şol mendim-dä. Diýmek, sen başga birini düşüripsiň.
– Asyl, şeý diýsene! Bolasy, ol oglan otludan düşmejek bolup meň bilen ýaman uruşdy diýýän-le – diýip, ýolbelet henizem agyryp duran ýumruklaryny sypalapdyr – Neresse, baý, gidişd-ä...

INDI AÝNA DERKAR DÄL

Bir okyjy Mark Twene öz suratyny iberip, gapdaly bilen ýazan hatynda özüniň ýazyja çalymdaşdygyny aýdypdyr we ondan tassyklaýjy jogap alypdyr. Şondan soň özüniň oňa meňzeşdigini öňe sürüp, hatdyr surat iberýänlar köpelipdir. Olaryň hemmesi hem ýazyjydan oňyn jogap alýar ekenler.
Emma şeýle hat bilen surat iberenleriň birine jogap ýazmak ýazyjynyň ýadyndan çykypdyr (Ýogsam onuň suratdaky keşbi Mark Twene gaty çalymdaş ekenem). Esli wagt geçenden soň ol adam täzeden hat iberip, özüniň ýazyja meňzeş ýa-da däldigini sorapdyr. Netijede bolsa şeýle göwnühoş ediji jogaby alypdyr:
“Gijigip jogap ýazandygym üçin bagyşlaweriň. Suratdaky keşbiňizden ugur alyp aýtsam, siz maňa şeýle bir meňzeş ekeniňiz welin, hatda aýnadaky öz keşbime hem gaýra otyr diýýäňiz. Onuň üçin men, bilýäňizmi, hätdim? Diwardaky aýnamy çarçuwasyndan aýyrdym-da, ýerine Siziň suratyňyzy salyp goýaýdym. Indi sakal-murtumy şol surata seredip syrýaryn.”

ŞONAM TANAMAN...

Meşhur nemes alymy we syýahatcysy Aleksander fon Humboldt 1830 – 1848-nji ýyllarda Fransiýada diplomatik işleri ýerine ýetirip ýören wagtynda, parižli bir aňşynas lukmanyň täze ylmy usulyýetler arkaly üstünlikli işleýändigini eşidipdir. Iňňän köp dürli ylmy meseleler bilen içgin gyzyklanýan alym bu täzeçil lukman bilen habarlaşyp, onuň netijeli usullary bilen tanyşmaga höweslidigini bildiripdir. Lukman meşhur syýahatçynyň islegine göwünjeň seslenip, onuň ýanyna söhbete gelmäge razylaşypdyr. Ýany bilen öz bejeren hassalarynyň birini hem alyp barjakdygyny aýdypdyr.
Belleşilen wagtda Humboldtyň iş otagyna şol lukman, onuň ýany bilen bolsa iki sany adam gelip giripdir. Lukmanyň getiren adamlarynyň biri – çepiksije ýigit ýygralyk bilen zordan salamlaşypdyr-da, bir çetde burny deşilen ýaly ümsümje oturypdyr we gaýdyp gürrüňe goşulmandyr.
Lukmanyň beýleki ýoldaşy welin garsakdan gelen daýaw pyýada bolup, ol: “O-ho, jenap Humboldt, sag-gurgunmysyňyz?” diýip, ala-goh bilen “çarşaklaşyp” görşüpdir we iki ýana zowzanaklap gürrüňe başlapdyr. Edýän gürrüňiniň ugur-utgasy hem ýok diýýär: it ýandakdan böken ýaly ellerini kelemenledip, käte bir zada gaharlanýarmyş, käte bolsa öz berýän gürrüňlerine özi hezil edip gülýärmiş. Berýän gürrüňleri käte ham-hyýala meňzese, käte çuňňur hakykatlary bilen geň galdyrýarmyş.
Şeýdip ýarym sagatlap hiç kime gezek bermän, öz-özi gürläp, göwün solpysyndan çykan ol adam birden: “Bolýar, jenaplar, men-ä gitdim, söhbetiňiz üçin sag boluň!” diýip, ümdüzine çykyp gidipdir.
– Siziň bu müşderiňiziň bejergisi entek tamamlanmandyr öýdýän – diýip, Humboldt öz pikini lukmana aýdypdyr – Bolsa-da täsin şahsyýet eken. Siziň hassalaryňyzyň arasynda şolar ýalylaram az bolanok-da...
– Ol nädip meniň müşderim, meniň hassam bolýar? – diýip, lukman geň galypdyr – Meniň müşderim ynha otyr. Öň düwläp duran näsagyň indi bolupjyk oturyşyna serediň. Meniň döwrebap usulyýetimiň netijesi şu.
– Onda ýaňky kim bolýar?
– Siz, näme, ony tanaňzokmy, jenap Humboldt? Ol-a sizi daşyňyzdan tanaýar ekeni. Ýaňy şu taýa gelýärkäm ýolda duşdy-da: “Humboldtam şu ýerde bolsa görşüp geçäýeýin” diýip, ýanyma goşulyp gaýtdy.
– Be, kimkän-aý ol? – diýip, Humboldt alada galypdyr.
– Dogrudanam siz oňa jynlydyr öýdüp otyrmydyňyz? – diýip, ýerli lukman egnini gysypdyr – Ol-a biziň meşhur ýazyjymyz Onore de Balzak!

BEJERGI

Özüni sähel sussupes duýsa ýanyny düşege berýän Bernard Şou dady-bidat edip, öýüne lukman çagyrýar ekeni. Iliňki ýaly dert-keseli bolmansoň, lukmanlar oňa näme alaç tapjagyny bilmän, enter-pelek bolup, bihuda wagt ýitirýärdiler. Kömegiň degmänsoň, biderek gelip-gideniň üçin ondan oňly hakam alyp bolanokdy. Ençeme günden soň “hassanyň” özi aýaga galyp gidýärdi. Soňabaka onuň bu häsiýetine hemmeler belet bolup başlapdyrlar.
Bir gezek ol şeýdip küýi tutanda tanyş lukmanyna jaň edipdir.
– Hä, näme boldy? – diýip lukman soraýar.
– Gel-dä tizräk! Ýüregim durjak bolýar. Gidip barýaryn!
Lukman ylgap gelipdir. Jaýyň dördünji gatyna ylgap çykansoň ol zordan has-haslap otaga giripdir-de, özüni kürsä lampa goýberipdir. Düşeginden böküp turan Bernard Şou gözleri ýumuk, dem-düýtsiz gaýşaryp ýatan lukmanyň ýanynda iki bökende peýda bolupdyr.
– Näme bolýar, gadyrdanym? – diýip, ol howsala bilen gygyryp sorapdyr.
– Hiç zat... Men ölýän öýdýän... – diýip, lukman zordan pyşyrdapdyr – Ýürek agyrym tutdy.
Bernard Şou dessine onuň janyny gutarmaga howlugypdyr: düşegiň üstüne geçirip, ýakasyny ýazdyrypdyr, ylgap gidip bir bulgur sowuk suw getiripdir, gerdejik beripdir, maňlaýyna öl esgi goýupdyr, elini, döşüni owkalaşdyryp, garaz, onuň daşynda hozanak bolup aýlanypdyr.
Kem-kemden özüne gelen lukman ýarym sagatdan soňra ör turup, üst-başlaryny düzedip durşuna öý eýesine ýüzlenipdir:
– Men-ä indi gaýtjak. Hany, hasaplaşaly bakaly, onsoň ugraýyn men.
– Ine, saňa gerek bolsa! — diýip, Şou gygyrypdyr. — O nämäniň hasaplaşygy? Geleniň bäri bir gezek ýagdaýymy hem soraňok. Hasaplaşmaly bolsa gaýtam sen maňa tölemeli!
– Tölär ýaly sen näme etdiň? – diýip, lukman agraslyk bilen sorapdyr.
– Ýarym sagat bäri töweregiňde ylgap ýörün!
– Ine, bejergi-dä şol. Seniň “keseliň” garşysyna meniň öz ýörite bejergi usulym. Men gelemde sen düşekde “öljek bolup” ýatyrdyň dälmi? Häzir bolsa gezip ýörsüň. Şonuň üçinem bejergi üçin buýtar-suýtarsyz tölemeli bolarsyňyz, jenap!
Howa, öz ýagdaýyna lukmanlaryň indi gaty belet bolandygyna Şou şol gezek birkemsiz göz ýetiripdir. Şondan soň ol her gezek sussy peselende düşege ýykylyp, lukmanlara muşakgat ýagdyryp ýatman, daşarda gezim edip sawadyny açmaga endik etmeli bolupdyr.

“ULY IŞ BITIRDIK”

Tomas Edison elektrik çyrasynyň sapagyny ýasamak üçin dürli materiallaryň iki müňüsini synap görüpdir, emma olaryň hiç birisi göwnejaý bolup çykmandyr.
Şonda onuň kömekçisi zeýrenjek bolupdyr:
– Bar azabymyz biderek gitdi. Şunça synag geçirip, hiç bilip bilen zadymyz bolmady.
– Seniň aýdýanyň näme? – diýip, Edison geň galypdyr – Biz kän zat öwrendik, uly iş bitirdik. Biz häzir gowy çyra döretmek üçin şu iki müň elementi ulanmaly däldigini bilýäris, haýsyny ulanmalydygyny bolsa indi bileris.

HIÇ KIM DÜŞÜNMESE-DE

Bir märekede Çarli Çaplin bilen söhbet edip duran Eýnşteýn onuň berekellasyny ýetirip, şeýle diýipdir:
– Men Size guwanýan! Siziň “Altyn ysytma” filmiňize dünýäde hemmeler düşünýärler, şonuň üçinem Siz beýik adam bolarsyňyz!
Çaplin hem ondan kem oturmandyr:
– Men Size hasam beter guwanýan. Siziň otnositellik teoriýaňyza dünýäde hiç kimem düşünenok, şonda-da Siz eýýäm beýik adam bolduňyz!

ŞOWSUZLYGYŇ SEBÄBI

Uinston Çerçilliň köp ýaryşlarda öňdeligi eýelän ýyndam çapuw aty Derbide hem ýeňiş gazanar diýlip garaşylýar eken, emma ol baýrakly orunlaryň birini hem gazanyp bilmän dördünji bolup gelipdir (Derbi – Londona golaý Epsom-Dauns baýyrlygyndaky aýlawhanada 1780-nji ýyldan bäri üçýaşar atlaryň arasynda her ýyl geçirilýän 2400 metre çapyşyk. Ýaryşy ilkinji guran graf Derbiniň ady boýunça). Ol ýerdäki hanymlar gýta-gaýta munuň sebäbini soranlarynda, şu jogap bilen Çerçil olaryň artykmaç we ýerliksiz sowallaryna nokat goýupdyr:
– Elbetde, elbetde, men ol gunanyň ozmandygynyň sebäbini gowy bilýän. Dogrusy, oňa at däl-de, men günäkär. Aýlawa goýbermezden öň men oňa “Derbiniň baýragyny hem alaýsaň, gaýdyp men seni çapuwa salman, höwre goýaryn. Galan ömrüňi bir owadan baýtalyň ýanynda geçirersiň” diýip, söz beräýmenmi? Bu meniň säwligim eken. At janaweriň gaýtam şondan soň ugry bolmady, baýrak alaýynam diýmedi. Meniň wada beren durmuşym oňa-ha ýaramady öýdýän…
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 249 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 611 2 »
avatar
0
1 Pero • 00:46, 20.11.2023
Ýetireniñize minnetdar! Ṣeýle zatlary okamagy gowy görýän. Arasynda öñ okanlarymam bar eken,barybir birinji gezek okaýan ýaly,hezil edip okadym. Sagboluñ!
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 00:48, 20.11.2023
Minnetdar!
avatar
0
3 Ýaran_Ýagmyr_99 • 01:14, 20.11.2023
Ýogsa-da, suratdaky - amerikan fantastika ýazyjysy Robert Bloh. Elimiň aşagyna düşen şol boldy. Gürrüňi edilýän döwrüň - geçen asyryň ortalarynyň günbatar ýazyjysynyň keşbini gowy berýän ýaly boldy: professional, işine berlen, jemgyýet tarapyndan talaply
avatar
2
4 sussupessimist • 14:03, 21.11.2023
Dunyä edebiyatynda gidipdi oydyan.
avatar
2
5 sussupessimist • 14:18, 21.11.2023
"Золотая лихорадка"-ny altyn "ysytma" diyip almagy yalňyş. Bu yerde altyn gözleginde Klondayk yaly yerlere giden adamlaryň ber-başagaylygy, şoň ugrunda oda-köze düşüp yörenligi göz öňüne tutulyar.
Теория относительности jümlesini bolsa asla terjime-de etmandir. Fizmatda okadylyandyrlay? Degişlilik teoriyasy diyip girdimikä?
avatar
2
6 sussupessimist • 14:21, 21.11.2023
Tapdym: "Altyn heseri". Kesel sözüne-de çalymdaş. Isleseňiz, poeziyada "zer-heser" diyen formada hem ulanyp bilersiňiz. Ya "tyllaheser" diyen wariantam sinonim edip ulanyp bolya.
avatar
0
7 Medicall • 14:28, 21.11.2023
"tyllaheser" ajaýyp! Poeziýada ulanmaga gelişiip dur.
avatar
-1
8 Ýaran_Ýagmyr_99 • 16:10, 21.11.2023
Öz-özüňize çapak çalmaga howlukmaň, sussipessimist. "Altyn heseri" ulanyp bolanok. Ýazyjylara, belki, owadanja sözler gerekdir, emma "золотая лихорадка" - taryhy hadysa, ony diňe goşgy-hekaýaçylar ulanmaly däl. Diýmek, diňe owadanlyk däl-de, eýsem takyklyk, ýerindelik hem zerur.

"Heser" diýilýäni - adamyñ ruhu ýagdaýy bolup, ol rusçadaky "тоска", "стремление души к кому-чему", "сильно скучать по кому-чему" diýen ýaly zatlar. Garaz, adamyň passiw, melanholik ýagdaýy.

"Золотая лихорадка" ("ажиотаж, возбуждение с добычей золота") bolsa diňe ruhuň däl, eýsem adamyň tutuş şahsyýetiniň altyn bilen baglanyşykly lerzana gelmesi, garaz, örän göçgünli ýagdaýy.

Bu hadysanyň asyl adyny ("gold rush") alsak, "rush" - "стремительное движение, бросок, напор, натиск, наплыв" bolýar.

Onsoň "heser" nirede galdy?

Şeýlelikde, aslyny alanyňda altyn üçin däli ýaly hüjüm, biz rusçadan "лихорадка"-nyñ üsti bilen "çorbanyň çorbasy edip", "hesere", "kara sevda" geldikmi?

Men taryhdaky şol wakany öñden bilýärin. Altynyň arzuw-heserini çekip oturmagy aňladanok ol, altyn üçin sil ýaly çozup gelmegi aňladýar.

Şeýlelikde, men rus däbine eýerip, orginaldan biraz daşlaşdym, emma Siz "arzuw-heser" diýip, taryhy hakykatdan hasam daşlaşdyňyz. Hesere düşüp, öýlerinde oturan bolsalar, beýle zatlar bolarmydy?

Meniňkä görä has optimal wariant tapyň,höwes bilen üýtgederin. Munyňyz ýapa hem degmedi.

Her niçigem bolsa nutdaýnazaryňyzy aýdanyňyz üçin sag boluň!
avatar
2
9 sussupessimist • 18:12, 21.11.2023
Dogra golay bu diyyan zadyňyz welin, "rush"-yň - edil lihoradka daldiginem orslara düşündirmeli ekeniňiz.
Heserem edil arzuw edip, yeriňden gozganman oturmagy aňladanok - "ham-hyyal", şony aňladyan bolmagy ahmal.
Terjime-de edil sözme-soz bolmalydygyny aňladanok (11 yyl bari terjime bn bagly yerde işlämsoň, tas her gün muňa göz yetiryän). Rush sozem edil lihoradka bolup, bir zatlary бредить edip keselläp, sandyrap yatmagy ahladanok. Terjimede 100% oturyan sözi tapmak halklaryň mental tapawudy zerarlam gaty seyrek başardyar.
Ustesine-de, sözlükde "heser" sözüne şeyle düşündiriş berilyär: "Yesir ediji duýgy". Şol bolup geçen taryhy aźiotaźa düşen adamlaryňam (onuň aňyrsyndaky wakalardan menem, dogrusy, habarly, diňe Jek Londonyň kitaplaryna esaslanamok) şol altyn känini tapyp, bayap gitmegiň hyjuwynda/heserinde yola düşendir. Heser sözünde woźbuźdeniyäň öwüşginem yok däl.
Yone... sözüň dile girip gitmegi maňa-da, size-de bagly zat däl. Dil bilen iş salyşyan adamlaňky - hödürlemek. Edil "ysytma" sözüniň-ä bu yerde gaty yerliksiz ulanylandygyny welin arkayyn subut edip biljek.
avatar
-1
10 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:02, 21.11.2023
Inim, eger Siz maňa “gold rush” düşünjesine “золотая лихорадка” terjimesiniň laýyk gelmeýänini düşündirmekçi bolýan bolsaňy-za, onda adresi ýalňyşýarsyňyz: ony gidip ruslara düşündirmegiňiz gerek. Meniň özüm Size aýtdym-a: şu ýerde «gold- золотой» diýýäni gabat gelýär-de, beýleki sözleriniň biri-birine dahyly ýok. Emma şeýle kabul edilipdir, çünki şu şowly hasap edilipdir. Sebäbi, dil bir konwensional bir zat: ol ylalaşyga esaslanýar. Ruslar şeýle ylalaşypdyrlar, onsoň biz näme? Ondan beteri hem bolup bilýär: iňlisleriň “Staff only” jümlesini ruslar “Только для персонала” diýip terjime edenoklar, çünki ruslaryň aňyna gabat gelenok. Ony “Посторонним вход воспрещён!” diýip alanlarynda ruslaryň aňyna girýär. Hany indi şu jümleleriň içinde biri beýlekisine gabatlaşýan ýeke söz bamy? Heý, şu barada jedel etdiňizmi? Ylalaşylanda terjimäniň sözme-söz gabat gelşine garalmaýar, öz halkynyň nädilende gowy düşünjekdigine garalýar.
Türkmençesi barada hem ýene şoňa barýar. Firmalarda “Staff onlynyň” türkmençesinde “Diňe işgärler üçin” diýip terjime edilen ýerini gördüňizmi? “Kesekilere girmek gadagan!” diýilýändir rusçasyndan ugur alnyp. Onsoň “gold rush” düşünjesine hem menem, ony türkmençe kitaplara ýazýanlaryň ählisem ýene rusçasyndan ugur alyp “altyn ysytma” diýýäris. Sebäbi entek başgaça ylalaşyga gelinmedik, şoňa gelinmese-de düşümeýärler diýmek.
Siz täzeçillik görkezip, yzda süýrenýän adam hökmünde maňa maslahat berýän bolsaňyz, bulam ýerinde däl. Men ýokary matematika degişli hem, zawodlaryň desgalarynyň işleýiş ýörelgesine ýa olary ulanmagyň gözükdirmesine hem, halkara derejedäki kazyýet dawalarynyň materiallaryna hem, kanunçylyk namalaryna hem, şertnamalaryna hem degişli islendik resminamany rusçadan hem, iňlisçeden hem türkmençä geçirip bilerin. Emma men, aýdaly bir desgany gurnamagyň (islendik ulgamyny) we işletmegiň gollanmasyny sap türkmençä diýen ýaly terjime edip bilerin (munuň üçin Siziň “altynheser” diýip tapyşyňyz ýaly, emma has şowly tapan sözlerimiň onlarçasy däl, ýüzlerçesi bar), emma şol gollanmany ulanýan adam ýa-da okadýan adam her gün maňa jaň edip, şol sözleriň manysyny anyklap durmaly bolar. Çünki olar näçe şowly bolsalar hem konwensional däl, ýagny entek millet bilen ylalaşylmadyk. Men, näme, howlukdyryp ylalaşdyraýynmy, halk köpçüligi inertli bolsa. Onsoň düşünjeleriň ýarysyny terjime etmän, originalyny ulanýaryn. Şol ýarysyny dilimize geçirmegimem, ençeme sözeri institutlarda hem kabul etdirmegimem eýýäm özi üstünlik. Şedewr edip terjime edemde nä, düşünmän dursalar? Gerekmi şeýle problema? Ine, “altyn ysytma” problemasyz düşünerler, şol bolýar. “Altynhesere” düşünmezdiler, bu şeýle hem bolaýmaly. Isleg bolsa özüm aňrybaş terjimesini tapardym, “altynhesere” hajat galmazdy. Indi “altynheseriň näme üçin bolmaýandygyny düşündireýin.
avatar
1
11 sussupessimist • 20:09, 21.11.2023
Bir tarapdan-a ikimizem şo bir zady diyyas, agam. Diliň kabul etmegi-etmezligi babatynda menem yokarda yaňzydypdym
avatar
1
12 sussupessimist • 20:12, 21.11.2023
Yone şol resminamalary terjime etmage gatnaşyan bolsaňyz, bir zady bilmegiňiz gerek - olara düşünmek köplenç ile görgi bolyar, onsoň biygtyyar orsça wariantyny gözleyäň. Ya-da "altyn ysytma" yaly bimany jümleler gabat gelende, ilki yeňsăňi gaşap, soň kelläňde şony sözme-söz orsça geçirip, "häää" diyip oturyaň.
avatar
2
13 sussupessimist • 20:14, 21.11.2023
Men "altyn-" ya "tyllaheser" warianta möhür basay, agam! diyip, öňüňe resminama getiremog-a. Yone altyn ysytma halys emelsiz yaňlanyany uçin başga warianty gözlemegiň gerekdigine üns çekdim.
avatar
2
14 sussupessimist • 20:16, 21.11.2023
Şonuň uçin ony düşündirmage wagt gidirmage derek, tejribäňizi ysytmaň yerine has jüpüne düşjek analogy gözlemäge gönükdirseňiz gowy bolar
avatar
2
15 sussupessimist • 20:28, 21.11.2023
Yokardaky mysalyňam, dogrusy, nädogry. "Только для персонала" diyip terjime edilyar.
Посторонним вход воспрещён iňlisçe - No access for unauthorized persons.
avatar
-1
16 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:11, 21.11.2023
Inim, bizde her kim zehin hakda gürleýär. Belki adamlar onuň nämedigini bilýändirler, men-ä şonuň nirede ýüze çykýandygyny bilemok. Ýöne, ine, “вкус” diýip bir zat bar, şony derrew kesgitleýärin. Şatobrian: “Вкус — это здравый смысл гения” diýýär, ol goluna galam alandan tä genä çenli iň gerek zat. Siz türkmenleriň edebiýat hakda gürlänlerinde şu sözi ulananaryny gördüňizmi? Onuň bizde terjimesi hem ýog-a.
“Вкус” diýen zat her sözi, düşünjäni, žesti, boýagy, egin-eşigi... öz ýerine düşýän ýerinde ulanmak. Gold rush barada “altynheser”, “zerheser”, “tyllaheser” ýaly owadan sözleri ulanjak bolmak – bizde şol “вкус” diýen zadyň bolmadygy bolar. Gold rushy taryhda позор hasap edýänlrem bardyr, wagşylyk hasap edýänlerem. Bolýar, men beýle hasap edemok, ýöne owadan zatmy, возвышенный zatmy, şoňa olar ýaly owadan söz tapýanymyza begener ýaly? Ýa biz gürrüňiň näme hakda gidýänini bilemzokmy? Безобразие diýseg-ä çenden çykdygymyz bolmaz. Ruslar bilýärdi, şonuň üçin “sandyrawyk”, “titrewik”, “kesel” diýen manydaky sözi ýöne ýere ulanmadylar. Latyn Amerikasy ýurtlarynda şeýle zat häzirem bar. Omar Haýýamyň “Adamzatdyr ähli mahlugyň başy” diýenine öňem ynam ýok welin, şol altyn känlerini görseň, Haýýamyň sözleri iň akmak degişme bolup eşidilýär. Ynsanyň gurçukdan beter peselýän ýerleri. Biz indi şoňa owadandan-owadan, liriki, romantiki, şahyrana at tapmakda bäsleşýärismi? Pek söýgä at gözleýän ýaly gözleýäris. Meniň-ä teklibim – “altyn würreýligi”. Gödegräkmi? Şoňa şolam köp, çünki taryhçy hökmünde gürrüňiň predmetine gowy belet. Häzirki käbir ýagdaýlara “dollar heseri” diýip at goýalymy? Ýok, men hiç zady ýazgaramok, düşünýärinem, ahlak goragçysy hem däl. Emma at dakmaly bolsa – “dollar würreýligi”! “Altyn heseri”, “dollar heseri” – bu возвышенный, romantik, Romeonyň duýgusy ýaly päkizelikler bu ýerde it boýnuna göwher dakan ýaly bolar. Biraz вкус görkezeli edebiýat söýüjiler bolýan bolsak.
avatar
-1
17 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:18, 21.11.2023
Bilmeýän zadyma bilýän diýmäýin, ýöne "no access for unauthorized persons" diýýäniňiz rusçadan yzyna iňlisçä terjime edilip, etden alnan çorbadan ýene et ýasaljak bolşy ýaly däldir-dä? "Staff only" ýazgysyndan üýtgeşik näme many berýärkä?
avatar
2
18 sussupessimist • 21:26, 21.11.2023
Hmm, agam, sen başga zatlaň gürrüňine geçdiň. "Heser" sözi, howwa, owadan yaňlanyar, yone dilimiziň şeyle owadanlygyna men günàkärmi? Ya munuň uçin oňa çäk goymalymy? Men-ä esasan manysyna seredyän. Meselem, "würrey" diyip dilimizde söz yok, köçe dilinde bardyr, olam yone barde dahylsyz, eňňere diyen manydaky subyektiw aňlatma.
Men "tylla bendiwanlygy" diyen yaly wariant hòdürlämog-a. Ya şol heserli jümläni ulanyň, yogsam siz bilen oynajakga diyemok.
Meňki bir teklip.
"Ysytma" welin, şol set müň kitapda ulanylsa-da, manysyny berenok.
avatar
0
19 Küle • 21:27, 21.11.2023
Zehiniñ namedigini bilmeyaniniz bildirya...
avatar
1
20 sussupessimist • 21:31, 21.11.2023
Hersiniñ öz ulanylyan yeri bar. Iňlisler dil meselesinde edil orsdan zat gözlap alar yaly yagdaya gelenoklay entek
avatar
-1
21 Küle • 21:36, 21.11.2023
Malyñy arzan soratmajak bolsañ baxarda nä körüň bar.
Ine gödek dil. Has gödek dilem bar türkmen agaň
avatar
1
22 sussupessimist • 21:42, 21.11.2023
Onsoňam orslaram лихорадка-ny edil sandyrama, ysytma manysynda däl, суетиться, yagny, alňasap yörmek diyen manysynda ulanan bolsa gerek. Amerikan altyn gozleyjileriniň bolsa beydip baylyk uçin alňasap yörmegi gowlugamy ya erbetlige - bu eyyam sosialistler bilen kapitalistleriň jedeli.
avatar
-1
23 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:00, 21.11.2023
Inim, “heser” barada aýtsam, ol, dogrudanam, ham-hyýalyň bir görnüşi diýen ýaly zat. Ol aňsat-aňsat herekete öwrülmeýär. Geçmişe ýa-da geljege gönükdirilen, häzirki aktual pursat bilen kän arasy bolmadyk, şonuň üçinem tormozlandyryjy täsir edýän, howaýy bir duýgy.
Meselem, bir ýigit bir gyzyň heserinde bolmasa, onuň bilen gatnaşykda batyrgaý hereket eder. Emma onuň heserine düşdümi – ebeteýsiz ýagdaýa düşer. Diýýärler-ä: “Pylan bilen pylanynyň arasy bu günler hähili?” “Aralary häzir erbet” “?” “Olar söýşüpdirler”.
Çünki heser diýen zat refleksiýa getirýär. Adam рефлексировать edýär, öz duýgularyna çümmek, analiz, geçmişiň, geljegiň pikiri, garaz, hereketden başga zatlar. Gamlet, “быть или не быть?..”
Rush edýän adam ol zatlardan azat. Onda вовлечение, страсть, hyjuw diýen zatlar bar, heser ýok. Heser şahyra, aşyga, suratkeşe we gaýry döredijilik adamlaryna gerek howaýylyklar.
Sözümi jemläp, çynlakaý aýtsam gold rusha “altyn hyrujy” diýseň bolarmyka diýýän. Hyraç – bir zada niýetini düwen adamlaryň bir ýana çozup çykmagy. “Ýomut, gökleň hyruç edip özünden, çyksa goşun öňi-ardy bilinmez” Magtymguly.
avatar
-1
24 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:07, 21.11.2023
Howa, türgenleriň köpüsi "güýç", "ýyndamlyk", "çakganlyk" diýen zatlaryň manysyny düşündirip bilmeýärler. Emma bu sypatlar bolsa ýene şolarda bar. TV- de olary synlap oturanlar bu düşünjeler barada näçe diýseň "dür saçyp" bilerler.
avatar
1
25 sussupessimist • 22:10, 21.11.2023
Ine bu wariantyň yapa degyàr.
Yone hesere düşse yaydanjaň bolyanlygy - ayratyn adamlara mahsus hasiyet. Heser diňe duygynyň guyçlidigini aňladyar. Ol duygyň tasiri bilen seniň nahili hereket etjekdigiň - erjellik gorkezjekmi ya çekinjeňlik etjekmi - bu ayry mesele.
avatar
1
26 sussupessimist • 22:25, 21.11.2023
"hyruç" hem owadan söz. Umuman, dilimiz owadan.
Gözlesek - tapylya.
avatar
-1
27 ShirhanTuvak • 22:27, 21.11.2023
Edebiýat bu güne siz ýaly beýik filologlaryñ we edebiýatçylaryñ tankytlary we jedelleri esasynda gelipdir
avatar
-1
28 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:51, 21.11.2023
Düş gulakdan, Şirhan!

Ýöne, dogrudanam, şahsyýete jetleşmän, sap predmetiň özi barada jedel etseň başgaça bolýar.

Bir gezek bir sossetde eýranly we türkiýeli türkmenler bilen şeýdip jedel edipdim. Diňe bir ýekeje türkmenistanly bardy. Soň gitjek bolanymda "Türkmenistanda gyzygýan biri bar eken, gel tanyşaly" diýdim. Asyl ol öz doganym eken. Gyzyp barşyma tanaman baý ýepbekläpdim.
avatar
1
29 sussupessimist • 00:37, 22.11.2023
Hehe, ay bolya, okamaga zorluk yokdur-how yöne...))
avatar
0
30 Medicall • 01:34, 23.11.2023
Medisina terminini ulanylan, manysynam göni bolşy ýaly goýulan ýalñyş terjime şol.
-
Bedeniñ gyzgynlygy ýokarlanan wagty organizm kesel bilen göreşýan wagty.
Ysytmada adam sandyrap ýatýar, hyjuwlanyp, ylgara ýagdaýy galanok.
Gyzdyryp,(çala gyzdyrýan bolsa bolup bilerem) emma kesel bilen göreşip ysytma tutup, sandyrap ýatan adamyñ altyn gözlemäge gitmek ýadyna düşermika.

Emma heserlese gitmegi ahmal. Heserlemek - yşka düşmek.
Bir närsäñ yşkyna düşüp heserländen bolsa höwesine ýetmek üçin her zada garaşsa bolar. Adam altyna yşky bilenem heserläp biler.
Diýmek "altyn ysytma"-dan "Altyn heser" golay ol ýagdaýa.
avatar
0
31 Seljuk • 01:46, 23.11.2023
Теория относительности - görälik teoriýasy.
avatar
-2
32 Seljuk • 01:54, 23.11.2023
Золотая лихорадка - Altynyň yşkyna düşmek manysynda.
Beki Seýtäkowyň "Tylla, seniň yşkyňda" atly eseri bar. Elbetde, ýöne ol söýgi barada.
avatar
1
33 Medicall • 01:54, 23.11.2023
@sussupessimist,
@Ýaran aga,
Çekeleşikli, köp zat öwrenmek üçin peýdaly pikirleriñiz, kommentariýalaryñyz üçin sagboluñ,
Edebiýaty kämilleşdirse şeýle ýerlikli, düşünjeli pikirli çekeleşikler kämilleşdirer, beýleki postlarda-da öz düşünenleriñizi ýazyp durmagyñyzy haýyş edýäris. Ikiñize-de, eserleeiñizem paýlaşyp durmagyñyzy haýyş edýäris.
Köp minnetdar!
avatar
0
34 Seljuk • 02:12, 23.11.2023
Altyn; tylla; gyzyl - bu üç söz sinonim ýaly bolsa-da, biri-birinden parhlydyr.
ALTYN: (latynça Áurum) 1. entek işlenilmedik ýagdaýyndaky gymmatbaha metal; 2. hiç hili goşundysyz arassa ýagdaýyndaky altyn.
TYLLA: 1. pul birligi; 2. altynyň işlenen ýagdaýy ýa-da altyndan ýasalan önüm; 3. ýüzüne altyn çaýylan (meselem: ýüzük ýa-da ş.m.)
GYZYL: altynyň reňki gyzyl öwsensoň, reňki boýunça ýöne gyzyl diýiläýýär.

Şonuň üçin "tyllaheser" we şuňa meňzeş atylan sözler göni altynyň özüne degmeýär.
avatar
0
35 Ýaran_Ýagmyr_99 • 02:28, 23.11.2023
Salam!
Birinjiden-ä, "золотая лихорадка" diýip meniň tapan zadym däl. Bu sözi ulanmak ruslarda kabul edilen däp, häzirem şol däp bizde-de dowam edýär. Ýerine kabul edilen zat ýok, öňkini aýrar ýaly. Özümden tapyp goýsam bolsa şol kinony bilýärler bolaýmasa galanlar gürrüňiň näme hakdadygyny biljek däller. Şeýlelikde, şowly bolsun, şowsuz bolsun, "лихорадка" baradaky sorag maňa degişli däl, ruslara degişli. Şolar bir ýerden tapypdyrlar. Amerikalylar hiç hili sandyrama, titreme barada aýtmaýarlar. Olar "würreýlik" barada aýdýarlar, ýagny "würrä" diýip yzanda-çuwan çozmak barada.

Ikinjiden, öňem aýdyşym ýaly, meniň pikirimçe "heser" bolanok. Çünki ol, bir tarapdan, hamy galyň goldrush-çylary häsiýetlendirerden näzik duýgy: yşkyň heserine düşülýär, sungatyň heserine düşülýär,ylahy yşkyň heserine düşülýär, altynyň, dollaryň, gara garnyň... heserine düşülmeýär, nebsine düşülýär. Ikinji tarapdan bolsa, heser - galapyn melanholik, alasarmyk, intim duýgy, ol würreýlige getirmeýär. "14-imde heser urdy başyma, 15-imde gyzlar girdi düýşüme" (Magtymguly). Häzir aýdylyşyna görä, gyzlarda 12, oglanlarda 14 ýaşynda başlaýan beýle heser alasarmyk bolup, entek öz predmetini hem bilenok, ol döwürde gyz-oglan garyşman, gaýtam iki lager bolup urşup gezýärler, sebäbi entek özleri çaga. Heser anyk söýgä öwrülýänçä 6-7 ýyl geçmeli. Altyn gözleýjilerde olar ýaly alasarmyk romantiki duýgular ýokdy: eger altyn zenan diýsek, olar ýüpden boşan manýaklardy, düşünseňiz-le. Başga näme meňzetme tapsamkam onda. "Heser" gelişmez ol mordolara.

Üçünji bir delil "tyllahesere" garşy. Umuman, sap sinonim gaty seýrek bolýar. "Tylla" hem altynyň edil identik sinonomi däl, nýons bar. Tylla - sap altyn, işlenen, köplenç çaýylýan altyn. "Sap tylla" diýip köp aýdylýandyr, umuman-a tylla mydama sap. Goldrush-çylar bolsa altyn magdanyny gözläpdirler.
Elbetde, altynyň hijisem hümmetsiz däldir welin... detallary gözden salmasaň gowy.
avatar
0
36 Medicall • 02:36, 23.11.2023
Salam, Ýaran aga! Size añyrýany bilen düşünýän, ol "altyn ysytma" adalgasyna-da düşünýan, kinosynam gördüm.
Siziñ ol añlatmany öz tapmadygyñyza-da düşünýäs.
Aslynda rusçadan öñ terjime edilende manysyny doly açman, her taraplaýyn seljerilmän edilen terjime diýýän.

Tempratura berip ysytma tutýan hiç zadam oñarmaz, emma bir zadyñ yşkyna düşüp heserlese aýdyşyñyz ýaly saralyp başladygyndan eñer altyn bar ýerine sary:)
gyzlar heserleýär diýişiñize görä aýtsam: gyzlaram heserlän wagty - kellelerine şemal kakan wagty "yşka düşüp" etmejegi galmaz, her zat eder şol yşkyna düşeni üçin.)

Sagboluñ, bar boluñ!
avatar
0
37 Medicall • 02:41, 23.11.2023
"Tyllaýy heser" diýip poeziýada ulanylmaly ajaýyp simwolika, ulanaryn hasap edýan (nesip bolsa) (edil altyn, gyzyl manyda aýtdygym däldir - Tyllaýy heser diýdigim)
avatar
0
38 Ýaran_Ýagmyr_99 • 02:41, 23.11.2023
Men eýýäm aýtdym, Sizem goldan ekeniňiz. "Zer" diýibem bar. "Gold - golden" bolşy ýaly, "zer- zerrin", "altyn - altynsow", "tylla - tyllasow" hem diýilýär.
avatar
0
39 Ýaran_Ýagmyr_99 • 03:07, 23.11.2023
"Altyn düýşler kalba berýär jepany" diýip, Ýeseninde barmydy? Howa, "tyllaýy düýş", "tyllaýy yşk" gowy simwolikalar.

Ýöne siz beýle pessimist, nigilist... dagylar bolup, altyna çozan anglasaksonlary (häzir olary biraz ýekirmek moda) näzik duýguly aşyklar bilen bir galypa saldyňyz welin (özlerinem "tyllaheser" edip), indi göz öňüme gelýär şeýle sahna:

- "Tylla, seniň yşkyňda" diýen kitaby
okap gördüňm-aý?

- Ýok, ýöne belli zat, bolsa amerikaly altyn gözleýjiler, bankir ýewreýler ýa-da iň bolmanda akula telekeçiler baradadyr ol. "Дикий запад" hakynda. Nerwiň küti bolmasa okamasaň gowy beýle kitaplary. Ahlaga-da weýrançylykly täsir edýär olar. :-)
avatar
0
40 Medicall • 03:21, 23.11.2023
Hehe, her kim her zatda diñe göresi gelen zady görer (ýadynda bar zady?!) diýenleri boldymy nãmmi siziñkem, ahlak weýrançylygyny nirden getirdiñiz bäri, şol bir söze diñe şol bir tarapdan seretmek dogry däl ýaly ))))))(

Ol teswirde Tyllaýy heser diýenimde altyny, gyzyly, ynsanyñ yşkyna düşüp heserlemegi asla hiç hili göz öñünde tutmadym,
Tyllaýy heseri - tebigat bilen bagly, Gűýzi gözöñüme tutup ýazypdym-da )))
avatar
0
41 Küle • 09:12, 23.11.2023
Azyndan "altyna kowalaşma" bolup biler yone ysytma-ha bolanok. Heseri kabul etmage boynyyogynlyk yol bermeyan bolsa basga yapa degjek zat tapyn welin ysytma diyman. Hatda gulkunjem dal
avatar
0
42 sussupessimist • 09:31, 23.11.2023
Hehe, dogrusy, gülkünçrägem. Mandraź berip baryan adamlar göz öňüne gelyär.
avatar
0
43 sussupessimist • 10:00, 23.11.2023
Orslar aldy diyip, bizem "girizildi" etsek, hiç haçanam özümize garaşsyz diyip bilmeris.
Yapa degjek zatlary hödürlemeli.
Altyn bilen tyllanyň tapawudyny ya ozüňizden tosladyňyz, ya yalňyş yerden maglumat alyaňyz. Saplygyň bu yerde dahyly yok. Tylla sap bolmasa, olar yaly takyklamak zerurlygam bolmazdy. Hiç kimem gyzyna: "Bu çagam sap altyn däl, gyzyl çayylan, şoň uçin adyna Tylla dakayyn" diyenok.
Altyn - türki söz, Orhon yazgylarynda-da bar. Zer, tylla - pars sòzleri. Bir maglumat aytmankañyz, birazajyk aňyrsyna yetjek boluň, ya iň bolman "öydyän" diyen sözi ulanyň, -dyr, -dir goşulmasyna derek.

Adamyň bir zadyň isleginiň tasiri bilen nahili hereket edyanligi welin, yokarda aydyşym yaly, yene psihologiya degişli mesele. "Heser" gold rush-yň yerini tutman biler, yone onuň tasiri bilen adamyň passiw bolmaklygy, daşyndan platonik yşk bn gezip yörmegi - bu eyyam hasiyet ayratynlyklary. Duygyny aňladyan söz bilen baglanyşygy yok.
Gold rush ya lihoradka diylende, muňa gowy ya erbet diyen öwüşgini bermeyan söz gerek. Hokman wurreylik däl. Olam yene dünyägarayşyňa bagly zatlar.

Turkler gold rush-y altuna hucum diyip ulanyan ekenler. Hüjüm edil türkmençe birtuysli boljak.
Azeriler Qızıl härisliyi diyyar. "Hars urmak" jümlesi has yerlikli yaňlanardy bu yerde. "Altyn harsy" diyen yalyrak forma getirip bolsa has gowy bordy, arman, beytseňem, "hars" sozuniň ayratynlykda ulanylan yeri yok diyerler. "hyrs" bar, "hars" yok.
avatar
0
44 sussupessimist • 10:05, 23.11.2023
Altyn hyrydarlygy.
avatar
0
45 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:25, 23.11.2023
Sussypessimist inim, dil babatda iki çemeleşme bar.

Birleri (biz ýalylar) sinonim sözlerde bir üýtgeşiklik görsek,ýagny olaryň käbir sypatlary taýdan tapawutlanýandygy (ýa-da şeýle tapawutlandyrmaga iň bolmanda tendensiýanyň bardygyny) görsek, olary hasam differensirlemäge, tapawudyny aýdyňlaşdyrmaga çalyşýarys. "Möjek, gurt, böri, kürk" diýip edil bir manyda ulanýanlaram bar, tapawutlaryny görýän we ulanýanlaram bar. Biz ýalylar şol tapawudy ulanyp, olar bilen manupirläp, pikirimizi has aýdyň, takyk we çeper beýan etmäge ukyply bir dil emele getirmäge çalyşýarys.

Ikinji topar (uly hormat bilen: siz ýalylar) şolar ýaly meselelerde mümkinçilikleri görmäň, sinonimlerde diňe formal aýratynlygy görmäge çalyşýarsyňyz. "Näme tapawudy bar, hemmesi möjekdir-dä" diýýärsiňiz. Tapawudy bar, olary hasam aýdyňlaşdyrmaly we ösdürmeli. Diýýärsiňiz: "Türklerde şolaryň diňe biri bar - "gurt", olam parslardan alnan, oňýarlar-a" diýýärsiňiz.

Ýokdur - oňýandyrlar. Emma bir düşünjäniň duýgy goşundysy ýok, diňe ylymda ulanylýan bir ady, onsoňam onuň haýsydyr bir sypatyny aňladýan epitet ady hem bolsa has gowy. Ýok bolsa ýok, bar bolsa aýdyňlaşdyrmaly we ulanmaly.

Ruslaryň, iňlisleriň, türkleriň dilleri öz taryhy ösüşinde has kämil we praktikada has am amatly. Ýöne olarda, meselem, "möjek", "altyn" sözleriniň sinonimleri ýok, bizde kän. Bolmanda çeper edebiýatda bu artykmaçlyk berýär. Olary giň ulanmaly.

"Aý, hemmesi bir zatdyr-da" diýip, dilimiziň öwüşginlerini görmeýän özüňiz, "dili özdüreňzok" diýip bize igenýän ýene özüňiz.

Tylla - sap altyn, "червонное золото" diýilýäni. Men baý adam däl, ýöne sap altynyň örän ýumşak bolany sebäpli durmuşda metal hökmünde ulanyp bolmaýanyny bilýärin. Indeýlete ony ulanmandyrlar. Sap altyn, bagyşlaň, edil maňka akyp ýatmasa-da, alýuminden ýa-da latundan-a ýumşak bolmaly ol. Ondan (umuman, altyndan) pyçak-beýlekem ýaşap bolmandyr. Eliň bilen epläbermeli zat bolan (tylla-ha baýaky). Onuň üçiň altynyň aklaryň nämesine gerekdigine indeýler geň galýardylar.

Howa, tylla, ýagny sap altyn has ýumşak bolansoň ony esasan beýleki medallaryň ýüzüne (gupba, derweze) çaýmak üçin ulanypdyrlar. Sap altyn teňňe hem bolupdyr. Barlamak üçin ony dişlänlerinde, diş içine geçip, galp ýa hakykydygyny bildirýän eken. Onuň üçin "Я сразу раскусил его" diýýändir ruslar.

"Sap tylla" diýip köp aýdylmagy gaýtam tyllanyň has sapdygyna yşarat edýär.

Tyllanyň has betdigini bilmek ene-atalara öz çagasyna "ýöne" Altyn at dakmakdan saklap bilmez, sebäbi altyn barka ýene Kümüş dakýanlaram bar-a. Bu, näme, kemsitmekdi? Logikany işledeli. Her zadyň öz gymmaty bar.
avatar
0
46 Мango • 11:37, 23.11.2023
hyrs, hars.... hars urmak näder?

hä. aşakda agzalanam eken.
avatar
0
47 Мango • 11:42, 23.11.2023
hyrydar - kliýent bilen bagly ýaly. haryt - harydyň hyrydary.
höweslenmek, höwes etmekden ugur alyp... "altyn höwesi" näder? (dýien bolýan ynamsyzrak :-) )
avatar
0
48 sussupessimist • 16:56, 23.11.2023
"Näme tapawudy bar, hemmesi möjekdir-dä" diýýärsiňiz... - diyipsiňiz.
Diyemok, agam. Her sözüň öz ulanylyan yeriniň bardygyna aňryyany bilen düşünyän. Men hakda özüňizçe namuçindir beyle predubeźdeniyä (önyargi - şu söze-de türkmençe analog tapmaly) geleniňize men hayran. Yone altyn bn tyllaň tapawudynyň - asyl gelip çykyşyndadygyny düşündirdim. Tylla täji, pylança tylla bayrak, gyzyl diş, altyn medal, zer çaýylan... olaryň hersiniñ õz ulanylyan yerini bilyan, gündelik işimem şoň bilen bagly.
Kümüşem kemsitme däl, ol mysalyñyzyñam barde dahyly yok. Ol yerde logika - ikinji (Altyndan soň) doglan gyza dakylmagynda (dunya ikinji gyzymyz bolup geldiň - me saňa kümüş!)).
Bu yerde yene manipulyasiya edip, dahylsyz argumentleri getiryäňiz. Yeri bolya, bu "ysytma" zerarly özümem ysytmaly galmankam, özümiň-a bu netijesiz diskussiyadan çykyandygymy aydayyn. Yone maňa başga diymedik ya pikir etmedik zatlarymy ustume yuklemankäňiz, takyklap goymakçy: Meň yeke-täk òňe süren pozisiyam – "heserem", "hyrydaram" bolman biler, yöne gözleg zerur. Ysytma - hödürlenip biljek iň absurd wariant.

Pikir alyşma uçin minnetdar, Yagmyr aga!
avatar
1
49 Medicall • 17:57, 23.11.2023
1. "Orslar şeyle diyipdir" diýip çäresiz bolup oturmak ýalñyş dälmi näme?

2. Bir wagt biri her manysyny açman sözme-sõz terjime edipdir diyip oña gozgalmayan emlãklerçe seredip otursañ öz dilimiziñ şiresini datman gideris. Onsoñom Kurany Kerimden alynan söz däl - a лихорадка, türkmençä geçirijileriñ bilmeli zatlary şolar, indem bir pille bize özümiz bolmak üçin.
hemmetaraplaýyn seljerip geçirmeli.

Meselem: gelen bir näsaga göni anamneze görä diýagnoz goýsañ bolarmy? Elbetde bolmaz, diñe lukmanyñ öz çen bilen çykaran netijesem bolmaz, näsaga ähli taraplaýyn barlaglardan soñ belli bir netijä gelip kesel kesgitleme goýulýar. Ine bu sözler barada-da şeýle.

3. Ýene bir zat Ýaran daýy:
"Pessimistler, nigilistler" sizleriñ... " şeyle tutaryksyz pikirlenśiñiz bu ýerde dogry däl bolup ýaty.
Diyjek bolýanym söze bolan garaýşy deñ bolany bilen bärde edil size hiç kim hüjüm edenok. Siziñ düşünşiñizçe " biz" hiç zada düşnmän "öz" diýenimizi tutup otyrys? Gaty ýalñyş düşünje. Asyl bärde "bizem" "özem" ýok. Ol diñe siziñ pikiriñizçe şeyle. Emma beýleki agzalar gowy bilyar ony.

4. Meniñ admin hökmünde dälde ýönekeý okyjy, gyzyklanyjy höküminde pikirimi aýtsam size beýleki biriniñ tarapyny tutjak bolýan ýaly görünmegim ýene-de siziñ ýalñyşyñyz bolýa:)

5. Altyn heser has golaýy şol adalgañ :)))

6. aýdyljak bolunýan zada-da köpugurlyrak seredilse ýagşy-da,
nigilistler diyyañiz, pessimistler diyyañiz, ahlak bozulmasy diyyañiz gaharyñyza özüñiz nigilist boluwotyñyzýaly bolşuñyz Ýaran Ýagmyr aga:-) giñiräk bolsak gowy-da özümiz üçin, :-))
avatar
1
50 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:44, 23.11.2023
"Pessimist, nigilist" - oýun üçin aýdylan zatlar. Iki agyz söz alşyp-alyşman, dünýägaraşşyňyzy nireden bileýin? Umuman, meniň postlarymda-da, teswirlerimde-de oýun, gülki, degişme kän, ýöne siňe seretmeseň görnenok. Onsoňam özüm-ä bärdäki jedellerde darygar ýaly zat göremok.

Elbetde, barlyşyksyz çekişme boldy. Ol "ysytmanyň" türkmen dilinde kän ýapa degmeýänini men inkär etmedim, ýöne şol altyn üçin nebisleriň gan-da pyçak başagaýlygynda "hesere" kän ýer ýokdugyny halaýyga subut edip başardym öýdýän :). Äh-h-hem!

"Uruş gidýärkä liralar dymýandyr" diýýä. Heser-beýleki diňe päsgel berýärdi o taýda.

,
1-50 51-61
avatar

Старая форма входа
Total users: 203